BÄHRAM GUR HAKYNDA
Bähram Gur V, Sasanidleriň 15-nji patyşasy bolupdyr. Ol sasanidleriň patyşasy bolan Ýezdigerdiň ogludyr. Kakasy ony ýaşlykdan Eýrana bakna bolan arap ýurdy Haýranyň patyşasy Nugmanyň ýanyna iberýär, Bähram şol ýerde terbiýelenýär.
Kakasy dünýeden ötende Nugmanyň kömegi bilen 421-nji ýylda patyşa bolýar. Onuň batyrlygy, jomartlygy hakda ençeme rowaýatlar döräpdir. Gulan awlamagy örän gowy görýär eken. 439-njy ýylda Şiraz bilen Yspyhanyň aralygynda aw-awlap ýören mahaly, bir batgalyga çümüp ýogalýar. Firdöwsiniň ''Şanamasynda'', Nyzamylmülküň ''Hamsasynda'' Bähram hakda köp dessanlar bar. Bu tema Gündogarda köp şahyrlaryň döredijiliginde yz galdyrypdyr.
Gysgaça Ensiklopediýa

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.