Saturn planetasy

Gün Äleminiň bäşinji saýýarasy. Oňa Keýwan diýilýär. Ol orta hasap bilen Günden 9,5 a.b. uzaklykda hereket edip, Günüň töwereginden bir aýlawy 29,4 ýylda tamamlaýar. Günden 1507 mln. km golaýlaşýar, oňa 1347 mln. km golaýlaşýar. Diametri 120500 km. Oňa mekdep teleskopynyň kömegi bilen gözegçilik edip, owadan halkasynyň bardygyny görmek bolýar /Saturnyň halkasyna seret/. Saturnyň massasy 5,68•10 28 g, dykyzlygy 0,7 g/sm3. Ol, esasan, ýeňil gazlardan, wodoroddan durýar. Astronomlar onuň özenini 3 gatlaga bölýärler: 15000°S; ikinji gatynyň galyňlygy 15000 km-e ýetýär, ol metal wodoroddan durýar, 3-nji gaty bolsa suwuk wodoroddan bolup, ol ýuwaş-ýuwaşdan atmosfera öwrülýär. Saturnyň ekwatorynda gije-gündiziň dowamy biziň 10 sahadymyza barabardyr. Aýlanýan oky hereket edýän tekizligine 26,7 gradus gyşykdyr. Ekwatorynyň üstünde şemalyň tizligi 1080 km/sag ýetýär we şemaly boýunça ikinji orunda barýar /iň şemally planeta Neptundyr - 2200 km/sag/. Öň Saturnyň 19 sany hemrasy /Aýy/ bar diýlip hasap edilýärdi. Olaryň aglabasyna at dakylandyr: Pan, Atlant, Mimas, Enselad, Tefiýa, Diona, Reýa, Titan, Giperon, Ýapet, Feba, Ýanus, Epimeteý, Ýelena, Telesto, Kalipso, Atlas, Prometeý, Pandora. Soňky döwürlerde emeli hemralaryň we kosmosdaky teleskopyň kömegi bilen, 2003-nji ýyla çenli Saturnyň jemi 31 hemrasy /Aýy/ açyldy. Atmosferasynyň ýokarky gatlagynda temperatura -178-173°S-ä deň diýlip hasap edilýär. Saturn Äleme Günden alýan şöhlesinden 2,7 esse artyk şöhle saçýar. Goşmaça energiýa özenindäki wodorodlar tarapyndan döredilýär diýlip hasap edilýär.
✓ Saturnyň halkasy
Saturn planetasynyň daşyndaky galyňlygy 1-20 km-e ýetýän, ownujak parçalardan başlap, tä birnäçe metre ýetýän buzlardan durýan halka. Ol Saturnyň ekwatoryna 26,9 gradus gyşyk. Şonuň üçin ony Ýerdäki gözegçi her 15 ýyldan gapdalyndan görýär. Şol wagtlarda ony kiçi teleskoplarda görmek kynlaşýar. Halka 3 /A, B, S/ bölek bolup görünýär. A we B halkalaryň arasynda giňligi 1800 km-e barabar bolan Kassiniň jaýrygy bar. 1980-nji ýylda ''Woýajer-1''-iň beren maglumatyna görä, halkanyň sanynyň üç däl-de, ýüzlerçedigi mälim boldy. Halkanyň diametri 400000 km-e golaý.


Hojamuhammet MELÄÝEW

SYRLY ÄLEM

Aşgabat. Ylym-2004.
1 лайков 242 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
15 июн 2021, 07:40
LAYK
Şamuhammet
Автор 15 июн 2021, 08:01
Abaddon,
Pikiriň ýokmy!? 
Maksat
15 июн 2021, 08:11
Jeksparro,
Astranomiyadan corny dyralar barada goyayda mowzuk
Şamuhammet
Автор 15 июн 2021, 08:28

Abaddon,


Agşamlyk öýe baraýyn...

#B.S
15 июн 2021, 12:39
Jeksparro bäşinji däl altynjy saýýara
1. Mercury
2. Venus
3. Earth
4. Mars
5. Jupiter
6. Saturn
7. Uran
8. Neptun
Şamuhammet
Автор 17 июн 2021, 14:27
@khanture, dogrudanam ýalňyş ýazypdyryn...