Dünýäniñ iñ baý hem syrnyh aýaly

Dünýäniñ iñ baý hem syrnyh aýaly

21. Noýabr.1834-1916

Okuwdan soñ tygşytly ýaşan Hetty Green, kakasyndan 21 ýaşda aýrylýar we oña 7.5 million dollarlyk miras galýar.

Munça mirasy nädendir öýdýäñiz?!?

Ýaş zenan pulyny hasam artdyrmak üçin aksiýa alym satym işine girişýär.

Kakasyndan galan miras bilen oññut etmedik Hetty ýurdyñ ekonomiýasynyñ esasy sütüni Walt Streete girýär. Şol döwürleriñ çöken ekenomikasyny peýdasyna öwrüp, arzan alyp gymmat satmagy başaran köpbilmiş gyz "Walt Streetiñ jadygöýi" diýip tanalmaga başlaýar.

Hetty şol döwürler dünýäniñ iñ meşhur milliarderi bolan Ned Greene durmuşa çykýar.?

Hettyniñ puly gün günden artsa da milliarder  adamsy Ned çöküp başlaýar. Ýöne ärine kömek bolmaga derek, onuñ kömek soramagyna garşy çykýar. We ony öýden kowýar.? Hetty ömrüniñ galan bölegini 2 çagasy bilen geçirýär.

Hetty iýmit meselesinde de tygşytlylygyny syrnyhlyga öwürmegi başarýar.?

Tükeniksiz baýlygy bolan, üssesine de 2 çagañ ejesi bolan heleý, köplenç iýmit üçin öýüniñ golaýyndaky dükandan söwda edýär. Ýöne bu-da adaty bir söwda bolmaýar.
  Her gezek dükana gideninde galan-gaçan zatlary alýar. Dükança olary hiç kimiñ almajagyny aýdyp, öz bahasyndan has arzan almagy başarýar. Howwa, şon ýaly pully bolup edýär...?

Hemmesi şulardyr öýdýäñizmi, elbetde ýok!?

Hetty öýi ýylatmak üçin hiç bir zat ulanmaýar. Pejiñ işledilmesine bolsa kes-kelläm rugsat berenok.?

Hettiniñ syrnyhlygy diñe bir ìymit we peç bilen galmaýar. Elmydama şol bir gara eşigini geýýär.? Eşigi şo dereje şylha bolandygy sebäpli, ony köçede görenler, öýsüz-öwzarsyz, pakyr-pukaradyr öýdýärler.Eşigini bolsa şokgaşyk kir bolanda ýuwupdyr. Elbetde hemme ýerini däl. Etegini we esasy kirlän ýerlerini. Sebäbi bolsa suwdan-sabyndan tygşytlamamak.?

Çak edişiñiz ýaly, çagalarnam edil özi ýaly geýindirýär.?

Ir ertir alan gazetlerini haýdan-haý okap, köçede satyp gelmegi üçin oglunyñ eline tutdurýar.?

Bir gün bolsa...?

Ejesiniñ okan gazetini satmak üçin köçä çykan oglunyñ aýagy döwülýär.?

Soñ bolsa hanym Hetty haýranyñyzy hekgertjek hereket edýär...?

Ogly aýagy döwük öýe geleninde ony nädip arzan bejerip boljakdygy hakynda kelle döwen Hetty, iñ arzan ýolyñ ony Hossarsyzlar hassahanasyna ugratmak hakda netijä gelýär.  ?Şeýle de edýär. Ýöne ogly giç we ýalñyş bejergi sebäpli bir aýagyny kesdirmeli bolýar.?
Hettynyñ bolsa elmydama şol bir husytlygy bolupdyr.

Hetty nädip ölendir öýdýäñiz?!. 81 ýaşynda marketde süýt alyp bahasynyñ üssinde çekeleşeninden soñ, ýüreginden tutup öldi... (şu ýerde: "Nädip ýaşasañ şeýdip ölersiñ" manysyndaky hadys ýadyma düşdi)
Yzynda 200 million dollarlyk miras goýan Hettiñ çagalary ejeleriniñ tersine birnäçe haýyr sahawat işlerinde atlaryny tutdurdylar.

Internet maglumatlary esasynda terjime eden: @ÖTEGÇI 24.fewral.2022 11:16
12 лайков 444 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
24 фев 2022, 11:32
Waýbuu??
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:33
7.5 millionlyk puly, 60 ýylyñ içinde 200million dollara ýetiripdir. Bu: ýylda: 3.2 million, aýda 266 müñ dollar, günde 8,5 müñ dollarlyk gazanç diýmek bolýar. Pully bolupdyr ýöne baý bolmandyr... Gedaý ýaşap gedaýlygna da ölüpdir.
noname
24 фев 2022, 11:40
Pullarynam ýany bn gömmeli ekenler onca bolanyna göra
ýüreksözi
24 фев 2022, 11:40
ýa w haýrane
#B.S
24 фев 2022, 11:41
Bu Gabrowodan bolsa gerek... hihi
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:42
Danger, gömenlerinden galany gowudur;)) ogullary haýyr sahawata harçlady diýýara
ýüreksözi
24 фев 2022, 11:43
Ötegçi,
Şolar ýaly zenanyň şeýle çagalarynyň bardygyna haýran
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:54
Ýer ýaly jomart bol,  üstiñden ýaşaýyş gitmez!

