Ömrüzaýa (1nji bölüm)
— Bu meselede size şol gowy kömek edip biler. Şu ugurdan onuň baý tejribesi bar. Ol pensiýä çykandan soňam düýn-öňňine çenli şu ýerde işledi. Bu gün-erte ýetmiş ýaşyny bellejek bolup ýör. Hem-ä gürleşersiňiz, hemem ýaş toýuny gutlarsyňyz. Belki, özi barada-da bäş-üç agyz ýazarsyňyz... Häzirem jaň ederis-de, siziň barýandygyňyzy aýdarys — diýdiler.
Ol demir ýoluň gaýrasyndaky «Hitrowka» diýilýän geň hem düşnüksiz atly obajykda ýaşaýan ekeni. Giň howla gireniňden: munda binagär ýa heýkeltaraş ýaşaýan bolsa gerek diýdirýär. Jaýynyň gurluşam, howlynyň daşyna aýlanan gözenekli, käbir ýerlerine milli nagyşlar basylan demir haýatam şol pikiriňi tassyklaýar. Demir derwezesine salnan haşamlar bolsa, Leningradyň «Tomusky bagyndaky» meşhur Felten tarapyndan ýasalan bütindünýä sungat taryhyna giren, ajaýyp derwezäniň bezeglerini ýadyňa salýar. Baglar tertipli we ürç edilip seredilýändigi bildirýär. Derwezäniň sag hem çep tarapynda dürli reňkdäki, dürli görnüşdäki güller, gelen-giden bilen salamlaşýan ýaly, başlaryny atyşyp, birenaýyja yranjyraşyp durlar.
Men baranymda Mähti aga üzüm dalbarynyň aşagyndaky ullakan agaç sekiniň üstünde derçiräp, çaý içip otyr ekeni. Aşagynda täzeje düşekçe. Gapdalynda dört burçly, daşyna ak mata çekilen iki sany päkize ýassyk. Egni owadan sport eşikli. Saçy ak hem birneme ösgünräk. Murtam ýok. Sakgaly ýok. Şu gün irden syran bolsa gerek, duluklary, murt ýeri göm-gök öwsüp dur. Ala gözli, burunlagrak, göreniňde gözüň dokunýan owadan adam. Göwresi syrdam. Edil ýaş türgenler ýaly. Oturyşy, turuşy çakgan. Daşyndan seredip ýetmiş ýaş berer ýaly däl. Umuman, özüne seredýän adamdygy bildirýär.
O ýerde, bu ýerde howul-hara getirilip goýlan ululy-kiçili gazanlar, demir ojaklar, üýşürilip goýlan ojarlar we başga-da toý üçin gerek bolan ençeme zatlar, toýuň haýsydyr bir restoranda däl-de, şu howlynyň içinde tutuljandygyndan habar berýär.
Maňa gözi düşenden, ol gozganjyrap ugrady, kimdir birine: «garşyla» diýjek bolýan ýaly, iki ýana garanjaklady. Hiç kime gözi düşmänsoň, sekiden emgenmän düşdi-de, maňa tarap bäş-üç ädim ätdi. Öňümden çykyp göwünjeň salamlaşdy. Görüşdi. Golumdan tutup sekiniň üstüne geçirdi. Öýden edil özüniňki ýaly düşekçe, ýassyk çykardy. Meni ornaşdyrandan soň, özem öňküje ýerine geçip oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Hamala, meniň bilen köneden tanyş ýaly:
— Saglykmy? Gurgunçylykmy? Sag-aman işläp ýörmüň... — diýdi. — Geljegiňizden habarym bar, şumatjyk jaň edip aýtdylar... — Gapdalynda duran ep-esli ululykdaky daşy gyrmyzy, ak «telpekli» termosdan çaý guýup, käsäni öňümde goýdy. — Al, iç. Meseläňem häzir edil çöp döwen ýaly ederis...
Soň ol hemmeleriň üýşüp bazara gidendiklerini, öýde ýeke özüniň galandygyny aýtdy.
Öň habar berlenem bolsa, menem öz gezegimde adymy, näme iş bilen gelendigimi ýene bir gezek aýtdym.
