@Dubai dosdum Nirwana-da
Bak dosdym, ilki bilenä düýnki ýazan mowzugyňy okap nerwim doňdy, dogrymy aýdaýyn. Sebäbi içinde näme gözleseň bar (jahyllyk, çagalyk, ýalan, hiç zat bilmezlik, düşünmezlik, ýalňyş görüş, negatiwlik).
Dosdum saňa başardygymça hormatdan çykman, iň ýönekeý zady ýönekeý dilde düşündirmäne synanyşjak. Sebäbi belli, bir zada nerwiňi bulapsyň, her kimde-de bolýar bular ýaly ýagdaýlar. Bu ýazgy belki seni dogry ýola salar we seni has umytlandyrar. Seniň ýazanlaryň depressiýaly ýada gaharly wagtyň birden gelen duýgyny daşa urmagyň bilen dörän. Ýöne birden gelen pikirler we duýgylar köp wagt saglykly bolanoga muny hemmämiz bilýäris.
Dosdum ilki bilen söýgi bar, ýok bolsa Dünýä bolmazdy ýönekeý dilde aýtsam. Sebäbi hemme zat söýgi bilen ýöreýär, sen ýaşaýaňmy ? Onda özüňi söýýäň, durmuşy söýýäň. Döwletler aýakdamy ? Diýmek ynsanlar watanyny söýýär. Nesil döreýärmi ? Diýmek ynsanlar birek-birege iň uly hormatly söýgüni berýär. Döredilýärmi ? Diýmek ynsanlar işini söýýär. Diýjek bolýanym hemme zat söýgi bilen baglanşykly, şo sebäpli taryhdan bäri romanlardyr, dessanlardyr, goşgulardyr hekaýalar ýazylyp, hakynda uly ylmy işler geçirildi. Sen bolsa çykyp "söýgi ýok" diýýäýäň, beýle uly anyk zady kabul etmejek derejede ejiz bolma dosdym, gaharyňa we düşünjeleriňe ýeňilme.
Dogrymy aýdaýyn, saňa diýilen sözi maňa diýseler menem erbet bolardym, her kim erbet bolardy. Sebäbi ol söz kişilige dil ýetirmek we kişiniň özdiýenini parçalamak ol. Saňa şuny aýdaýyn, ilki bilen gyzyň diýeninem bir tarapdan pikir edip gör, sebäbi gyz näçe terbiýesizlik edenem bolsa barlap gör, meselem iň ýakyn 4-5 tanyşyňa sorap gör "men şeýlemi?" diýip. Sebäbi her eden işiňde iň gowy 3-4 tanyşyňdan maslahat sora, muny köp psihologlaram edýär. Eger çyndanam şeýle bolsaň özüňe gowy seretýän dälsiň, sebäbi köpçülikden gaçýan, başga adamlar bilen köp aragatnaşyk saklamaýan adamda negatiw häsýetler bolup biler. (Utanjaňlyk, göwnüňe degilme gorkusy, kiçi düşürilme gorkusy, ýekeligi halamak we ş.m) Munyň çäresini aýdaryn soňunda.
Gyza gelsek, dogrumy aýtsam gaty eken we biraz kemakyl eken. Islendik bir adama beýle söz diýýän kişi toplumda-da halanylýan däldir üns berseňiz. Dosdum sen şo gyzyň sözi sebäpli depressiýa düşen bolmagyň ahmal. Gaty erbet zat bulam. Hiç keýpiň bolmaýar, hiç kim bilen gürleşesiň gelmeýär, ýalňyz bolasyň gelýär, iň ysnat adam hasaplaýaň özüňi, hemme dünýä saňa garşy ýaly bolýandyr. Bizem düşýäris her adam ýaly. Ýöne geçip gitýär bulam. Umuman gyz ýalňyş adam dosdum. Goýber gitsin, gürleşmedem olar ýaly adam bilen, munyň üçin nerwiňi ýakara zat ýok. Özüni söýen ynsan tembol kişiligini peseldenler bilen bolmaýar, sebäbi bilýär onuň maldygyny. Sen gowy görýänleriň bilen bol dosdum, diňe ýakynlaryň sözüni üstüňe al. Bir söz üçin beýle bolma, sebäbi ol sözi diýen kemakyl adam, hiç zat bilenok. Meselem käbir kişi pikir edýär "iň gowy ynsanym maňa şeý diýýär" diýip, ýöne sen ony gözüňde ulaldypsyň, beýle söz diýýän biri hiç kimdir ynanaý. Bu biderek zatlar üçin söýgüni ýalanlamagyň geregi ýok.
