Serik agzanyň ýazan temasyna jogap. Dosdum birem şeýle pikir et !

Garyp baý meselesi gaty köp jedelleşilýär. Nämemiş, gyzlar garyp oglany söýenokmyş. Dosdum saňa bir zat aýdaýyn, ilki bilenä ýaşyň kiçidigi belli zat, şonuň üçin köp zada düşünmezligiň adaty zat. Saýtdakylaryňam köpüsi kiçi ýaşda öýtýän, sebäbi ýazan teswirlerinden bildirýär.
Bir gyzy söýeňde ony eklemek gerek, pully manyda däl, meselem kafe äkidersiň, aýlanaňyzda bold we ş.m zatlar alyp berersiň, göwnüni tapmak üçin sowgatjyklar alarsyň, olam pula durýan zatlar. Ýagny sen eklemäne güýjiň ýok bolsa senem öz derejäňdäki gyzy söýmäne mejbursyň. Meselem sen gowy maşyn aljak bolaňda şoňa gaty köp pul bermeli, sebäbi şo maşyn şoňa durýar. Sen azajyk pulyň bilen ol maşyny alyp bilmeýäň. Bu meselä hem şeýle seredip gör dosdum. Hiç bir gyzam özüni oňarmaýan, özüni ekläp bilmejek oglana ýüz beresi gelmez, we bu gaty adaty zat. Hakyky söýgi diňe süýjije duýgy, hakykat bolsa başga, geljekde eklenmeli çaga eklemeli, işlemeli we durmuşda yeriňi tapmaly, eger hakyky söýgi diýen bolup durmuş gursaňyz geljekde kösenersiňiz, sebäbi hakyky zat başlaýar, biri-biriň ýüzüne seredip oturmarsyňyza. Şo sebäpli yaş jüwütler aýrylyşýarlar. Umuman gyz eklenmeli, tembol gyzjagaşlar dogumlyja, ýanyp duran erkegiň ýanynda durmany kem görmez. Oglanam bu yerde düşünmeli, sen zaparož bolup prada bilen özüňi deňäp bilmersiňä.
Meselem ene-atalaram gyzyny ekläyjek, işlije birine beresi geler. Garyp bir oglana öz gyzyny kim dözesi geler, iň bolmanda sen dözersiňmi ? Seniň dosdyň söýen gyzy hem gaty owadanja gyzdyr, sebäbi dosduň ýapyşyk ýatmagyndan belli, we owadan bir gözel gyz maşynlyja jaýlyja bir erkegiň yanynda bolasy geler. Hakyky söýgi diýilýäne ilki gowja düşüniň, ilki okuw, jaý, maşynjyk, soň köçelerde gyşaryp gez :) Ana onsaň hakyky söýgi başlanýar.
Başardygymça ýönekeýje dilde düşündirdim özä, galanynam ulalaňda düşünersiňda senem
5 лайков 352 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
30 июл 2021, 14:57
Wlad sen talyplar.com'daky Nazarhann dalmi?!
zumerchi
30 июл 2021, 15:01
Men sho, Men o dal-diysene))))))
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 15:17
Men sho,
Ýok talyplara köp giremoga
XYIVENIA
30 июл 2021, 15:36
gowy edip dusundiripsin :)
S❤
30 июл 2021, 16:35
Garyp oglanlar name etmeli
MerdaNazarov
30 июл 2021, 16:37
yone yash gyzlar erkegin puluna jalaylygyna gyzyp ozunin gyzlygyny aldyryp zayalanyp jelep bolup gidenlerem sanardan kop . Kim aydya bay adam b.n gyzyn bagtly boljagyny , kim garantiya berya ol bayyn owadan gyzy s*kip aldap goybermejegini
MerdaNazarov
30 июл 2021, 16:40
@Wlad ay jigim senin durmusha dushunisin shu bolsa senden 7-8 nji synp oglanlarynam dusunjesi osen eken diyaymesem , bashga soz yok
MerdaNazarov
30 июл 2021, 16:43
shu dowurde kop oglan gordum jalay pully okuwly massynly zatly , 6 gyz desdim 7njimi oylenemde desjek diyyanleri . Beyle haram adamlaryn sony bolmaya . Kakasy olensek abrayy itcede bolanok . Bular menin durmusda gorup yoren zatlarym
MerdaNazarov
30 июл 2021, 16:47
yurdumyzda garyplarynam oyi zady bar lyuks villasy bolmasada . Garyp bolsanam olarynam ryskyny alla berya . Kim aydypdyr garyp bayamaz diyip . Kim aydya bay bir gun gelip garyp dushmez diyip . Yokary bilimli bolmanam mashgalany hor etman eklap yoren adamlar kop . Elektrik , massyn ussa , dellek , sowdegar , taksis , gurlushukchy , yada yurt dashynda ishlap dollar gazanyp yorenler kop
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:01
Merda agza ilki bilenä bu sözler size gaty erbet täsir edipdir :) Janygyp düşündirjek bolşyňyzdan belli.