— Hä-ä... Gaty gowy... Gaty gowy... Hoş geldiň. Ol işiň-ä Azat jan bitdi hasap edäý... — diýip, Mähti aga sorag bererime mähetdel, öz kärini gowy görýän, şeýle hem işine ökde adamyň hyjuwlylygy bilen söze başlady. — Ýadygärlikler barada hökümet hemişe-de alada edýärdi. Hatda bir döwür rejeleýiş işlerini öz güýji bilen geçirmek üçin, ministrlik, «Ýadygärlikleri goramak we rejeleýiş» bölüminiň gapdalynda özbaşdak başlykly, hasaply, hasapçyly, ýörite ussahana-da açypdy. Ýöne, üýtgän zat bolmandy. Şondan öňem, soňam, bitirilen işler haýsy etrapda nähili ýadygärlikleriň bardygyny hasaba almakdan, olaryň hersi üçin aýratyn pasport açmakdan, düýbünde ýüzüne döwlet tarapyndan goralýandygy barada ýazgy ýazylan iki aýakly demir galkan dikmekden aňry geçmändi. Netijede, ýaňky agzan ussahanamyzam öz-özünden ýatyp galdy. Ýapyldy. Ýöne, ine, garaşsyzlyk berlenden soň welin, ähli babatlarda bolşy ýaly, gadymy ýadygärliklere bolan garaýyşlaram üýtgedi. Üns güýçlendi. Olaryň durkuny täzelemekde, abatlaýyş işlerini geçirmekde dürli mümkinçilikler ýüze çykdy. Bu işe hatda daşary ýurtlardanam — hususan-da, Türkiýe — goşulmaga döwtalaplar tapyldy. Ýadygärlikleriň käbirlerini ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek barada döwlet derejesinde aladalar edilip ugraldy. Çäginde gadymy ýadygärlikler köp bolan käbir sebitler, etraplar «Goraghana» diýlip yglan edildi. Olaryň edaralary açyldy. Şol zatlaryň netijesinde-de, neme jan... — Mähti aga maňa tarap ýapyryldy. — Adyň näme diýdiň?.. — Aýtdym. — Hä-ä... Ana, şol zatlaryň netijesinde-de, Azat jan, özüňem görensiň, görmedik bolsaň, eşidensiň. Atlaryny sanap oturmaýyn, türkmen topragyndaky ýykyk-ýumruk gadymy ýadygärlikleriň aglabasy abatlandyryldy. — Mähti aga meniň soraglarymyň soňuna syrygandygyny aňan ýaly ýüzüme jüýjerilişini.
— Mähti aga söhbetdeşligimiziň kiparlaberenini aňyp: ― Bolduk dämi, işimizden dyndyk dämi... ― diýdi-de, öýe girip, iki sany bulgurjagaz bilen bir çüýşe türkmen konýagyny alyp çykdy. Gury-guragyragam bolsa odur-budur garbanar ýaly zatlardanam tapanjasyny getirip goýdy. Çüýşäni açyp, bulgurlara guýuşdyryp oturyşyna içjegine öňünden lezzet alýan adamyň şatlyk duýgulary bilen: ― Ine, bazarçylar gerler welin, güzeranymyz gowulaşar. Gyzgyn nahar iýäýmegimizem mümkin... ― diýdi. Aşaklyk bilen ýüzüme seredip ýylgyrdy. ― Berseler... ― Birdenem hezil edip güldi. ― Ýa bermezlermikän-aý... ― Şondan soň ol doly bulgurlaryň birini maňa uzatdy. ― Bererler-laý... Bermeseler özümiz bişirinip iýäýeris... — Hä — men baş atdym. Mähti aga bulgurly elini dik ýokary galdyrdy. — Al onda!..
― Ýetmiş ýaşyňyz gutly bolsun, Mähti aga. Ýüz ýaşaň...
― Taňryýalkasyn, inim. Şonça ýaş saňa-da nesip etsin.
Ýelmedik. Şondan soň ikimiz hasam dostlaşdyk. Ysnyşdyk. Kellämiň gyzgynyna hatda onuň şahsy durmuşyna degişli soraglaram beriberdim. Ahyram:
― Egerde garşy bolmasaňyz, Mähti aga men siziň öz ömrüňiz we döredijiligiňiz barada-da bir zatjagaz ýazaýsam diýýän. Ýaňy ministrlikdäkilerem şony maslahat berdiler... ― diýdim.
Ýaşuly birentekleri ýaly, gaty bir gaýra gaýyşjak bolubam durmady. Gaýtam, birhili döwtalap ýaly göründi. Bulgurlary ýene bir gezek doldurdy-da.
― Olar ýaly bolsa Azat jan, sen bu gün gitme. Gal. Işiňem näme, esasy bölegin-ä bitirdiň. Ýörite iberen bolsalar işiňdenem gözläp durmazlar. Şoň üçinem, hem-ä ýüregiňe düwen işiň galan bölegini bitirsiň, hemem oturarys, ikijigimiz «hümmüldeşipjik». Bomy?
― Bor ýaşuly.
― Haý, berekella. — Ol bulgurly elini maňa tarap uzatdy. Al, onda.
Aldyk. Şondan soň ýaşula der geldi. Gözleriniň gyralaryna çenli çygjardy.
― Ýaňyja sen gelmeziň öň ýanam, men: «Ine, sen bu gün ýetmiş ýaşadyň. Ýöne näme etdiň? Biri şeý diýip sorasa näme jogap berersiň» diýip, öz-özüme sorag berip otyrdym. Ine, indem şol soragy maňa sen berersiň. Şo dämi?
― Howwa...
