Artistleriñ degişmeleri
Artistleriñ degişmeleri
■ BIR KÖPÜGI KEMEM BOLSA GEREK DÄL
Teatrda A.Wampilowyň «Oba anekdotlary» atly spektakly gidip dur eken. Şol oýunda baş rolda oýnaýan aktýoryň şeýle sözi bar eken:
– Eý, adamlar, gaýrat edip maña ýüz manat karz pul berseňizläň. Bar pulumy agşam içip gutaraýypdyryn, hut kelläm ýarylyp barýar. – Aktýor bu sözleri şeýle bir özelenip aýdypdyr welin, tomaşa zalyndan biri sahna çykyp:
Aktýor bu ýagdaýdan aljyraman çykalga tapypdyr:
– Maňa dine ýüz manat gerek, ýüz manatdan bir köpügi kem bolsa-da gerek däl.
■ HEMME ZADY OŇARÝAR
Bir gün gazetde «tertip-düzgüni berkitmek» barada Staliniň permany çykypdyr. Muny okan Garabatyr:
– Be, şun-a oňarypdyr – diýip, gazeti Şyhly Agaýewe görkezipdir.
Şyhly Agaýew çalarak ýylgyryp:
– Näme, munuň oňarmaýan zadam barmy? – diýip, gazeti yzyna uzadypdyr.
Ozal gözüniň ody alnan Garabatyr:
– Ýok, ýok, hemme zady oňarýar. Heý öňden görüji Serdaryňam bir oňarmaýan zady barmy – diýip, Şyhly Aga naýynjar garap ýanyndan sumat bolupdyr.
■ GELERIN DIÝDI GELJEKDIR-DÄ
Aman Gulmämmedowyň teatra direktorlyk edýän wagty jaýdan kösenýän ýaş oglanlaryň biri günde jaý diýip baryp halys ýüregine düşýär eken.
Bir gün jaýdan kösenýän oglan Aman aganyň ýanyna girýär weli, Aman aga telefon trubkasyny göterip:
– Alo, Salam. Balyş Öwezowiç, siziň özüňizmi? Men-ä ýene şol düýnki mesele boýunça. Oglanlar jaýsyz gaty horlanýarlar. Kömek etmeseň boljak däl. He... neme diýdiň? Sagat üçemi? Bolýar. Bararyn.
Aman aga trubkany goýup:
– Ine, gördüňmi? Menem siziň aladaňyzda. Balyş Öwezow meni jaý meselesi boýunça ýene bir sagatdan, sagat üçde kabul etjek.
Jaý diýip gelen oglan:
– Aman aga, Balyş Öwezow häzir Moskwada plenumda otyr ahyry... – diýipdir.
Aman aga ol oglanyň sözüni kesip:
– Otursa oturypdyr-da, samolýotyň ýanynda ýol gaýgymy, üçe diýdimi, üçde kabul etjekdir-de – diýip, oglany çykaryp goýberipdir.
■ KÖP SATMAZDY
Suraý Myradowa hakda kärdeşleriniň biri bir makala ýazypdyr. Ilki ol makalany gazet-žurnallarda goýberdýär. Soň radio-telewideniýede-de berýär.
Bir gün Suraý Myradowa şol makala ýazan kärdeşine gabat geleninde?
– Jigim, ejem jan diri gezip ýörenem bolsa, meni senden köp satmazdy – diýip, ýylgyryp oňaýypdyr.
■ SEREDILMEDIK GURAJAK BOLSA...
Bir gün artistler Gurbandurdy Atamyradowyň başlyklyk edýän kolhozyna oýun eltipdirler. Gurbandurdy aga artistleri hormatlap bagyň aşagyna düşek ýazyp gowy hezzet edipdir. Şol bagyň içinde bir agaç gurapdyr. Ony gören betgelşigräk aktrisalaryň biri Gurbandurdy aga degmek üçin:
– Gurbandurdy aga, ol agaç näme üçin guradyka? – diýip, sorapdyr.
Gurbandurdy aga sypaýyçylyk bilen:
– Aý, ýaşamak wagty dolandyr, şonuň üçin gurandyr – diýipdir.
Ýaňky aktrisa:
– Ýok, Gurbandurdy aga, oňa seredilmändir, şonuň üçinem gurapdyr – diýen.
Gurbandurdy aga ýene sypaýyçylyk bilen:
– Aý, keýgim, ýüzüne seredilmedik gurajak bolsa, ikimiz bir wagt guraýmaly – diýipmiş.
■ AGAÇDAN TAMDYR OLAR
Gylyç Berdiýew teatr studiýasynda okaýarka aýdymdan azerbaýjan mugallymy bolupdyr. Gylyç aga aýdymyň heňini tutmaga duran ýeri eken. Halys jany ýanan mugallymy:
– Gylyç, senden bagşy olsa, agaçdan tamdyr olar – diýipdir.
■ ÜÝRME
Kemine teatrynyň belli aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe:
– Alty aga, it ýaly, üýrüp durmasana – diýipdir.
Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa:
– Alty aga, agşam haýsy oýun boljak? – diýip sorapdyr.
Üýrme diýilmesini gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da, gaýdyberipdir.
■ DEŇŇENE
Artistleriň üýşüp käte deňňene edäýmesi bar eken. Bir gün Baýram Sadyk, Ata Döwlet, Aman Gurbandurdy üçüsi ýumurtgadan deňňene edipdirler. Adama bäş ýumurtgadan alyp Baýram agalarda bişirmekçi bolupdyrlar.
Baýram aga heýgenek taýýarlap getiripdir.
Aman Gurbandurdy heýgenekden aljak bolýar welin, Ata aga ony saklaýar:
– Baýram, ýumurtgalar kem. Hany, ýene üçüsi?
– Wah, aşhanada bulam-delem edip gelen bolsam-a hiç zadam bilmezdiňiz – diýip, Baýram aga ýalňyşyna ökünip, hyrçyny dişläpdir.
■ ÝAKYŇ DIÝMÄNDIM
Belli režissýor Çary Myradow köp ýyllap Kemine teatrynda baş režissýor bolup işläp, soň Aşgabada işe geçýär. Çary aga gaýdandan soň Kemine teatry ot alýar. Muny eşiden Çary aga Kemine teatrynyň artistlerine duşanda:
– Size men gaýdamsoň teatry ýakyň diýmändim, ýykyň diýipdim – diýip, käýinipdir.
■ HUDAÝ ORAZ DÄLDIR
Çary Myradowyň münüp barýan maşyny agdarylyp aýagyny agyrdypdyr. Bir gün Oraz diýen dosty ony eşidip soramaga baranda, Çary aga:
– Oraz jan, hudaý ýoluna bir janly aýtdym, pomidor dagy ýetişdigi şony berjek – diýipdir.
Pomidor ýetişensoň, Oraz baryp:
– Hany, Çary, hudaý ýoluna aýdan janlyňy bereňokmy? – diýip, sorapdyr,
– Aý, siňek-zat ýatyşsyn, şondan soň bererin-de.
Esli wagt geçeninden soň, birden Çary aganyň agzy gyşaryp gulagyna ýetip duran bolaýypdyr. Muny eşiden Oraz Çary agany soramaga baranda:
– Ine, Çary, hudaý Oraz däldir aldap ýörer ýaly – diýip, kineli ýylgyrypdyr.
■ AÝ GÜLÄÝSEŇIZLÄŇ
Soň bir gün Çary aganyň agzynyň gyşaranyny eşidip ýoldaşlary ony soramaga barypdyrlar. Çary aganyň ýüzüne gözleri düşen ýoldaşlary pyňkda-pyňk bolup zordan saklanjak bolýar ekenler. Bu ýagdaýy aňan Çary aga:
– Aý gülüp goýberseňizläň – diýip, özem hezil edip gülüpdir.
■ SAGAT NÄÇEKÄ?
Mollanepes teatrynyň aktýorlary Tejende gastrolda gezip ýören ekenler.
Gylyç Berdiýew bir golça düýe çalyny alyp agşam oýundan soň içerin diýip holodilnikde goýupdyr. Agşam oýun görkezmäge gidenlerinde kimdir biri Gylyç aganyň çalyny içip gabyny taňkyradyp goýupdyr. Bu ýagdaýy eşiden Annamyrat Berdiýew Gylyç aganyň ýanyna baryp:
– Gylyç aga, halys ganym gatap barýar, bir owurtjyk çal bersene – diýýär.
– Ogul, çaly içenden sora – diýip, Gylyç aga Myrada köp manyly seredýär.
Şol gije Myrat Berdi sagadyny äpişgäniň öňünde goýup ýatyp galypdyr. Onuň sagadynam kimdir biri alyp gidipdir, bu ýagdaýy derrew Gylyç aga buşlapdyrlar.
– Ogul, Myratjan, sagat näçe bolduka, he-he-he...
Ozalam jany ýanyp duran Myrat:
– Sagady nätjekdiň? – diýip sorapdyr.
– Aý, radiomy sagadyňa düzäýjekdim.
– Aý, ýaşuly, radio sagada düzülenok, sagat radio düzülýär. Meniň sagadymam seniň çalyňa döndi.
Gylyç Berdiýew çal içençe hezil edip gülüpdir.
■ ŞÜKÜR ET
Aktýorlaryň biri Kakajan Aşyrowyň ýanyna baryp:
– Şu gün wraça özümi görkezdim, içiňde çäge bar diýdi – diýip, zeýrenipdir.
Kakajan ara wagt salman:
– Ýak, senem-ä, iç seniňki bolsa, içiňden altyn-kümüş çykar öýtdüňmi, henizem garagurum çykmandyr, şoňa şükür et – diýip, ýylgyrypdyr.
■ NÄÇE GÜN DYMJAGY BELLI DÄL
Sary Garryýewiň käte ýoldaşlarynyň ýanynda teatryň ýolbaşçylaryny tankytlaýmasy bar eken. Bu habar teatryň ýolbaşçylarynyň gulagyna ýetip, Sary agany ýanlaryna çagyryp, diline berk bolmagyny tabşyrýarlar.
Şol gün aktýorlaryň biri Sary aganyň ýanyna gelip, ondan-mundan gürletjek bolýar.
Sary aga:
– Sen özüňi iberen adama Sary şu gün-ä geplenok, ýene näçe gün diline berk boljagyny bilemok diýäý – diýipdir.
■ GÜLKÜJIGIM BARDYR
Mollanepes teatry Baýramalyda gastrolda eken. Baýramalynyň bir obasyna oýun görkezmäge barýarlar weli, geldiňmi-gitdiňmi diýýän ýok eken. Gylyç Berdiýew idäp-sorap kolhoz başlygyny tapypdyr. Görse, ullakan saýaly agajyň aşagynda keýp çekip oturan eken. Ol Gylyç agany göreninden ýaňsylap başlaýar.
– He, ýeri, Gylyç jan, oýunjyk getirdiňmi? Ä, şeýlemi, oýunjyk getirdim diýsene. Meniň käbir gülküjiklerim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin, he-he-he... Onsoň agşam oýunjyk oýnap hezil berjek-dä, he-he-he... gülkimiň käbir adamlara ýaramaýan bolmagam mümkin he-he-he...
Bu wakadan 5 – 6 ýyl geçeninden soň, bir gün Gylyç aga Baýramalynyň bazaryna aýlanyp ýörkä, häki başlyk öňüne 3 – 4 sany gawun goýup satyp oturan eken. Gylyç aga ony göreninden tanap:
– He, gawunjyk satýarmyň, näçeden satýan... meniň bolgusyzja gülkim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin... he-he-he... Onsoň gawunjygyň geçýärmi? Tozanly bazarda gawun satmak gowumy ýa saýaly agajyň aşagynda, aýagyny sowuk suwa sokup, keýp çekip adamlaryň üstünden gülmek. Meniň bolgusyzja gülkim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin he-he-he... – diýip, Gylyç aga onuň ýanyndan gidipdir.
■ SESIM ÝETERMIKÄ?
Aragyň başyna agyr kysmatyň düşen günleri – aragyň gadagan edilen günleri käbir toýlarda aragy çäýnege salyp berýärdiler.
Keýpiň çag wagty boş çüýşäni «dutar» edinip, kiçiräk mähelläni güýmemegi endik edinen Myrat Berdiniň günem kynlaşypdyr: boş çüýşe bolmasa nädip aýdym aýtjak?! Toýa boş çüýşe göterip barmagam gelşiksiz.
Bir toýda Kakajan Aşyr öý eýesine Myrat Berdiniň oturan mähellä hezil bermek sapasynyň bardygyny, onuň üçinem bary-ýogy ýekeje boş çüýşeniň gerekdigini aýdypdyr. Çäýnekde arak berendigi üçin öňem galpyldap oturan wezipeli öý eýesi ör-gökden gelipdir. Oturanlar öý eýesine «Çüýşe tap-da, çüýşe tap» bolşupdyrlar.
– Eline zat bermeseň, aýtmajak bolsa, ine şunuň bilen gygyrybersin – diýip, öý eýesi üç litrlik banka getiripdir:
Kakajan:
– Guralynda-ha kem galmady. Hünäriň bolsa görkez – diýipdir.
