Tygy ýok

Men şeýlebir bagtly,
Buýsanjymyñ çägi ýok.
Ýetýän islän zadyma,
Ykbalymyñ ýogy ýok.

Üwrelip dur arzuwlam,
Ýöne onuñ bagy ýok.
Göwün ýykan sözleriñ,
Ýaragy bar, tygy ýok.

Lewzine berimsiziñ,
Wadasynyň yzy ýok.
Demirgazyk ýürekleñ,
Aýazy bar , ýazy ýok.

Asyl jomart kişileñ,
Boly barda azy ýok.
Hakdyr adyl adalat,
Ondan üssün kazy ýok.

Bire ýeten iki islär,
Güzerana razy ýok.
Geçen günden adama,
Ýatlama bar özi ýok.

awtor: Aýmuhammet Mergenow
1 лайков 100 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
11 июл 2022, 08:45
говун йыкан созлерин ярасы бар,тыгы ек болмалы болаймасын?