"Duýduñmy?!"

Salam jana-janlar.Ilki bilen özümi tanyşdyraýyn.Adym Belki.Doly adym Belki-de belgimi ýitirensiñ sen.Bäsleşigiñize Düýşistandan gatnaşýan.Doglan ýylymy sorasañyz öýümizdäki garry tut ekilen wagty bardym.
Indi bäsleşige gatnaşmak sebäbim bäsleşik bolsa içimde uklap ýatan nebisjeñ gyz oýanýar.Baýrak näme bolsa-da alasym gelýär.Umuman-a men üstünlige aşyk.
Bäsleşikde esasy rol oýnaýan zat jana-janlarym siziñ goýýan like-laryñyz eken.Şonuñ üçin like goýanyñyzda çynyñyz bilen oýlanyp goýmagyñyzy isleýärin.Bu ugurda açjak ilkinji mowzugym meniñ durmuşymda orny uly bolan we mydama şowlulyk getiren ynsanyñ goşgusy.Belki,bu gezegem şowlulyk getirer.

DUÝDUŇMY?!

Besledigim umyt, gurdugym hyýal,
Içime ataşlar saldy, duýduňmy?!
Abdyrahym Karakoç, türk şahyry.

Gara gazma dymsa, sazlar öýkelär.
Tomuslar ir düşse, ýazlar öýkelär.
Meni ne günlere saldyň, peýker-ä,
Ykbal niçik iş eýledi...
Duýduňmy?!

Gel, gör indi,
Yşk ýelkeni gerildi.
Kalbym içre söýgä mizan guruldy.
Gara dagda gizläp gaýdan syrymny
Ýyldyrymlar paş eýledi...
Duýduňmy?!

Sözleşse gyz göwni, oglan ýüregi,
Pyşyrdap aýdanyň ýaňlandyrany...
Çirim etmedik gözlem daň ýyldyzyny
Ýüzügiňde gaş eýledi...
Duýduňmy?!

Aňmasaň söýgimiň çyn serpaýlygyn,
Soň ömrüňi örtär biperwaýlygyň.
Suwlaryňda ýüzen tylla balygym
Didesinde ýaş eýledi...
Duýduňmy?!

Göwnüm guşdur – bossanyňda pel-pellär,
Gözlem ýyldyz – asmanyňda ýylpyldar!
Gör-ä, ýyllar dergähiňde galpyldan
Duýgularmy düýş eýledi...
Duýduňmy?!

Ýeke ömrüm bir sözüne çalşanym,
Gül göwnüne dünýäm bile sygşanym...
Ah, diýseň-diýmeseň, şo-ol güýz agşamy
Bizi derde duş eýledi...
Duýduňmy?!



Gök geýseň deňizsiň, al geýseň – bahar.
Sary geýseň, görküň Gün deý nur saçar.
Sen ak geýip, bagtym bolarsyň haçan?! –
Ak arzuwlar joş eýledi...
Duýduňmy?!

Kakamyrat REJEBOW.
11 лайков 194 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
19 фев 2022, 19:42
Besledigim umyt, gurdugym hyýal,
Içime ataşlar saldy, duýduňmy?!

Şu bendiňize like goyanym bolsun))
Nazar
19 фев 2022, 19:46
Layk hanym @Belki
Gulicka
19 фев 2022, 20:37
Belki Jigim 8nji layk menden gatnasmaga wagtym yok. Nomerime dzdan biri soyusjek diyip net nomerden aylayar
Gulicka
19 фев 2022, 20:38
Kakamyradyn ahli gosgusam ozem gowy Tn gaz bas redaktory esasy zadam tn turkun ucuryny
Lukman
19 фев 2022, 21:13
like ustinlik yaryshda
Bad Boy05
20 фев 2022, 14:12
Onunjy linke menden
Bad Boy05
20 фев 2022, 14:12
Like*