Bu gün

Dogdy asmanyň Zöhresi, Çyn aşyga döwran bu gün. Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä reýhan bu gün. Her saýranda şeýda bilbil, Öwşün atar, öwüsip gül, Aşyk bolsaň, muny ýat bil, Magşuk saňa gurban bu gün. Til senuber şekeristan, Älem-jahan gül-gülüstan, Goýnuň içre biten bostan, Goç ýigitler bagban bu gün. Gülşen içre girer bolsaň, Gül dessesin tirer bolsaň, Menden habar sorar bolsaň, Toty güftar

Uýat eýleýir

Meňli hanym golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Aşyk, gulak goýgul söze, Syýa zülp ýaraşar ýüze, Sürme çekip gara göze, Bizden ki uýat eýleýir. Geýinipdir gyzyl-aly, Bilmen nedir ýar hyýaly, Göz edip ýomut, ahaly, Bizden ki uýat eýleýir. Ykbal çapmaz, ýöreý diýsem Ýokdur malym, bereý diýsem «Aç, roýuňy—göreý!» diýsem, Öwrülip uýat eýleýir.

Boýlaryňa

Ýörseň, ýarym, guwana men Serwi kamat boýlaryňa, Gülden puşeş ýaraşypdyr Ajap raht boýlaryňa. Men — bilbile eýläp azar, Aldyň şirin janym nisar, Züleýhadan galan zünnar Bolsun hajat boýlaryňa! Görsem roýuň, ýok armanym, Sensiz hazan ursun janym, Ykbalym, dinim-imanym Kylam hormat boýlaryňa. Yşkyň bilen men dat eýläp, Öwrenip men, adat eýläp, Ömür-ahyr perýat eýläp, Ýetmez lahat boýlaryňa. Gören

«Oýan» diýdiler

Ýatyp erdim gamda, geldi erenler, «Turgul, ha, ýeriňden, oýan!» diýdiler. Gözüm açyp gördüm jümle-jahany, «Şol durany Şahymerdan» diýdiler. Erenler jem bolup, bazar etdiler, Mynafyklar turup, hezer etdiler, Aly babam bize nazar etdiler, Bir käse meý berip: «Iç-gan!» diýdiler. Oýanyp gaflatdan, açdym gözümni, Erenler paýyna sürtdüm ýüzümni, Okatdylar, hak sözledim sözümni, «Segsen müň kelamy

Türkmeniň

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül-gunçasy — gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň. Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükeýip bark urar anbaryň ysy, Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň. Ol

Galdyň, hoş indi

Gider boldum indi üşbu watandan, Jebir gören iller, galdyň, hoş indi. Hiç unutman, janym çyksa bu tenden, Süýji sözlän tiller, galdyň, hoş indi. Kätmen urup, elem tartyp, nan berdim, Ara ýolda jepa çekip, jan berdim, Hyrajyň, salgydyň örän kän berdim, Jepalyja çiller, galdyň, hoş indi. Küňňüreli howla gelen myhmanlar, Ara ýolda köýdi jepaly janlar, Ili berbat etdi niçe bisanlar... Agzyň açyp

Çykyp gideliň

Il birlik etmedi bize, ýigitler, Geliň, bu watandan çykyp gideliň! (Duşmanyň) ýalyna öwrenen itler Gitmese, boýnuna kakyp gideliň! Syndyrmaňlar goçaklaryň badyny, Ýitirdiňiz ärsarynyň adyny, Indi möwlam berse iliň dadyny, «Lahowla-billany» okyp gideliň! Begleriň ýüzüne gara çekildi, Anyň üçin abraý ýere döküldi, Üstümize emir tugy dikildi, Goldan gelse, ony ýykyp gideliň! Gün-günden halymyz

Sagat gütse gerekdir

Soltannyýaz begniň toýuna indi Müneçjimler sagat gütse gerekdir. Gelen dosty gitmän öýüne indi, Hyzmat edip munda ýatsa gerekdir. Çar tarapa çapar gitdi hat bile, Hoş lybaslar geýip, ýüwrük at bile, Gelse gaýy ili hem baýat bile, Owal altyn gabak atsa gerekdir. Başdan-aýak külli ärsary gelip, Teke, salyr, saryk bisýary gelip, Bil ki türkmen atly il bary gelip, At münüp, don geýip gitse gerekdir.

Mübärek olsun

Eý, garawul begi, Lebapdan gaçyp, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! Mirhaýdaryň külli baryndan geçip, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! Harazminde sürüp dürli «eşreti», Görüp geldiňizmi, ol han «hezreti?» Imdi hiç görmeýen gamy-hesreti, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! ... eýleban uzak endişe, El urupsiz bu gün köp ýagşy işe, Ylahym abraýly bolup hemişe, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! Bendi

Döwrany bardyr

Işabaşy ogly Soltannyýaz begiň Bu dünýäde dürli döwrany bardyr. Bedew münüp ýagşy ýigitler bilen, Günde çoh sapaly seýrany bardyr. Hemişe ýörüşi hüňker tutumly, Sözlese, her kime sözi ötümli, Subhy-şam jöwlany bolan ýetimli, Hak bereket beren aş-nany bardyr. Çyn begdir, hiç zatdan ýokdur perwaýy, Her gelene berer dürli serpaýy, Palaw iýip, içmäge gaýmakly çaýy, Käseýi-çynydan çendany bardyr.