Myrat Berdi bankany siňe synlap, Kakajana ýüzlenipdir:
– Be, Kakajan, muňa meniň sesim ýetermikä?
■ ENDIK GURSUN!
Men ir bilen Berdi Bäşime jaň etdim:
– Kärdeş, düýn siziňkide köpräjik içäýipdirin. Öýe nädip gelenimi bilemok. Çagalaryň ejesi-hä aýakýalanaç geldiň diýýär. Köwşümi kime berdimkäm, ýadyň- da ýokmy?
– Yzyňdan gygyryp galdym. Taksa köwşüňi çykaryp münen ekeniň...
■ «WOLGA» GEREK DIÝSENE
Teatryň belli aktrisalarynyň biri her sapar hökümet ýolbaşçysy çalşanda täze «Wolga» diläp alyp satar eken.
Ýanky aktrisa Sary aganyň ýanynda hökümet ýolbaşçysyndan zeýrenipdir. Täze hökümet ýolbaşçysy bellense, hemme zadyň gowulaşjakdygyny aýdypdyr. Sary aga onuň myş-myşyna düşünipdir:
–Wah, keýgim, «Wolga» gerek diýäýsene.
■ AGZYŇY SOWUK ALANDYR
Allanazar aga kinoda işleýän döwri türkmen diline geçirilen kinolary ýokary edaralara tabşyrylar eken. Her sapar kino tabşyrylanda, türkmen dilini bilşi ýabygorlyrak bir ýolbaşçysumak o ýeri bolanok, bu ýeri bolanok, şu ýerde şeýle gürlemeli eken diýip gün berenok eken. Günlerde bir gün ýaňky adamy, eýdip-beýdip dublýaža geler ýaly edýär. Galyň garyn içinden ylgap gelýän bir adamyň iki agyz aýtmaly sözüni oňa tabşyrýar. Ol şu bela jan etse-de, oňaranok diýýä. Halys gepläp bilmän dili çolaşyp duran eken. Allanazar aga ýylgyryp:
– Ýeri bolýa-da, görenokmy, ýer gar, agzyny sowuk alandyr-da, sen gaýdyber – diýip, ony ugradypdyr. Gaýdyp ol ýolbaşçysumak tankyt edäýse nädersiň.
■ LAL ETDIM
Başga bir gün ol ogluny dublýaža getiripdir. Ogly aljyrap ýekeje agyz söz hem aýdyp bilmän dur diýýä. Her näçe gepletjek bolsa-da, bolanok eken. Halys sabyr kesesi dolan Allanazar aga, kybla bakyp çöküne düşüpdir-de:
– Eý, Alla, çagany-ha lal etdim. Indi munuň, ejesine näme jogap bersemkäm – diýipdir.
■ SENIŇKI NÄME?
Ýer titrenden soň kinostudiýanyň dublýaž bölüminiň jaýy kepbäniň öňüni dolan ýaramazja jaýda ýerleşýär eken. Daşarda sähelçe ses bolsa, içinde eşidilip duran eken. Bir gün Allanazar aga ýaňy ses ýazmaga girişýär weli, daşarda it üýrüp başlaýar. Eline ýarty kerpiç alyp iti kowup gelýär. Täzeden ýazyp ugraýarlar weli, gök gürläp başlaýar. Ýazgyny ýene saklaýarlar. Gök gürläp bolansoň, täzeden başlaýarlar. Ýazgyň ýarsyna ýetiberende güýçli jala gelýär. Bu ýagdaýa halys çydamadyk Allanazar aga:
– Baý, gurbany boldugym Alla, it-ä it weli, seniň-ki näme? – diýip, özüni lampa ýere goýberýär.
■ ULY DILEG
Şyhly Agaýew ýaşynyň altmyşdan geçenligine garamazdan, hemişe ýaşlar bilen tirkeşer eken. Oglanlar bir gün ony gürrüňe güýmäp, münmeli maşynyna mündürmän, başga bir maşyna mündüripdirler. Esli ýol geçen soňlar oglanlar ýaşula degip başlapdyrlar:
– Ýaşuly, ýoluňy üýtgedipsiň weli, bize täze gelneje tapaýan-a dälsiň-dä?
Şyhly Agaýew gara çyny bilen:
– Eý gudraty güýçli Alla! Şularam men ýaly garrap, öz agtyklary ýalylara üstünden güldürsin-de hernä – diýip, maşyndan düşmek bilen bolupdyr.
■ KÄRDEŞLERIŇKINI DÖKDÜŇ
Sary Garryýewiň ýanynda ýaşy ýetmişden geçen kärdeşleriniň biri:
– Sary, meniň ýaşym ýetmişden geçenem bolsa ýekeje dişim hem gaçanok – diýip, öwnüpdir.
Sary aga:
– Aý, onuň üçin magtanma, oňa derek ähli kärdeşleriň dişi döküldi – diýipdir.
■ DUR
Uruş ýyllarynyň yz ýanlary eken. Kinostudiýanyň dublýaž bölümi uzynly gije işler eken. «Işden soň paýlaşyp içeris» diýip, Ata aga bilen Şyhly aga bir çüýşe arak alypdyrlar. Gijäniň bir wagty dublýaž gutarypdyr. Ata aga bilen Şyhly aga kinostudiýanyň garaňky çüňkünde arak paýlaşmaga başlapdyrlar. Ilki Ata aga Şyhly aga arak guýup berýär. Soň özüne guýup başlaýar weli, Şyhly aga:
– Dur, boldy – diýýär.
Ata aga geň galyp:
– Bi garaňkyň içinde bolanyny nireden bilýäň?
– Lykyrdysyny sanadym, şu wagtam sana bir lykyrdy artyk gitdi.
■ GABAMALY
Balyş Öwezow sungat hem edebiýat işgärleri bilen duşuşyk geçiripdir.
– Soňky wagtda ogurlyk köpeldi. Şony nähili ýol bilen azaltsa bolar? – diýip, oturanlara maslahat salypdyr. Hemme kişi dymyp otyrlarmyş.
– Eger meniň diýenimi etseň ýekeje-de ogurlyk bolmaz, ýoldaş Balyş Öwezow – diýip, Sary aga ýerinden turupdyr.
– Aýdyň, Sary aga, ogurlyk bolmajagyny bilsek, seniň diýenini gaty ederis.
Sary aga:
– Onda näme diýsene Balyş, şäherdäki ähli egni pagonlylary, ýaňky milisiýalary, hojaýynlary bilen bir howla gabap sakla, soň ýekeje ogurlyk bolsa meniň ýanyma geläý – diýipdir.
■ ELIŇI ÇEK
Bir gün Sary aga kinostudiýa baryp elini arkasyna tutup duranmyş. Kim baryp Sary aga «Salowmaleýkum» diýip elini uzatsa, Sary aga:
– Eliňi çek – diýip, elini ýygnaýarmyş. Sary aganyň häsiýetine belet Şyhly Agaýew:
– Be, Sary kakam-a bir döwletli kişi bilen salamlaşypdyr. Bize-de şonuň, döwletinden azajyk dadyraý – diýip, elini uzadypdyr.
Sary aga:
– Ýeri, sen bolansoň bolýa-da. Ýaňy men hut Balyş Öwezowyň özi bilen salamlaşdym. Çalaja elini degräý – diýip, elini uzadyp, derrew yzyna çekipdir.
■ ÝOKARY BOLANY GOWY-DA
– Sary aga sowuklap lukmana ýüz tutupdyr. Sary agany barlap, lukman:
– Sary aga, siziň gan basyşyňyz ýokary – diýipdir.
– Ýokary bolany gowy-da, aşaklaýança ýene üç-dört ýyl arkaýyn ýaşaryn – diýip, Sary aga lukmanyň ýanyndan hoş bolup gaýdypdyr.
■ MAŇLAÝYŇY ELLÄN-Ä DÄLSIŇ?
Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:
– Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok – diýipdir.
Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna göre sorag beripdir:
– Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?
■ INDI MENEM HAKLY
Oraz Arrykowa Ýagşy Akyýewden öň Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at dakylypdyr. Ýagşy ýygnakda ýa-da köpçülik ýerinde geplejek bolsa, Oraz:
– Sen otur, entek atly-abraýly adamlar geplese-de bor – diýip, gün berenok eken. Soň Ýagşy Akyýewe-de at berlipdir. Bir ýygnakda Ýagşy geplejek bolup ýerinden turýar weli, Oraz öňki endigi boýunça:
– Ýagşy... – diýýär weli:
– Indi meniňem hakym bar, seniň bilen deňleşdim – diýip, arkaýyn çykyş edipdir.
■ TERJIMEÇI
Sary Garryýew bilen Şükür Kulyýew Moskwa kino düşmege barypmyşlar. Ajyganlarynda Moskwaň bir naharhanasyna giripdirler. Hyzmat edýän gyz gelip, näme iýjeklerini soranynda, Sary aga sesini çykarman menýunyň bir ýerine barmagyny basypdyr. Nahar gelipdir. Şükür aga nahara ýiti-ýiti seredip:
– Sary, sen bularyň diline düşünýänsiň, sorasana naharyň eti gaty ak görünýär weli, doňzuň eti bolaýmasyn?
Sary aga derrew nahar getirýän gyzy ýanyna çagyryp:
– Eto swinýa? – diýip, sorapdyr.
Nahar getirýän gyz:
– Net, net eto porosýonok – diýipdir.
– Sary, bi parsonok diýdigi neme bolýar munuň? Sary aga:
– Parsonok diýdigi, sugunyň bir görnüşi bolmaly, arkaýyn iýiber, doňuz däl – diýip, özem haýdadyp naharyny iýipdir.
■ MYHMANÇYLYKDA
Sary aga bilen Şükür aga ikisi tirkeşip moskwaly dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyrlar. Öý eýesi olary gadyrly garşy alyp, aýalyny tanyşdyrýar.
– Moýa supruga.
Bu söze düşünmedik Şükür aga gözüni elek-çelek edip, Sary aga ýüzlenýär:
– Sary, supruga diýdigi neme bolýar?
Sary aga pikirlenip, Şükür aga düşündirýär:
– Eger aýaly bolsa ženam diýerdi, dogany bolsa sestram diýerdi, gyzy bolsa doçkam diýerdi, suprugasy çykany bolsa gerek – diýipdir.
Şükür aga Sary aganyň düşündirişine minnetdarlyk bildirip başyny atypdyr.
■ GYRP-ÇYRPAM BARDYR-A
Sary aga bir gün irden käýinip ýör eken. Marydan gezmege gelen Şükür aga:
– Ýeri-how, Sary, irden beýle näme käýinýäň? – diýip sorapdyr.
Sary aga janygyp:
– O-how, Şükürjan, bir seretsene – diýip, Şükür agany samanhana eltipdir. Şükür aga samanhana boýnuny uzatsa, dokuz güjükli ganjyk bilen ullakan köpek ýatan eken.
– Ýeri, dokuz güjüklini başyňa ýapjakmy, senem illeriňki ýaly gyrp-çyrp edip oňaýmazlarmy – diýip, Sary aga itine käýinipdir.
■ KIM GITMELI?
Kakajan Aşyrow bir gün artistleri ýygnap şeýle diýipdir:
– Adamlar, biziň birimize Mekge zyýarata gitmek bagty gabat geldi. Özüňiz kimi ibermekçi bolsasyz, tutuň adyny – diýipmiş.
Artistleriň hemmesi men gitjek-de, men gitjek diýip gygyryşyp başlapdyrlar. Kakajan näderini bilmän durka, bir artist:
– Mende bir sowal bar – diýip, ýerinden turupdyr.
– Aýt sowalyňy.
– Mekgä näme üçin gitmeli?
Kakajan soraga düşünip çalaja ýylgyryp:
– Näme üçin gitmeli bolar. Eden günäleriňden saplanyp, toba gelmek üçin gitmeli bolar-da – diýipdir.
Ýaňky men gitjek-de, men gitjek diýip gygyryşyp oturan artistleriň birindenem ses çykmandyr.
Bu ýagdaýy gören häki aktýor:
– Onda gül ýaly putýowkasy köýdi hasaplaý – diýipdir.
■ ŞÜKÜR ET
Aman Gulmämmediň teatra ýolbaşçylyk edýän döwründe iki sany aktýoryň sözi azaşyp Aman aganyň ýanyna barypdyr. Olaryň biri ilki söze başlap:
– Aman aga, şu maňa pohyňy iýme diýdi – diýip, arzyny aýdypdyr.
Aman aga:
– Päheý, şonuň üçinem bir gaharlanarlarmy. Eger o şony iý diýen bolsa näderdiň – diýip, ikisinem aralaşdyryp goýberipdir.