― Ana, gördüňmi? Mende bolsa saňa gürrüň berer ýaly ile-güne, indiki nesle nusga bolarlyk eden zadym ýok. Wagt bolsa geçdi. Bu ýaşdan soň seniň öňüňde söýgiden söz açyp, ömrümiň bar manysy hökmünde şondan takal okap otursam gelşiklem däl welin, nätjek, şeýle boldy-da. Ömrüm şonuň sergezdançylygynda geçdi-dä... Ömürbeýanymyň özenini düzýän esasy wakalaryň aglabasy şondan ybarat. Mende başga aýdara zat ýok. Sen ýöne muny makala, gazet ýa ýene bir zat üçin däl-de, häki bir özara, mesaýy gürrüňçilik hökmünde diňlärin diýseň, onda başga mesele.
― Hany, diňläp bir göreli, Mähti aga. Nämä ýarajakdygyny, soň görübiris.
― Hä-ä... Ine, mynyň bolýa, Azat jan. Rast gürrüň. Indi men saňa başdan geçirenlerimi beýan edeýin. Soň sen onuň içinden geregiňi alyber... ― Şondan soň Mähti aganyň gürleýiş äheňi dessançy bagşylaryň labyz bilen aýdyşlaryna meňzedi. ― Wagt diýen närselerinde-hä salym ýok ekeni, Azat jan. Bir tutum. Türkmenler aýtmyşlaýyn telpegiňi eýläňe öwürýänçäň ömrüň geçip gidýän ekeni.
Onam adam şekilli ýaşap geçiribiläýseň-ä ne ýagşy.
Düýnjügem çybyk at münüp, iki-baka okkessirme geçip ýören oglanjykdyk. Ine, bu günem eýýäm ýetmişi ýakalap otyrys...
Gyz görende kalbymyzy heýjana salan gülşenli çaglar allaowarralarda galypdyr. Guzynyňky deý maýda hem akja dişlerimiz atyňky deý aňňalypdyr, saralypdyr, düşüşipdir. Gözlerimiz kösseýişipdir. Daşymyz çolarypdyr. Deň-duşlarymyzyň köpüsi ýurtlaryny täzeläpdirler. Durmuş atly deňziň haýbatly möwçleri bilen göreşip, tolkunlaryny gulaçlap ýörşümize o kenardan bu kenara ýetenimizem bilmän galypdyrys...
Ine, bu günem şol kenaryň gyrasynda aýagymy sallap, yzyma ser salyp otyryn. Ýaňky aýdyşym ýaly, şu ömrümde nämeler edendigim, nämeleri edesimiň gelip, edibilmändigim barada oýlanýan. Geçen ýolumy seljerýän, ölçerýän, dörjeleýän, saňa mynasyp jogap okarlyk ibalyrak zat agtarýan.
Içinde ömür salym çala salgym bolup görünýä, gomly-gaýly ýollarda ýaňky aýdyşym ýaly yşk içre geçen, sergezdançylyklardan başga görünýän zat ýok. O-da bir merdi-merdanalyk bilen geçen bolaýsa-ha bolaýjagam welin, men onam oňarmandyryn. Çal başymy gowgaýa salyp, meni gün-günden çökerip barýanam ana, şol zatlar namartlygym. Haýp geçen ömrüm. Yza gaýdara, goýberilen ýalňyşlyklary düzedere bolsa wagtam ýok, mümkinçiligem. Durmuşyň kadasy şeýle. Berilenjesini mynasyp ýaşap bilmediňmi, ol saňa gaýtadan berilmeýär. Men indi diňe düýşe dönüp barýan hyýalatlarym, ýatlamalarym bilen ýaşap ýörün. Şolar bilen ýatýan, şolar bilenem turýan. Seniň bilenem Azat jan, ine, şol zatlary bölüşäýmesem zol-zol gaýtalap oturmaýyn welin, başga zat ýok.
― Bor, ýaşuly. «Baryny beren uýalmaz» diýipdirler. Ýa, Allah!..
2. AÝBAHAR
― Özümi bilip ugralym bäri, binagär bolmaklygy höwes edip ýörenem bolsam, elbetde, elinjek bagşyly bolasy gelendir-dä, aýdym-sazy gowy görýändigi üçin, sekizinji synpy tamamlanymdan, kakam meni gatnaşyp ýören bagşy-sazandalarynyň üsti bilen, tas, synagsyz diýen ýaly, Aşgabatdaky sazçylyk uçilişşesiniň aýdymçylyk bölümine okuwa saldy ― diýip, Mähti aga öz ömür beýanyna başlady. — Dogry, dostlarynyň arasynda oňa: «Mürzemuhammet, ogluň aýdym-saz ugrundan sowad-a alar, nota-da öwrener, «pilliň-pilliň» edip, dik-durma bagşylar üçin döredilýän aýdymlary aýdaram, ýöne, özünde höwes bolmasa, «bol» diýeniň bilen o-ol, seň diýýän bagşyň-a bolubilmez» diýenlerem boldy. Ýöne, kakam pahyram gaty gyňyr adamdy. Hut şol yňdarmalygy üçinem, deň-duşlarynyň käbirleri «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky özündenem has zoňtarrak gahrymanyň adyna ýanap oňa Mürzemmedem diýýärdiler.
