Atça bolmaz

Haryň işi hardyr, dostlar, Müň magtasaň, atça bolmaz. Bedasyla emel ýetse, Biliň, asylzadça bolmaz. Pany dünýäge ynanmaň, Altyn-kümüşe guwanmaň, Giýewlere köňül bermäň, — Bir dogan zürýatça bolmaz. Köp ýollarny görse gözüň, Her magnydan bilseň ozüň, Bir nadana aýdan sözüň Ösüp giden badça bolmaz. Başyň ýassyga ýetende, Sabyr, karar bolmaz sende. Güýjüň-kuwwatyň gidende, Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.

Hasar dagyndadyr

Hasar dagy beýik bolar, Üsti doly keýik bolar, Mergenlere seýik bolar, Barsaň, Hasar dagyndadyr. Kuh erer ýeriň soltany, Göwsünde gurmuş dükany, Üç ýüz altmyş pir mekany Görseň, Hasar dagyndadyr. Mesgen tutar çarwadarlar, Ýalçysynda ýatar marlar, Deresinde biter barlar, Tirseň, Hasar dagyndadyr. Peleňler çyrpynyp çykan, Boz marallar gyýa bakan, Serkemerdir — deriň döken, Ýörseň, Hasar dagyndadyr.

Behem eder

Kimýany torpaga seçseň, Torpakdan zer behem eder. Her närsäni, ýere sepseň, Sepdigiň ýer behem eder. Ýagşy-ýaman bolmaz mälim, Her kim öz bilenne alym, Munda nobat sürse zalym, Ýyl-ýyldan şer behem eder. Ýagşy ýigit ýol ýitirmez, Jäht kysmatdan köp getirmez, Müň gaýgy bir iş bitirmez, Töwekgel — ner behem eder. Berimiň bolsa her kanda, Gören saňa bolar bende, Bethüýnüň — duşman ýanynda, Ýagşylyk

Soňudagy

Janym bizin, Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň. Ganym görse garşylaşar, Ýomut, gökleň iliň seniň. Öýlükde ýaýlany gursak, At çapdyryp, baýrak bersek, Temetde orak orsak, Aş dökmek hyýalyň seniň. Kesgiç-kesgiç baýyr geçer, Gyzylbaýyr göwün açar, Sowuk çeşme suwun içer Şonda dürli malyn seniň. Dürli-dümen otuň biter, Her deräň bir ile ýeter, Hatarlanşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluň seniň.

Gökleň

Çöle çykar bolsa, meňzär Keýige, gulana gökleň. Täsip edip, söweş etse, Döner aç arslana gökleň. Ilin, ýurdun byrakmaz, Bela bakmaz, ýowuz ýokmaz, Alladan emirdir, çykmaz — Bu sözüm ýalana, gökleň. Ylham etdi möwlam maňa, Nazar düşdi senden ýaňa, Ýok bolar kast eden saňa, Gaýdyp dol Gürgene, gökleň! Sözi agzyma hak salar, Bir nepes aýdylan bolar, Ýamanlyk eýleýän geler «Nurbat» diýp, amana,

Bady-sabany görsem

Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem. Bahaweddin Mirkulal, Zeňňi Babany görsem. Nagleýni arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, Iki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem. Gelen geçer çaşt edip, Eglenmez güzeşt edip, Köňül aýdar keşt edip, Älem-jahany görsem. Hyzyr kimin çöllerde, Ylýas kimin köllerde, Kowus kimin daglarda Ýagşy-ýamany görsem. Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol

Öýlengin

Ýigit halyň garrylyga Salaýyn diýseň, öýlengin. Kethudalyk endişesin Kylaýyn diýseň, öýlengin. Kethudalyk gözel ýoldur, Gaýgy garrydar, gam öldir, Ýigitlik bir gyzyl güldür, Solaýyn diýseň, öýlengin. Öý, il gerek, ýorgan-düşek, Perzent bentdir, aýal-duşak, Ýüke werzişgär boz eşek Bolaýyn diýseň, öýlengin. Gezer sen oýnap, dalaşyp, Galar sen gama bulaşyp, Hasrata, derde ulaşyp Galaýyn diýseň,

Armanym galdy

Zübeýda, naçarym, diňle! Kalbymda armanym galdy; Kuýaşymdan akdyrdym gan, Zemine bak, ganym galdy. Bilbilem, çekmişem zary, Sowuldy yşkyň bazary, Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy. Öten günlerim düýş bolup, Gezdim ilimden uýalyp. Bakyň, jesedim boş galyp, Lahat içre janym galdy. Günbe-günden derdim artyp, Ýörmedim jahany ýortup, Zähmet çekip, azar tartyp, Düzdügim destanym galdy.

Aýryldym

Bilbilem, ahy-zar çekip, Täze gülzardan aýryldym. Gözden ganly ýaşym döküp, Ol söwer ýardan aýryldym. Ýara ýaraşar sürmeçe, Sypatyn söýlärem ança, Lebi şeker, agzy gunça, Zülpi garadan aýryldym. Şirin janda ýokdur takat, Jebri anyň jana rahat, Gaşlary pitneýi-apat, Çeşmi hunhordan aýryldym. Aýryldym gunça-gülümden, Syýa saçy sünbülimden, Hoş owazly bilbilimden— Şirin güftardan aýryldym. Däli

Söýmüşem seni

Ýa habyp, hak resuly sen, Çyn jandan soýmüşem seni. Derwüşler gadyr gijesin Söýen dek söýmüşem seni. Eýleýip seýr-u seýrany, Keşt etsem külli Eýrany, Misli Ybraýym Sarany Söýen dek söýmüşem seni. Ýakup ýurt etdi Kengany, Ogludyr Müsür soltany, Misli Ýusup Züleýhany Söýen dek söýmüşem seni. Ýalançyny tutdy ady, Olardyr yşkyň binýady, Mejnun Leýli perizady Söýen dek söýmüşem seni. Dildi daglaryň