■ DÜZEDIP BOLMAJAK ÝALŇYŞLYK
1948-nji ýylda ýer titirän gijesiniň ertesi irden Meret Atahanow teatra ylgap barýarka jaýyň aşagynda bir iňňildi eşidipdir. Meret aga haýdan-haý ony gazyp ýeriň aşagyndan çykaryp görse, öz artistleriniň birimiş. Meret aganyň halas eden şol aktýory hemişe Meret aga bilen enjewi bolupdyr. Wagt tapsa Meret agany ýamanlar eken, tankyt eder eken. Bir sapar tomaşaçylar bilen duşuşyk bolanda tomaşaçylaryň biri:
– Meret aga, siziň durmuşdaky iň uly ýalňyşlygyňyz näme? – diýip, sorapdyr. Meret aga:
– Ýer titirände pylanyny ýeris aşagyndan gazyp alyp, ölümden halas etdim, üstüne ýene-de bir kerpiç oklada gidiber-de – diýip, agzyndan syndyranyny özem duýman galypdyr.
■ ÝUWUBAM GÖR
Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyndan zeýrendi:
– Meniň muňa etmedik emim ýok, Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan – diýip, zeýrenipdir.
Alty aga:
– Inim, sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör – diýip, maslahat beripdir.
■ ODY GÜÝÇLENDIRIBER-DÄ
Ýaş aktýoryň ýaşuly aktrisalaryň biri bilen sözi azaşypdyr. Tä oýun gutarýança gepleşmändirler. Ýolda ýaňky aktrisa özüniň çaga wagty hudaý ýoly üçin gaýnadylyp duran bir gazan çorba gaçanlygyny, ony biriniň derrew gazandan çykaranlygyny gürrüň beripdir.
Ýaş aktýor:
– Asyl bi çagaka-da bütin halkyň ýüregini bulap bilýär eken-ow – diýipdir.
Muny eşiden ýaňky aktrisa:
– Näme diýdiň? – diýip, sorapdyr.
– Dünýäde akmak adamlar bar-ow, ýeri şol wagt gazanyň gapagyny ýapda, odyny güýçlendiriber-dä.
■ MEN KESEL
Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Hommat Müllük dagyny toýa çagyrypdyrlar. Ýöne olaryň şol gün kinostudiýada işleri bar eken. Onsoň olar maslahat edip, režissýoryň geljek ugrunyň hersi bir ýerräginde durupdyrlar. Ilki Baba Annanow režissýor bilen salamlaşyp:
– Be, ýaşuly, ýüzüňiz gyzyl weli, janysyz beri sagmy? – diýip, soraýar.
– Şükür, saglygym gowy – diýip, desinden geçip gidýär.
Soňra Artyk Jallyýew režissýoryň gapdalyndan çykyp salamlaşyp:
– Eliňiz ýaman gyzgyn weli, janysyz beri sagmy? – diýip, soraýar.
– Ýany Baba-da şeýle diýdi, görýän weli, saglygymyň ugry ýok öýdýän – diýip, režissýor onuňam deňinden geçip gidiberipdir. Soňra Hommat Müllük salamlaşyp:
– Ýaşuly, ýüzüňiz ak tam-la, janysyz beri sagmy – diýipdir.
– Men kesel, özünem şu gün işe ýarajak däl, gitjek ýeriňize arkaýyn gidiberiň – diýip, režissýor yzyna dolanypdyr.
■ ZAÝOMA ÝAZYLYŞYK
Uruş ýyllarynyň yz ýanlarynda teatr işgerleriniň aýlyk haklarynyň belli bir bölegini zaýoma ýazar ekenler. Bir gün Şyhly Agaýew ýoldaşlarynyň ýanynda:
– Zaýoma her kim islegi boýunça ýazylmalymyş, bizem öz islegimiz boýunça ýazylalyň – diýip, gürrüň edipdir.
Muny eşiden teatr ýolbaşçylary Şyhly agany ýanlaryna çagyryp, gowuja «düşündiriş» geçiripdirler. Şol gün teatrda ýygnak bolupdyr weli, Şyhly Agaýew ilki söz alyp:
– Ýoldaşlar, zaýoma ýazylmak döwlet ähmiýetli iş, men şu saparky aýlygymyň baryna ýazylaryn. Siziňem ýazylmagyňyzy towakga edýärin – diýipdir.
Şyhly Agaýewiň çykyşyny geň gören Myrat Seýitnyýazow:
– Be, Şyhly, ýarym sagat mundan öň başgaça saýraýardyň-la? – diýip, sorapdyr.
Şyhly Agaýew:
– Mugallymym duşdy, düşünjämi artdyrdy – diýipdir.
■ AMAN AGA AÝT
Mollanepes teatrynyň sahnasynda Güseýin Muhtarowyň «30-njy ýyllar» spektakly gidip duran eken. Aman Gulmämmedow Küýki baýyň roluny oýnaýar. Ýaş aktýorlaryň biriniň:
– Baý aga, üstümize çozýarlar – diýen sözi bar eken. Ýaş aktýor ylgap sahna çykýar. Aman aga gözi düşenden:
– Aman aga, Aman aga, Aman aga... – diýip, sözüni tapman aljyrap duranmyş. Aman aga ýaş aktýoryň aljyranyny görüp:
– Aman aga aýt, ýigitleri alyp, duşmanyň üstüne eňsin, baý aga şeýle diýdi diýip aýdarsyň. Özüňem ugra çaltrak – diýip, ýaş aktýory sahnadan çykaryp goýbýeripdir.
■ ŞU WAGTDAN BAŞLABER
Bir gün Gylyç Berdiýew elini ýuwupdyr-da, Baýram Sadykowa:
– Ogul kisede ýaglyk bar, şony alyp ber-le – diýipdir.
Baýram Sadykow:
– Şu ýaşyma çenli, iliň kisesine elimi sokmandym, indem sokman – diýipdir.
Gylyç aga:
– Aý, ogul iru-giç etjek işiňdir, şu wagtdan öwreniber – diýip ýylgyrypdyr.
■ SAŇA MASLAHAT SALYNAÝÝAR
Aman Gulmämmedowyň teatra ýolbaşçylyk edýän ýyllary ony ýokary edaralara çagyryp, planyny dolanok diýip igenipdirler. Aman aga bu ýagdaýa jany ýanyp, Ata Durdyýewe:
– Atam, planyny dolanok diýip, iki aýagymy bir gonja sokýarlar. O-how, bi sungat diýilýän zat ekin del ahyry, köpräk ekip, köp hasyl alar ýaly – diýip zeýrenipdir.
Aman aganyň zeýrenjini üns bilen diňlän Ata aga:
– Haý, Aman, senem-ä, näme, olaryň igenjini çeki ýörüp, taşlarlar direktorlygy – diýipdir.
Aman aga:
– Saňa-da akylly diýip maslahat salynaýýar weli, direktorlygy taşlamakdan başga çäre ýokmy? – diýip, ýanyndan turup gaýdypdyr.
■ URUŞDYRAÝJAKLARMY?!
60-70-nji ýyllarda gazetlerde daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň hormatyna nahar berilenligini, naharyň parahat, dostlukly ýagdaýda iýilenligini habar berýän materiallar köp çap edilerdi. Gazetleri gözden geçirip oturan Allanazar Gurbanow:
– Be, indi nahar başynda-da gyrlyşaýjaklarmy-ka?! – diýip, gazeti beýläk oklap goýberipdir.
■ ÝYGNAKDA
Aman Gulmämmedowyň teatryň direktory wagty ýygnak bolupdyr. Entek Aman aga çykyş etmänkä aktýorlaryň biri söz alyp:
– Ýoldaşlar, ýaňy Aman aga gaty dogry aýtdy. Biz tertip-düzgünimizi berkitmeli. Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdyşy ýaly, oýunlarymyzyňam hilini ýokarlandyrmaly.
Aý, garaz, her sözüniň öňüne Aman aganyň aýdyşy ýaly diýip uly söz sözläpdir. Soňra ýygnagy alyp baryjy Aman aga söz beripdir. Aman aga:
– Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdan sözlerini ýerine ýetirseňiz bolar – diýip, çykyş etmän ýerinde oturyberipdir.
■ YSLY
Türkmenistanyň halk artisti Galpak Herräýewiň adamyň adyny ýadynda saklamaga duran ýeri eken. Onsoň ol hemişe adyny tapmadyk adamyna «nemeguly» diýip ýüzlener eken. Bir sapar Tejende gastrolda gezip ýörkäler, Aman Gurbandurdyýew bilen Galpak aga «GAZ – 51» maşynyň kabinasyna münüp obalaryň birine gidipdirler. Sürüjiniň ady Porsy eken. Barýan ýollaram juda ýaramaz eken. Porsy maşynyň tizligini üýtgetmek üçin zol tizlik üýtgedýän ryçagy ellemeli bolýar. Aman Gurbandurdyýew, Galpak aganyň gulagyna pyşyrdap:
– Galpak aga, sürüji şu somalyp duran demri köp elleýär weli, döwüleýmesin – diýýär.
– Eý, neme, nemeguly, ah, içigara galan. Ysly, sen şony köp elleme, döwersiň – diýip, Galpak aga tizlik çalyşýan ryçagy görkezýär. Oňa çenli sürüji tizligi çalyşjak bolup ryçagy elleýär weli, eline geleýýär.
– Aý, Porsy, men saňa, şony elleme diýip näçe aýtdym.
Sürüji:
– Baý, adym basym ýaňyna düşer-ä – diýip, maşynyny oňarmaga durupdyr.
■ POMPASY IŞLÄNOK
Galpak aganyň maşyndan başynyň çykmaýanlygyny Porsy aňypdyr. Bir gün bir obanyň magazinine barypdyrlar, magazine aýlanyp, gaýtjak bolsa maşyny ýöränok diýýär. Porsy maşynyň ol ýerine, bu ýerine sereden bolup güýmenip durmuş. Galpak aga:
– Nemeguly, munuň nemesi işlenok? – diýip, sorapdyr.
– Pompasy.
– Ony nädip bejermeli?
– Pompa spirt guýmaly.
– Ýeri, men spirdi nireden tapaýyn, arak guýsaň bolmazmyka?
Porsy:
– Aý birneme pat-putyrak işlär weli, bolar-la – diýýär.
Galpak aga magazinden bir çüýşe arak alyp gelýär. Porsy maşynyň beýlesine geçip goýberýär bir kese aragy, maşyn gul ýaly işläp dur diýýär. Şondan soň Porsyň maşyny magazin görse pat-put edip ýatyberýär. Galpak aga-da:
– Ýene pompasy işlenokmy? – diýip, magazine tarap ýumlugaýýarmyş.
■ EŞEK-LAÝ
Galpak aga dagy gastrolda gezip ýörkäler maşynlary günde döwlüp gaty heläk edýärmiş.
Bir gün Galpak aga Aman Gurbandurdynam ýanyna alyp, Aşgabada teatryň direktoryna telefon edipdirler. Galpak aga direktora:
– Aý, nemeguly, maşynymyz işlänok, günde döwülýär. Eger başga maşyn ibermeseňiz işi ýatyrmasak ýagdaý ýok.
– Galpak, iş ýatyrmak bolmaz, her edip-hesip edip, ugruny tapyp maşyny oňardyň-da işläň.
– Wah, döwlen şaýlaryny tapyp bolanok.
– Gaýrat et, nireden tapsaň tap.
Galpak aga telefon trubkasyny gulagyndan aýryp, agzynyň ýanyna eltip:
– Amanjan, bi haýwan, eşek-laý, muňa asyl gep düşündirip bolanok, me özüň gürleş-le – diýip, töweregine seretse, jaýyň içinde özünden başga adama gözi düşmändir.
■ GÖRIP
Teatrlaryň birinde şeýle bir waka bolupdyr diýip eşitdim. Dogrusy, bu wakanyň bolanlygyna-bolmanlygyna güwä geçip biljek däl. Ýöne eşiden zadymy size gürrüň bermegi weli dogry bildim.
Artistler gastrolda gezip ýörkäler, bir artistiň doglan güni bolýar. Ol artist ýoldaşlaryna:
– Wah, agşam iş bar-da, ýogsam-a doglan günümi siz bilen gowuja bellerdim – diýýär. Ýoldaşlarynyň biri oňa:
– Bellejegiň çynyň bolsa, oýundan soň belläý – diýýär.
Doglan gününi bellejek artist:
– Oýundan soň ertire sanýar – diýip, oňa razy bolmaýar. Bu gürrüňleri diňläp oturan ýaşuly artistleriň biri:
– Oglanlar, ertir iki oýnamaga söz berseňiz, men şu gije oýuny ýatyrmagyň ýoluny salgy bereýin – diýýär. Ýaşulynyň bu sözüni eşiden ýaşlar ertir iki oýun oýnamaga söz berýärler.
Ýaşuly ýanyndaky oturan oglanlaryň birine: – Häzir sen baş roly oýnaýan aktrisanyň ýanyna bar-da, «Buşluk, oglum bolupdyr» diý-de gaýdyber. Sen bolsa, inimi öýlendirýärler, ýaňy öý bilen gepleşdim diý – diýip, ikinji oglana tabşyrýar. Gapdalyňdaky oturan ýaş oglana:
– Sen bolsa, ýaňy öýden jan etdiler, kakamyň lotoreýasy maşyn utupdyr diý.