Ýüregine «jüňk» bolan bolsa gerek, onuň şol adyny ejemem alyp göterdi. iliň-günüň ýanynda ýa öz ýanynda-da häli-şindi aýdyp ýörmese-de, kejeleşen wagtlary: «Aý, Mürzemmetligine tutup ugran bolsa eýgertmez indi bi...» diýerdi-de, daş çykyp, öz işi bilen bolubererdi.
Ýaşlygymdan başlap kakama käte şeý diýmeklige menem endik edipdirin. Ýeke dikrary bolamsoň ol meni eljiredýädi diýib-ä biljek däl, ýöne, hernäçe «zyň» bolsa-da, şeý diýýänimiz üçin ol ejem ikimize-de gaty-gaýrym zat diýmezdi.
Umuman, ol gaharjaň, gazaply, terbiýesi berk adamdy, ýöne, zalym däldi.
Ine, onsoň kakam öz diýenini gögertdi. «Aý, ýok, men oglumyň bagşy bolmagyny, ir ertir, giç agşam öýümden aýdym-sazyň eşidilip durmagyny isleýän. Özüme-hä bermändir Hudaý o zatlary...» diýip, şol bir depen ýerini depdi durdy.
Ejeme-hä o zatlar barada sala-da salmady. O-da goşuljagam bolmady. «Aý, köpi gören adamdyr, özi gowy bilýändir» diýdi-de, çekildi oturyberdi.
Şeýdibem men düýbünden başga ugra gönükdim gidiberdim.
Her niçik hem bolsa kakamyň ynamyny ödemek üçin bäş ýyllap yhlas-a etdim.
Ýöne, barybir bolmady. Kakamyň dostlarynyň aýdanlary dogry bolup çykdy. Binagärçilik hünäri birsyhly ýeňimden çekip, özüne tarap dartdy durdy.
Ikinji ýyl okap ýörkäm iňirdime çydaman, ýoguny bar edip äberen pianinosyny ertir-agşam «waňňyrdadyp» ýüregine düşüp ugranymdan soň, kakamyň özem ýalňyşyna düşündi. Ýöne: «Aý, bolmasa çykaýsana sen oglum şundan ― diýmäge-de dili barmady. ― Gireniňe görä munyň-a gutar, şondan soň, men seni öýlendirjek, haýsy okuwa girseňem rugsat berjek. Ömrüň ötýänçä okasaňam harajatyň menden» diýdi. Kimi alyp berjekdigini welin, adyny tutmadygam bolsa men bilip durun. Ol ejemiň günbatar etraplaryň birinde ýaşaýan uýasy Bibijemal daýzamyň menden üç ýaş kiçi gyzy Aýbahar bolmaly.
Aramyz daş bolsa-da, men ony köp görýärdim. Sebäbi onuň kakas-a garasöýmezräk, düňleräk, dymmarak adamdy welin, Bibijemal daýzam dogana-garyndaşa gaty gadyrly, mährem aýaldy. Gyş bolsun, tomus bolsun, has kiçijik wagtlaram Aýbaharyň eljagazyndan tutup, myhmançylyga gelerdi. «Agşam otla mündük welin, mazaly irdenjik getiräýdi, şol-a bir heýwere gowy zat...» diýip, iç işikde ýylgyryp durandyr.
Käte ejem ikimizem olaryňka görme-görşe giderdik.
Ýadyma düşýä, olar biziňkä gelenlerinde, biz olaryňka baranymyzda Aýbahar ikimiziň gelejekki jübütlerdigimiz barada degşip-gülşüp, mesaýy gürrüňler ederdiler. Aýbaharyň ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup ýören wagtlary maňa onuň gulajygyny dişledendikleri barada aýdýandyklaram ýadymda.
Bir gezek ýazyň-a soňky, tomsuňam başky aýlarynyň biri bolsa gerek, ejem bilen olara gitdik. Entek tomus kanikuly başlanmandy. Maňa-da ejem dynç gününe gabatlap, mugallymymyzdan iki günlük rugsat alypdy. Şol wagt men-ä ýedinji, Aýbaharam dördünji synpda okaýardy.
...Otludan düşdügem welin, garaýel turdy. Arabystandan gelipdir diýdiler. Entirekledip alyp barýan güýj-ä ýok welin, dünýe-älemi tüm-garaňkylyga öwüräýdi. Tüýs, «gözedürtme» diýenleri boldy.
Howany sermeleşip, Bibijemal daýzamlary zordan tapdyk.
Edil şol wagtam mekdepden: «Kiçi synplarda okaýan çagalaryň hemmesini ata-eneleriň özleri alyp gitmeli» diýen habar geldi. Aýbaharam mekdepde ekeni-de, onuň yzyndan men gitmeli boldum.
