Kemakyllyk ynsan bolsady, @Khanture ol sen bolardyň
Şu gün gaty erbet nerwime degen bir tema barada ýazasym gelýär. Hany bir söz bardyr "jahyllyk güýçdir" diýen, edil nyşana alynan ýaly gaty dogry söz eken. @Khanture, sen barada aslynda ýazasym gelmedi, hatda dogrymy aýtsam ýazaryn öýdüp pikirem edemokdym. Düýn "garaşýan" diýen soňam ýazjak däldim, ýöne soň ýene yzyndan "özüçe" bir akylly tema açandan soň gaty nerwim doňdy. Ilki bilen men seniň üýtgemejegiňi bilýän, bulam bir jahyllyk aslynda, oňa-da degip geçjek soňunda. Ýöne şonda-da içimdäkileri aýdyp galaýyn, netijede her düşünje seniň kelläňden has pozitiw.
Seni dostluk saýdyndan bäri tanaýardym, çekeleşikleriňi okap töweregimdäki "jahyl" diýen ynsanlarymy ýüzüme sylýardym. Şonda pikir edýärdim "näme üçin bular ýalylar bilen çekeleşýärler" diýip, ine özümem çydap bilmedim, sebäbi çyndanam nerwa degýär eken. Eger "her düşünjä hormat goýmaly" we ş.m şekilde zatlar diýjek bolsaňyz "ýokbolyň gidiň" diýerin, şeýle diýjek mallaryň çykjagynam bilýän. Her düşünjä hormat goýulmaz, hormaty bermek üçin garşyňdakyň şony hak etmesi gerek, gazanmagy gerek. Hormat beýle akan çeşme ýaly her kime berilenok öňem aýtdym. Her düşünjä hormat goýmaly bolsa onda çaga gaçyryp Deep Web-de satuwa çykaran kişilere-de hormat goýmaly, "Allahu Akbar" diýip kelle kesenlerede hormat goýaly, netijede bularam "özleriçe" düşünje.
Düşünje bar düşenje bar, seniň düşünjäň ýalandygyny düşündiresim gelerdi welin muňa müňlerçe kişi synanyşypdy, hiç birem düşündirip bilmändi, sebäbi olaram asyl meseläniň beýinden gelýändigini, ol beýniňem özüne kejirdir öýdüp aslynda sams.yklaýandygyny bilenoklardy.
Dosdum seniň düşünjäňe her tarapdan seretseň ýalňyş, saňa bilimi ara goşup analiz zat etjek däl, tembol onam biri edipdir oňada düşünmänsiň. Men prosta seniň gözüň bilen akyllysyrajak bary bolany.
Bulara diňe matematiki we geometriki hasabyny çykaryp ber diýseňem ýumarlar, netijede dünýäniň öz resmi matematik hasaplamalary, geometrik ululyk-kiçilik, aýlanmak, gün dogup batmak bilen baglanşykly hasaplamalary we formulasy bar. Aslynda köp ýerde bar bu. Muny dostlukda biri ýazypdyr saňa formulasyny "onda bu nähili bolýa" diýip, sen jogabam bermänsiň, bak JOGAP BERIP BILMÄNSIŇ. Yňňa-myňňa edip geçen bolaýypsyň. Dünýäniň tekizdigine ynanyp işiň içinden çykyp bilmersiň. Onuň kordinatalary, refleks aýlawlary, müňlerçe alymyň hasaplamalary, arhiw resminamalar we synag netijeler, hiç birine seredenok bular. Diňe Ýer tekiz we manysyz maglumatlara subutnama diýseň, onda menem saňa "kemakyl" diýerin bagyşla. Hemme zadyňyza jogap berdiler bak hemme zadyňyza, we hemme zadyň jogaby bar. Dünýä näme üçin aýlanýar, näme üçin jisimler togalak, näme üçin kosmos garaňkydan kosmosyň ysy, dünýäniň sesi we elektrik hadysalar, zibiliň nähili atylyşyna çenli hemme zadyň jogaby bar. Sen bir mowzugyňda "bulut" we ş.m zatlary agzapsyň, iň bolmanda şo buludyň müňlerçe hasaplamalary bar, dünýä düz bolsady bulut zat wapşe bolmazdy, ol hasaplamalar dogry gelmezdi sebäbi. Hiç bir zadam ibaly bolmazdy, tutuş dünýä üýtgärdi Ýer tekiz bolsa. Bular bu zatlara seredenok, diňe bu oýunyň düzgünleri bar, şolar bilen oýnajak bolýarlar bu oýuny. Ol düzgünlerem bir ýalan sözle, oňa ynan, manysyz sözde subutnamalary görkez, we iň wajybam ara dini goş. Bak esasy ýapyşýan zatlary din bularyň, hökman dini ara goşarlar bak hökman, diňe @Khantureniň mowzuklarynda müňlerçe dini ulanyp çykarylan subutnamamyş ýaly görkezilen bolgusyzlyklar bardyr. Din bolmasa bular çökýär. Dini ara goşmaň, din bilen bilim aýry zat, tembol tekiz ýer teoriýasy bilim üstünde jedelleşilýän bir mesele. Saňa hadyslary ulanyp dini çeşmeleri görkezip durjak däl, tembol muny etmegem bidereklik, etmäne synanyşýanam şunyň özi ýaly biridir.
