****

Bangladeşdaky Dawlatdiýa öňler hem gizlin küntihanalardan biri bolan.Bu ýerde şerigat kanunlary höküm sürýänligi sebäpli bozuklyga maýyl bendeler gizlinlikde özüniň haram pişelerini dowam etdiripdirler.
Gynandyrýan ýeri,şäher kem-kemden küntileriň mekanyna öwrüldi. Indi bu ýerde küntüçilik etmeýän öýüň özi ýok. Iň erbedi, şäherçedäki gyzlar 10-11 ýaşa ýetenlerinde,islesin-islemesin,ata-enesi,ýakynlary tarapyndan küntä öwrülýär.Has takygy,arada durýan adamlara (сводник) pul üçin gyzyny satýarlar.
Şäherçede 2 müňden köp künti müşderilere hyzmat edýär. Erkek müşderiler nebsini gandyrmak maksady bilen,edil şäherçäň deňesinden geçýän demir ýol bilen otlularda gelýärler.
Mundan başga-da uzak ýola ýük daşaýan ulaglaryň sürüjileri hem Dawlatdiýada durup geçýärler.Şäherçäň aýallarynyň aýtmaklaryna görä,bu nebis batgalygyna öwrülen ýerde müňden zyýat çaga ýetişip gelýär. Olaryň arasynda gyzlar köp. 10 ýaşa ýetip ýetmänkä, olary swodnikler alyp gidýärler. Swodnikler pökgüje guzjagazlara hyrydar köpligini aýdýan ekenler. Şonuň üçin garyn doýurmak,galan çagalary bakmak niýetindäki aýallar gyzlaryny semretjek bolup elinde baryny edýärler. Ýerli, çagalary goramak guramasyndakylar köp gyzlary aýratyn saklap okadýarlar,dogry terbiýe almaklary üçin göreşýärler. Emma bu mekdebe hemme ata-ene hem öz çagasyny beräýenok eken. Olar şäherçäň däp-dessuryna öwrülen küntüçiligi makul görýär ekenler. Çünki şu ýol bilen gyzlary maşgalasyna weşeň-weşeň pul getirýän eken. Hünärmenleri,dünýäniň degişli guramalaryny şol çagalaryň geljegi alada goýýar. Emma şäherçe ilatyny bu ýoldan gaýtarmak häzir örän müşgil.

Şu ýylyň maý aýynyň ortalarynda Dawlatdiýa küntiler mekany koronawirusiň ýaýramagy sebäpli ýapyldy. Şäherçedäki ähli küntihanalar,bordeller öz işini togtatdy. Indi küntiler açlykdan, garyplykdan kösenip başladylar.Olar tizräk karantiniň gutarmagyna garaşýarlar,ýrne özleriniň hapa işlerini dowam etdirip garyn doýurmak, haram aralaşyk dogulan çagalaryny ýene haram bilen bakmagy umyt edýärler.

*Ýurtdan rysgal-bereket gitse-de,namys gitmesin.Hudaýyň özi saklasyn şeýle bela beterlerden.
Nähili pikir edýäňiz,maşgalany eklemek,garyn doýurmak üçin şeýle etmek dogrumyka?
5 лайков 363 просмотров
38комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
15 ноя 2021, 08:52
Цитата: ESSALAMUNALEÝKUM
toba etdim toba etdimeý toba etdim

Gaty gorkdyn oytyan?
Aýnur
15 ноя 2021, 08:55
Alla gorasyn!
ESSALAMUNALEÝKUM
15 ноя 2021, 08:58
howwa mowzugyny okadym welin göz öňime geldidä biziňem şolar ýaly bolup ýörşümizi
ESSALAMUNALEÝKUM
15 ноя 2021, 08:58
Цитата: ESSALAMUNALEÝKUM
howwa mowzugyny okadym welin göz öňime geldidä biziňem şolar ýaly bolup ýörşümizi

Mona Songz,
Aýnur
15 ноя 2021, 09:58
Biohimik barada yalnys pikir edyaniz?
Ogulşirin Bayramowa
15 ноя 2021, 10:47
Toba estağfirullah!
Alla gorasyn!
gulicka
15 ноя 2021, 21:20
Allajanyn ozi gorasyn
olarada жалка 10-11 yashly gyzjagazlar
nyce
16 ноя 2021, 01:20
Şu ýylyň maý aýynyň ortalarynda Dawlatdiýa küntiler mekany koronawirusiň ýaýramagy sebäpli ýapyldy. Şäherçedäki ähli küntihanalar,bordeller öz işini togtatdy. Indi küntiler açlykdan, garyplykdan kösenip başladylar.

...karantin uzagragyndan bolsunda onda)