Dünýäniñ iñ baý hem syrnyh aýaly

Dünýäniñ iñ baý hem syrnyh aýaly

21. Noýabr.1834-1916

Okuwdan soñ tygşytly ýaşan Hetty Green, kakasyndan 21 ýaşda aýrylýar we oña 7.5 million dollarlyk miras galýar.

Munça mirasy nädendir öýdýäñiz?!?

Ýaş zenan pulyny hasam artdyrmak üçin aksiýa alym satym işine girişýär.

Kakasyndan galan miras bilen oññut etmedik Hetty ýurdyñ ekonomiýasynyñ esasy sütüni Walt Streete girýär. Şol döwürleriñ çöken ekenomikasyny peýdasyna öwrüp, arzan alyp gymmat satmagy başaran köpbilmiş gyz "Walt Streetiñ jadygöýi" diýip tanalmaga başlaýar.

Hetty şol döwürler dünýäniñ iñ meşhur milliarderi bolan Ned Greene durmuşa çykýar.?

Hettyniñ puly gün günden artsa da milliarder  adamsy Ned çöküp başlaýar. Ýöne ärine kömek bolmaga derek, onuñ kömek soramagyna garşy çykýar. We ony öýden kowýar.? Hetty ömrüniñ galan bölegini 2 çagasy bilen geçirýär.

Hetty iýmit meselesinde de tygşytlylygyny syrnyhlyga öwürmegi başarýar.?

Tükeniksiz baýlygy bolan, üssesine de 2 çagañ ejesi bolan heleý, köplenç iýmit üçin öýüniñ golaýyndaky dükandan söwda edýär. Ýöne bu-da adaty bir söwda bolmaýar.
  Her gezek dükana gideninde galan-gaçan zatlary alýar. Dükança olary hiç kimiñ almajagyny aýdyp, öz bahasyndan has arzan almagy başarýar. Howwa, şon ýaly pully bolup edýär...?

Hemmesi şulardyr öýdýäñizmi, elbetde ýok!?

Hetty öýi ýylatmak üçin hiç bir zat ulanmaýar. Pejiñ işledilmesine bolsa kes-kelläm rugsat berenok.?

Hettiniñ syrnyhlygy diñe bir ìymit we peç bilen galmaýar. Elmydama şol bir gara eşigini geýýär.? Eşigi şo dereje şylha bolandygy sebäpli, ony köçede görenler, öýsüz-öwzarsyz, pakyr-pukaradyr öýdýärler.Eşigini bolsa şokgaşyk kir bolanda ýuwupdyr. Elbetde hemme ýerini däl. Etegini we esasy kirlän ýerlerini. Sebäbi bolsa suwdan-sabyndan tygşytlamamak.?

Çak edişiñiz ýaly, çagalarnam edil özi ýaly geýindirýär.?

Ir ertir alan gazetlerini haýdan-haý okap, köçede satyp gelmegi üçin oglunyñ eline tutdurýar.?

Bir gün bolsa...?

Ejesiniñ okan gazetini satmak üçin köçä çykan oglunyñ aýagy döwülýär.?

Soñ bolsa hanym Hetty haýranyñyzy hekgertjek hereket edýär...?

Ogly aýagy döwük öýe geleninde ony nädip arzan bejerip boljakdygy hakynda kelle döwen Hetty, iñ arzan ýolyñ ony Hossarsyzlar hassahanasyna ugratmak hakda netijä gelýär.  ?Şeýle de edýär. Ýöne ogly giç we ýalñyş bejergi sebäpli bir aýagyny kesdirmeli bolýar.?
Hettynyñ bolsa elmydama şol bir husytlygy bolupdyr.

Hetty nädip ölendir öýdýäñiz?!. 81 ýaşynda marketde süýt alyp bahasynyñ üssinde çekeleşeninden soñ, ýüreginden tutup öldi... (şu ýerde: "Nädip ýaşasañ şeýdip ölersiñ" manysyndaky hadys ýadyma düşdi)
Yzynda 200 million dollarlyk miras goýan Hettiñ çagalary ejeleriniñ tersine birnäçe haýyr sahawat işlerinde atlaryny tutdurdylar.