Barsam, dälize giren ýeriňde, Aýbahar özi ýaly üç-dört sany gyzjagaz bilen, bir zatdan gorkan ýaly ýygrylypjyk dur ekeni.
Meni görüp görgülijik şeýle bir begendi, ylgap gelip boýnuma bökäýerli göründi. Hamala, ymgyr çölüň içinde ýeke galan ýaly, kä elimden, kä bilimden tutup, ýolboýam gysmyljyrap gitdi. Eňegine dagy jaň dakylan ýaly. Bir pursadam dili dek durmady. Esasy ýadymda galan zadam öýlerine ýetiberenimizde ol: «Sen meni gorkunç ýelden halas etdiň. Bolmasyn welin birdenkä başyňa iş düşüp, özüňem azaşsaň, ýa şular ýaly ýelde galsaň, menem seni halas ederin...» diýdi.
Şol wagt men onuň ol sözüne kän bir ünsem bermändirin...
Umumanam, ata-enelerimiziň biz barada aýdýan hälki gürrüňlerine men-ä hakykatdan-da, hälki bir ýaş oglandyr-gyzlara ulular tarapyndan oýun edilip atylýan henek hökmünde garaýadym, ýöne ine, Aýbahar welin, soň-soňlar seredip otursam, başynyň ýaşdygyna garamazdan şol zatlary çynlakaý kabul edýän ekeni.
Iň bärkisi ulular şol gürrüňi gozganlarynda onuň garaýagyzja ýüzjagazy gyzarýardy, gözjagazlary howsalaly oýnaklaýardy, emma ne ýüzünden, ne gözünden şatlyk, begenç alamatlary welin aýrylmaýardy. Derrewiň özünde tijenmek, saçlaryna timar bermek bilen bolýardy. «Jedirdäp» duranam bolsa, «tapba» sesini kesýärdi-de, bir zatlara güýmenjiräp başlaýardy. Ulularyň şol gürrüňi uzaga çekmeklerini asla gutramazlyklaryny isleýändigini aňmak bolýardy.
Söýgi, ysnyşyk, gelejekde bir maşgala bolmak ýaly sözleriň üstünden barmasa-da, eýýämden maňa özüniň gelejekki hossary hökmünde buýsanç, söýgi bilen garaýardy. Mendenem şoňa garaşýardy.
Elbetde, menem ony gowy görýärdim. Ýöne, çykanym, garyndaşym hökmünde. Gelinligim hökmünde-de göz öňüme getirmän duramokdym. Çünki, ol hakykatdanam gowy gyzdy. Bibijemal daýzamyň özi ýaly gadyrlydy. Yssy gatnaşyklary gowy görýärdi. Garadan şirin, gara gözelejik, syrdam boýly, gün-günden göze görnüp barýan, keýik owlagy ýaly bökjekläp, dag jereni ýaly towsaklapjyk ýörenje, alçajyk gyzdy. Akyllyjady. Käte-käte onuň kalbymda söýgi oduny köredip-köredip goýberýändiginem, her görenimde oňa tarap ýüregimiň atygsap ugraýandygynam duýýardym. Şeýle-de bolsa, garyndaşlyk gatnaşyklarymyz päsgel berýädimi, tebigy çekinjeňligim elime kakýadymy, ýa: «Aý, öňi-soňy özümiňki-le şü», diýen pikir arkaýynlaşdyrýamydy, özümi ondan çekeräk tutýanymy, özümem bilmän galýadym. Artykmaç gep-gürrüňden saklanaýanymy kem görmeýädim. Garaz, ikimiziňem söýgimiz içimizdedi.
Ata-enelerimiz öz çözgütleri bilen, ikimiziňem sessiz-üýnsüz ylalaşýandygymyza ynanýardylar.
Şonuň üçinem, bu mesele iki tarapdanam bireýýämler çözüldi hasap edilýärdi.
Kakamyň ýaňky, meni öýlendirmek baradaky gürrüňi gozgan wagty men eýýäm on ýedi ýaşymyň içindedim. Aýbahar ýene üç ýyldan onýyllygy tamamlap, Aşgabada okuwa gelmeli. Biziňkileriň hasabyna görä, girip biljekmi ýa bilmejekmi, o hakda gürrüň ýok, ol biziňkide bolup okamalydy. Ejem eýýämden oňa aýratyn otagam taýýarlap ýördi. «Ine, toýdan soňam ikijigiňiz şunda ýaşarsyňyz» diýip, meniň ýanymda ýadaman, ýaltanman gaýtalamany gowy görýärdi.
Kakamyň bellän toý möhletem Aýbaharyň mekdebi tamamlap, okuwa girmäge gelýän döwrüne gabat gelýärdi.
Mekdebi üstünlikli tamamlap Aşgabada gelen Aýbahar, ejem dagynyň tama edişi ýaly, hakykatdanam okuwa girdi. Onda-da Medisina institutynyň «Diş dogtarçylygy» bölümine. Ýene sanlyja ýyldan elinjek diş goýduryp biljekdikleri üçin muňa kakam bilen ejem ikisi diýseň begendiler. Hatda gyzyldanmy, kümüşdenmi, nämeden goýdurjakdyklary barada jedelleşip, çalarak dawa-da etdiler.
