Geçen geçdi

Geçeni ýatlap, geçmişiň hyýalynda gezmek, geçmişi yzyna dolajak bolmak, öten günüň hesretine gyýlyp ýörmek akmaklyk we dälilikdir, erk-islegiňe tagna salyp, oňa kast etmekdir, häzirki durmuşyň ýoguna ýanmakdyr. Akyldarlar geçmişiň hasap depderini düýrleýärler hem-de ol hakda söhbet etjek bolmaýarlar. Ony ebedilik unutganlyk zyndanyna, açary ýitirilen gulpuň aňyrsyna oklaýarlar. Perwaýsyzlyk

Sylapberdi Muhamow - Eşegiň süýdi (hekaýa)

Alabahar günleridi. Goňşy oba toýa gidip gelen Ilmät aga ýylgyryp gapydan girdi. - Keýwany, Alla jan işiňi ugruna etse, şeýle bolýandyr-da, indi seniň dert çekip ýören günleriň yzda galaýjak öýdýän. Aýtäç eje gurak üsgürip: - Kakasy, tüweleme senem bir enaýy, her dürli gep tapaýýaň-diýip, kynlyk bilen ýylgyrdy. Ojagyň goltugyna geçip, jaýlaşykly oturan Ilmät aga: -Ýok, keýwany-diýdi.-Her dürli

Manyly sözler

Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr. Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý getirer. Ylym ýaly emir, paýhaslylyk ýaly ýaran tapylmaz. Akylly amalyna bil baglar, akmak emeline. Ylym öwren-körpelikde gaýym eder, ulalaňda emir eder, egri ýeriňi gönülär, ýalňyş ýeriňi düzlär. Her bir haýyrly iş yhlas bilen gazanylýar, bilim edep bilen artdyrylýar. Gözel terbiýe

Degişmejik!!

Yeehhaa dondum yzyma Garanti goyjak sozime Hemme seretya gozime Hic uns bermezler repime Bilyan duzyan manysyz Yazasym gelya jansyz Bu dunyade kandir jaýsyz Goşgularam bardyr sazsyz Menem bilyan degişmejik Gulderyan hem azajyk Gownune degesim gelenok Söýüp yanasym gelenok Kellani işletsen biraz Gerekdal hic hili arz Icindakini kagyza yaz Dinle sen in gowy saz Isle gitar isle dutar Oz islegin

Melekleriň pyşyrdysy — Rahmet Gylyjow

Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki

Olar diňe ýagşylyk edýärler / Rahmet Gylyjow

Köpüň ýaşaýan dünýäsinde sizem ýaşaýarsyňyz, diýmek, köpüň edýän käbir pikirlerini siz hem edýän bolmaly. Eýsem, siziň pikiriňizçe, dünýäde ýagşy adamlar köpmi ýa-da ýaman adamlar? Elbetde ýagşy adamlar kän. Aslynda-ha, dünýä diňe ýagşylardan doly. Ýa-da siz muňa ynanaňzokmy? Göwnüňe ýaramaýan iş ýamanlykmy? Käte ugrukmaýan işler üçin kejigip, dünýäni bir ýumrukda düňderesimiz gelýär.

Ata göreldesi

Ata-eneleriň käbiri çagalaryny görelde bilen terbiýelemäge kembaha garaýarlar. Çaga terbiýesinde göreldäniň täsiriniň güýçlüdigini ünsden düşürýärler. Perzent terbiýesinde atanyň göreldesi has ýokarydyr. Ol çaganyň pikirini, hyýalyny, erkinligini, düşünjesini, hyjuwyny, isleg-arzuwyny düzgün-tertipli ýola goýmaga ukyply güýç hasaplanýar. Çaganyň gylyk-häsiýetiniň köpüsi atadan geçýär. Onda

ÖZ-ÖZÜŇI TERBIÝELEMEK

Käbir maşgalalarda çaga terbiýesine üns bermeýärler. Ata- eneleriň arasynda: «Çaga terbiýelemäge wagtymyz ýok. Uzyn gün işde bolýarys. Goý, bu mesele bilen terbiýeçiler, mugallymlar gyzyklansyn. Olar ýörite aýlyk alýarlar» diýip, bar günäni öz üstlerinden sowmak isleýärler. Çagalary terbiýelemekde mekdebiň, ata-enäniň, jemgyýetçiligiň bilelikdäki tagallasy gerek. Çaganyň ykbaly hakynda gürrüň

Ukybyňa görä

Çagalara zähmet terbiýesi berlende örän seresaply çemeleşmeli. Ata-eneleriň birnäçesi dözmezçilikdenmi-nämemi çagalaryna iş buýurmaýarlar. Çagalaryň özleri işe höwesek bolsa-da: «Sen, entek ýaş, başarmarsyň» diýip, olaryň ellerini işden sowadýarlar. «Çagam ýaş wagty oýnap keýpden çyksyn, ulalansoň özüne gerek bolsa eder» diýen pikire gulluk edýän ata-enelerem bar. Beýle garaýyşlar ýalňyş.

Altyn tabagyň syry

Gadym zamanlarda gowulygyň, söýginiň, sylagyň kän, ýalandyr aldawçylygyň bolsa az bolan döwründe ýagşylyklary bilen adygan bir ýaş oglan bar eken. Ol düýşünde näme görse, oýananda hökmän hakykata öwrülermiş. Günlerde bir gün ol düýşünde bir ses eşidipdir. Sesiň eýesi oňa: – Oýananyňda, birinji göreniňi iý, ikinji göreniňi gizle, üçünji göreniňi gora, dördünji göreniňe bolsa ber – diýipdir.