ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY (Çagalar öýünde işleýän nätanyş adamyň hatyndan)

Äpişgeden bakýan körpeje gözleň, Bar umydy şu ýollarda gizlenen. Sözler bilen aýtsam dolýar damagym, Naçarlary görmek agyr göz bilen. Nätanyş aýalyň sesi eşdilse, "Şula ejem" diýşip ylgap çykýarlar. Gaharjaň erkek bol, ýa-da mähriban, "Kakam..." diýip, umyt bilen bakýarlar. "Eger ejem gelse, şähere aýlar, Kakamjan telefon äberer täze..." Olara gyzyk däl, pasyllaň