Dünýädäki iň kiçi oýun enjamy
ABŞ-ly “TinyCircuits” atly kompaniýa “Tetris”, “Space Invaders” we “Snake” ýaly nusgawy oýunlary öz içine alýan dünýädäki iň kiçi oýun konsolyny öndürdi. Diňe poçta markasynyň ululygyndaky “Thumby” atly enjamyň kömegi bilen oýunçylaryň öz oýunlaryny ýazyp biljekdigi mälim edildi. Şeýle-de bolsa, ulanyjylar “MicroPython” programmirleme dilini ulanyp öz oýunlaryny döredip we birleşdiriji kabel arkaly beýlekiler bilen topar oýunlaryny oýnap bilerler. Kompaniýa 2022-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, “Thumby” -niň çal görnüşiniň 19 dollara satyljakdygyny mälim etdi. Beýleki reňkli enjamlar we birleşdiriji kabeller ýaly goşmaça esbaplar bilen bahasynyň has ýokarlanjakdygy aýdylýar. Şeýle hem “Thumby”-da, enjama zarýad bermek we programma üpjünçiligini täzelemek üçin batareýa, oýun düwmeleri, güýç düwmesi, displeýi, USB portuny täzelemek üçin işleýän OLED ekrany bar.
“Thumby”-nyň baş inženeri Ben Roz: “Meniň maksadym dünýädäki iň kiçi oýun konsolyny öndürmekdi. Adamlar onuň kiçijikdigini görenlerinde peýdasyz diýip pikir edip bilerler. Emma kiçiligine garamazdan, güýçli prosessor bilen ýokary derejeli önüm taýýarladyk. “Thumby” adamlara has köp oýnaýan oýunlaryndan lezzet almaga kömek edýär. Bu hatda öz oýunlaryny öndürmäge mümkinçilik berer”- diýdi.
“TinyCircuits” kompaniýasynyň prezidenti Ken Börns “Thumby hakykatdanam kiçijik we adamyň başam barmagynyň ululygyndadyr. Şonuň üçin biz oňa “Thumby”(başam barmak) diýip at dakdyk” -diýdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.