UGURSYZLYK GETIRÝÄN 13-lik
Dünýä halklarynyñ köpüsinde 13-lik san halanylmaýar. Bu garaýyş öz gözbaşyny gaty ir eýýamlardan alyp gaýdýar.
Gadymy döwürlerde rimliler, grekler 13-lik sana betbagtlyk, gaýgy-hasrat getirýän san hökmünde garapdyrlar.
■ 13-lik san bilen baglanyşykly gadymy germanlarda şeýle mifologiýa bar:
Walgallede 12 sany hudaý keýpi-sapa edip otyrkalar, olaryñ ýanyna Loki atly ýene bir hudaý gelip goşulýar. Çagyrylmadyk 13-nji myhmanyñ gelmegi bilen, oturylyşyk bozulýar: Hudaýlaryñ arasynda sene-mene başlanýar. Netijede hem, Beldr diýen hudaý öldürilýär.
■ Şol mifologiýadan galan ynançmyka?
Häli-häzirlerem köp halklarda hiç wagtda stoluñ başynda 13 adam oturmaýar. Ruslarda "On üçünji myhmanyñ orny ~ stoluñ aşagy" diýen nakyl bar.
Ýewropanyñ otellerinde 13 belgili apartamentler ýok, köp gatly jaýlarda, Germaniýanyñ, Şweýsariýanyñ, Awstriýanyñ, Skandiwaniýanyñ awia-kompaniýalaryndaky oturgyçlarda 13-lik belgi goýulmaýar. Umuman, ýewropa halklarynda ugursyzlygyñ nyşany hasaplanýan 13-lik sanyñ gelip çykyş
rowaýaty şeýleräk. Ýöne bu "ugursyz" hasaplanýan sanyñ häzirki zaman türkmen edebiýatynda simwolik manyda ulanylýan ýeri-de gabat gelýär. Mysal üçin, Has Türkmeniñ "On üç" goşgusynda 13-lik san tutuşlaýyn otrisatel personažyñ keşbinde janlandyrylýar.
■ Mukaddes aýlar we sähetli günler.
Musulman halklarynda-da edil ugursyz hasaplanmasa hem, "agyr aýlar", "agyr günler" (bisähet günler), ýa-da tersine "mukaddes aýlar", "sähetli günler" bar. Iñ mukaddes aý bolan Oraza aýynyñ iñ mukaddes gijesi bolan "Gadyr gijesini" mysal alalyñ...
Ýa-da "Agşamyñ haýryndan ertiriñ şeri..." diýen nakyly ýatlalyñ. Adatça, gijelerine (tümgarañkylykda) al-arwahlaryñ, şeýtanlaryñ, ýaramaz ruhlaryñ gezýändigine we olaryñ adamzada ýamanlyk etmäge iñ oñaýly wagtynyñ gijedigine ynanylýar. Diýmek, günüñ dowamynda-da adama oñaýsyzlyk ýa-da şowlulyk getirýän belli-belli wagtlar bar. Bu aýlar babatda-da şeýle bolaýmaly. Şu gürrüñimize Magtymguly atamyzdan bir mysal getireliñ:
"Säher tur, Hudaýa ýalbar, Yslam öýüñ abat galsyn!"
Ussat Magtymgulyda säher çagynyñ (dañdanyñ ümüş-tamşyndan Gün dogýança aralyk) takwa musulmanlar üçin ähmiýetini nygtaýan onlarça setirler bar. Bu gysgajyk makalamyzda olaryñ hemmesini mysal getirmek mümkin däl. Ýöne biziñ bärde ünsümizi çekjek bolýan esasy zadymyz başga. "Doga-dilegleriñ kabul bolýan" şol "säher çagynda Ýer togalagy bilen ylahy güýçleriñ arasynda kosmiki arabaglanyşygyñ açyk wagty hasap edilýär. Doga-dilegleriñ edil şol pursatda köplenç kabul bolmagynyñ ähli hikmeti hem şonda bolmaly. Diýmek, günüñ dowamynda adamzadyñ ylahy älem bilen kosmiki arabaglanyşygynyñ minimal derejä düşýän wagtlary hem bar (ýagny: kosmiki arabaglanyşygyñ iñ güýçli bolan säher çagyndan başga wagtlarda). Adam ylahy älemden daşlaşdygyça bolsa "Şer dünýäsine" ýakyn bolýar, ýagny, şer güýçleriñ täsirine açyk galýar.
Türkmençilikde we yslam ynanjynda adamzadyñ "şer güýçleriñ" täsirine iñ açyk we we garawsyz galýan wagty Sapar aýy hasap edilýär. Gepleşik dilinde Sapar aýyna "Boş aý" ýa-da "Agyr aý" hem diýilýän ýerleri-de bar. Şeýle-de Sapar aýynyñ 14-i Aýyñ iñ parlak, aýdyñ gijesidir. Has Türkmeniñ ýokarda agzalan goşgusynda şeýle setirler bar:
"Bir gün Sapar aýynyñ 13-i güni,
Parlap dogan dolmuş ýüzli Aý ýaly..."
Adatça, tüm-garañkylyk şer güýçleriñ nyşany, aý-aýdyñlyk bolsa Haýryñ, ynsanperwerligiñ nyşany.
Göräýmäge, mysal getirilen setirlerde bu iki ynanja ters düşýän pikirler bar ýaly. Emma bu beýle däl. Ýañam aýdyşymyz ýaly, şer güýçleriñ "ygtyýaryndaky" bu aýyñ dolup-daşyp, tegelenmegine ýagny 14-ine bir gün galanda ~ ýagny edebi jemgyýetçilige ugursyzlyk getiren ugursyz "gahrymanyñ" Sapar aýynyñ 13-i gününden soñky gaýtgynyny, "suw küýzesiniñ suwda synyşyny", öz ugursyzlygynyñ öz ýakasyndan guýlandygyny ýañzydýar. Ýagny, "gahryman" şer güýçleriñ edip biläýjek ähli pisligini edipdir, onuñ ugursyzlygynyñ, pisliginiñ dolup-daşan we edebi jemgyýetçilige paş bolan, aý-aýdyñ bolan 14-i gününden soñky Sapar aýynyñ galan gününde ähli edilen pislikleriñ ugursyz "13-iñ" simwolyna öwrülen gahrymanyñ ýüzüne ýapyşjakdygyny görkezýär.
cheshme:vk

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.