Internet maglumatlary esasynda terjime eden: @ÖTEGÇI 24.fewral.2022 11:16
12 лайков 444 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 13:20
Цитата: Pegas
Edil bir işdeş gelnim ýaly eken. 6 sany jaýy bar: 2-si obada, 4-si şäherde. Bankq-banka gyzyl basyp goýan, paçka-paçka $-ny gözüm bilen gördüm. Ondan-mundan iýip-içip, ýamaly eşik geýip, kirini akdyryp ýör. Toýa-tomga işdeşler bolup gidilse, tutuş maşgalasyny alyp baryp, gaýdan wagtam paketlerini dolduryp gaýdýalar. Bir stolda otursaň, masgara edýär açgözlügi bilen.

entegem señ bilýäniñ 6 jaýdyr ufff hemmesini aýdyp ýörenoklar burun
Bentner
24 фев 2022, 13:43
Цитата: nejisje
Ötegçi,
Noyabrda doglanlar yalnyshmasam içýan (akrep) bolya oytyan...Erwet harakterli oz diyenli

Bolgusyz manysyz sho ynanyan zadyň (ozuňi aldamak)
Gozel
24 фев 2022, 14:03
Menem Noýabrda doglan (keman) ýöne gysyk däl. Islendik zatda hatda intäk öz dañmadyk ýalygmy sorady joram ýok diýip blmk berip goýberyän. Pul meselesidede şonýaly özüme gerek bolup durka biri sorasa zerura düşendir diýip berip bilýän ýöne köp ýerde buda gowy häsýet däl. Ýok diýmejegñi bilseler "beräý" dakýalar adyña Kä birleri.
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 14:13
Gozelka, ýokardaky ýaly husytlara duşsañyza hezil edinerler. Onyñam beräý, munuñam beräý dp:)) menem ýok dp bilmeýanleñ biri, bir zapças sorady dwaýurnym, özume gerek diýsem, sypaýyçylyk bn, sen maña berjek diýdiñ dp durda. 2muñ manat bahasy bar bolmasa owarram diýjek wln
ýüreksözi
24 фев 2022, 14:13
Ötegçi,
howwa meň ejemä Akrap
Aýnur
24 фев 2022, 14:30
Ötegçi,
Sizi gyzdyr oytýärdim ýazyşyňyzdan, oglanmy siz?
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 15:14
Bu syrnyh daýzada bir zada üns bererlik ýagdaý, hassahana düşendigi barada maglumat ýok. Bu bolsa, gören zadyny ìýmän, saglygna puly üçinem bolsa üns berendigini añladýar:))) pully
Ötegçi
Автор 24 фев 2022, 15:15
Цитата: Mona Songz
Ötegçi,
Sizi gyzdyr oytýärdim ýazyşyňyzdan, oglanmy siz?

Ony näme etjek gruzin
Sayrak gus
24 фев 2022, 16:04
Şeýle gysyk adamlar hemişede zeýrenip ýörendirler. Oňa pul ýetenok. Muňa pul ýetenok diýip. Nähili düşündirjegiňem bilmersiň. Esasy baýlyk kalby baýlyk. Dünýäden gözli kör gitýärler şeýle adamlar.
Gozel
24 фев 2022, 16:54
Enem pakyr "dişiñiz barka iýiñ, aýagyñyz ýöreýärkä geziñ, göwnüñiziñ söýennem geýiñ. Diñe iýeniñ, geýeniñ birem aýlanyp gezip göreniñ özüñe" diýerdi. puldan, gyzyldan, mal-mülk-ymaratdanam öñde goýuñ özüñizi.
My life
25 фев 2022, 01:19
Sheylebir husutlar ba welin oz etini ozi iyayjek bolyanlaram ba. Gynandyryjy yagday wakadaky, okap gaharym geldi.
Garabufer
25 фев 2022, 10:28
Endik şol
Meñ bir işdeşim ,cilim cekyär , yöne bir gezegem satyn alyp göremok diyyä