Ynjalyň, hemme zada alaç bar

Bu sözleri diňe men aýytmadym. Menden öňem aýydan bar. Eşidensiňizem. Men bolsam, ýene bir gezek tekrarlaýaryn. Size kömek etmek üçin.
Bu durmuşda her dürli ýagdaýlar, wakalar bolup dur. Olar bolsa bir ýere jemlenip, biziň aňymyza, saglygymyza, özümizi alyp baryşymyza täsir edýär. Durmuşda bolup geçýän käbir wakalar bolsa, güýçli urgy berip,sizi hatardan çykarmagy mümkin. Şulary nazarda tutyp, siz öňünden taýyn bolmaly, her bir urgydan, sag-aman çykmak üçin.
Ilki bilen bilmeli zadyňyz, adamyň hemme maksady, hyýaly, arzuwy amala aşmaýar. Mysal üçin, baý boljak diýip, baýap bolmaýar. Adamlaryň amala aşmaýan hyýallaryň üstünden gelmegine olaryň özleri günäkär.Olar hakykatyň üstünde kelle döwmedik adamlar. Balygyň suwda ýüzmegi üçin suwyň gerek boluşy ýaly, adamlar hem öz arzuwlarynyň amala aşjak ýerde ýaşaýandygyna göz ýetirmeli. Iň bolmanda ýaşaýan ýeriňde birnäçe baý, ýa bolmasa köp baý adam bolmaly. Bu baýlary görüp, bu ýerde baýasam boljak ýalyla, olar baýapdyrlar, men hem baýamagym mümkin diýmeli.
Ýaşaýan ýeriňde ýokary okuw jaýlary bolmasa, bir ýerlere gidip okap gelmeli boluşy ýaly, adam maksatlarynyň amala aşmagy üçin uzaklara gitmeli.
Eger bu aýydanlaryňam başa barmaýan bolsa, onda oňada alaç bar. Mysal üçin, baýamak üçin şert bolmasa, onda boldugyça ýaşaberiň. Sizi zorlap oturan adam ýok bolsa gerek. Hökman baýa diýip. Ýöne näme etjek, köp hyýallar adamyň özünde döreýeýär we saňa ynjalyk bermeýär. Bu halata hem bir alaç etmeli. Mysal üçin, siziň söýýän gyzyňyz seni taşlap gidýän bolsa, munuň üçin hökman ölmeli diýen ýeri ýok.
Birinji, goý gitse gümüne gitsin diýmeli
Ikinji, senden başga gyzlaram köp, şolardan birini söýerinde, şoňa öýlenerin diýmeli
Üçünji, Menden gidip, senem gülmersiň, men-ä seni çynym bilen söýdüm, başga birleri meniň ýaly seni söýmez diýip ýüregiňi ynjaltmaly
Bu birinji tesselli. Başgada teselli bar. Mysal üçin , sagada seredip, wagtyň tiz geçmegini islemeli. Wagt näçe tiz we köp geçse, size urgy beren hadysanyň güýji peseler. Sizi taşlap giden gyz ýatdan çykyp başlar.Baýamak islegiňiz peseler we şular ýaly.
Hawa, gadymylar aýdyp gidipdir. Elli gepden, belli bir gep diýip. Ýene aýdybersem, kelläňiz çişip gider. Şonuň üçin sözümi şu ýerde gutarýanda, size hiç zady gaýgy etmäň. Hemme zada alaç bar diýýärin
2 лайков 131 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dnnalijelainnn
04 авг 2022, 07:59
hova dogry sola
like+++
Ötegçi
04 авг 2022, 09:36
Mysal üçin, baý boljak diýip, baýap bolmaýar. Adamlaryň amala aşmaýan hyýallaryň üstünden gelmegine olaryň özleri günäkär.Olar hakykatyň üstünde kelle döwmedik adamlar.

Goýsanaýt! Ýyllap alýanlarny bir gezekde alaryn-dp tapawutlanan diplom bn gutaryp diýenini edip ýorenler a bar.
Hiayress
04 авг 2022, 09:46
"Ynjalyň, hemme zada alaç bar"

Ölüme çäre ýok, adamyň sam.syklygyna alaç ýok.
Bahar
04 авг 2022, 10:13
Hiayress, bolmazam.
Bir bar bir ýok
04 авг 2022, 21:28
Iň bolmanda ýaşaýan ýeriňde birnäçe baý, ýa bolmasa köp baý adam bolmaly. Bu baýlary görüp, bu ýerde baýasam boljak ýalyla, olar baýapdyrlar, men hem baýamagym mümkin diýmeli.
İndi baý bar bolsa töweregiňde arkaýyn arzuw-hyýallara çümübermeli diýýäňmi?
Nâçe ýaşyndaka bu awtor? Çagalary aldap, güýmejek bolýan ýaly-la.