Biziň öýde bolup okaberenini özüniňem kem görmeýändigi görnüp duranam bolsa, sypaýyçylyk üçinmi ýa indi kemsiz kemala gelen gyzyň utanjaňlygy täsir etdimi: «Aknur daýza, men umumy ýatakhana-da bolubereýin-le...» diýip, okuw başlamazynyň öň ýany, çaý başynda üç bolup otyrkak Aýbahar özünden-özi geplenip ugrady. Ýöne ejem: «Otur! Kepleme! Öz öýüň barka ýatakhanada körüň ýok! Şu gürrüňi ýene bir gezek gaýtaladygyň ed-dil çekirdeniňe aýyryn ― diýdi-de, bir gezekde sem etdi goýaýdy. Bir gyrada duran elgoşlaryny eltip, ençeme ýyl bäri taýýarlap ýören otagynyň içine dykdy. ― Ine, şu jaý seniňki! Ýat! Tur! Oka! Darlyk etse-de aýt! Ýene bir otag bereýin! ― Soňuny ol ýene-de degişmä ýazdyrdy. ― Bolmanda-da öňi-soňy geljek ýeriň şü. Ýa bileňokmy? Ýa Mürze daýyňa meň kellämi kakdyrtjak bolýaňmy?
Aýbahar edil çagalygyndakysy ýaly birenaýyja ýylgyrdy. Gyzardy. Aşaklyk bilen maňa garady. Dodagyny dişläp bir gyra bakdy.
Men ony şondan artyk uýaldyrmazlyk üçin, çykyp gitdim.
Biziň jaýymyz dogrudanam uludy. Haly, keçe düşelen birnäçe otagdan ybarat bolup, hemmesem giňdi, ýagtydy. Şol döwrüň edähedine görä, içki diwarlary dürli nagyşlar bilen bezelendi. Häzir elbetde, girip görseň, hemmesi başgaçadyr.
Howlymyzam häzirkisinden başgaçady. Ýöne, şäher boýunça iň giň we owadan, bagly-bakjaly howlularyň biri hasap edilýädi. ― Mähti aga aýasy bilen, oturan sekimiziň gadymy nagyşlar bilen haşamlanan kenarasyna aýasy bilen «pat-pat» etdirip kakdy. ― Ine, şu oturanymyz. Onsoňam ho-onha, o-ol... ― Onuň baş atan tarapynda öz oturanymyzdan sähelçe kiçiräk ýene bir agaç sekiniň bardygyny men şondan soň görüp galdym. ― ...Şularyň ikisem şo döwürler bardy. Kakam pahyrdan galan ýadygärlik şular. Dogry, men bularyň köp ýerlerini täzeledim, bejerdim, her ýyl reňkläbem durun.
Öňki döwür özüň bilýäň, kondisionerleriň ýok wagty, tomus gijeleri daşarda ýatmaga, gündizlerine kölegede oturmaga allanäme bolýady. Esasanam, şuň üstünd-ä kakam dagy dost-ýarlary bilen bagşy aýtdyryp, aýdym diňlärdiler. O-onda-da aýallar, çaga-çugalar oturardylar...
― Sen özüň haýsynda oturýadyň, Mähti aga?
― Menmi? Heh!.. Men elbetde, şuň üstünde, kakamyň ýanynda oturýadym. Bagşy diňleýädim. Şonuň üçinem, şol wagtlar, şu howluda aýdylan aýdymlar henizem gulagymda ýaňlanyp dur. ― Mähti aga ellerini ýokaryk daldalatdy. ― Öň bu dalbar ýokdy. Saýaly agaç bady. Üzümi soň, men özüm oturtdym.
Meň diýjek bolýanym, şular ýaly giň howly, bag-bakja Aýbahar ýaly oba ýerine öwrenişip gelen gyzyň ýüreginiň gysmazlygy üçin gaty amatlydy. Aýbaharyň öýde ýaşap ugramagy bolsa, ejem üçin amatly boldy. Ýeke perzentleri, özümem ogul bolamsoň oňa menden-ä peýda ýokdy. Hemişe ýeke gollulykdan kösenýärdi. Şondan soň welin, myhman gelende-de, ýönekinem, Aýbahar oňa uly goltgy boldy. Asla hiç zady onuň eline ýetirmedem. Şonuň üçinem ol mahal-mahal Aýbaharyň özüne-de eşitdirip: «Şujagazym geleli bäri ýüküm ýeňläýdi, hern-ä uzagyndan bolsun-da...» diýmäni gowy görýädi.
Bu ýagdaý meniň Aýbahara bolan garyndaşlyk garaýyşlarymy hasam artdyrdy. Bir öýden girip-çykyp, bileje iýip-içip ýörenimizden soň, men oňa hut öz uýam hökmünde garap başladym. Gyz doganly bolmaklygyň lezzetini duýdum. Ony özüme birhili ejizje hossar saýdym. Onuňam maňa arkadag hökmünde garamagyny isledim.
