Mugtjak ýiten talantlar...

Her kimiňem ozal ýaradylşynda, häsiýetinde, bedeninde hökman bir artykmaçlyk bolýandyr. Bu anyk fakt.
Hiç kimem doga tejribesiz bolmaýar, ýöne ýüze çykmagy üçin wagt gerek we şony özüň duýup başarmaly..

Bu hem hemmämizde her hili. Käbiri doga fiziçiski süňňi daýow bolýar. Ugrunda işleseň, ine saňa taýyn sportsmen. (Meselem: Myke Taysonyň her udary 1 tonna. Buda şonyň aýratyn talanty bolmalyda. Ýogsa başga boksyory 50 ýyl trenofga etdirseňem, ol udary urup bilmez).
Käbirileriň hünär artykmaçlyklary bar. Kimleriň zehini güýçli. Garaz mysallar köp.

Daşary döwletlerde şu zatlary öwrenýän ylmy labaratoriyalar bar. Olaryň özleri seni gözläp tapýar, üstüňden işleýäler, şol artykmaç ýeriňi ýüze çykarýançalar harajatyna çenli özleri boýnuna alýar. Meselem: Kriştiano Ronaldonyň hemme analizini (gan, peşew, ýülük ýaglaryna çenli) alyp, şoňa kybapdaş gelýän hemme analizleri çöpleýäler. Bolly, öwrenip bilseň, ine size taýyn futbolist. Şonuň üçin "Real Madrid" klubynyň birnäçe yewropa ýurtlarynda öz futbol akademiýalary bar. Şol döwletiň ýaşlaryny özüne çekýär, türgenleşdirýär, tolk barlarynam professional futbola goşup göýberýär. Hemme byutjetem öz boýnuna.

Beýdip daşary ýurt mysallary bilen kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Bizde şeýle zehinliler ýokmy eýsem?. Bar, Ýöne tüneginden başga ýere çykyp görmedik ýada  "takdyrym şul" diýip başyna barmazlyk we başgada maddy sebäpler bilen ýüze çykyp bilmän ýatyr.

Men şeýlebir adamlary tanaýan. Käbiri öz doslarym, käbiri ýönekeý tanyş.

Bir kursdaşym bardy. Ors oglan, ady Igor. Daşyndan bir hili kemliräk ýaly, intresnoja endikleri bardy. Üstünden güldürýädi. Umuman talaba girip bilenokdy. Ondada sag aman gutartdyk. Ýöne iňlis dili bilen informatika gezek gelende, talyplara däl, ençeme mollymlar şondan kömek soraýardy.

Okuwçy wagtym hem klasdaş gyz bardy. Çepiksizje, gowşajyk. Emma küşt bilen şaşka oýnamakda öňüne adam geçirenok. Tä gutarýança küşt bilen şaşkada etrap, şäherara ýaryşlarda mekdebiň abraýyny saklap gezdi. Ýöne ideg görmedi. Näme üçin saklap galyp bilmediler (saklajak bir boldularmyka). Zähmet, bedenterbiýe mollymlarymyz şonuň şeýle artykmaçlygynyň bardygyny bilselerem, näme üçin degişli ýerlere duýduryp, ýoluny açmana kömek etmedilerkä. Soň-soňlar ol gyzyň maşgalasy bilen gyzyklandym, maşgalanyň maddy ýagdaýy sebäpli hatda şäherden göçüp gidipdirler. Diýjek bolýanym ene-atasyndan dil goldawyndan başga alyp biljek goldaw tamasy ýok. Şeýdip idelmän galdy. Onuň geljegi edil şol wagt hiç kimi gyzyklandyranok. Ösüş - kiçijik zatlardan başlaýar dälmi eýsem.?!