Oglanlar ýaşulynyň diýşi ýaly edipdirler. Ýaňky maslahat beren ýaşuly oglanlara:
– Indi daşaryk göz-gulak boluberiň – diýip tabşyrypdyr. Ýarym sagat geçip-geçmänkä bir oglan ylgap gelip:
– Eý, oglanlar, tiz kömek maşyny geldi – diýip, buşlaýar. Ýaşuly doglan gününi bellejek aktýora: – Indi arkaýyn taýýarlygyňy görüber – diýipdir.
■ HOŞ HABAR EŞITJEK GÜMANYŇ ÝOK
Teatrlaryň birinde şeýle waka bolupmyş diýip gürrüň edýärler.
Teatryň direktory agyr sarkawlap keselhana düşüpmiş. Direktorlykdan hantama aktýorlaryň biri işe gelende:
– Direktorymyzyň ýagdaýy nähilikä? – diýip, sorapdyr. Aktýorlaryň biri:
– Düýn ýanyna baryp gaýtdym, ýagdaýy gowy däl – diýipdir.
Direktorlykdan hantama:
– Aý basymrak ahyry gelewersin – diýip, çalarak ýylgyryp, onuň ýanyndan gidipdir.
Ertesi ýene-de direktorlykdan hantama ýanky aktýora duşup:
– Ýeri? direktoryň ýagdaýy nähili? – diýip, sorapdyr. Aktýor:
– Tüweleme, bäri bakýar, ýagdaý gaty oňatlaşypdyr – diýipdir. Bu sözi eşiden direktorlykdan hantama:
– Ertir bilen adamlardan hoş habar eşitjek gümanny ýokdur – diýip, onuň ýanyndan hüňürdäp sumat bolupdyr.
■ SAPARLY AGADAN SORAÝYŇ
Bir oturlyşykda Sary aganyň ýanynda biri:
– Men suwa çümüp, suwuň aşagynda ýarym sagat ýatyp bilýän – diýip, öwnüpdir. Sary aganyň munuň öwnüp oturşyna gahary gelip:
– Päheý, munuň aýtýanyna bak-a. Gulak asyň, bir sapar şeýle waka boldy – diýip, gürrüňe başlaýar. – Eşider bolsaňyz, men Saragtyň ýanynda kino düşüp ýördüm. Bir gün maňa Aşgabada örän gyssagly gelmeli diýip habar bardy. Hawwa-da, o wagtlar döwlet ähmiýetli maslahat bolsa, hemişe meni çagyryp durardylar. Hany, münüp Gaýdar ýaly, taýýar maşynyň barmy? Onsoň nädendir öýdýärsiňiz. Tejen derýasynyň gözbaşy Saragtyň ýanyndan gaýdýar eken. Aý, hiç kime azar bermäýin diýip, Allany çagyryp, urdum özümi suwa, derýanyň düýbi bilen akymyň ugruna 4 – 5 sagat çemesi kellämi suwdan çykarman ýüzdüm. Şol ýüzüp gelşime bir gürrüldi eşitdim, bi nämekä diýip kellämi suwdan çykarsam, Tejen derýasynyň köprüsi bolsa nätjek. Şol otlynyň geçenem gowy bolaýypdyr. Ýogsam Tejen derýasynyň aýak ujuna çenli ýüzjek ekenim: Şu hakyky bolan zat. Eger ynanmasaňyz, Saparly agadan sorap göreýiň – diýip Sary aga 20-30 ýyl mundan öň ölüp giden birini şaýat tutupdyr.
■ HER ZAT ETMELI WELI...
Bir gün artistleriň biri:
– Aý, şu artistlik käri kyn – diýip, zeýrenipdir. Söýün Amangeldiýew:
– Aňsad-a diýjek däl, iki gulak piliň sapy hemi¬şe tapdyrýar weli, şoňa gitmezlik üçin maýmyna öwrülmäge-de biz taýyn... – diýipdir.
■ AW GANLY BOLSUN
Gylyç Berdiýew awçy adam bolupdyr. Dynç alyş günleri daga ýatymlyk aw etmege gidäýmesem bar eken. Bir sapar daga ýatymlyk awa gidýär. Dagyň eteginde tanyş goýun çopanyna duşýar. Olar hal-ahwal soraşyp esli oturýarlar. Ýaňky çopan:
– Gylyç jan, arada şu dagyň kemerinde bir ýolbarsyň sesini eşitdim – diýip, gürrüňe başlaýar.
Gylyç aga-da öz gezeginde:
–Ýak, senem-ä, ýolbars galan däldir-le indi bu daglarda.
– Eger ýalňyşmaýan bolsam, Gylyç jan gyzyl ikindilerdi, dagy sarsdyryp bir arlady-da, janawer dagyň öwrüminde gözümden ýitip gitdi – diýip, çopanam öz eňegine tutýar. Soňra bolsa:
– Saňa bi goş-golamlaryň bilen daga çykmak aňsat düşmez, meniň eşegimi alyp gidäý – diýip, Gylyç aganyň goş-golamlaryny eşegine ýükläp: – Bar aw ganly bolsun – diýip, ýola salyp goýberýär.
Gylyç aga dagyň içinden gidýän inçejik pyýada ýoly yzarlap, dagyň belent ýerine çykyp, agşam ýatmaga ýer peýläp, ýük ýazdyrýar. Eşeginiň aýagyny duşap goýberýär. Ýany bilen alyp gelen garpyzyny iýip, paçagyny gapdalyna zyňyp goýberýär. Allany çagyryp goýýar kelläni, ýene halys ukusy tutanok diýýä. Häki çopanyň ýolbars hakdaky aýdan sözleri ýadyna düşüp, ymyzganýar weli, tisginip turanyny özem duýmaýar. Ahyry daňa ýakyn ymyzganypdyr. Şol wagtam eşek garpyz pellelerini waçjyladyp iýip başlaýar. Ýaňy ymyzganan Gylyç aga ýalpa gözüni açýar weli, üstüne bir gara abanyp ýetip gelýär eken. Wagty elden bermän Gylyç aga baş ujunda oklap goýan goşa tüpeňiniň iki gözünem şol garadan çenäp boşadýar. Eşek janawer «hyk» edýär-de dagdan aşak togalanyp gaýdýar. Gylyç aga togalanyp barýan eşege garap:
– Haý janawer seresabrak – diýip, gygyryp galýar.
Görse, beýleräkde häki çopan dur diýýä:
– Gylyç jan, aw ganly bolsun!
■ YZYNA BER
Alty Garlyýew ogul öýlendirip, toý etdi. Biz Gylyç aga bilen Alty aganyň toýunda ýary gijä çenli bolduk. Soň Alty aga bilen hoşlaşyp öýe gaýtdyk. Men öýüme gaýtmak üçin Gylyç agalaryň öýüniň üstünden geçmelidim. Gylyç agalaryň öýleriniň deňine geldik weli, Gylyç aga:
– Hany, ogul, azajyk aýak çek – diýip, öýlerine girip gitdi. Kän eglenmänem çykyp:
– Me, ogul, bilip bolmaz, ne wagt ne zamana, gerek bolaýmasyn – diýip, bir gezligi elime tutduryp, öýüne ugrady. Esli arany açanymam şoldy weli:
– Haý ogul, duraweri – diýip, Gylyç aga yzymdan ýetdi.
– Ýeri, näme habar, Gylyç aga.
– Hany, ýaňky gezligi bäri al.
– He, näme boldy?
– Aý eliňden gaňryp alyp böwrüňden sokaýmasynlar – diýip, gezligi alyp öýlerine tarap ýöneldi.
■ ÝEGENINE BAKA
Tomsuň yssy günleriniň birinde artistler oýun görkezmek üçin bir oba ugraýarlar. Olaryn ýollary obanyň bugdaýçylygynyň üstünden geçýär. Bugdaýy synlap, Bazar aga:
– Baý, baý, tüweleme, bugdaýa bitip bilipdir. Bugdaýyny göreniňde, döwletli obadygy görnüp dur – diýip, öwüp başlaýar.
Göreniň Durdy Magtym-da, olam:
– Şu obanyň başlygy meniň daýym bolmaly – diýýär. Bazar aga-da:
– Wah ony aýtmanyňda-da bilýäris, Durdy jan, heý, sen ýaly ýegeni bolan oba-da kem rysgal bolarmy – diýip, öwgüsini batlandyrýar.
Artistler oba baryp başlygy tapýarlar. Başlyk artistlere çaý-suw bermän, bu gün oýun alyp bilmejegi ni aýdyp yzlaryna ugradýar. Yssynyň içinde artistler agyzlaryny kepedip, ýene-de yzlaryna gaýdýarlar. Heki bugdaýlyk ýere geleninde, Bazar aga:
– Heý, mundanam bir bugdaý bolarmy? Seret, ýykylyp ýatyşyna bary garabaş bolandyr – diýip, hüňürdäp oturşyna, birden gözi Durdy Magtyma düşýär:
– Haý, kişide daýa bar eken-ow, aý ýegenini göreniňde, ol obada bereket bolmajagyny şol wagtam bilýärdim-le – diýipdir.
■ GANYMYZY SORUP UGRAD-OW
Baba pahyryň direktor bolup teatrda işe başlan güni, bir aktrisamyz agyr operasiýany başdan geçirýär. Keselhanadan gan gerek diýip Baba jaň edipdirler. Baba pahyram artistleri ýygnap:
– Adamlar, ýagdaý şeýle, her kim islegine göre, birki gram gan bersin – diýipdir. Bu ýagdaýy eşiden artistleriň biri:
– Öňki direktorymyz ganymyzy duýdurman sorup alýardy weli, täze direktor-a aç-açan alyp başlady – diýipdir.
■ MAŇA ŞOL BOLÝAR
Tomaşaçylar bilen bolan duşuşyklaryň birinde Çary aga şeýl-e sorag beripdirler:
– Hormatly Sary Garryýew, aýtsaňyzlaň, eşikleriňizi özüňiz ütükleýärsiňizmi ýa-da gelnejemiz?
Sary aga:
– Hökümet ütükleýär – diýipdir.
– Düşünmedim.
– Magazinden alanymdaky ütügi, tozýança bolýar.
■ ÝOK, «ŽIGULI» ALJAK
Bir gün Oraz Arryk Ýagşymyrat Aka:
– Ýagşy jan, 10 manat karz bersene – diýipdir.
– Ýok, berjek däl, bersem arak alyp menem pýan edersiň.
– Dagy näme, seniň şol 10 manadyňa «Žiguli» alar öýtdüňmi?
■ BELKI, SAŇA BIR ORKESTREM GEREKDIR?
Işden boş günleri Orazdyr Ýagşy «Geliň şu gün üçleşeliň» diýip maslahat edip, ýanlaryna ýene birini alyp, üçleşmäge ugrapdyrlar.
Üçünji:
– Oglanlar, ýene oturjak ýerimiz ýyljajyk ýer bolsun – diýipdir.
– Belki, şu bäşligiňe orkestrem buýrarsyň? – diýip, Oraz gaharlanypdyr.
■ BEHIŞDIŇ GARAWULAM ÖZÜMIZDEN EKEN
Sakarçäge etrabynyň «Ýalkym» obasyna Täşli Gubanowyň «O dünýe syýahat» diýen oýnuny eltipdirler. Şol obaly artistiň, biri, oýunda behişdiň derwezesini saklaýar eken. Şol obaly Gylyçmyrat aga «Inim nähili oýnaýarka?» diýip, oýun görmege barypdyr. Görse inisi behişdiň derwezesini saklap duranmyş. Oýun gutaransoň Gylyçmyrat aga öýüne gelip hezil edip ýatypdyr. Ertesi irden aýaly:
– Turaweri, namazyň geçýär, täret suwuny gyzdyrdym – diýip, Gylyçmyrat agany oýarypdyr weli:
– Aý namazam okap azara galyp ýörmesegem boljak. Behişdiň garawulam öz inilerimizden eken. Tanyşlyk bilenem geçirer – diýip, beýlesine agdarylyp ýatyberipdir.
■ MEN SEPELEÝÄNMI?
Urşuň yz ýanlary artistler aýlyga garaşyp duran ekenler. Hany, o wagtlar wagtynda berlip duran aýlyk barmy. Şol wagtam gar ýagyp başlaýar. Galpak aga Sary aga ýüzlenip:
– Sary, gar haçan goýjak? – diýip, soraýar. Ozalam aýlygynyň boljagynyň-bolmajagynyň belli däldigine jany ýanyp duran Sary aga:
– El-aýt, Galpak, sadalygyňam halys gözüni çykaraýýaň, näme, garyň haçan goýjagyny biler ýaly, ony men sepeleýänmi? – diýip, Galpak aganyň ýanyndan turup gidipdir.
