*****

Ganhor we duşman aslynda başga. Muny ol biçäreler nirden bilsin. Eger çüýşäň içine ýüz sany gyzyl we ýüz sany gara garynjany salyp goýsaňyz hiç zat bolmaz. Emma çüýşäni silkeleseňiz şol pursat ganly söweş başlanar. Gyzyllar garalary, garalar bolsa gyzyllary şol silkinmede günäkär hasaplap, biri-birini öldürmäge başlarlar...

Şahsyyet synagy

Salam hmmänize yokarky suratda ilki bilen syçany göryänizmi ya da pişigimi şona görä sizin häsiyetiniz belgilenyär Ilki pişigi gören bolsanyz ýoldaşyňyzy taparsyňyz. Suratda gören ilkinji jandaryňyz syçan bolsa, durmuş siziň üçin dynç alyş seýilgähinde rolik ýalydyr. Durmuşyňyzda deňagramlylygy kabul etmelidir.

Marynyň taryhda agzalyp geçilýän atlary

Marynyň taryhda agzalyp geçilýän atlary 1) Merw. 2) Marguş. 3) Maru Şahu Jahan. 4) Mawru. 5) Mauri. 6) Margiana. 7) Marwerrut. 8) Mare Şahjan 9) Mare Şah Jahan. 10) Margaw. 11) Antiohia. 12) Mouru. 13) Maru. 14) Marz. 15) Marwirot. 16) Mrum. 17) Mawera.

Goşgy okap bereýin

GOŞGY OKAP BEREÝIN… Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin, Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin. Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin, Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin. Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň, Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen. Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň, Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin. Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar, Depämde uly borç, elde döwet bar, Aýdylmadyk

Häzirki ahwalymy añladýan goşgy

"Bir derdim var artık tutamam içimde..." (Aýdymdan) Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim. Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!". Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?! Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri. Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik Unutdyk ertiri,öýle,giçligi Dünýä gurduk ikimizden ybarat Soñam oña salaýmadyk hiç kimi. Ökünýäñmi? Egmesene başyñy! Indi yza garamaklyk nä gerek?! Bu

Gelmezmi!?

Uruş betermi, ýer beter, Biri birinden hatar, Hasraty älem tutar, Giden gaýdyp gelmezmi? Tama barmy jesetde, Geñ gal, otur eset-de, Gapyl galan kesekde Ejem gaýdyp gelmezmi? Turup giden jeñ diýip, Bir jan-u-bir ten diýip, “Gaýdyp gerin men” diýip, Giden kakam gelmezmi? Dogan doganyñ zary, Olañ ikidi bary, Indi bakmazmy bäri – Dogan gaýdyp gelmezmi? Iñ ulymyz - Nyýazmyrat, Körpe – Muhammetmyrat,

GARA GÜN, GARA GIJE...

...Tahýasyny şu gije dynypdy, ertir kakasy uruşdan gelmänine kemsinip ýören oguljygynyň kellesine geýdirjekdi bir eje... Ertir kakasynyň suratyny görkezjek diýipdiler. Söweş ýoldaşy geljekdi, belki, “Kakaň diri, ol geler” diýjekdi, ol gün başgaçady bir oglanjyga... Ertir oguljygynyň gulpak toýuny berjekdi, bary-ýoguny ýygnapdy bir ene... Bir ýigit ertir ýüregini bire baglap, söýgüsini

...

Karma karışığım Anlayamazsın. Bir sarmaşığım Kurtulamazsın. Deliliğe alışığım Umutlanamazsın. Nursuz ışığım Arayıp bulamazsın. Ben bir varmışım Bir de yok değil, yoksulmuşum Arzuya ınanan Kral soyu taşıyan, soysuzmuşum. Aşk kadar Aşık olan Aşk kadar Aciz olan Aşk kadar Aklı olan Bir serserimişim. Dünya'da tek kalan Eşsiz, işsiz, yeni şeylere keşfsiz, Keyfsiz, nefes alan nefissiz Bir yaşıyan

SAÑA ÝAZAN HATLARYM

Durkum bilen dolup daşan pursatym, halym sorap garşymda-da durmadyñ. Kysmat gyssap gysajyna salanda, zeýrenjeñlik boýnun burup gelende, duýgy-düşünjämiñ howsalasyna urunýan kalp tarynyñ iñleýşinem duýmadyñ. Ýa duýsañam, öwran-öwran synadyñ?! Indi saña garaşmaga ýok halym, õzüm barýaryn, galmady hiç kararym. Ýola düşsem, jan ýoldaşym - kitaplar. Olaryñ ählisinde seniñ adyñ bar, meni ýola salan