Harasadyň adatdan çykan sözlerine edebi tankyt

Umuman bu oglan meşhur bolmagynyň sebäbi, adaty däl zatlary etmegindendir. Görýän welin köp ýerde bu oglany goldaýarlar we halaýarlar (esasy ýaşlar). Bu oglan esasy ýaşlaryň arasynda meşhur, sebäbi aýralyk meselesi esasy ýaşlyk döwründe möwç alýan bir duýgy, we aýralyk temalary her ýerde tutýar. Köçe repleri tutýan däldir, sebäbi diňlenenok, gyzlar wapşe diňlänok diýen ýaly.
Bu oglany halamazlygymyň 2 sebäbi bar, we arada 3 boldy. Birinjisi, jemgyýete ýalňyş görelde bolýar, ikinji aýralygy gaty uly zat edip görkezýär, üçünjem ho gün bir aýdymyny diňlämde döredi, dinden çykma sözler diýýär.
Men düşünemok, nämesini manyly sözler diýýärler käbiri ? Akylym alanok çynym bilen, gaty manysyz we terbiýesiz sözleri bar.
Harasat bir aýdymynda "Hudaýsyz ejeňe" diýýär. Indi bu ýerde şeýlebir terbiyesizlik bar welin söz sögünçden beter. Duşmanyňada beýle söz diýilmez. Hudaýsyz diýmek näme ? Haýsy kellesi bilen diýdikä bu sözi ? Pikirlendimikä gowumy ýa erbet diýip ? Umuman käbir fanlary muňa ünsem beren däldir, sebäbi ony diňleýän toplum näme çykarsa diňleýärler. Dosdym eger şu sözleriňi ejesi kanuna göterse sen kanunyň öňünde jogap bermeli borsyň. Bu oýun ediljek zat däl, sen her bir sözüň üçin jogap bermeli, isle aýdymda bolsun isle her ýerde. Muňa näme diýjek, ýa "ýüregimden çykan sözler" diýen bolup munam sowaýjakmy ? Bu ýerden hem belli bolşy ýaly sen ne terbiýeden, nede ahlakdan bilýäň. Ilki pikir etdim "my bu ?" diýip ynanaý. Hudaýsyz diýmek gaty erbet söz. Sen gatnaşyk barada hiç zat bileňok. Sen ejesine beý diýip dursyň durmuş guraňda nädip oňuşjak ? Umuman seniň bu temaňa nireden seretseň ýalňyş. Umuman sen şükür et ejesi hiç zat etmändir. Her zadyň düzgüni bar. Daşary ýurtlarda beýle zatlar gaty erbet tankytlanýar, hatda sen birine şeý diýeniň üçin has uly ýerlere gidip bilersiňiz. Ýöne biziňkiler bular ýaly temalar bilen köp işi ýok. Hany sen "käbämsiz kemsinýän" diýip aýdym çykarmadyňmy ? Onda bulam biriniň käbesi dälmi ? Hany sen ýaýlymlarda terbiýeden söz açýadyň, eýsem bu iň uly terbiýesizlik dälmi ?
Umuman dosdum seňki ýaş kelle, belki has uly ýaşlaryňda düşünersiň, fanlaryňam düşüner. Diňlemäýinem diýip durdymla, intek ýene birtopar şular ýaly aýdymlaryň bar, olara nerwimem çydamaýar.
Nähili gowy, sungatyna kemsiz ýerine ýetirýänler barka, bular ýalylaryň meşhur bolmagy gaty ajy.
Akmak sürer döwrany, akylly onuň haýrany.
12 лайков 1 110 просмотров
107комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
aisha
26 сен 2021, 10:50
Okuwçy04.A,
hawa bilyan şonun üçin diyyan name üçin HARASAT
Okuwçy04.A
26 сен 2021, 10:52
Skripaçka_m,
Mena bilemok yone olam tkm repimi diymek olam gowy dal
beylekilerini tanamok
aisha
26 сен 2021, 10:55
Okuwçy04.A,
hawa tanayan dälsiniz menem tanamok kim aytyanyny biljek bolyan prosta --------- goyulgy aydymynda reperinda adyna yne aydan her bir sozlerni dinesek jenayata çekljekler kop bolya men dusinmedik yerimem so näme üçin dine soň yalnysyny goryaniz
aisha
26 сен 2021, 10:56
Okuwçy04.A,
men size aydamok yone yalnysh dusinman
aisha
26 сен 2021, 10:57
Okuwçy04.A,
solaryn adyny menem bilemok dine ---- dur
name üçin dine harasadyn yalnyshyny goryalr dushinemok
Merjen
26 сен 2021, 11:28
Şul Harasaty yakan gyz kim bolsada gayrat edip şon bilen yaraşayda yure duşya sen biwepa gyz diyip . Şuny yakan gyz kim bolsa gayrat edip bolly et diyayada hayyş . Wlad sizem dogry diyaniz bun çykaryan aydymynyn sozleri gaty erbet sozler .