■ SAŇA-DA IÇIRIBERERLIGI ÝOK
Ýaş tapawudymyzyň esli barlygyna garamazdan men Gylyç aga bilen ham-şamdym. Degişerdik, gülüşerdik. Bir gün Gylyç agalara barsam, naharlanjak bolup otyr eken. Men degişme salyp:
– Be, gaýyn enem-ä söýýän eken – diýdim. Gylyç aga çalarak ýylgyryp:
– Aý gezýän wagtyň şu bolsa, hemişe söýer-le – diýdi. – Hany, gel geç, Bahana bilen, elli-elli uraly.
Aý, menem şu ýaşyma, arakdan ýüz öwrüp görmämsoň ýaşulynyň gapdalyna gondum. Elli-elli uranymyzdan soň Gylyç aga gürleýändir, menem gaty dogrudyr diýip, guýanyny başyma çekip oturandyryn. Soňa baka aragyň humary ýetdimi, nätdimi, Gylyç aganyň garşysyna çykyp ugradym. Bir zady gürrüň berip başlaýar weli, menem:
– Juda beýle däldir-le – diýip, aýdanyna garşy çykyp oturandyryn. Gylyç aga halys çydaman:
– Görýän weli, ogul, saňa-da içiribererligi ýok eken-ow – diýip, çüýşäni ýygnady.
■ MYHMANÇYLYKDA
Bir gün Gylyç aga bilen Büzmeýindäki tanyşlaryna gezmege gitdik. Baran ýerimiz bizi juda gowy hezzetledi. Gylyç aga:
– Men rulda – diýip, «akmämmetden» datmady. Göreniň men-dä, öý eýesiniň guýanyny edil keçä siňen ýaly edip oturandyryn. Soň kelle gyzypdyr. Bir görsem, töweregimdäkilere gezek bermän, oýunlardan monolog okap oturan bolsam nätjek. Aý, garaz, sag-aman Gylyç aga bilen ýola duşduk. Men ýolda:
– Ýak, şu soňkujany içmeli däldim weli – diýip, Gylyç aganyň ýüzüne seretdim: Gylyç aga:
– Bar günä soňkuda däl... – diýip, ýylgyrdy.
■ NAMART GARAMASYN
Gylyç Berdiýewiň eli açyk adamdy. Tapanyny ýoldaşlary bilen iýerdi. Gastrola gitse, hiç wagt naharhana barman, myhmanhanada nahar edinerdi. Özem hemişe ýany adamlydyr. Ýoksurun artistleriň biri Gylyç agany darykdyrjak bolup, nahar öňüne aldygy «Salowmaleýkum» diýip barar eken. Bir gün Gylyç aga naharyny öňüne alypdyr-da, gapyny içinden gulplapdyr. Häki ýeksurun artist şu bela gapyny kaksa-da açmandyr. Naharyny iýip bolup, gapyny açypdyr weli, häki ýeksurun artist:
– He, Gylyç aga, gapyny gulplap nahar iýýärmiň? – diýýär.
– Ýok, ogul, beýle däl, ýene merdiň gapysyndan namart garamasyn diýip ýapyp goýdum.
■ HURUŞLYJA ÇORBA
Hruşýowyň häkimlik edýän ýyllary eken. Aman aga, Bazar aga, Gylyç aga Marynyň myhmanhanasynda bile bolýan ekenler. Nahara at dakmak gowy däl welin, naharhanalarda bişýän naharlarda kelem bilen makarondan başga zada ýüzüň düşjek gümany ýok eken. Ak çörekden-ä geçen, «Zabaýkalskiý» diýip çörek çykardylar weli, datsaň saryňy gaýnadyp, alyp barýar. Bu ýagdaýa halys çydamadyk Bazar aga:
– Hany, ýörüň Hruşýow çorba iýip geleliň – diýip, çykyp gidýär.
Gylyç aga Aman agadan:
– Ýaňky Bazar näme diý-de? – diýip, soraýar.
Aman aga:
– Bazara ýörüň huruşlyja çorba iýip geleliň diýdi – diýipdir.
■ JYNAZASYNY ÖZÜM OKANDYRYN
Stalin hakynda gürrüň, gozgalsa, Sary aga goşulman durup biljek gümany ýok eken. Bir gezek Staliniň ölümi hakda gürrüň gozgalypdyr weli, Sary aga:
– Men 1953-nji ýylda Tejen etraplarynda kino duşup ýördüm. Bir gün yzymdan Moskwadan döwlet telegrammasy geldi. Açyp görsem, hut Staliniň özünden eken. Telegrammada näme ýazylandyr öýdýärsiňiz? Onda Stalin: «Saryjan, doganym, tiz gel, men näsagladym, ýagdaýym gowy däl, ölmänkäm seniň nurana ýüzüni bir göreýin» I.W.Stalin diýibem gol çekipdir. Hany, onsoň gitmänem bir gör-de! Nädendir öýdýärsiňiz, menem duran ýerimden basdym IL-154-iň biline, asyl salymyny bermän Moskwa eltdi. Aeroport- da «Çaýka» garaşyp duran eken, muňa mündüm-de göni Staliniň ýanyna sür diýdim. Barsam agam jan gözüni süzüp ýatyr eken, meniň girenimi göreninden:
– Doganym, Saryjan, geldiňmi? – diýip, gözünden boýur-boýur ýaş döküp başlady. Meniňem Poladyň beýdip ýatyşyna dözmän, gözümden boýur-boýur ýaş akyp başlady.
Men oňa:
– Polat, sen mertsiň mert bol – diýip, elini gysdym weli:
– Saryjan, meniň boljagym boldy, özüň doganlyk hossarlygyny etgin, üçümi, ýedimi, kyrkymy özüň sowarsyň bular o zatlary bilmezler, indem bir imanymy öwür, doganym – diýdi. Menem Kremliň içinde Staliniň başujunda lazm berip agamyň kelemesini öwürdim weli, pahyryň jany ýagdan gyl sogrulan ýaly boldy ötägitdi. Aý, size ýalan, maňa çyn, Kremliň içinde bir orlaşyk bold-ow, heý siz goýaýyň. Ine onsoň Molotow ýanyma gelip:
– Sary, bilýän, saňa agyr düşýändir, gaýrat et. Indi agaň etmeli işleri bilen bolaly – diýdi. Menem:
– Derrew Türkmenistana samolýot iber, 4 – 5 sany ýaşuly alyp gelsinler – diýdim. – Pah, agzyňdan sözüň çykaryna mähetdel, üç-dert sagadyň içinde eltdiler, ýedi-sekiz sany ýaşulyny. Wah, getiren adamlaryny diýseňizläň, bary azarlap duran tirekkeş bolsa nätjek. Men Molotowa:
– Nireden tapsaň tap, tirek tap, ýogsam bulary jynaza duruzyp bolmaz – diýdim. Nädendir öýdýärsiňiz? Hut sary erik ýaly, tüýs Eýranyň men diýen, tirýeginiň kerpiç ýalysyny oklady öňümize, bizem haýdan-haý Kremliň bir burçunda ýakdyk ojar ody, çek-e, çek-e, bir görsem ýaňky baran ýaşulular dyzdan garyň içinde, aýakýalaň täret kylyp ýörler. Aý, doganlar, gepi uzaldyp nädeýin özüm ymam boldum. Staliniň jynazasyny okap jaýladyk. Hawwa, ýaňky jynaza duranymyzda galoşlarymyzyň içine, ak guýruk ýüzlüklerden atypdyrlar. Men Molotowa:
– Siz bu däp-dessury nireden bilýärsiňiz? – diýip sorasam, Molotow:
– Kalinin aýtdy, ol siziň ýurduňyza baryp gaýdypdyr-a – diýip, jogap berdi. Ine, şeýdip dogan ýaly gowy görýän dostumy jaýladym – diýip, Sary aga sözüni soňlapdyr.
■ GELNEJEME KÄN AÝTDYM
Bir gürrüňçilikde iki aktýor Sary agany gürletjek bolup biri:
– Stalin ölende aýaly ýokmuş – diýse, beýlekisi:
– Bar. Ölende aglap sesem edipdir. – diýip, eňek eden bolupdyr. Sary aga bularyň gürrüňini diňläp köp oturyp bilmändir.
– Aý, goýsaňyzlaň bilmeýän zadyňyzyň gürrüňini etmäň – diýip, gürrüňe başlapdyr. – Agamjanyň belli günlerini sowanymyzdan soň, gelnejemiň ýanyna bardym. Staliniň aýalyna men hemişe gelneje diýerdim. Olam ýüwürjim diýip maňa ýüzlenerdi. Men oňa «Gelneje, agamsyz saňa kyn bolar, seni Türkmenistana göçürip äkideýin, gapdalymdan jaý tutup bereýin» – diýdim. O pahyr ýarym ýaş aglap, oturşyna:
– Sag bol, ýüwürjim, Sary jan, agaň mertebesini tutup bildiň. Ýöne men nädip agaň ojagyny taşlap gideýin – diýip, gaýtmady. Meniň bilen gaýtmasa-da- gaýtmady weli, soň görgi barynam-a gördi, bende – diýip, gynanmak gynanypdyr.
■ AKYLYNYŇ ÝARYSYNY BERÄÝMELI EKENIŇ
Sary aga bir iş etse, aýaly ony eýle etmeli däl ekeniň, eýle etmeli ekeniň diýip, iňirdäp goýmaz eken. Halys jany ýanan Sary aga:
– Eý, Hudaýjan, aýalymam, menem horlanyp ýörmez ýaly, aýalymyň akylynyň ýarysyny maňa beräýmeli ekeniň – diýip, Alla arz edipdir.
■ BOLUPDYR DIÝENIŇE DUŞAMOK
Sary aga aýaly bir ýumuş buýrsa tersine eder eken. Günlerde bir gün, aýaly Sary aga:
– Sary, sen hemişe buýran işimi tersine edýärsiň-le? – diýip, sorapdyr.
– Aý, şu ýaşan döwrümde şu işi oňarypsyň diýenine gabat gelemok. Buýran ýumşuňy tersine etsem, seniň buýran işiň bitäýjek ýaly bolup dur – diýip, Sary aga jogap beripmiş.
■ HANY BIR ÇILIM AL-LA!
Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew hiç çilimini goýup bilenok eken. Bir sapar Çärjew etraplarynda gastrolda gezip ýörkäler, çilimini goýupdyr. Üç-dert gün çilim çekmän mydar edipdir. Ýöne halys keýpi bolmandyr. Hiç kim bilen gürleşmändir. Şol günleriň birinde Myradyň Çärjewde okaýan inisi gelip:
– Myrat, gelnejemi operasiýa etdiler – diýip, habar beripdir. Myrat operasiýa gowy geçdimi diýip soramaga derek:
– Hany, bir çilim al-la – diýip, çilim çekmege bahana bolanyna gaty begenipdir diýip gürrüň edýärler.
■ KELLESIZLEREM-Ä IŞLÄP ÝÖRLER
Meret Atahanow ýaşynyň soňunda bir aýagyny kesdirmeli bolupdyr. Aýagyny kesdirenden esli wagt geçeninden soň bir gün kinostudiýanyň direktorynyň ýanyna baryp:
– Ýoldaş direktor, maňa kino ber, meniňem kino goýasym gelýär – diýipdir.
Direktor sypaýyçylyk edipdir.
– Meret aga, size kyn bolaýmasa.
Meret Atahanow:
– Kellesi ýoklaram-a kino döredip ýörler ahyry, sen bolsa meniň bir aýagym ýok diýjek bolýaňmy? – diýip direktoryň ýanyndan çykyp gaýdypdyr.
■ ZORA ZOR DIÝMELI
Aman Gulmämmedowyň Mollanepes teatryna ýolbaşçylyk edýän wagty, bir aktýor içip işden köp galar eken. Her gezek işden galanda pylan garyndaşym ýogalypdyr diýip bahana eder eken. Bir günem gelip:
– Aman aga, enem ýogalypdyr şoňa gitmeli boljak – diýipdir weli, Aman aga:
– Elhepus, geçen gezek işden galanda-da enem öldi diýipdiň weli, seniň näçe eneň bar – diýip, soranda ýaňky aktýor:
– Geçen saparky ýogalan, kakamyň ejesidi, bu saparky ýogalan meniň enem – diýenden, Aman aga:
– Men-ä saňa telpek goýdum, rugsat, gidiber – diýip başyny ýaýkapdyr.