Emma, ol welin indi maňa diňe magşuk gözi bilen garaýardy. Özüni hakykatdan-da şol öýüň gelinligi, gelejekki bikesi hasap edýärdi.
Käteler dürli sebäplere görä uzyn günläp, hatda telim günläbem öýde ikiçäk galýardyk. Emma, ikimiziňem duýgy-damarlarymyz, päldir-niýetlerimiz biri-birimize bolan hossarçylyk garaýyşlaryndan, garyndaşlyk gatnaşyklaryndan aňry geçmeýärdi. Şeýtany pygyllar küýümize gelmeýärdi, nebislerimiz hetden aşmaýardy. Şolar ýalyda Aýbahar-a özüni hasam agras alyp barýardy. O-ol, ýaş wagtlaryndaky alçaklygyny, «jedirdilerini» dagy birwagtlar goýupdy. Oýlanyp, iňňän seresaply gürleýärdi. Özara gürrüňçiliklerimizem edebiýat, sungat, taryh, aýdym-saz, kino, teatr baradaky pikir alyşmalardan aňry geçmeýärdi. Ol meniň gelejekde binagärçilik ugrundan okuwymy dowam etdirmek baradaky pikirimi goldaýardy. «Şeýtmeseň ýüregiňde arman galar» diýýärdi.
Şeýdip, ol kem-kemden, hakykatdan-da biziň maşgala agzamyza öwrülip barýardy.
Onuň okuwa giren ýyly men uçilişşäni gutarmalydym. Şol ýyl gyş örän gazaply geldi. Ýadyma düşýär, täze ýylyň öň ýanlary: «Jeýhun derýa doňupdyr, gaplaňlar daglardan aşak inipdir...» diýen ýaly howsalaly gürrüňler ýaýrap ugrady. Asyl, Aşgabadam ikinji Sibire döndi.
Aýbahar şol wagt birinji okuw ýylynyň birinji ýarymyny tamamlap, gyş kanikulyna öýlerine gitmek üçin synaglaryny tabşyryp ýördi.
Birdenem ýoňladymy ýa sowuk urdumy, asgyryp-üsgürip başlady. Uzaga çekmänem düşege ýykyldy. Üşetdi. Gyzdyrdy. Ejesiniň, kakasynyň, jigileriniň atlaryny tutup samrady. Arasynda meniňkinem tutdy. Geň ýerem: «Mähti, täze ýyl baýramçylygynda daşyndan aýlanyp aýdym aýdar ýaly «ýolka» getirsene» diýdi. Özem bir ýa iki aýdybam goýmady. Şo-ol, samrady ýatdy.
Derrew «tiz kömegi» çagyrdyk. Sanjym edip, däri-derman berip, özüne getirdiler. Äkitmekçi boldular. Emma, Aýbaharyň özi çürt-kesik garşy boldy. Gitmedi. «Aýak üstüne galamsoň özüm gatnap barlagdan geçerin» diýdi.
Şeýle hem etdik. Ganymatlaşdam. Ýöne, täze ýyl baýramçylygya çenli barybir aýak üstüne galybilmedi. Öýlerine-de gidibilmedi. «Ýolka tap» diýip zeýrenmesinem goýmady.
Men kyn güne galdym... Erbet aljyradym. Sebäbi hemişe täze ýylyň öň ýany Orsyýetden wagon-wagon bolup gelýän ululy-kiçili ýolkalaryň şol ýyl Aşgabada birem gelmedi.
Aýbaharyň bolsa o zatlardan habary ýok, barha zeýrenji artyp gidip barýa. Şeýle-şeýle ýagdaý, oňaýmasak boljak däl, diýip bolsa aýdyp bolanok. Agyr bolsun, ýeňil bolsun, uly bolsun, kiçi bolsun, düşekde ýatan syrkawyň haýyşyny bitirmek, türkmençilikde parz hasap edilýär. Sebäbi, ol biçäre, saňa mätäç halda ýatyr. Näme iýjek, näme içjek diýse-de, tapyp beräýmeli.
Şonuň üçinem, maňa gözlegi güýçlendiräýmekden başga alaç galmady. Bir syrkawymyzyň bardygyny, täze ýyl baýramçylygyna ýolka höwes edýändigini oturan-turan ýerimde agzadym ýördüm.
Kursumyzda German atly bir gowy oglan bardy, saksafon çalardy. Özünden uly agasy Moskwada ýaşaýardy-da, garaçynym bilen gözleýänimi bilip, şoňa jaň edäýdi. O-da: «Ertir günortanky uçara çyk, elterler» diýdi.
Bardyk. Eli iki sany çaklaňja ýolkaly alakjap gelýän ýigdekçä gözümiz düşenden ýitigimizi tapan ýaly ikimizem eňdik şoňa tarap. Özüne garaşýan adamlardygymyzy aýtdyk. Pul berjek bolsak almady. «Tölediler» diýdi.
