Eý görüp, Aý-Güne ýananym, Jananym gelin boldy. Söýgüden adyny sananym, Halanym gelin boldy. Içimden çykmaýar armanym, Biwepa boldumy ol ýarym... Ýaş döküp, men sensiz aglaryn, Dildarym gelin boldy. Jan çyksa, ýar diýip çykar, Kimler maňa gözýaş döker, Ýarym şonda nirä bakar, Söýýänim gelin boldy. Men Allaňky, Hudaýyňky, Sensiz men ýaşaman dünýäde. Al meni, Hudaýjan, jan seniňki, Jananym gelin
Men şeýlebir bagtly, Buýsanjymyñ çägi ýok. Ýetýän islän zadyma, Ykbalymyñ ýogy ýok. Üwrelip dur arzuwlam, Ýöne onuñ bagy ýok. Göwün ýykan sözleriñ, Ýaragy bar, tygy ýok. Lewzine berimsiziñ, Wadasynyň yzy ýok. Demirgazyk ýürekleñ, Aýazy bar ýazy ýok. Asyl jomart kişileñ, Boly barda azy ýok. Hakdyr adyl adalat, Ondan üssün kazy ýok. Bire ýeten iki islär, Güzerana razy ýok. Geçen günden adama,
Köne kitaplary gowy görýän men, Okaýan keýpimiñ bozuk çagynda. Näme hakda gürrüñ berýänem bolsa, Toý bilen gutarýar soñky babynda. Bir künjekde üýşüp ýatyr ählisi, Tikin maşynynyñ kardon gabynda. Ýada düşýär olar köne dost ýaly, Kämahal keýpimiñ bozuk çagynda. Çary Ýegenmyradow