Smartfonyň aşa gyzmagynyň esasy 5 sebäbi

Aslynda, smartfonyň işleýiş temperaturasy 45 gradusdan ýokary bolmaly däldir. Huawei-iň hünärmenleri şeýle pikir edýärler. Ondan artyk gyzsa, smartfon ulanmak üçin oňaýsyz bolýar.

Işläp duran smartfon näme üçin aşa gyzyp biler? Temperaturanyň artmagyna dürli sebäpler täsir edip biler. TmCars.info internet maglumatlaryna salgylanyp, smartfonyň aşa gyzmagynyň bäş sebäbini size ýetirýär.

«Doýmaz-dolmaz» programmalary ulanmak. Mysal üçin, kamera, wideo aragatnaşyk programmasy, agyr oýunlar. Eger-de smartfonyň korpusy aşa gyzsa, programmany ýapmaly we telefonyň daşlygyny aýryp, bir gapdala goýmaly. Şeýdilende telefon has çalt sowar. Smartfonyňyzy sowadyja ýa-da doňduryja salmaň — onuň içki böleklerine kondensat düşmegi mümkin. Onuň netijesinde telefony gymmat bahadan bejertmeli bolmagyňyz ýa-da wagtyndan öň näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz ähtimal.

Ýylylygyň ýaýramagyna päsgel berýän aşa galyň daşlyk (çehol) hem smartfonyň temperaturasyna täsir edip bilýär. Artykmaç ýylylyk dörän ýerinden (mysal üçin, arka diwardan) daşary ýaýrap bilmese, onuň başga ýollaryny gözlemeli. Ýogsa netijede, displeý matrisasy ýa-da telefonyň ömrüniň dowamlylygyna täsir edýän beýleki komponentler köýüp biler.

Smartfon ýöne bir stoluň üstünde ýatan wagty hem gaty gyzýan bolsa, zarýady hem çalt azalýan bolsa, munuň zyýanly programmalaryň täsiri sebäpli bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda smartfony wirusa garşy barlagdan geçirmek bolar, ýöne bu usul hem hemişe peýda bermeýär. Köp ýagdaýlarda möhüm maglumatlary ätiýaçlandyryp, ähli sazlamalary bes etmeli we smartfonyň sazlamalaryny asyl ýagdaýyna getirmeli bolýar.

Wiruslardan başga-da, fonasty işleýän programmalar hem batareýanyň zaýalanmagyna sebäp bolup biler. Bular dürli "ýat arassalaýjylary", «batareýa monitorlary» we hatda wirusa garşy programmalar hem bolup biler. “Google Play”-den daşary programmalary ulanmaýanlar üçin wirusa garşy programma üpjünçiligini ulanmagyň zerurlygy ýok (diňe internetdäki galp web sahypalary barada duýduryş berýän, subut edilen anti-fişing programmalaryndan başga). Ýat dolandyryjylary we «batareýa tygşytlaýjylary» köplenç düýbünden peýdasyzdyr. Bu ýerde programmalaryň sanawyny öwrenmek we şübheli hem-de köp ulanylmaýan programmalardan dynmak dogry bolar.

Ynha, smartfonyň zarýad alýan wagty gyzmagy welin, bütinleý kadaly zatdyr. Şeýle-de bolsa, hünärmenler enjam zarýadda duran mahaly 3D atyş oýunlaryny ýa-da ýaryşlar ýaly agyr programmalary işletmegi maslahat bermeýärler.
2 лайков 188 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gokhan Durdyyew
08 июн 2021, 00:57
+++
Dayanc
08 июн 2021, 01:54
Mena 2battery atly programy ulanyan we Fast Charging atlysyny.
Нежная леди
Автор 08 июн 2021, 13:04
ÝaMaÇ, malades