Wäşi /ylmy-fantastiki hekaýa

WÄŞI

Otagda ýaňlanan sesleri eşidip ikirjiňlenmän içeri girdi. Töweregi synlady. Otagda ondan gowurak adam bardy. Ömür tanapy üzülip barýan bir garryň başyny alyp, göz ýaşlar içre garaşyp otyrdylar. Synçylygyna esaslanyp dogry pursady ulandy, soňra işini ýerine ýetirmek üçin iň amatly adam diýip hasaplan orta ýaşlaryndaky adamyň ýanyna baryp:
— Salam jenabym, bir degişme diňlemek isleýärsiňizmi?– diýdi.
Aglamakdan ýaňa gyzaran gözlerini galdyryp, robota geň galyp seretdi. Näme diýendigine düşünmän, jogap bermäge ikirjiňlendi. Üstesine durşuny üýtgetmän Bilesigeliji:
–Siziň pikiriňizçe penjek geýen eşege näme diýilýär?– diýdi.
Gaýgyly adam biygtyrýar:
–Näme diýilýär?– diýdi.
– Ertiriň haýyrly bolsun, diýmeli. Näme diýilsin başga! Ha-ha-ha.
Otagda ýaňlanan mehaniki gülki adamy biynjalyk etdi. Özüne dikilen göreçlerden gaçýan ýaly gaharly ýerinden galdy, sesini gataltmanyrak:
– Oýun edýäňmi? Kakam bärde ölüm ýassygynda ýatyr, sen degişme aýdýaň? – diýip gatyrgandy. Bilesigeliji bular ýaly garşylyklara öwrenişiklidi.
–Jenabym, men şonuň üçin bärde ahyryn. Näsaglaryň ýakynlarynyň keýpini götermek, psihologiki goldaw bermek üçin öndürildim.
Bu gezek:
– Wah, sen– diýip gygyraýjak boldy, ýöne otagdaky gözleriň henizem özüne garaýandygyny duýup sesini peseltdi– Robot bolýan bolsaň, bir derdimize ýarada kakamy sagalt.
– Gynansam-da ony edip bilmerin, jenabym. Programmamda bu ýok. Görnüşine görä kakaňy hiç kimem sagaldyp bilmez. Emma bir henek aýdyp bilerin, näme diýýäňiz?
Bu sözler ozalam sabyr käsesi dolup-daşyp duran adamyň gaharyny ýetjek derejesine ýetirdi. Ýerinden galyşy ýaly täze degişmesine taýýarlanan kiçijik roboty göterip, sarsgylamaga başlady. Ol sarsdygyça Bilesigeliji gygyrýardy, otagdakylar bar-ýok güýçleri bilen ikisini aýyrmaga synanyşýardy. Eýdip, beýdip ahyry Bilesigelijini ol adamyň elinden aldylar. Eşiden söwünçlerine üns bermän otagdan çykdy.
Az-owlak garaşdy. Howsalaly ylgaşýan adamlary, olaryň yzyndan aýrylmaýan dostlaryny synlady. Soňra koridoryň aňry çetindäki üýşüp duran adamlary gördi, şolaryň ýanyna ugrady. Adamlar gamgyn ahwalda reanimasiýa bölüminiň öňünde durdylar. Derrew aralaryna sokuldy, salam berip-bermän henek aýtmaga başlady:
"– Obadaşlar çaýhanada otyrmyşlar. Aýa gitmek meselesini gürrüňleşip otyrkalar Temel gürrüňe goşulypdyr:
– Men güne gitjek.
Dostlary garşy çykypdyr:
– Gün jaýyr-jaýyr ýanýa, gidip bilmersiň!
Temel bu, hiç durarmy, ýelmäpdir jogaby:
– Men gijäň salkyn wagty giderinda…'
Her kim geň galyp henek aýdýan robota seretdi. Hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Koridordaky ýekeje ses Bilesigelijiden çykýan gülki sesleridi. Dymyşlykdan gaýratlanan Bilesigeliji başga bir henege başlady:
"Temele tiz kömegiň sürüjisi bolup işe başlan ilkinji güni bir näsagy öýünden alyp, hassahana getirmegi tabşyrýarlar. Aradan iki sagat geçýär. Yzyna dört näsag bilen dolanan Temel, lukmanlara ýagdaýy şeýle düşündirýär:
–Neme, bu ilkinji orundaky esasy näsag… beýleki üçüsini ýolda men kakdym…"
Bilesigeliji soňky sözüni aýdyp-aýtmanka ýakasyna biri ýapyşdy. Megerem munça adamy beýle gynandyryp, hassahana üýşüren ýagdaý bir ýol heläkçiligi bolmaly. Ýene-de başlady zenzele, gopdy bir kyýamat. Goh-galmagal şeýle bir ulaldy welin, hatda garawul hem roboty kynlyk bilen halas etdi. Adamlar köşeşsin diýibem ýanynda saklady.
Ençe ýyldan bäri hassahanada işleýändigine garamazdan ýagdaýa düşünip bilmedi, örän geň galdy. Adatça Teskin Robotlary adamlary köşeşdirýärdi, şonuň üçin işleri hem ulaldy. Emma ýanynda loňk-loňk edip ýöräp barýan bu robot näme üçindir adamlaryň sabyr-käsesini püre-pür edýärdi. Bir kemçilik ýa-da näsazlyk bardyr öýdüp ýagdaýy tehnik bölüme aýtmagy makul bildi.
Garawulhana getiren robotyny ýanynda oturtdy. Serwise jaň edip ýagdaýy düşündirdi. Indi garaşmalydy. Oturgyjyna oturyp, köýneginiň jübüsinden çykaran suratyna ýaşly gözler bilen seretmäge başlady.
Bu wagtda Bilesigelijiň kellesindäki ýekeje zat çala galan işini bitirmekdi. Üstesine gowy pursat öz aýagy bilen gelipdi. Barybir näsaglary şatlandyryp, güldürip bilmedi, emma özüne kömek eden bu rehimdar adamy şatlandyryp biler, belki. Iýen taýaklary sebäpli heneklerini üýtgetmeli diýen karara geldi. Amatly pursatda derrew henek aýtmaga başlady:
"Bir gün Ependiden sorapdyrlar:
–Ýüz ýaşyndaky adamyň çagasy bolarmy?
–Ýaş goňşylary bolsa bolar–diýipdir."
Hyjuwly henek aýdan Bilesigelijigiň bilmeýän ýeke zady, garawulyň göz ýaşynyň sebäbi aýaly tarapyndan hyýanat edilmegidi. Aýrylyşmagyň öňisyrasynda bolan adam henegi diňläp, işi zady ýatdan çykaryp ýapyşdy robotyň ýakasyna. Ýene-de goh-galmagal, bu gezek ara hassahanaň polisiýasy goşuldy. Ilki bilen garawuly köşeşdirdiler. Soňra ýolbaşçylaryň buýrugy bilen roboty fabrika äkitmek üçin ýola düşdiler.
Ýolda öz aralarynda gürrüňleşýärdiler. Klassyk oýunyň gürrüňidi. Kim ýeňer, kim ýeňiler jedeli örboýuna galypdy, örän şatlanýardylar. Emma Bilesigeliji länetli soragy sorady.
–Bir degişme aýdyp bermegimi isleýäňizmi?
Agşamky habarlara sereden telegörüjiler, bir henek sebäpli iki futbol janköýeri polisiýanyň biri-birini suwa-salma ýenjendigine geň galyp tomaşa etdiler.

Emre Bozkuş
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
1 лайков 81 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.