■ YZYM KOMMUNIST BOLUP DUR
Stalin ýamanlansa Sary aga ýaramaz eken. Bir oturylyşykda oglanlaryň biri:
– Ol jelladyň edeni halkyň ömür ýadyndan çykmaz. Gabrynda dik oturar enşalla – diýipdir weli, Sary aga oturyp bilmän:
– Sen nämäni bilýäň Meskewiň bütin halky şol diýip ýykylyp ýatyr. Onuň başujuna goýlan heýkel daty ogşalyp-ogşalyp kiçelip gidipdir. Bir sapar şeýle bir waka bolupdy. Şükür jan ikimiz Meskewe gitdik. Bi Şükür diýýänim, hol «Meleguş meniň dostum» – diýilýän kino bar-a, şonda samolýot sürýän bolup oýnaýandyr. Hawwa, onsoň Şükür bilen Gyzyl meýdançaň ýanyndan geçip barýarkam Şüküre:
– Gel, agama bir aýat okap geçeli diýsem, ol gaýtam, «Sary, seniň şol jellat agany soňky döwürde öwüp baranoklar, gowusy gidibereli» diýip, haýdap barýar. Menem göreniň men-de, ýeke gep diýdim, gutardy. Tutdum ýaňkyň çäkmeniniň synyndan-da, «Eger-de agama aýat okamasaň, gaýdyp seniň bilen tirkeşmen» diýdim weli, eýesiz güjük ýaly yzym bilen seňkildäberdi. Menem baryp agamyň mazarynyň başujunda çökendirin. Şükürjan maňa naýynjar garap: «Dogan Sary jan ýene kelterägini beri okaweri» diýip, ýalbaryp duransoň bir sagat töweregi ýaňlandyryp okap, «allow» – diýdim weli, bütin Meskew «allow» – diýen ýaly günlenç ses çykdy. Bä, bi nämekä diýip yzyma seretsem, bi 1917-nji ýylda rewolýusiýa gatnaşan kommunistleriň bary Gyzyl meýdança ýygnanan bolsalar nätjek. Ana şolar «allow» diýen eken. Şunça adam «allow» diýip dursa, heý, ol gabrynda dik oturarmy – diýip, başdaky oglany aldarlaberipdir.
■ BIR SENE-MENEJIK BOLAÝDYMY?!
Ellinji ýyllarda Sary aga Tejen etraplarynda gezip ýören eken. Sary aga bir gün keýpi saz wagty Şükür aga garap:
– Şükürjan, ýaňky 4-5 ýyllykda Ors bilen Nemis sene-mene edäýdimi? – diýip, sorapdyr. Şükür aga:
– Hawwa, diýseň-diýmeseň şolar birki ýyllykda tark-turk edäýdiler öýdýän – diýip, jogap beripdir.
■ ULY ÝAMANLYK
Bir gün bir kinorežissýor bir aktýora:
– Bilýärmiň näme, ýer titirände seniň aýalyňy ýeriň aşagyndan men çykardym – diýip, öwünenmiş. Aktýor!
– Be şu wagta çenli, dünýäde maňa iň uly ýamanlyk eden kimkä diýip ýördüm weli, asyl sen ekeniň-ow – diýip, kinorežissýory alarladyp ugrapdyr.
■ TOWUGA ÖWRÜLEN HORAZ
Urşuň yz ýanyndaky ýyllarda artistler Mary etrabyna gastrola gidipdirler. Bir gün Gylyç aga, Bazar aga dagy bazardan hersi bir towuk alypdyrlar. Myhmanhana gelip gazan tapyp, hersi öz towugynyň aýagyna bir sapak daňyp atarypdyrlar gazana. Göreniň Alty aga-da, bir hokga çykarmasa hiç oňmaz eken. Ol towuklar gaýnap bişip barýarka ýoldaşlarynyň gözüne çep atyp, towuklaryň aýagyndaky sapaklary çalşyrypdyr. Gylyç aganyň ullakan horazynyň aýagyndaky ýaşyl sapagy kiçijik mäkiýanyň aýagyna geçiripdir. Towuklar bişen soň hemmeler towugyny almaga gelseler, hiç kimiň daňan sapagy öz towugynyň aýagynda ýokmuş. Bu ýagdaýyň Alty agadan ýetenini bilen Gylyç aga:
– Ogul, Alty, gazana aýagy ýaşyl sapakly horaz atypdym weli, ýaşyl sapakly mäkiýan çykypdyr-la, munuň sebäbi nedir? – diýipdir.
– Horazyň mäkiýanlar bilen bir gazanda gaýnamany namys edip kiçelendir – diýip, Alty aga öz towugynyň aýagyndaky sapagy aýyrmak bilen bolupdyr.
■ HEMMÄMIZ EDÝÄRIS DIÝÄÝGIN
1942-nji ýylda frontdakylara medeni hyzmat etmek üçin aktýorlaryň bir toparyny urşa ýollapdyrlar. Gidenleriň içinde neşe edýänem barmyş. Her gün ýetdik naharlaryny biri gidip alyp gelýär. Şol giden adama neşe edýänler üçin az-owlak neşe-de berilýär eken. Bir gün aktrisalaryň biri özlerine berilýän zatlary almaga ugrapdyr weli, Garabatyr:
– Aýsoltan, şol neşäni hemmemizem edýäris diýäýgin – diýip, yzyndan gygyryp galypdyr.
■ SENI BAŞYMA URAÝYNMY?
Sary aga ýokary okuw jaýlarynyň birine girmek üçin dokumentlerini tabşyrypdyr. Soňra tanyş gözlegine çykypmyş. Bir mugallym tanşynyň barlygy ýadyna düşüp, onuň ýanyna barypdyr-da:
– Dokumentler-ä tabşyrylandyr. Indi özüň birneme kömek etmeseň bolmaz – diýipdir. Ýaňky tanyş mugallym:
– Arkaýyn bolaý, ýoldaş Garryýew. Üç sany ekzamen bardyr. Şolaryň ikisinden bäşlik al, birinden derdem bolsa zyýany ýok, konkursda kömek ederin – diýipdir.
– Ýeri ol bahalary alyp bilýän bolsam, seni başyma ýapaýynmy?
■ KULIKOWO SÖWEŞI
Sary aga ýokary okuw jaýyna girmek üçin, taryhdan ekzamen berýär eken. Ona Kulikowo söweşi* düşüpdir. Sary aga biledindeki soragy okap, duran ýerinden jogap bermege başlapdyr.
– Ine, onsoň şol söweşde okobyň içinde duşmana seredip ýatyrdym. Birden arkamdan Jukow geldi-de:
– He, ýoldaş Budýonnyý, ýagdaýlar niçik? – diýip, sorady. Men ýalta yzyma seretsem Jukow üstüme abanyp dur. Ol meni göreninden tanap:
– Bagyşla, ýoldaş Sary Garryýew, bi sizmidiňiň, murtuňyzy görüp Budýonnymykaňyz diýipdirin. Siz bu ýerde bolsaňyz men arkaýyn-la – diýip, çest berip yzyna gaýtdy. Mugallym Sary aganyň, sözüni bölüpdir.
– Bagyşlaň, Garryýew, siz Kulikowo söweşine-de gatnaşdyňyzmy?
– Päheý, munuň aýdýanyny gör-le, ondan aňyrrakdaky Berlin söweşine-de gatnaşdym.
■ MUNDA-DA BAR
Sary aga ýazuwdan ekzamen berende bir ýaş gyzyň ýanynda oturanmyş. Ýaňky gyz näme ýazsa sypdyrman harpma-harp göçürip oturanmyş. Gyz ýazuw işiniň daşyna pylanyýewa diýip ýazýar weli, Sary aga-da Garryýewa diýip ýazypdyr. Okuwçylaryň ýazyşyna seredip ýören mugallym, Sary aganyň ýanynda aýak çekip:
– A-ny aýyr – diýip, Sary aganyň deňinden geçip gidipdir. Sary aga derrew başky any aýryp, Grryewa edip murtuny sypap otyrmyş. Mugallym ýene aýlanyp gelip:
– Ol «a»-ny däl, yzky «a»-ny aýyr – diýýär, weli Sary aga!
– Aýyrjak del, ynha munyňkyda-da bar, özüň-ä şu gyz näme ýazsa, sypdyrman göçürgin diýip tabşyrypdyň – diýip, dawa etmege başlapdyr.
■ OLAM PALÇYKLANDY DIÝSENE...
Aman Gurbandurdy dagynyň okuwy gutaryp gelen ýyllary eken. Mary etrabynda gastrolda gezip ýören artistler Murgap derýasyna suwa duşupdirler. Hemmelerden öň suwdan çykan Gylyç aga eşigini geýip durka Aman Gurbandurdy suwa çümüp bir penje tara palçyk alyp urýar Gylyç aganyň ýagyrnysyna. Gylyç aga muny Amanyň edenini bilip:
– Heý, ogul, görýän weli, senem öwrenişdiriberseň, basym syrtyňy palçyklajaklardan ekeniň – diýip, özüni suwa urupdyr.
■ BU BAŞARMAZ
Men Gylyç Berdiýewlere köp barardym. Ondan-mundan gürrüň edip gije çenli oturardyk. Bir gün ondan-mundan gürrüň edip otyrkak, Gylyç aganyň, goňşusy geldi. Ol gaty gürrüňçil adam eken. Ol oturyp-oturman:
– Gylyç, diýýen-ä, şu wagtyň kommunistleri nähili bolaýypdyrlar, hut agyzlary ýetse gulaklaryny iýjek bular – diýip, zeýrenmege başlady. Ol wagtlar kommunistleriň sarpasynyň belent tutulýan döwrüdi. Bardy-geldi bir kommunistiň adyna bir ýakymsyz söz aýdaýsaň, «öwlüýä kesek zyňandan» eý görlenokdy. Ine onsoň ýaňky ýaşuly gaýtjak bolanda:
– Bi, ýaş oglan, birazajyk kömek edip bilmezmikä, ýaňy medeniýet tehnikumynyň ýanyna tagta düşüripdirler weli, birki sanysy gerekdi – diýip, sözüni soňlamanka, Gylyç aga:
– Bi başarmaz, sebäbi bi seniň ýaly kommunist däl – diýip, gaharly jogap berdi.
■ SENI GUTLASAM...
SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew Lenin ordeni bilen sylaglanypdyr. Şu mynasybetli Alty aga oturylyşyk gurapdyr. Şol oturylyşyga Allanazar agada çagyrylypdyr. Allanazar aga oturylyşygyň bütin dowamynda, ýagşydan-ýamandan ýekeje söz hem aýtmandyr. Ahyry myhmanyň bolup oturyşyny geň geren Alty aga:
– Sen neme meni gutlaňok, şu oturylyşygyň sebäbini beri bilýärmiň? – diýip sorady. Allanazar aga:
– Bilýän. Saňa berlen orden şuňa-da berildi dälmi, seni gutlasam, munam gutlamaly bolaryn – diýip, gapdalynda oturany görkezipdir.
■ BIR GÖRÜP BOLSADY
Allanazar aga şerebelije sözlerini diňe ile diýmän, öz çagalaryna-da diýer eken.
Bir gün ogluny dublýaža getirip bir rol beripdir. Ogly şu bela jan etse-de rol bolmandyr. Halys jany ýanan Allanazar aga:
– Eý Alla, seni dogran eneni bir görüp bolsady – diýip, ogluny kowup goýberipdir.
■ TOÝ EDEŇOKMY?
– «Aýgytly ädim» filmini surata alyp ýörkäler, Alty toýly ýerini surata düşürmek üçin, birnäçe gazan nahar atardypdyr. Ýöne gün öýläne sapýança surata alyp gutarmandyrlar. Garaşyp garaşmazy çykan Sary aga Alty Garlyýewiň ýanyna baryp:
– Hany, Alty jan, toý edeňokmy? – diýip sorapdyr. Alty aga Sary aganyň näme diýjek bolýanlygyna düşünip:
– Toý etsegem boljak, ýene Aýnany kime berjegimi bilemok – diýipdir.
– Aý, Alty jan, Aýnany kime berseň şoňa ber, ýöne basymrak toý etseň bolýar.
■ GÖZI GÜLLI BOLMALY
1954-nji ýylyň 14-den 24-nji oktýabr aralygynda Moskwada Türkmenistanyň edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügi geçirilýär. Ongünlük diýseň üstünlikli geçýär. Aşgabada gaýdyp gelen edebiýat we sungat ussatlaryny ildeşleri gül desseleri bilen garşy alýarlar.
Şyhly Agaýew eli gülli bir zenany görüp Sary aga degmek üçin:
– Sary aga, eli gülli bir zenan elewräp birini gözleýär weli, gelnejem bolaýmasyn? – diýýär.
Sary aga säginmän:
– Meni gözleýäniň eli däl, gözi gülli bolmalydyr – diýýär.
■ TÜRKMEN MÝUNHAUZENI
Beýik Watançylyk urşundan soň, halkyň çöken göwnüni birneme galkyndyrmak maksady bilen, türkmen kinematografiýasy komediýa köpräk ýüzlenýär. «Uzakdaky gelinlik» filmde halklaryň arasyndaky dostluk hakda söhbet açylýar. Bu filmde Sary aga şadyýan Sarynyň obrazyny döredýär. Filmde Sary köp ýerde görnenok. Ýöne köneje motoryny tarladyp ýören Saryny gören tomaşaçylar ýylgyrmak bilen garşy alýarlar. «Uzakdaky gelinlik» kinofilmi 1949-njy ýylyň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Bu baýragyň paýlanyşy hakda Sary aga şeýle diýenmiş diýen gürrüň bar.