Ýolkanyň birini Germanyň özi aldy. «Bahana bilen menem ýolkaly boldum» diýip begendi.
Ýöne, murtumy gyrawladyp gapydan elim ýolkaly girenimi gören Aýbaharyň begenji welin onuň dagy çeni bolmady. Çünki, şol gije eýýäm Täze ýyl agşamydy. Şonça ýetişmedik bolsa, ertesi gün eýýäm şol ýolkanyň bize geregem boljak däldi.
Men ony gyssagly oturtdym-da, birkemsiz bezedim. Çünki, gerekli bezeg şaýlarymyz özümizde bardy. Hatda öçüp-ýanýan kindiwanja çyrajyklaryna çenli taýýardy.
Gaty höwes edendir-dä, Aýbahar asyl şondan soň gutulan ýaly bolaýdy. Turup, düşeklerine çenli ýygnady. Uzynly gije ýolkanyň daşyndan aýrylmady. Kä meniň bilen, kä ejem bilen el tutuşyp aýdym aýtdy, tans etdi. Arasynda meniň pianino çalyp bermegimi haýyş etdi.
O jaýlaryň birinde dost-ýarlary bilen oturan kakam birki gezek gelip, biziň ýolkaly jaýymyzyň gapysyndan boýnuny uzadyp gitdi. Aýbaharyň gül ýaly açylanyny görüp hoş boldy. «Tüweleme, Bahar janyň-a bir ýetmezi ýolka ekeni, açylaýypdyr...» diýibem, çykyp gitdi.
...Gije giç ýatanam bolsak, ertesi ir turduk. Tort bilen çaý içip, derçiräp oturyşyna Aýbahar ejemiň daş çykanyndan peýdalanyp:
― Sen meni ýene bir gezek beladan gutardyň, Mähti. Sebäbi, ýaraman ýatanymda bir ýaşuly düýşüme girip: «Ýolkanyň daşyndan aýlansaň gutularsyň, gyzym» diýdi ― diýip, ýaşylbaş ördek ýaly gyýalap ýüzüme bir seretdi welin, nazarynyň mähri süňňüme siňip, ýylysy tutuş bedenime ýaýrap gitdi. Muny özem duýan ýaly, «ýyrş» etdi-de, aşak bakdy. ― Seň munyň üç-ä bar, ýöne, iru-giç menem seniň bilen üzlüşmel-ä borun...
Men ony jogapsyz galdyrmazlyk üçin:
― Belki, ikiň-ä üçe ýetmäýedi, senem meň bilen hasaplaşmaly bolmaýadyň, üzlüşer ýaly kyn pursatlary Hudaý ikimizde-de görkezmäýedi ― diýdim.
Aýbahar ýene-de ýüzüme gyýalap garady. Ýene-de ýylgyrdy. Ýöne, öňkülerine görä syrly ýylgyrdy. Göwnüme bolmasa maňa tarap owsun atan ýalam boldy.
Oňa çenlem daşyna aýaz baryny çolap, gapydan ejem girdi. «Hababaýlap» durşuna:
― Elhepus, sowukdygyny ― diýdi. ― Aýbahar jan, sen şu gyş öýüňize gitmesene gyzym... Men Bibijemalyň özüne gel diýäýerin... ― diýdi.
***
Tomus çykdy. Menem uçilişşäni tamamladym. Kakam ýene-de toýly meseläni gozgady. Ýöne, meniň uçilişşä iki ýyl işläp bermek hökmany borjumam bardy. Üstesine Aýbaharam ýene dört-bäş ýyl dagy okamalydy, biziňkiler dogrusy onuň-a pikirinem edenokdylar. «Aý, gelin bolubam okap ýören az däl-lä...» diýýärdiler. Ýöne, ýaman ýeri, onuň bilen çatlyşmak meselesini çynyrgatdyklarysaýy birhili ýagy dönjek ýaly aljyraňňylygym artyp, kalbyma howsala düşüp başlaýardy. Göwnüme bolmasa men onuň bilen durmuş gurmakdan basylýan ýalydym... Sebäbini welin bilemok. Ahyrsoňam kakam bilen gürleşip, iň bolmanda iki ýyllyk tejribämi geçirip gelýänçäm puryja soradym. «Bor oglum, ýarym güne ýaryş ýok» diýipdirler» diýdi.
Men ýeňillik bilen dem aldym. Çünki, olar ýaly meselede dagy kakam bilen desbe-dähel ylalaşyk gazanaýmak aňsat iş däldi. Geçirimlilik edýän gezekleri örän seýrek bolýardy. Şol gezek welin ol barymyzy geň galdyryp, «şertnama» gol çekdi.
...Hä diýmänem men iki ýyllyk iş tejribämi geçmek üçin ýurduň günorta sebitindäki etraplaryň birine ugradym.
Dowamy bar>>

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.