"zayalanyp jelep bolup gidenlerem sanardan kop"
Bak diňle dosdym, bu gyzyň öz häsýetine bagly zat. Sen çykyp bir gyzy namysy bilen kemsitmäne hakyň ýok. Oňa öz ejesi ýa kakasy jogap bermeli. Biz ýalylaryň goşulmana haky ýok.
"Kim aydya bay adam b.n gyzyn bagtly boljagyny , kim garantiya berya ol bayyn owadan gyzy s*kip aldap goybermejegini"
Hiç kim baý bilen bagtly bolar diýmedi, men temamda baý bolsunam diýmedim, gowja oka dosdum temany, gaty ýalňyş düşünje bu. Tembol bir gyz gaty baýy söýse puly gutaranda söýgem biter. Ýagny bu özüni dälde puluny gowy görmeklik. Men bolsa iň azyndan ekläp bilsin diýdim, işlije bolsun diýdim, okuwlaryny okasyn diýdim. Aldamak ol eýýäm başga mesele, ol oglana bagly zat. Söýmeýänligiň alamaty eýýäm ol, men bolsa söýjek oglanlar barada söz açdym.
"ay jigim senin durmusha dushunisin shu bolsa senden 7-8 nji synp oglanlarynam dusunjesi osen eken diyaymesem , bashga soz yok"
Bu ýerde eýýäm egoizmiň orta giripdir, "jigim" diýip ýüzlenmegiňi hakyky zada gahar edendigiň bilen düşündirmek bolar. 7-8-nji synplar ol eýýäm temada çykma gürrüň, elbetde bolubam biler bolmaz diýemoga
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:02
"shu dowurde kop oglan gordum jalay pully okuwly massynly zatly , 6 gyz desdim 7njimi oylenemde desjek diyyanleri . Beyle haram adamlaryn sony bolmaya ."
Men näme diýýän taýagym näme gürleýär :) Dosdum tema seredişiň ýalňyş ilki. Men baý ýada puly köp gyzlary aldap sokup ýörenler barada wapşe gürlemedim, sen bolsa bu barada roman ýazypsyň
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:08
"yurdumyzda garyplarynam oyi zady bar lyuks villasy bolmasada . Garyp bolsanam olarynam ryskyny alla berya . Kim aydypdyr garyp bayamaz diyip . Kim aydya bay bir gun gelip garyp dushmez diyip ."
Men wapşe garyp diýmedimä, prosta ýagdaýy pes bolanlar islendik gyzy arkaýyn alyp bilenok diýdim, bu durmuşda bolýan zada görüp durys. Bu yerde gyzam günäkär sen bolsa gyzlaram sözüňde "zaýalap" goýupsyň. Alla we din meselesi wapşe başga tema. Dosdum temadan çykypsyň Alla din bu zatlar adamyň ýüreginde bolmaly, garyplara hem Alla berýär, ýöne hemme kişi bir ýaradylanokda. Bu eýýäm tebigy kanun. Sen çykyp diňe Alla berýär diýip otyrsaň peýda tapmarsyň, hem diýip hem işlemegiň gerek. Galan zatlaryňa jogap bermek kyn sebäbi temadan başga zatlar ýazypsyň
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:10
gyzam günäkär däl*
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:12
"Yokary bilimli bolmanam mashgalany hor etman eklap yoren adamlar kop . Elektrik , massyn ussa , dellek , sowdegar , taksis , gurlushukchy , yada yurt dashynda ishlap dollar gazanyp yorenler kop"
Ekläp ýörenler ýok diýmedim dosdym wapşe ýalňyşda ýazan zatlaryň, maşgalaňy eklemek ol eýýäm her ynsan üçin geçerli mesele, garyplaram ölenoga bolman, işläp ekleýär sebäbi ýaşamak gerek. Sen bolsa muny temam bilen baglanyşdyrypsyň, bu başga temaň teswiri bolmaly.
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 17:16
"Garyp oglanlar name etmeli"
Garyp oglan garyplygyna seredip oturmaly däl, gaty ýönekeýje jogap ana, garyp oglanlaram baý gyzy söýer, baýam garyp oglany söýer, ýagny häsýete bagly bu zat, ýöne umuman aýtýan, işleseň okasaň bilseň durmuş has gowy bolar diýjek bolýan
Mountain
30 июл 2021, 18:07
Çaşyñ gözüne sereden ýaly edipsiñäou muny
Hanguly
Автор 30 июл 2021, 18:30
Mountain,
Düşünmedim ?
Babies..
31 июл 2021, 13:51
Xyivenia_babayeva.,
Men Garyp dip otyrmasyn ykbalyna razy bolup dıne o dıyen bay bolmak dal işlemeli okamaly,okamak un pul gerek dıyersın köpin,yok beyledal,bilimin bamy bilyanmı dulu ynanyanmy shon dogrudugyna seni geçiryaler bollı