Seniň gatnaşyk guruşuňam ýalňyşdyr, sebäbi bir ynsan bilen gowy gatnaşyk guran adam ol adama beýle diýdirmeýär we diýjegini bilip uzaklaşýar.
Şuwagt mekdepde bir kursdaşym başga topardan bir gyzy söýen boldy. Aýtdy söz almady, menem bilýädim almajagyny, sebäbi intek onuň bilen gowy gürleşip görenok, dostlaşyp görenok, ýakyn we inçe gatnaşyklar saklanok. Göni baryp söýýän diý olam alsyn şeýlemi ? Umuman kursdaşymyň hemme zady ýalňyş, gatnaşyk barada hiç zat bilenok, meselem düşünjelerem, gürleýşem, köpçülikde özüni alyp barşam biraz gowy däl. Özüne gowy seredenok, we sözüni almasada yzyndan ylgamana dowam edýär. Beytdigiçe olam pikir edişim ýaly has uzaklaşýar we ýigrenip başlaýar. Köp aýtdym başda-da, "Goýber gitsin, üstüne gitme" diýip, diýenimiň edil tersini etdi we hasam erbetleşdi bu ýagdaý. Täze ýylda sowgat aldy, onam berdi welin almady ýöne öňüni kesip, "al, al, al" diýip aldyrdy. Gaty gülkünç. Soňam ol gyza başga bir oglandan sowgat geldi. Kursdaşym näme edendir öýtýäňiz ? "Ýa men ölerin ýa şo oglan" diýmesinmi, intek ol seniň sözüňi almandyr nämäň ynamy bu ? Ine düýnjegem gürleşjek bolup yzyna gitdi, ony görüp ylgap maşyna münüpdir. Soň ýene gaýtaladym goýber, üns berme, üstüne gitme, arsyz etýäň diýip.
Diýjek bolýanym gatnaşygy bilmeýänler biraz bu ýolda kynçylyk çekýär we ýalňyş adam bilen bile boljak bolýarlar. Bu zatlary aýtdym sebäbi bu meselä biraz içgin düşünmek we görüşi saýgarmak peýdaly.
Dosdum senem özüňe seret, hiç kimi durmuşyňda kynçylyk bilen saklama, özüňe seret diňe, özüňi söýseň her kim seni söýer. Bir mal biriniň sözi üçin özüňi ýerden-ýere urma. Bir güýmenje tap, meselem ýazyl bir zada, gatna bir zada. Kelläň durlanar. Meselem men ertir tansa gatnap başlajak, aslynda-da lezginkany bilýädim ýöne hemme tansy doly öwrenesim gelýär, sebäbi bu maňa hem peýda, hem güýmenje, hem özümi bejermek we ösdürmek üçin iň gowy ýol. Senem bir zatlar et, ýalňyş ynsanlary çykar durmuşyňdan. Söýgüňi hak edýän birine ber, sebäbi hak etmeýäne berseň "söýgi ýok" diýer oturarsyň. Ejeň-kakaň söýýär eken meselem, mundan gowy zat barmy ? Ber şolara söýgi, özüňe ynanarsyň, özüňe ynandygyňça toplumda halanarsyň. Çekinjeň bolma, utanjaň bolma, muny edil özümem başaryp bilemok doly, ýöne peýdaly zatdygyny bilýärin. Köpçülige goşulman, aragatnaşyk saklaman, hiç kim bilen işi bolmaýan adamy tanamaýarlaram. Agressiw bolma, pozitiw bol, ýokardaky negatiw düşünjeleriňi depip goýber ýaňkyň yzyndan.
Düşünensiň diýip umyt edýän, düşünmeseňem hökman bir gün düşünersiň.

20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.