“SENI ÖZGÄ BAGŞ EDIBEM BOLJAK EKEN...”

Saňa bakan gözlerim Hanasynda kör boldy. Kükregimde körük boldy ýüregim. Emma gözlerimden sylyp bilmedi Gözýaşlar söýgimi... Sensiz-de ýaşamak boljak ekeni. Seni özgä bagş edibem boljak eken, görsene, Garaňkydy sensiz dünýe, Sensiz günler garady... Ýüregimiň durmaýşyna men haýran. Bäý-bä, Sensiz-de ýaşamak boljak ekeni. Seni özgä bagş edibem boljak eken, görsene... ✏Laçyn PÜRJÄÝEWA

Hyýalymda seni gözläp barýaryn

Kalpda yşkym gülläp gözde ýašymdan Sana wadalarym salgymdan çykmaz Belki men çykaryn seniñ ýadyñdan Saña bolan söýgim kalbymdan çykmaz Seni ýakan ýakan bu gozler Keşbimi gözlärsiñ aýly gijeden Gör ne ajap ajap bu duýgy Mahal mahal jemalymy küýseder Arzuwlam azaşdy nätanyş ýollarda Kalpda pynhan syrlam gizläp barýaryn Niçiksi didaryñ göwnüñde halda Hyýalymda seni gözläp barýaryn Aydymjyk:)

ŞAHYR

Şahyr Göwnühoş günleriň elinde ýaşap, Mawy düýşleriniň düşüp ýüregne, Ol ondan köp zatlar agtaryp ýördi, A köp zatlaň bolsa däldi geregne. Aýdymdaky gözel bolmak isledi, Ýeller saçlarynyň basanda sussun, Arzuw bilen ýaşamaklyk aňsatka, Ony ýaşap ýören nädip unutsyn? Bir kiçijek dünýäň uly adamsy, Bir uly dünýäňem kiçijek gyzy Asmandaky ýyldyzlara düşünýär, Bir reňkdäki gündizlere düşünýär, Adamda