TM CELL barada kelam agyz şikaýat

Salam saýtdaşlar, gowumy ýagdaýlaryňyz?! Öňler internetiň pesliginden nägile bolup gaharlanan bolýardyk welin, takmynan, 1 aý wagt bäri adaty jaňlar hem işlemän başlady. Ýagny, has takygy, konferensiýa işlänok. Hemişe işlänokmy? Gyzykly sorag. Ýok, hemişe däl. Orta hasap bilen 20:00-00:00 aralygynda şeýle bolýar. Meselem, agşam sagat sekizden soň biri bilen jaňlaşyp gürleşip duran bolsam ikinji liniýa gelen jaňy alyp bolmaýar. Alsaň hudaý tutýar, jaňlaryň ikisem öçýär, telefonuň jaň funksiýasy doňýar. Diňe mende şeýlemikä diýsem, diňe mende däl eken, Maryň içinde şeýle. Lebapda beýle däl eken, beýleki welaýatlara bilemok. Gün ýaşyberen soň, konferensiýa hyzmaty öçürildi hasap edibermeli. Ne gelen jaňy goşup bolýar, ne-de birine jaň edip. Bu nä boluş?! Ýönekeýje jaň işlänok. Wideojaňlar, 3G, 4G internet barada dawa-da edemzok. Siz nähili pikirde?!
7 лайков 629 просмотров
76комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 20:47
Gizlin666,
Nikiň üýtgeşik-le?!
DonMaxx
28 апр 2022, 20:47
yzyny gelemson dowam ederis moyka yapylmaka barayyn cilimkesh
Omar
28 апр 2022, 20:48
DonMaxx,
Aglama gurjak seni ey gorjek yzyny ozun bilyansin dost??
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 20:51
DonMaxx,
Ok, derrew gelersiňä?
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 20:55
Aşgabadskiý, ýaman içýakan ekeniň-laý?
Gizlin
28 апр 2022, 20:58
Ahmedik_97,
Meselem?
Senyorita
28 апр 2022, 21:03
Eh-heý,sizde-de şeýle eken-ow.Mendä Täze ýyldan bäri şeýle.Gutlag sms goýberýän "!" bolup durýa,ýene goýberýäň ýene şeýle.Onsoň bir sms 5-6 sany bolubam yzygider barýan eken käwagt.Ýarty-ýartydan barýa ýa gelýä.Şeýdip 1 aýlyk sms-lemmi bir günde ep-eslije azaldypdym.Esasan baýramçylyklarda şeýle.Oturan ýeriňde dagy ýazybam oturmaly däl käwagt.Bir jorama Täze ýyl gutlagym häzirem barýan eken her wagt.Ýolda galypmy,nämemi.Masgara bolaýdym men-ä.Bu gidişde men häzir roman ýazaryn...Goýaýyn gowusy.
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 21:08
Senyorita,
Sms 5 gezek ugradamda-da gitmedik ýerleri bar. Özem bäşisiniňem puluny iýýär (tutýar). Muňa-da hasam gaharym gelýär.
Biohimik
28 апр 2022, 21:09
Sms gidenok gitmedik smslerede haram tmcell pul iyya ?
Wifiler gaty pes ishleya sayty zordan acya bez dostupa internet diyya yone calaja 10kb zat berya asyl 1000lik welin ay duzelerlaiii
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 21:11
Soobşeniýe ne dostawleno — hasabaty ýetirmek - ýerine ýetirilmedi, ýa-da şowsuz — diýýär.
Biohimik
28 апр 2022, 21:15
Ahmedik_97
Soobşeniýe ne dostawleno — hasabaty ýetirmek - ýerine ýetirilmedi, ýa-da şowsuz — diýýär.

Menka kawagt seyem diyenok dostawlen diysede ona barmadyk bolya woobshe bu icim yanyp yordi meninem
Morgenstern aytyara huuyowa diyip
Okuwçy_gyz
28 апр 2022, 21:16
Bizda olar ýaly däl gul ýaly
Biohimik
28 апр 2022, 21:19
Okuwçy_gyz
Bizda olar ýaly däl gul ýaly

Saherde gul yaly internet (carjewde)
Yone sms jan barada beyle diyip biljekdal
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 21:25
Sms gidenok gitmedik smslerede haram tmcell pul iyya ?
Aýtmasan-aý. Ýerine ýetiren hyzmatynyň puluny alaýjak ýal welin...
Hiayress
28 апр 2022, 21:34
Biri bilen gürleşip otursyň linýa başga biri girip gitýär, gyz bolsa ýene-de ýagşy welin köplenç garry daýza: "Myrat oglum, oglum eşitýäňmi" diýip gygyryp durandyr. ?
ýüreksözi
28 апр 2022, 21:38
men bariniň sedinä wapşe aýtmaýyn özüňizinkä şükür edersiniz
ýüreksözi
28 апр 2022, 21:41
şu agşam iberen sms in ertir agşam barýa ýada gürleşip otyrkan başga biri linýa düşýä Ag da şeýleräk bizar bolýas öýde wagtymyza set wapşe tutanok şoň üçin nm gürrüňimiz bolsa günniz daşarda edip dynmaly gije bizde set diýen zat ölýä uuuuuuffffff bizarow
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 21:59
ýüreksözi,
Derdimi gozgamasana
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:00
Hiayress,
Edil muňa kän gabat gelemok.
noname
28 апр 2022, 22:01
Mesirgemañou öñkiler yaly konwerte salyp hatyñyzy pocta atyp ibermeli bolsanyz natjek. Nace gunden soñ barya şolam hihi
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:03
danger,
Haý nejis. Seňem prikollaň içýakan-aý...
hihi
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:05
danger,
Ýöne, bir tarapdan, senňki dogry. Mesirgeýän bolmagymyz hem mümkin.
noname
28 апр 2022, 22:11
Mts yapylan dowurleri jañ edeninden gidip gelenin añsat bolyady
,,oşipka podkluceniye'' ýadyñyza duşýami
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:13
danger,
Aýtmasan-aý. Täze ýyla 10 gün galanda diýsene
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:15
MTS-iň ýogalan güni — 29.09.2017ý.
Jaýyň jennet bolsun, gadyrly mts!
Hiayress
28 апр 2022, 22:16
Özem kän iýýärow. Mg-dyda ýumurýar. Tmcell Mg-tyň duşmany.
Ahmet
Автор 28 апр 2022, 22:20
Başga prowaýder gelýär sesi ýok-maý?! Habaryňyz ýokmy?
Hiayress
28 апр 2022, 22:21
Ahmedik_97,
Öň Mts-i nä günlik bilen çykardylar. :D
noname
28 апр 2022, 22:21
Sayta girip ulurak blog acjak bolsañ acanok. Azrak yazsañ acya. Yada tmcarsa bildiriş goşjak bolsañ goşanok wifidan goşmaly
Hiayress
28 апр 2022, 22:22
"Şarp, "bu zatlar iýmek üçin ýapylýarmy?!"" #kinodan