Wäşi /ylmy-fantastiki hekaýa

WÄŞI Otagda ýaňlanan sesleri eşidip ikirjiňlenmän içeri girdi. Töweregi synlady. Otagda ondan gowurak adam bardy. Ömür tanapy üzülip barýan bir garryň başyny alyp, göz ýaşlar içre garaşyp otyrdylar. Synçylygyna esaslanyp dogry pursady ulandy, soňra işini ýerine ýetirmek üçin iň amatly adam diýip hasaplan orta ýaşlaryndaky adamyň ýanyna baryp: — Salam jenabym, bir degişme diňlemek isleýärsiňizmi?–

Goşgy

Söýgiñ güýji Gedemlikden hiç kimsa-ge yan bermân Bir özüni söyyan özdiýenlidim. Yöne haçan,niçün hiç bildirmezden Söýgi peýkamyñy kalba gönlediñ Sowlup yetişmedim nazarlaryñdan. (Yogsa ele düşmek islegim dâldi.) Gözleriñ söýgiñi añladyp durka Söýýân sözüñ geregi hem ýok dâmi?! Bagt berjekmi? Meniñ üçin bil onna Sözden gözleñ mâhri has hem süyjüdir. Sözün aşygyna beyle özgerşi Berip bilen meger

...

Asuda watanmyň asudalygam, Kän zada degýär. Belent daragtlar şemala çala, Başyny egýär. Synag sowgatlarny bagş edýär bize, Süýjisi bilen. Durmuşymyz hasam süýji dälmidir, Ajysy bilen? Ýüreklerde buýsanç,dillerde sena, "Biz öňe barýas" Bilseň ajalyňam bize gelmeýär, Biz oňa barýas. Gerçeknazar Amannazarow

,,SEN,,

Dünýäň ähli baýlygyna, Çalşyp bilmedigimsiň sen. Gyýylma bitaýlygyma... Gowşup bilmedigimsiň sen. Duýgulam ýaşaýar entäk, Köreýän yşkymy ýelpäp, Bu ýollarda selpäp-selpäp, Duşup bilmedigimsiň sen. Säher durmaz aklygyna, Ynsan ötmez päkligine, Henizlerem ýoklugyňa Alşyp bilmedigimsiň sen. Ötdi ýaşlygym nalaýa, Aýt bizi näme baglaýar? Nika, öý hem bir täleýe, Duşup bilmedigimsiň sen. Ogulnur