Ene gaýraty

Galan bolsakda biz atadan ýetim
Ýetimligi bildirmediň eje-jan
Iýdirdiň geýdirdiň isledigmizçe
Aç horlygy bildirmediň eje-jan

Özüň hor hem bolduň könede geýdiň
Ýöne bize geýdirmediň könäni
Işlediň gazandyň kynçylyk çekdiň
Tapyp berdiň soran bolsak nämäni

Pyşyr-pyşyr dileg ederdiň gije
Bäş çagamyň başlary bir dik bolsun
Şol dilegňi kabul etsin allajan
Bäşiň bilen seňem başyň dik bolsun

Hem enem sen hem atam sen hem agam
Üç hossaryň ýerin tutan arka dag
Sen dünýäde sag gezseň men arkaýyn
Çünki meniň ejemjan bar arkam bar

Arassa hem halallygy öwretdiň
Edepde ekramda görelde bolduň
Talap etdiň bizden dogruçyllygy
Şeýdip bizi aýdyň ýola atardyň.
2 лайков 85 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hm gynancly eken aglaya
Like