Moskwanyň kinoteatrlarynyň birinde «Uzakdaky gelinlik» filmi görkezilýär. Ony görmege Stalin bilen Molotow hem barýar. Film Staline gaty ýarapdyr. Ylaýta-da Sary Garryýewiň oýnaýşyny gowy görüpdir. Stalin yzynda oturan Molotowa motoryny tarladyp gelýän Sary agany görkezip: «Ine, şuňa Döwlet baýragyny bermeli» diýýär. Molotow jübüsinden bloknotyny çykaryp belleýänçe ekranda Alty Garlyýew peýda bolýar. Şeýdibem Alty Garlyýewiň ady bloknoda ýazylýar.
Alty aga bu gürrüňi eşidende, «Aý, zora zor diýmeli. Munuň tapyp ýören zadyny diýsene, tüýs türkmen Mýunhauzeni» diýip, ýylgyryp oňaýypdyr.
■ KELLÄŇI EG
Sary aganyň aýdym-sazdan gowy başy çykýar eken. Ýoldaşlaryna aýdym-saz edip hezil beren saparlary köp bolupdyr. Ýöne atly-abraýly bagşylaryň biriniň aýdym aýdyşyny hiç halamaz eken. Şonuň adyny eşitdigi turup gidiberer eken. Günlerde bir gün aýdym-saz edip otyrka oglanlaryň biri, Sary aga degmek üçin halamaýan bagşysynyň adyny tutup öwmäge başlapdyr. Bu ýagdaýa halys gahary gelen Sary aga gitmek üçin ýerinden turýar. Sary aganyň häsiýetine belet Şyhly Agaýew:
– Haý zalywat, duraweri. Ýaş oglan bilen deň bolma – diýip, ony gujaklap saklaýar. Sary aga ýerinden turanyndan soň näderini bilmän:
– Meni goýber – diýip dyzaýar. Şyhly Agaýew ony sypdyryp goýberýär. Sary aga ýaňky oglana topulyp barşyna:
– Kelläňi aşak eg, ýumruk saljakdyryn – diýip, gygyrýar. Ýerine geçip oturanda bolsa:
– Wagtynda kellesini egäýdi, ýogsam-a – diýip, Şyhly Agaýewe alarlyp seredýär. Şondan soň Sary aganyň pylanyny urşy ýaly diýen gürrüň ýaýraýar.
■ ÝOLBARS EMEN
Sary aga juda gürrüňçil adamdy. Başyndan geçen waka bolsun, isle durmuşda bolup biläýjek zat bolsun, tapawudy ýok, ol şeýle bir ynandyryjykly gürrüň berýär weli, aňňat ýanyňdan turup gidip bilmersiň. Sary aga özüniň dünýä inişi hakda şeýle bir janygyp, çynlakaý gürrüň berýär, hany ynanma-da, ondan soň ynanman bilseň:
– Men enemden bolanymda betgelşik ekenim. Biler bolsaňyz, ýüzüm durşy bilen burun bolup dursa nätjek. Ine, ondan soň meniň göbegimi kesmäge gelen göbek eneler, ýüzümi görenden wägirişip gaçyp gidipdirler. Ejem bulara näme bolduka diýip, meniň ýüzüme seredip olam wägirip diň arkan gaýdypdyr, ýüregi ýarylyp öläýipdir. Hawa, ondan soň eşider bolsaňyz, obanyň ýaşululary üýşüp maslahat edipdirler. Bu dogan çaga ýöne adam bolmaz. Dogan güni ejesiniň başyny iýdi. Obamyza betbagtlyk getirer diýip, meni daga taşlap gaýdypdyrlar. Adam ölmejek bolsa, bir zat tapylar eken. Size ýalan, mana çyn, meni taşlap gaýdan ýerlerinde bir güjüklän ýolbars bar eken. Ine, şol ýolbars meni güjükleriniň arasyna eltip, emdirip ulaldypdyr. Ine, şeýdibem ulalyp, oba gaýdyp geldim. Ynanaýyň şu günlerem käte gidip ýolbars ejemjany görüp gaýdýan. Wah, janawer ejemjan, meni gördügi gözünden boýur-boýur ýaş dökýär. Menem ejemjany görüp saklanyp bilmän aglaýan. Doganjyklarym – ýaňky bileje emşen ýolbarsyň çagajyklary ýanyma gelip meniň ýüzümden-gözümden ýalaýarlar.
Sary aganyň bu gürrüňine ynanmazlyk eden ýaşlaryň biri:
– Sary aga, indiki gezek gideninde, menem özüň bilen alyp git, menem seniň ýolbars ejesi görüp gaýtjak – diýip, gürrüňe goşulypdyr.
Sary aga gürrüň berip otyrka gapdalyndan gürrüňe goşulsalar hiç halamaz eken.
– Bolar, köşegim, indiki gezek gidenimde senem alyp gidäýerin – diýip, jogap beripdir.
– Onsoň Sary aga, seniň ol ýolbars ejeň mana topulyp, meni düýt-müýt etmez-dä hernä?
– Aý, sen onuň gaýgysyny etme, inim, üstüňe topulsa burnuňa poh çalaýgyn.
– O gyssag arada, seniň o diýýäniňi nireden tapaýyn?!
– Ýolbars üstüňe topulan wagty, elini syrtyňa aýlabilseň taparsyň...
■ ÄŇINI DAŇYŇ
Bir oturylyşykda, Sary aga biri şeýle sowal beripdir:
– Sary aga diýýen-ä, siz hernä Saparly diýen bir dostum bar diýip gürrüň edýärsiň weli, onuň çagalary bilen gatnaşyk edýärmiň?
– Gatnaşamok, hiç haçan gatnaşyk ätmenem.
– Weý o näme üçin dostuň çagalary bilen gatnaşyk etmeli dälmiş.
– Munuň, inim, gürrüňi uzak. Gowusy, men size Saparly bilen bolan iň soňky wakany gürrüň bereýin – diýip, Sary aga gürrüňe başlan. – Ellinji ýyllar töweregi bolsa gerek. Saparly şol etäňet kesele sezewar bolup, gün geldigiçe ýagdaýy peselip gidip oturandyr. Menem onsoň soňky döwürde onuň ýanyndan aýrylýan däldirin. Men diýen dört sanam ogly bar. Hersi bir ýeriň ketdeleri. Onsoň halys haly peselenden soň ogullaryny ýanyna çagyrdy. Dördüsi dört ýerden häzir boldular. Ýaňky Saparly dostum kellesini zordan galdyryp söze başlady:
– Ogullarym, Amandan müň manat algym bardyr. Şony alyň – diýendir weli, dördüsi dört ýerden jübülerinden kagyz-galam çykaryp belläp oturandyrlar, Bazardan, Meretden... aý pylanydan diýip bäş-alty algydarynyň adyny aýtdy weli, dört ogly bir-birinden öňürti ýazdylar. Saparly bir az gözüni süzüp ýatdy-da:
– Myrat – diýdi weli dördüsi ýene-de ýazdylar. Saparly hykylap-çokulap:
– Myrada 50 manat bergim bar – diýdi weli, dört dogan, dördüsem Myradyň adyny çyzdylar. Saparly ýene-de:
– Hekime 40 manat, Durda 25 manat, Aşyra 30 manat... aý garaz şeýdip 4-5 adamyň adyny tutdy weli, Saparlynyň uly ogly:
– Haý, eňegini daňalyň, doganlar, kakamyz gutardy öýdýän – diýip, gepläp ýatan kakalarynyň eňegini daňdylar. Menem:
– O-how, edýäniň näme, ölen adamyň eňegi daňylýandyr, bi diri – diýip, ýapyşandyryn ýaglyga. Men aýyrýan, olar daňýarlar, aý şeýdip birki sagat çekeleşdik. Bir görsem Saparlyň gözi açyk, elini serip jan beripdir.
■ HAÝ EDENIŇ BAR BOL-A
Türkmenistanyň belli režissýorlarynyň biri Aman Kömekow bir dosty bilen Moskwa gezelenje gidipmiş Olar Moskwa baranlarynda Aman ýoldaşynyň başyndaky juda gowy tikilen telpegini görüp:
– Häzir bolgun, telpegiňi aldyraýmagyn, ahmal bolsaň metro müneňde telpegiňi alýandyrlar – diýip, düşündirip gidipdir. Gündiz hersi öz işleri bilen bolup, agşam myhmanhana gelýärler weli, Amanyň ýoldaşy janygyp gürrüňe başlaýar:
– Sagja bol, Amanjan, aýdanyň gowy bolaýdy, ýogsam telpeksiz galjak ekenim.
– Ýeri, näme boldy?
– Näme bolar öýdýärsiň. Bir görsem metrodan düşüp barýan biri meniň telpegimi duýdurman alyp kellesine geýip haýdap barýar. Menem ýapyşdym telpegime, zordan alyp ýetişdim. Telpegimi aldymam weli, wagonlar şakyrdaşyp gitdi – diýip, joşup gürrüň beripdir. Soňra bir zat aljak bolup sumkasyny açypdyr weli, öz telpegi sumkanyň içinde ýatyrmyş. Bu ýagdaýy gören Amanyň ýoldaşy:
– Haý edeniň bar bol-a –diýip, özüni lampa aşak goýberipdir.
■ ÇÜÝRÜK
Teatrda agşam «Oba gyzy» spektakly gitmeli eken. Ýöne Gündogdy Hakgyýew ýaramanlygy üçin, «Oba gyzy» spektaklynyň ýerine «Söýgi» spektaklyny belläpdirler.
Repetisiýany gutaryp öýüne gaýdyp barýan Bazar aga aktýorlar toparynyň ýolbaşçysy:
– Bazar aga, agşam «Oba gyzy» spektaklyna derek «Söýgi» bolýar – diýipdir.
– We, o näme üçin?
– Gündogdy Hakgyýew ýaranok.
– Oňa näme bolupdyr?
– Bilmedim weli, üşäpdir öýdýän.
– He, olam üstünden kepderi uçup geçse, gark urup ýorgana girýänlerden diýsene. Haý çüýrük... – diýip, Bazar aga içki pikirini daşyna çykarypdyr.
■ GIRDEJI ÇEŞMESI
Mollanepes teatry gastrolda gezip ýörkä Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow Türkmenistanyň halk artisti Ata Döwletowa:
– Ata aga, men çilim çekmeni goýdum. Agşam ýatman hasapladym, bir aýda ep-esli arassa girdeji edýän ekenim – diýipdir weli, Ata aga:
– Baýram, bir saparky naharyňy kemeltseň arassa girdejiň has hem artardy – diýip, jogap beripdir.
■ HÖWÜRTGESINI TÄZELÄÝSE GEREK
Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew juda beýik adamdy, ussat aktýordy. Ýöne muňa garamazdan onda çaga häsiýeti bardy. Ol çagajyk ýaly öýünde pul gizläýmesi bardy, Özünem iki ýerde gizlärdi. Ol ýerleriň ikisine-de men beletdim.
Gylyç agalaryň howlusynyň ortarasynda juda belent üzüm dalbary bardy. Şol dalbaryň orta gürpräginde gyşyna-ýazyna soldat panamasy asylgy durardy. Bir gün Mama Babaýewa (Türkmenistanyň at gazanan artistkasy, Gylyç aganyň ýanýoldaşy) üzüm dalbaryna düşen düşdüş kerepleri syryp ýörkä atdanlykda sübsesi ýaňky soldat panamasyna degip, ony beýleligine öwürýär weli, howlyň içi 10-lük, 25-lik, 50-lik, ýene pul bolup ýatyr diýýä. Mama eje bu pullar hakda sesini çykarman ýygnap, soldat panamasynam öňküsi ýaly edip, asyp goýýar. Aradan esli wagt geçensoň bir gün Gylyç aga bir panama, bir öýlerine seredip, pul almaga amatly pursat gözleýär. Bu ýagdaýy aňan Mama eje:
– Gylyç, men-ä bir salym gyşarjak – diýip, öýüne girip, Gylyç agany garawullap ugraýar. Gylyç aga-da:
– Şeýt-şeýt –diýip, pul almaga amatly pursat bolanyna begenip, merdiwany dalbara söýäp, panama elini soksa, panamaň içi boş diýýä. Gylyç aga bu ýagdaýa geň galyp panamadan elini çykarmanka, Mama eje:
– Gylyç o ýerde näme işleýä, bir zat gözleýän-ä dälsiň-dä herne? – diýip sorapdyr.
– Ýok-la, şu panamany kepderi guzlaýsa diýip asypdym.
– Kepderiň guzlapmy onsoň?
– Enteg-ä ýok.
– Onda garaşyber, ahyry guzlar – diýipdir weli, Gylyç aga-da:
– Indi ol kepderi höwürtgesini täzeläýse gerek – diýip, merdiwandan düşüpdir.
■ ÖZÜŇKINI ÇEKÄÝ
Teatr gastrolda gezip ýörkä artistleriň biri Ata Durdyýewe bir gap «Kazbek» uzadyp:
– Al, Atam, şu çilimi sen alaý, men çilimimi goýdum, indi gaýdyp çekjek däl – diýipdir. Ata aga:
– Aý, öz ýanynda durubersin, çilimkeşiň kän bir messebi bolmaz – diýse-de, hälki etmändir. Şeýlelik-de aradan ýigrimi gün dagy geçensoň häki çilim goýan:
– Hany Atam ýekeje çilim bersene – diýipdir, weli, Ata aga-da:
– Al öz çilimiňden çekäý – diýip, ellenmedik çilimi eýesine gaýtarypdyr.
