BIZ ÇEMPION BOLARYS...(MY?)

2024 ýyl. Türkmenistan Aziýa çempionatyna ýollanma aldy. Taryhy waka. Kimlere düýş, kimlere huş.

Öň toparçadan çykyp görmedik, şowhunsyz, depgini pes oýunlardan aňryk geçmeýän, özlerine goşa-goşadan gol saldyryp, garşydaş tarapa "gool" sesi çykmaýan ýygyndy üçin,  elbetde bu ULY dereje...

Bu ýylky (2024) tomusky Aziýa çempionaty Awstraliýada geçirilýär. Çempionlyga esasy faworit hem ýer eýeleri.
Bije çekilşikde Türkmenistan "D" toparçada orun aldylar.

D.
Türkmenistan
Owganystan
Liwan
Ýaponiya


Garşydaşlar güýçli. Esasanam şu gyýyk gözli Ýaponlar opasny. Dünýä çempionatlara gatnaşyp ýören tejribeli ýygyndy.

...Elkyssa, habary kimden al. "Ýapylan komandaň at gazanan tälimçisi", okasam okaryn, okamasam diplom zyýan etmez diýip, sport institutyny çäreden çärä gatnap tamamlan, ýygyndymyzyň baş treneri @Baýker agadan alaly. 2 gün mundan öň TFF-den gelen talapnamada "Ýygyndynyň täze rejelenen düzümini täzeden gözden geçiriň we bize habar ediň. Bir aý möhlet berýäs" diýen telegrammany okap duran tälimçi:
- Rejelemeli bolsa rejeläýeris. Çempionata bir aý galanda türgenleşip başlaýan komanda-dan näm-ä garaşsaň bolar. Maňa goýun bak diý, guzy köpelt diý, ynsan b.n düşünşeniňden, ýene şol dilsiz janawerler ýakyn maňa... Aýby ýok. Gelipdiris... Ynanypdyrlar... Soňuny gören ýok... Bir alajy bolar.

Öňkülerden, soňkulardan sykyp-sykyp 15 adamyň başyna jemlän baş tälimçi rejelenen düzümi kömekçisi, tehniki direktor @arkaç aganyň eline berdi. "Oglanlary jemle, ertir türgenleşige çyksynlar. Oglanlaryň her bir hereketi biziň nazarymyzyň astynda bolsun. Öýlenenler aýallary bilen ýakynlygyny taşlasyn. Bäbek toý, jaý toý, durmuş toý diýip, toýa gidip dogramadan doýup çaýkanyp duran, ylgap bilmän hasylap duran begomotlar gerekdäl maňa. Tazy ýaly ýyndam, tilki ýaly mekir, umuman meýdançada özüni doly erkin duýyp bilýän ezber oýunçylar gerek maňa" - diýip, baş tälimçi Baýker aga tabşyryk berdide, özi bolsa dossunyň agtygynyň sünnet toýuna ýagly palow iýmäne gitdi.

Arkaç agada futbola tötänden gelen ýaşululaň biri. Arkaç aga obasynda  Vandam diýýän ekenler. Meňzeşligi üçin däl-de, 3-nji klasda aýagy bilen hoz kakýan ekeni agaçdan.
Mekdepde zähmet mollymynyň lapata ýaly elinden kän "türkmen şapbat" iýen arkaçjyk, ulalsam zähmet mollym bolaryn diýýärdi. Durmuş ony zähmet däl-de, bedenterbiýe mollym edip ýetişdirdi. Bir mekdepde hem mollym hem zawhozyň aýlygyny alýardy. Baýker aganyň kursdaşy.
(Futbol ýygyndyny kime ynandylara-aý :D)

..elkyssa, Arkaç aga düzümi ýene bir gözden geçirip, oglanlaryň hemmesine ýeke-ýeke jaň edip, ertir stadionda jemlenmegini tabşyrdy.

Düzüm şulardan ybarat:

Baş tälimçi: Baýker aga
Tehniki direktor: Arkaç aga

Formation: 4-3-3

Esasy düzüm:
@Dark_Wolf
@Gost
@Khanture
@Bendtner
@Soho
@Massimus
@Oksimiron
@FanB
@Hemedany
@Tiko
@Ötegçi

Ätiýaçdakylar (zamen):
@Jeksparro - hüjümçi
@Aksary - ýarymgoragçy
@Remezan - goragçy
@Anil Kapur - waratar

Ýerleşişi:
 
             Dark   Bendtner  Gost
       Soho  Massimus   Oksimiron
        Ötegçi Tiko Hemedany FanB
                     Khanture




Dowamy bar...
12 лайков 490 просмотров
51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
23 июл 2022, 21:05
Yaponlara guyclidir gowja trenirowka etmeseň aldyrmaz
basmaç
23 июл 2022, 21:28
Керкилинин тесвири йыртыкдан докулен ялы болайдыла...техники насазлык себаплими? Мендеде хич шахсы хат ве живой смайликлер ачылыбермеди.
Azat
23 июл 2022, 22:00
Kerkili saýty flutlamagy başarypdyr?
Pyyada
24 июл 2022, 13:05
Utulsak gaharyna çüw ýalaňaç bolup meydanca cykyanam al
ajy
24 июл 2022, 14:10
Gost sholaryaly prikol teswirlere õkde sho oñki mowzuklaryny okan bolsan

Kerkiliñ teswirini okap gülmezlik mümkin däl ))
Ependi
25 июл 2022, 11:25
Ýanyňa ýene bir diktor al, agzalaň birini saýlada. Men öň ertirde @Pazzeg-i alypdym ýanyma, futbol kommentda. Özüň gürlede prikol tutuber oýuna syn edip, ýadasaňam gapdalyňdaka "söz ber". Meselem: @Khanture agza tekiz meýdançada oýnap ýörendigine buýsanýar. Ol depýän topuny ýeriň ýasama şekilini göz öňüne getirip, ähli aryny şondan çykarjak bolýar. Depýär, depýär, armaaaaan, geçenok. Pökgem oňa özüni subut etjek bolýan ýaly, togalaklygyny hiç kime tutduranok. Topuň togalakdygyny subut etjek bolup 5 ýyldyzly Ronaldo, Messi ýaly gahrymanlaram entek, entek...

Soňunam şeýle dowam ediber. Esasy zat, her agzaň häsiýetine düşünmek gerek. Şoňa göräde hereket ediber. Men aktiw agza däl, käbirini tanaýmasam. Ýanyňdaky diktoram gözden salma, arasynda "göni ýaýlymda" oňa jaň gelsin gepleýän wagty. Isle heleýinden, isle başgadan, gepiň keltesi şonam göni ýaýlymda goýber. Umuman, durşuna prikol tutubermeli lýuboýyny alaňda. Beý diýsem, üstünden gülmeli däl agzalaň. Dostluk degişmesini olara şeýlekin, aýtmasyzam düşnükli bolar ýaly etmeli. Oňa özüňizem gowy düşünýänsiňiz.:)