Bak müňlerçe, ýüz müňlerçe, hatda sanap gutaryp bolmajak derejede subutnama, ýazgylar we resminamalar bar. Hatda dostlukda we talyplarda muny ynanylmaz gowy edip düşündirenlerem bar, şo sebäpli aýtdym analiz edip durjak däl diýip, olaryň hemmesinede ýalan diýipdir. Bu jahyllara subutnamalary görkezseň ýalan diýerler, hasaplamalary görkezseň ýalan diýerler, suratlary, wideolary görkezseň photoshop diýen bolarlar, hemme alymlary mysal görkezseň hemme alymlary gizlin işleýän biri hökmünde görkezerler, bulam hiç kosmosy mysal görkezersiň welin kosmos ýok diýerler, bakyň KOSMOS ÝOK diýýärler. Aýtýana näme diýseň bir zat tapýarlar. Hatda şo sebäpli tekiz ýerçileriň birine NASA-dan çakylyk geldi "äkitjek seni" kosmosa diýip. Bular üçin hemme zady gurnaýan NASA-myş. Bar gitsene jahyl kemakyl nadan ynsan, ine men näme üçin kemakyl diýýän. Indi biraz düşünensiňiz. Men beýle hemme zada hormat goýup "waý ezmäýin" diýýän bir ynsan däl, kemakyl bolsa kemakyl diýerindä näme diýjek başga. Öňem aýtdym bir zada ýalan diýseňiz 2-3 sany bir açyklama tapyp bilersiňiz şondan, meselem ýere üç burç diýseňizem käbir zatlary gabat getirip bilersiňiz, ýöne bu ýeriň üç burçdugyny aňladýarmy onsaň ?
Hem wirusam ýok diýip otyrsyň, diňe kesel barmyş, bu seniň has kör düşünjelidigiňi görkezýär. Hassahanalara girip gördüňmi Aşgabatda has kämilleşdirilen görnüşleri bar, şolaryň hasabatlaryna, keselçiligiň görnüşlerine garşy görüş çärelerini, wirus allergiýalary, bakterialaryň ýokuşmagy we täsiri, sanjymlaryň analizleri we müňlerçe zat, sen bu zatlara bir göz aýladyňmy ? Ýa her minutda dünýäniň her ýerinde bejerilip oturulan ýada berilip oturulan hasabatlardan habaryň barmy ? Hasabatlar sebäpli näçe million adam kesele sezewar bolanok bilýäňmi ? Ýa sen şu wirus barada geçirilýän analizleri, barlaglary bilýäňmi ? Diňe ýurdumyzda näçe sanagy geçirilip ýör habaryň barmy ? Nädip döreýäninden hemme zada çenli analiz edip maglumat berip otyrlar we bu maglumatlar bolmasa şuwagt maska dakmazlygam bilmezdik we millionlarça adam ölerdi belki. Ol hiç iň bolmanda näçe million "professional" ekspertny professorlar näme diýýär olary bilýäňmi ? Sen bolsa çykyp wirus ýok diýýäň we döredilen diýen bolaýýaň, nämä daýanyp aýtýaň muny eý jahyl ynsan ? Sen kim ? Indi bilensiňiz näme üçin kör düşünjeli diýendigimi. Hiç zatlara seredenoklar, okanoklar, barlap wapşe görenoklar, näçe ýazgylar, makalalar bar hiç we hiç seredenoklar, seret diýseňem "ýalan" diýýärler dogrylaryň garşysynda ereýäni sebäpli, çünki jogap tapanok. Ho günem kömelek zat diýip otyrsyňmy, okamadymam gaharym gelip.