Bahyldan daş sorandan, jomartdan aş sora.

Bahyldan gyşyñ güni garam dileme.

Bahyldan pul almak, petirden gyl almak.

Bahyl bazara gitse şum habar getirer.

Bahyl jennet görmez.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:55
Bahyly sahylygyñ bilen uýalt.

Jomart baryny berer, namart ýaryny.

Ajal ýetmän jan çykmaz, bahyl baýdan nan çykmaz.

Baý malyny bahyl gysganar.

Sahynyñ malyna bahylyñ dişi gamaşar.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:56
"Kyýamat güni jomarda dowzahdan zyýan ýetmezmiş"
Bentner
24 фев 2022, 11:56
Pulam pulla gerek pully
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:56
Yureksozi, ejeñ gysgançlykdan aýagñy kesdirse baýam jomart bolarsyñ)))
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 11:57
Цитата: Khanture
Bu Gabrowodan bolsa gerek... hihi


tekiz ýerçi bolup çykar indäp gör gowja arak
#B.S
24 фев 2022, 12:03
Цитата: Ötegçi
Цитата: Khanture
Bu Gabrowodan bolsa gerek... hihi


tekiz ýerçi bolup çykar indäp gör gowja arak

Yok eyla daldirdey....
Pegas
24 фев 2022, 12:06
Edil bir işdeş gelnim ýaly eken. 6 sany jaýy bar: 2-si obada, 4-si şäherde. Bankq-banka gyzyl basyp goýan, paçka-paçka $-ny gözüm bilen gördüm. Ondan-mundan iýip-içip, ýamaly eşik geýip, kirini akdyryp ýör. Toýa-tomga işdeşler bolup gidilse, tutuş maşgalasyny alyp baryp, gaýdan wagtam paketlerini dolduryp gaýdýalar. Bir stolda otursaň, masgara edýär açgözlügi bilen.
ýüreksözi
24 фев 2022, 12:08
Pegas,
haý mollym däl ekenaý biedep
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:39
Pegas, Spargeldi Annasähediñ 《Ygrar》 kitabynda bir eser bardy, ady ýadymda däl, şonda şeýle manyly sözler bardy: "Hemme husytlar ýaly, nämesiniñ nirededigini anyk bilýärdi, ähli zady ýerbe ýerdi" husytlary gowy suratlandyrýardy. Birem, "Syrnyhyñ gyzy" dp kitap bardy. Kimiñki nãme hakdalygy ýadymda däl.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:39
Meñem bir tanyş genjem bar. Kireý pulyñam ölüp almaly. Gaty syrnyh. Noýabrda doglan:) noýabrda doglanlar syrnyhrak bolýarmyka ýa.
Ony diýseñ ýene biri bar, seýf seýf $y bar. Barsañ öñüñde daş ýaly süýji goýýar. "Mundanam bir süýji bormy?" Diýdi dogany bir gezek. Piñine de däl: "iýmezçe däl" dp... aý känlaý şuwat pikirlenýän wln haýsy birini ýazaýyn. Bor da.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:52
bahyllykdan heder et. Kim bahyl bolsa, men onuň dinini we dünýäsini harap ederin.
Muhammet Gazaly
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:53
Bahyldan dileseñ, sowukdyr buzdan...
Boldum girýana
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:53
Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süýthor,
Il içinde köpelipdir husythor...
("Ahyrzamana");
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:54
Husytlyk, açgözlik, Taňrydan, adamkärçilikden daş düşüp nebsiňi şagladyp mal üstüne mal ýygnamak, jaý üstüne jaý salmak ýaly häsiýetler paş edilipdir. Meselem, ýene pygamberimiz bilen baglanyşykly bir rowaýatda ynsanlara aýaklarynyň astyndaky ýer ýaly ýumşak bolmak, jomartlykda akar suw ýaly bolmak pent edilýär. Akar suw garyba-da, baýa-da deň. Ondan ynsanam, haýwanam hatda topragam islän wagty teşneligini gandyryp bilýär. Akar suw biminnet.

Ýagşyzadalaryñ bahary
ýüreksözi
24 фев 2022, 12:54
Ötegçi,
aý ýok noýabrda doglandygyndan dällaý meň ejem noýbrda doglan gaty eli açyk oňa
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:54
Kim bu dünýede husytlykdan halas bolsa, ol Kyýamat Gününde ähli ýaradylanlaryň Hökümdarynyň ýanynda ýatlanylar.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:54
Dünýäde köp bolýar adam nejisi, 
Şolardan üçüsi meň üçin mälim: 
Biri paşşa, biri husyt baý, 
Üçünjisi bolsa – pul söýýän alym, 

* * * 
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:54
Nowaýy
nejisje
24 фев 2022, 12:54
Ötegçi,
Noyabrda doglanlar yalnyshmasam içýan (akrep) bolya oytyan...Erwet harakterli oz diyenli
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 12:54
OSMAN ÖDE. Husytlara garaýşyň nähili?
NOBATGULY. Olara garaýşym ýok. 
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 13:10
Yureksozi, nejisje, ýarsy akrap ýarsy keman bolýamyka diyyan noyabryñ
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 13:10
Belki doglan senäñede bagly däldir....