Ogulşirin Bayramowa
26 сен 2021, 11:38
Menem şumat Harasat diňläp dur
Yanan adam soyga bulashmaz
Aydymy erbedem däl eken iň bolmanda çyğyranok ekeni
Ogulşirin Bayramowa
26 сен 2021, 11:40
Medine_Atayeva,
Gadyrsyz zalymm şul aydymy bet ?
Okuwçy04.A
26 сен 2021, 13:10
Ogulşirin_Bayramowa,
Goysana Ogulşirin neneň eşityaň şony jynym alanok aydymlaryny
- Dani
26 сен 2021, 13:37
Ogulşirin_Bayramowa,
+++ hihi
Men sho
26 сен 2021, 17:54
Ooooooooooooooooooo zalym bile yashap oljekdim
Men sho
26 сен 2021, 17:54
Wahhh zalymmmmmmmmmmm gadyryny biljekdim
Hanguly
Автор 26 сен 2021, 18:13
Skripaçka_m,
Ýaňam aýtdym, men ilki bilen islän adamymy tankytlap bilerin, bu meniň tebigy hakym. Ýada has meşhur, şo sebäpli şony tankytlandyry. Ýöne men onuň üçin ýazamok. Harasat has meşhur, we tanalýar, tanaldygyça jemgyýet şony görýär, eýleki reperleriň aglabasy tanalanogam. Hem meniň Harasady tankytlamagym eýleki reperleri aklamagymyň manysyna gelýärmi ? Bu nähili düşünje ? Eýlekiler sögýändir, elbetde dogry däl. Ýöne olar diňe sögýär. Şol sebäpli olaryň nähilidigi tembol belli zat. A Harasat ýaly hiç hili reper ýok. Harasat hem terbiýe barada gürleýär köp ýerde, hem alyp barýan ýoly durşuna ýalňyş, aýdymlarynyň sözleriniň hemmesi diýen ýaly gaty manysyz sözler, jemgyýete ýalňyş görelde bolýar, kiçijek çagalar, esasanam gyz çagalar ýalňyş düşünip başlaýar gatnaşyga. A Harasadyňky ýaly dünýä hiç ýerde ýok. Sen maňa şuny aýt, haýsy gyzyň ejesi gyzyny garyp oglana beresi geler ? Iň bolmanda meselem seň gyz jigiňi garyp oglana beresiň gelermi ýa ejeň beresi gelermi ? Hijem beresi gelmez, sebäbi gyzynyň eklenmegini islär, bu ýerde ene-ata günäkär däl. A Harasat bolsa ne bu zatlary bilýär ne gatnaşygy, tutdurypdyr "hudaýsyz" diýip haram eýle beýle gidip otyr. Umuman Harasadyň nirsinden seretseň ýalňyş. Aýdyp oturmaly ýene, bak özem bir aýdymy şeýle, intek onlarça şeýle aýdymy bar.
Soňky diýen zadyňada, belki dert ýeňläp biler, eýsem bu biziň tankytlamaly däldigimizi aňladýarmy ?
Hanguly
Автор 26 сен 2021, 18:17
Medine_Atayeva,
Umuman gyz ýalňyşam etmändir, terk edip dogry edipdir diýäýmesem, sebäbi minnet eden adam bilen ýaşaşyp bolmaýar, bu toýdan öň biri-birini öler ýaly söýüp 2-3 aýdan soň aýrylyşýanlara meňzeýär, sebäbi durmuşyň hakyky tarapyny görýärler, bu bolsa hemme zada minnet etýär, garyplyk ejizlik we ş.m zatlardan duýgy nökerçiligi edip dura, bu gyzy öldürer ilkinji gijede ynanaýyň
Hanguly
Автор 26 сен 2021, 18:21
Umuman aýdyşym ýaly Harasady goldaýanlar hiç az däl, bulaňam aglabasy ýaşlar. Sebäbi uly adamlar düşünýär bularyň nähilidigine. Ýöne näçe goldasalaram her zadyna jogap berip bolýar, sebäbi Harasadyň alyp barýan ýoly dogry däl
Maksat
26 сен 2021, 18:40
Цитата: Begmyrat
Sagbol kop kop gaty yigrenyadim sony paylasanyn gowy boldy minetdar senden. Likee

test
Begmyrat
26 сен 2021, 20:27
Abaddon,
Bu name ? Dine menki