Owadanja gyzdan arwah çykarmy?
Çagalyk döwrüň özüne mynasyp gürrüňleri bolýar. Şolardan eşidenlerimi size aýdyp bereýin. Köplenç jadygöýli gürrüňler edilerdi we bu hili gürrüňler elbetde çagalar üçin gyzykly. Bir oglan agşam çagy eşekli, gadymdan galan ullakan güjüm agajyň teýinden geçmeli bolýar. Güjüme golaýlaşdygy saýyn onuň sussy basylyp ugraýar. Güjüm garaňkyda örän gorkunç ýaly. Hyýalyna yza dolanyp başga ýerden sowulyp