Ýene bir tanşymyz bardy. Ökde suratkeş, hudožnik. Onuňky arassa zehin. Gören zadyny kagyza edil janly ýaly edip şekilin geçirýänlerden. Mollymlarymyz sapakda - planyýew, plan zadyň suratyny  doskada çeksene, şu okuwçylara mysal getirip berjek diýse ýeterlik, mannysyny çykarýady. Şonuň üçin biziň klasymyza gelýän mollymlar görkezme esbabam ulanyp ýörenoklar, suratyny çekdirýäler)). Şol oglanam arassa ýitip giden talantlaryň biri. Şol döwür köp maşgalanyň hojalyk, iş ýagdaýlary agyrdy. Daşyrakdan gatnaýanlar okuwa gelmek üçin okuw puly hem aladady. Şo sebäpli, ýokary okuwa girmelidir, hünär öwrenmelidiris diýip pikir edýän az-azdy. Okuwy gutaryp öz günüňi görmeli - şu düşünjedi. Şol oglanam idelen bolsa belki dünýä reytiginde TOP100-lige çyksa çakaýmalydylar. Çykýanlaryň haýsysy şulardan üýtgeşikdi.

Futbol. Hatda özümiň hem çagalyk arzuwym. Köçe futbolny hemmämiz bilýäs. Twde görýän ýyldyzlaryňyzam köpüsi köçeden çykdy. Men häzir diňe ýadyma düşýänleriniň 20 sini sanap berip biljek, azajyk podeşka berseň, türkmen futbolyna abraý goşjaklarynyň. Ýaşlyk güýmenjesi üçinem oýnalýan bolsa, köpümizde arzuw bardy. Emma ol arzuwlar gözýetimden daşda ekeni. Tolk ýoklugyny bilen ne gözel talantly oglanlar geljegini pikir edip iş, okuw, gazanç üçin başga ýoldan gitmeli boldular. Iki-ýeke 2 nji ligamyza düşenlerem bar. Ýöne gözleseňem tapdyrmajak güýçli oglanlary aňsatjak ýitirdik..

Şu ýerde dowamy bar.. diýip bes edibem, ýene şular ýaly 3-4 mowzugy açmana ýeterligem talantlary tanaýan we mysal getirip biljek. Ýöne uzyn sözüň gysgasy ýagşy diýýär.
12 лайков 412 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
30 янв 2022, 22:47
Dark_Wolf,
köp gurlemän bilemokda wara beydip lakgyldap bilmegem bir talant arbuz
Suleyman
Автор 30 янв 2022, 22:50
Hiayres,
Janserek b.n Merwden Mekgä çenli - diýen 2 eseri kitaphanadan alyp okadym. Beýleki ikisi nätanyş entäk. Kitabynam tapmadym, elektronnysy-ha taparynam öýdemok.
Liwerpul_fc
30 янв 2022, 22:51
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
talant* urya

Şo:da şo
Hiayres
30 янв 2022, 22:51
Dark_Wolf,
Onda iň bolman "Janserek" bilen "Merwden Mekgä çenli" kitabyň elektron görnüşen tapyp bolmaz hä?!
Leyli Amanowa
30 янв 2022, 22:53
Hiayres,
kitaphana gidäy iş bolduň şo 4 kitaby 1 hepde bäri sorap
Hiayres
30 янв 2022, 22:53
"Ömür dawasy" we "Merwden Mekgä çenli" kitaplarynyň audiokitaby "You tube-da" bar eken, diňläp gördüm, ýöne okabam göresin gelýälaý.))
Suleyman
Автор 30 янв 2022, 22:54
Hiayres,
Mende-hä ýok. Elektron kitap hödürleýän saýtlara girip gör.
Hiayres
30 янв 2022, 23:06
Dark_Wolf,
Hemmesine aýlanyp çykdymlaý. Aý bolýa, ýene sag boluň. Duşsa habarlaşaweriň.))
Ötegçi
31 янв 2022, 00:50
Цитата: Hiayres
Ötegçi,
"Habibi ýere çylpajaklaram bar bizde"

Hadi ýa, biraz realist bolalyň. Göreşi sungat hökmünde garaman diňe bir başyny çaramak üçin tutluşýan (soňky döwür olam ýok) adamlarda, näçe ýylyň tejribesini özünde toplap, esasy kärini şol edinen adamy çylpan çykar öýtýäňmi?!

Bar. Görüp ýörün
Belki
31 янв 2022, 06:17
Hiayres,"Milli oýun"bar diýdi dälmi Pegas?!
Hiayres
31 янв 2022, 15:11
Belki,
Sag bol jora... Gören däldirin. Ýöne tapdym.
Гость Begenç
Гость Begenç
23 май 2024, 03:01
Men islendik turkmen ozbek turki sozlerini sekunda galman tersine owrup başaryan