Aslynda psihologiýada-da ýeri bar bularyň, iň ýigrenilýän adamlar diýip. Has dogrusy hijem üýtgemeýän adamlar. Elbetde bir ynsanyň öz häsýeti zady bardyr oňa diýemok, ýöne hiç bir şekilde häsýeti erbedem bolsa ol zatlary pikir etmän diňe şo bolşyna gezip ýören ynsanlara diýýän. Bular şeýlebir ýigrenilýän ynsan görnüşidir welin durmuşyňyzdan çykarmasaňyz durmuşyňyzy zäher eder. Köp zat bar bu barada-da gözleşdirseňiz. Şonyň islegi ýada düşünjesi seniň üçin zyýan bolsada, ol muny bilsede üýtgemez.
Ýada üýtgeşik bolmak synanyşygy bar, bu ynsanlar her kimden aýry pikirler tapawutlanjak bolýarlar. Elbetde köpümiziň üýtgeşik pikirleri bar, hemmämiziň pikiri deň bolmaly diýip zat ýok. Ýöne meniň diýýänim başga, ýas barada gürrüň gidip durka pozitiw şekilde gürlän bolup tankytlan bolar, ýada biri ýer diýip durka ol asman diýer, ýagny her ynsandan tapawutly bolmaly, bu köp adamda bar. "Men hemmeden üýtgeşik bolmaly" diýen düşünje bolýar bu adamlarda we netijede ynanylmaz şekilde samsy.klaýarlar. Esasy zat muny bilip etýärler. Sen barada aýdylan gaty köp zat bar bilimde-de başga ulgamlarda-da.
Umuman hemmesini toplaňda sen bir kemakyl gaty görme, durşuna negatiwlik we görüşiň gaty pes. Sen bu gidiş bilen hiç ýerigem baryp bilmeýäň. Elbetde "men islän zadyma ynanyp bilerin" diýýän bolmagyň ahmal, ynan tembol ynanjyňa zat diýemok, ýöne her ynanç her adam üçin tapawutly we mal ynançlary tankytlamasak edil özüň ýaly pes görüşliler köpelýär. Sen hemme alyma paçti ýalan diýýäň, kosmonawutlara ýalan diýýäň, ýöne maglumat paýlaşylyp ösýän bir ulgam, eger paýlaşylmasa maglumat dogry ýerine ýetirilmeýär we bökdençlik bolýar. Her alym öz işini paýlaşýar we taryhdaky güýçli alymlara hasam, şolar sebäpli dünýä kämilleşyär. Onsaň sen hemme alymlary adam hasaplaman akyla sygmajak diňe öz düşünjäňi dogry hasaplasaň men saňa kemakyl diýerin, millionlarça ýazgylary, analizleri we subutnamalary okaman, olara ýalan diýip YouTube-da gören 2-3 wideodaky ýalany dogry hasaplasaň men saňa kemakyl diýerin, durman işläp duran we analizler geçiren kosmonawutlara ýalan diýip, özüňem hiç zat etmän ýatan ýeriňden olary sallasaň men saňa kemakyl diýerin. Özem Allany ara goşup "onuň ýaradanlaryny dogry ýolda peýdalanmaly" şeklinde zatlar ýazypsyň, onda Alla kesellere garşy goranmak üçin, bet dogalardan goranmak üçin doga ibermedimi ? Seniň diýýän zatlaryň adamlary azdyrmak dälmi eýsem ? Olary sen saklaýaň dälmi dogrudan ? Uff kelläňe döneýin. Üýtgeşik zat däl seniň düşünjäň, ýada geň zat däl, seniň düşünjäň mallyk we durşuna ýalan bary bolany. Şo sebäpli aýtdym her tarapdan seretseň ýalňyş diýip. Gowy adamlar diňe öwrenmäni halar, jahyllar ders bermäne höwesjeň bolar.
"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar."
"Ylym öwrenmekligi sallançakdan gabyra çenli özüňize wajyp tutuň.
"Tejribe guýusyndan içmeýänler, ýaşlyk deňizlerinde suwsuzlykdan öler"
Şu sözlerem hadys we dini kitaplarda bar, hadyslary ara goşýaň welin. Ylym öwren diýýär, teoriýa öwrenip aklyňy üýtget diýilenok :)

86комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.