Agä boluň !

Indiki aydan başlap 1 aylyk dynç alysha gitmäni wagtymy maşgalam bilen geçirmegi yuregime duwdüm. Saýtdaky tertip düzgüne men yok wagtym sereder yaly saytyn moderatorlaryna agzalary banlamak mümkinçiligini berdim şonun üçin ägä boluň düzgüni bozujylar

MENI DIŇLÄŇ!

Agzalar! Baha berilşik ertir agşam 21:00 çenli dowam eder. Şondan gijä galsaňyz, bäsleşikden çykarylýaňyz. Özüňizden başga ähli agzaň ýazanlaryna baha beriň. Özüňizem gaýrat edip ýeke-ýekeden ýazman baryny bir poçtada jemläp ýazyň. Maňa saýlap ýazmak kyn bolýar. Bulaşyp gidýär soňy. Yzygiderlikde baha beriň. Soň men şoňa görä şol durşuna paýlaşjak.

Bäsleşik-12

GELJEKDEN BIR GÜN Namaza turuzar galjaň aýalyň (Şu endigem galman geçdi, galmaýar), Ine, çaýa oturaňda depäňde Agtyjagyň kagyzlary gaýmalar. Sähel gatan çörek görüp saçakda, Kümşüldäp başlarsyň, hüňürdäp dişe. A soň köne portfeliň goltuklap, Köne endik bilen ugrarsyň işe. — Salam, daýy! — Gurgunmysyň, keýigim? — Salam, mugallym! — Salam, salam, Ogulbagt!.. ... — Hany, bu gün kim öwrendi goşgyny?

Bäsleşik-11

Geljekden bir gün... (Oýlanma) — Ezizim, hany bir çaý demle, çaý süzüp erigiň kölegesinde çaýlaly. Az salymdan çaý geldi, süýjüdir-kökeler hem gapdaly bilen. — Bä-ä keýwany. Häzir oglumyzam okuwdan geler. Oňa çenli çaý içip demimizi dürsäli. Onsaň şu böwürslenleriň içini otaly. — Bolýa kakasy, ýöne gepi başga ýana sowman yzyny gürrüň bersene. Bir eý diýdiň, bir beý diýdiň, bahana tapdyň durduň.

Bäsleşik-10

Penjireden süzülýän günüñ ýagtysyna gözlerimi açalak-ýumalak etdim.Gaşymda ejem.Özem ýaş,ýüzünde ýekeje ýygyrdam ýok,saçlaram şar gara.Oýaly-ukyly samyrdadym. -Mähribanym,juda owadan görünýäñ. Birdenem ýerimden böküp turdum. -Eje näme boldy saña?Nädip ýaşlygyña dolandyñ? -Gyzym men 2050-de alymlar ýaşlygyñ formulasyny oýlap tapandan bäri şeýle görünýän.Bilmeýän ýaly soraýañ.Aklyñ ýerindemi?

Bäsleşik-9

HYÝAL MENZILI Geljekden bir günüm özüm saýlasam, Ürküzmese meni dünýäň şowhuny. Ähli gowgasyndan uzakda bolsam, Adaty günlerden saýlansam biraz. Hyýallarym bilen galyp ikiçäk, Aýdym aýdyp bilsem öz sesim bilen Ýürekdeşim saýyp dutarmyň sesin, Ýöräbersem ýollaň gumagyn saýlap, Galam bilen goýup gitsem yzymy. Gitsedim, Gitsedim, juda uzaga. (Iň esasam razy etsem özümi. Ýogsa-da, nämekä meni

Bäsleşik-8

Geljekden bir gün (Gysgajyk hekaýa) Şu gün ir bilen men çölde gözümi açdym. Men bu ýerde oýanmaly däldim. Sebäbi geçen agşam men bu ýerde uklamandym ahyryn. Ýöne men bu ýerde näme işleýän? Belki düýşümdir, diýip özümi çümmükledim. Huşum eken. Säher wagtydy, gün gyzaryp çykyp gelýärdi. Asmanda gyzgylt şapaklaryň görki bir başgady. Men belent bir ýere çykyp, daş töweregime seretdim. Uzaklarda bir