Dünýädäki iň belent şaglawuk Anhel şaglawugydyr. Ol Wenesuelada ýerleşýär. Şaglawugy Anhel atly uçarman açypdyr. Şonuň üçin şaglawuk Anheliň adyny göterýär. Anhel şaglawugynyň umumy beýikligi 979 metr, suwuň ine-gana şaglap gaýdýan beýikligi bolsa 807 metr.
Gimalaý dagy Aziýa yklymynda ýerleşýär. Ol dünýäniň iň beýik dagy hasaplanýar. Gimalaý dagynyň iň beýik depesi Ewerest diýlip atlandyrylýar. Onuň beýikligi 8848 metr. Gimalaý sözi türkmen dilinde "Garyň öýi " diýen manyny berýär. Daglaryň ösýäni we peselýäni bolýar .Gimalaý dagy ösýän daglara degişli. Daglar näçe ösdügiçe, depesi şonça-da sowuk bolýar.
Bagşynyň aýdymyny diňlemek üçin diňleýji gerek ýazyjynyň ýazanyny okamak üçin okyjy gerek. Gynansakda bu saýtda indi okyjy galmady. Üç-dört okyjynyň birnäçe günüň dowamynda saýta girmegi bu hiç zat däl. Saýtda gatnaşyk ýok. Saýtyň şu ýagdaýa gelmegine belli adamlar günäkär. Ilki bilen bu adamlar özara ýasama dostluk toparlanmany döretdiler. Bu ýasama dostluk toparyna girenler belli bir adama