ANUŞIRWAN ADYL HAKYNDA
Eýran patyşalarynyň biri bolan Anuşirwan adyl hakynda birnäçe kitaplar ýazylandyr. Ol Sasanidleriň 21-nji patyaşydy. Onuň ady Hysrow bolup, Anuşirwan hem lakamydyr. Araplar oňa Kesra diýýärdiler. Kakasy Kubad ölenden soňra 531-nji ýylda patyşa bolýar. Bu patyşa däp boýunça, adalatlylygyň simwoly hökmünde suratlandyrylýar. Gündogar hronologlary onuň adyny ''adyl'' epiteti bilen tutýarlar. Ol öz kakasynyň döwründe dörän mezdekileri köp gyrdyrýar. Olaryň soňuna çykýar. Nowşirwan özüniň paýtagty bolan Tifsunda 579-njy ýylda aradan çykýar.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.