■ ŞUNDAN LEZZETLI BOLMAZ
Ata Döwletow bilen Şyhly Agaýew «gel şu gün boş günümiz keýpi kökläli» diýip magazine barsalar, magaziniň arakesme wagty eken. Ýör wagt geçer diýip, ikisi bazara aýlanmaga başlapdyrlar. Aýlanyp ýörkäler bir gawuna gözleri gidip, şony satyn alyp, iýmäge başlapdyrlar. Ata aga:
– Be, Şyhly, haram aragyň derdinden gawunyň tagamy ýadymyzdan çykyp gidipdir, päheý munuň süýjüligini – diýipdir. Şyhly aga:
– Çaga gürrüňini tapdyň – diýip, öýkeläp öýüne gaýdypdyr.
■ USSAT AWÇY
Bir gürrüňçilikde ondan-mundan gürrüň edilip otyrka biri;
– Men bir okda iki keýigi urup bilýän – diýip, öwünipdir. Munuň öwünip oturyşyna halys çydamadyk Sary aga:
– Päheý, munuň aýdyp oturan zadyna garaň-a. Elinde tüpeň bolsa kim aw awlap bilmejek. Ine men tüpeňsiz-zatsyz näçe keýik gerek bolsa şonçasynam awlap bilýän.
Sary aganyň gürrüňlerini diňläp oturanlar;
– O nähili-de, ol nähili? – bolşupdyr. Sary aga:
– Onda gulak asyň. Ýanyma bir kilogram un bilen gazet alýanda, daga keýikleriň suwa inýän çeşmesine tarap ýola düşýän. Keýikleriň suwa inýän çeşmesiniň amatly ýerini peýläp alýan-da garaşyberýän. Keýikleriň suwa geler wagty bolýar, menem eşiklerimi çykaryp, ýasky ýanyma alan unumy gazetiň üstüne pytradýan- da, üstünde birki sapar oturyp, çeşmeden suw içýän ýaly bolup duruberýän. Özüsiň bilýärsiňiz, mende tüý bereket-ä bar. Şemalyň ugruna ygşyldap dur. Ine onsoň ýaňky suwsan keýikler gelip suw içmege başlaýarlar. Çeşmäniň gyrasyndan amatly ýer tapmadyklar meni itiberip başlaýarlar. Ol başda men size tüpeňsizem aw tutmak aňsat diýdim weli, juda beýle aňsadam del. Käte janawerler itiberişip aýagymy basýarlar weli, ana şoňa çydamaly bolýar. Onsoň menem şol suw içen bolup durşyma iň semizini saýlap tutýan ýaňkyň şahyndan. Heh, oglanlar, ertir size keýik etinden bişirilen kebap bilen naharlardym weli, arman, bu günler keýikleriň owlaklaýan wagty-da. Birden ýalňyşyp bogaz keýigi tutaýsaň külli günämiş – diýipdir weli, başda bir okda iki keýik urýan diýen adam:
– Aý meniň-ä aladam bardy – diýip, turmak bilen bolupdyr.
■ ŞOŇA DUR DIÝ-LE
Türkmenistanyň halk artisti Nazar Bekmiýew baran ýerinde hökman bir zadyny ýadyndan çykaryp, ertir şonuň gözlegindedir. Bir saparam şeýle waka boldy. Gastroly gutaran aktýorlar Marydan Aşgabada uçýarlar. Samolýot Aşgabada ugranyndan soň yzky hatarlaryň birinde oturan Nazar aga öňki hatarda oturan Aman Gulmämmedowa:
– Haý, Aman, samolýoty saklaweri, meniň telpegim ýaňky nahar iýen naharhanamyzda galypdyr – diýip, oturan ýerinden gygyrýar. Aman aga giňlige salypdyr:
– Nazar, samolýoty saklap durmaly, ine häzir naharhana jaň ederin weli, indiki samolýotda telpegisi ibererler.
– Şeýt, Aman, telpek ýitse hemmemize-de biabraýçylyk – diýip, Nazar aga arkaýynlaşypdyr.
■ KÜLDEN TAPYLAN SAGAT
Urşuň yz ýanlarynda, hany bu wagtky ýaly şaňlap duran myhmanhana barmy diýsene. Artistler gastrola çykanlarynda baran obalarynyň mekdebinde ýa-da klublarynda ýatar ekenler. Bir sapar aktýorlar Lebap etraplarynda gastrolda gezip ýörkäler bir obanyň mekdebinde bolýarlar. Artistleriň bolýan jaýynyň çüňkünde peç bar eken. Birki goltuk gowaça çepem goýupdyrlar gapdalynda. Pejiň ody haýallasa, Nazar aga-da şol ot salyp oturan, Ertesi turup gaýtjak bolsalar, Nazar aga sagadyny tapanok diýýä. Gözlemedik ýeri galmandyr. Oňa çenli jaý süpüriji gelip, jaýy süpürip, pejiň külüni aýyrsa, gara köýük bolup ýatan sagada gözi düşüp:
– Siziň gözleýän sagadyňyz şüý-ä däldir-de – diýip, gara köýük bolan sagady görkezýär. Sagady eline alyp, Nazar aga:
– Päheý, sagat aldyňmy, onuň bagynam alaýmaly ekenim-dä – diýip, gara köýük bolan sagadyny küle oklap goýberipdir.
■ REPLIKAM BERILDI
Bir oýnuň repetisiýasy gidip duran eken. Alty Garlyýew režissýora görünmän Sary Garryýewiň böwrüne gütüledip goýberýär. Awysyna çydamadyk Sary aga-da ýerinden turup Alty aganyň böwrüne gütüledip urýar. Bu ýagdaýy gören režissýor repetisiýany saklap:
– Sary, utanaňokmy? Bolşuň nähili, uly adama meňzeş däl – diýip, käýinipdir.
Sary aga hiç zat bolmadyk ýaly:
– Ol meniň replikamy berdi, menem jogabyny – diýipdir.
■ BIDEREK ZADA PUL SOWMAK
Teatr gastrolda gezip ýörkä, köp halatlarda kolhozlar artistleriň çaý-suwuna seredýär. Bir gün agşam oýun görkezmek üçin kolhoza barýarkalar pul hakda gürrüň gozgalypdyr weli, ketde artistleriň biri:
– Wah, şu puluň hümmeti ýok, adamlar. Ýogsam men gastrola başlanymyz bäri iýmek-içmek ýaly biderek zada pul sowamogam weli, halys ýetirinip bilemok – diýip, zeýrenipdir, Ata aga:
– Altmyşy arka atdym weli, iýmek-içmegiň biderek zatlygyny birinji gezek eşidýän – diýip, hüňürdäp oňmaly bolupdyr.
■ GANJYK
«Uzakdaky gelinlik» kinofilmi surata düşürilip ýörkä, surata düşýän aktýorlaryň biri juda köp gepleýär eken. Onuň manysyz gürrüňleri Sary aganyň halys ýüregine düşüpdir. Sary aga durup bilmän:
– Aý, inim, sen kimlerden borsuň? – diýip sorapdyr. Ýaňky lakgy ýigit:
– Ine, Amandursunam, menem ganjykdyrys, ynanmasaň sorap göräý – diýip, Amandursuny görkezipdir. Sary aga:
– Wah Amandursunyň ganjyklygyny öňem bilýärdim weli, seniň ganjyklygyny şu gün bildim – diýipdir weli, töwerekdäkiler wakyrda beräýipdir.
■ SOWUK HOWA
Köpçüligiň üýşen ýerinde ondan-mundan gürrüň edilmän bolýarmy näme? Bir gürrüňçilikde biri 1969-njy ýylyň gyşynyň juda sowuk gelşi hakda gürrüň edipdir weli, bu gürrüňi Sary aga uzak diňläp oturyp bilmän söze goşulypdyr:
– Päheý, ol 69-yň sowugy neme. 43-de Saparly bilen oduna gitdik. Howa diýseň sowukdy. Odun ýygyp başladyk. Kelleler oduna gyzyp Saparly bilen aramyz ep-esli açylypdyr. Bir zat gerek bolup, Saparly-how diýip gygyrdym weli, agzymdan çykan söz doňup Saparla ýarym gulaç ýaly ýetmän duruberdi. Saparlyň göwni bir ýaly, odun ýygyp ýör. Dagy näme etsin, ses ýetmese. Men bu ýagdaýa derrew göz ýetirdim. Täzeden Sapar-ly-how diýip bir gygyrdym weli, öňki doňup duran sesiň yzyndan bir itiberdi weli, Saparlyň böwrüne güt edip degdi. Saparlam «Näme diýýäň-how» – diýip bir gygyrdy weli, onuňam sesi ýolda doňup, meniň, böwrüme güt edip degdi. Ine, şeýdip biz doňan ses bilen gürleşdik – diýip, Sary aga çyna berimsiz gürläpdir.
■ HUDAÝ DIÝEN ÝERIŇ BAR EKEN
Her döwür bir döwür bolýar. Biziň halkymyz dogan-dogandan, dost-dostdan ätiýaçly ýaşamaly döwri az başdan geçirmedi. Durgunlyk ýyllarynda şeýle bir waka boldy. 6-njy noýabr güni arakdan-şerapdan keýpini köklen azgynlar Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýewi bijaý erbet urupdyrlar. Ýüz-gözüni görer ýaly etmändirler. Gylyç agany agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirýärler. Bu ýagdaýy eşiden SSSR-iň halk artisti Muhammet Çerkezow bilen Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow Gylyç agany soramaga keselhana barýarlar. Gylyç aganyň ýagdaýyny gören Baýram Sadykow:
– Gylyç aga, Şükür et, henizem hudaý diýen ýeriň bar eken – diýipdir weli, Gylyç aga zordan:
– Ýok ogul, çöregim bitin eken – diýýär.
– Ýok, Gylyç aga, hudaý diýen ýeriň bar eken.
– Ýok, ogul, çöregim bitin eken.
Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar. Näsagy soramaga baranlar otagdan çykansoň:
– Dogry-da. Kommunist bolup hudaý diýdi diýip ýygnakda çykyş etjeksiňiz weli, içiňiz-ä ýakan bolsam gerek – diýip, Gylyç aga rahatlanypdyr.
■ MENIŇ ÝADYMDADYR
Şyhly Agaýew bir gün daýylaryna gezmäge barýar. Şyhly Agaýewiň daýysynyň aýaly birneme gysyrrak eken. Onsoň daýysy aýalyna görünmän Şyhly aga ýüz manat pul berip, arak getirmegi sargaýar. Şyhly aga derrew arak getirip ortada goýýar. Ondan-mundan gürrüň edip ýaňky ikisi sokga sorýarlar. Haçan-da Şyhly aga turjak bolanda daýysy:
– Şyhly, pýançylyga salan bolup, ýüz manadyň gaýtargysyny goýup gitmegi unutmagyn – diýipdir welin, Şyhly aga daýzasyny çagyryp:
– Daýza, daýym ýasy arak almak üçin ýüz manat pul berdi. Ine galan gaýtargysy, berenime şaýat bol – diýip, galan puluny uzadypdyr.
■ BU NÄME?
Allanazar aga pensiýa çykmazyndan öň opera we balet teatrynda sahna guraýjylaryň ýolbaşçysy bolup işleýär eken. «Kemine – Kazy» operasynda sahna eşek çykýan ýeri barmyş. Allanazar aga şu bela gözlese-de, sahna çykarar ýaly eşek tapmandyr. Moskwanyň teatr institutyny gutaryp gelen ýaş direktor Allanazar agany kabinetine çagyryp:
– Indiki spektakla çenli eşek tapmasaň işden gümüňi çekerin – diýip, gygyryp başlaýar. Allanazar aga sesinem çykarman jübüsinden el ýaglygyny çykaryp, direktoryň öňünde goýupdyr. Jany ýanyp duran direktor:
– Bi neme? – diýip soraýar. Allanazar aga:
– Burnuň pohuny süpür.
– Owarra et munyňy. Eger indiki spektakla çenli eşek bolmasa eşitmedim diýme...
– Juda tapmasam, gaňňa getirerin.
– Eşeksiz gaňňany başyma uraýynmy?
– Saňa gerek boljak öýdýän.
■ GEP GÖZLÄP GELDIM
Bir gün işi ýogam bolsa Gylyç aga teatra gelipdir. Gylyç aganyň işe gelenini gören Aman aga:
– Gylyç, bu gün işiň ýokdur-a, hezil edip öýüňde dynç alsaň bolmaýarmy? Näme üçin geldiň? – diýip sorapdyr.
Gylyç aga:
– Aý, Aman, gep gözläp geldim. Kimiň işden aýryljagyny, kimiň öňki ýerinde goýuljagyny diňe şu ýerden eşidip bolýar – diýip, jogap beripdir.
Toplan: Amanmyrat AGAMYRADOW.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.