"Türkmen" sözüniň gelip çykyşy barada
TUR[k]MEN
(“türkmen” sözüniň gelip çykyşy barada)
Bu mesele boýunça alymlar dürli döwürlerde, dürli çaklamalary orta atdylar. Hususan-da, onuň “türk manend”, “tir-keman”, türk-iman” diýen ýaly sözlerden emele gelendigini, şeýle hem onuň ikinji “men” böleginiň manysynyň belli bolup, birinji “türk” böleginiň näbellidigini aýtdylar.
Şol näbelli bölegiň aslyny biz gadymyýetde biziň şu günki ýaşaýan topragymyzyň çäklerinde, Turanda ýaşan “turlardan”, ýagny, “tur” sözünden gözlemekligi makul bildik.
A. Meredow bilen S. Ahallynyň “türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” [1] atly kitabynda “tur” sözüne üç hili düşündiriş berilýär, emma, ol sözüň manysy, gelip çykyşy barada hiç zat aýdylmaýar.
Turlar barada maglumat berýän iň gadymy çeşme, otparazçylyk dininiň mukaddes kitby bolan Awestany gadymy awesta dilinden ors diline terjime eden Iwan Steblin-Kamenskiý hem şol kitaba ýerleşdiren sözlüginde “tur” sözüne düşündiriş bermändir. Ol diňe: “Turlar-turanlylar daýhançylyk bilen meşgullanýan çarwa taýpalar” [2], diýmek bilen çäklenipdir.
“Tur” sözüniň manysyna biz gadymy türki dillere bagyşlanan “Drewniý týurskiý slowar” atly sözlükde-de, Mahmyt Kaşgarlynyň meşhur “Diwany lugat-at Türk” atly ylmy işinde-de duş gelmedik. Asyl-ha, ol ýerde “tur” sözi ýok. Bu bolsa bizde: Bu söz türki asylly däl bolaýmasyn, diýen şübhe döretdi.
Edil, “tur” sözüniň düşündirilişine, ýer-ýurt atlaryny öwreniji S. Atanyýazowyň sözlünlerinde-de gabat gelmedik. Ol: “tur” sözüniň etnik ylmy dünýä belli däldigini nygtaýar. Ýöne, özüniň “Şejere” atly kitabynyň “türk” sözüne düşündiriş berýän bölüminde, “türk” sözüni ikä bölmek arkaly “tur” sözüne hem gyltyzraga-da degip geçýär.
Ol öňürti “türk” sözi barada ýazylan ähli işleri bir ýere jemläp, ýörite makala ýazan A. N. Kononowyň nuktaý nazaryny beýan edýär. Ýagny, onuň “türk” sözüni “tur” we “k” görnüşinde iki bölendigini, şeýle hem şonuň birinji böleginiň başda “Hudaý”, “Alla” diýen bolup, soň hormatly orny töri aňladdandygyny, ahyram güýç, kuwwat, hojaýyn ýaly düşünjelere eýe bolandygyny, ikinji “k” böleginiň bolsa köplük goşulmasydygyny subut etmeklige çalyşandygyny belleýär.
Soňra onuň özem A. N. Kononowyň derňew usulyna eýerip, “türk” sözün “ti” hem-de “rk” görnüşindeikä bölýär we şonuň birinji bölegi türki halklarynyň gadymy etniki ady bolsa gerek, diýen iňňän dogry netijä gelýär we manysyny düşündirmese-de, tüýs biziň eşidesimiziň gelýän sözümiziň üstünden barýar. Soňra ol “tur” sözüniň yzyna goşulan, köplügi aňladýan “k” goşup, ony “topar” “taýpa” “il” manysyndaky tüg/tü sözünden we yzly-yzyna goşulan, köplügi aňadýan “r” hem-de “k” goşulmasyndan hasyl bolup, “taýpa” topar”, “il” manysynda ýüze çykypdyr, diýmek bilen, çözgütden ýene-de sowa düşýär. [3].
Şeýlelikde, “tur” sözüniň asyl manysy ýene-de öňküsi ýaly, nämälimligine galýar. Şonuň üçinem biz ýene-de “tur” sözi türki asylly däl bolaýmasyn diýen pikirimize dolanyp geldik we gadymyýetde turlar bilen goňşy oturan, eýran dilli halklar ýaly indoýewropa dil maşgalasyna girýän ors diliniň W. Dal tarapyndan işlenip düzülen sözlügine ýüzlendik. Ol ýerde “tur” sözüne iki hili düşündiriş berlipdir.
1. Bir aýlaw. (Bir aýlaw tans, küşt oýnunyň ikinji aýlawy we ş.m.)
2. Tohumy ýitip giden ýabany öküz.
“Tur” sňzüne berilýän hut şu hili düşündirişe biz “Uly orsça-türkmençe sözlükde” [4] hem gabat geldik. Diýmek, tur – öküz. Şonuň bilen birlikde-de, ol halkyň ady.
Eýsemde bolsa, taryhyň çal saçlarynyň arasyna siňip giden şol halk haýsy halk? Olar kimler? Kimleriň ata-babalary?
Türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň adynyň “öküz” sözünden gelip çykandygy baradaky düşünje türkologlaryň aglabasy tarapyndan bireýýäm ykrar edildi. Özümiziňem şol düşünjä gol ýapýandygymyz üçin “tur” sözüniň öküzlere – oguzlara goňşy, eýran dilli halklar tarapyndan dakylan ikinji atdyr diýip pikir edýäris, ýagny: öküz – awtoetninim, tur – alloetnonim.
Diýmek, meşhur Awestadaky turlar, şu günki türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar – öküzler bolmaly. Halkyň öz adynyň we daşardan dakylan adynyň bolýandygyna tymsaly biz daşdan gözlemeli däl. Mysal züin Germaniýa – bu, onuň daşardan dakylan ady. Öz ady – Doýçland. Halkyň adyna biz orslardan eşidip “nemes” diýýäris. Emma özleri – “doýç” diýýärler. Ýa-da Gruziýa (Gürjüstan). Bu hem oňa daşardan dakylan at. Öz ady: Sakartweli. Şeýle mysallar başga-da köp.
Turlaryň öküzlerdigini, oguzlardygyny Ferdöwsiniň meşhur “Şanama” eseri hem tassyk edýär. Ol ýerde hem edil Awestadaky ýaly turlar bilen arileriň arasyndaky taryhy hereketler beýan edilýär. Şonda turlaryň serkerdesi - Afrasyýan (Awestada Afanhrasýan). A. Meredow bilen S. Ahallynyň agzalan sözlüginde bolsa, Afrasyýabyň ähli türki halklaryň nesilbaşysydygy aýdylýar.
Eger-de “tur” sözi öküzlere – oguzlara Awestadaky Eýranly ariler tarapyndan dakylan alloetnonim bolsa, onda näme üçin ol sözi biz turlara dakan halkyň öz dilinden gözlemedik? Gözledik! Ýöne, geň ýeri şol söz ol halkyň häzirkizaman dil dolanşygynda ýok. Saklanmandyr. Beýle ýagdaý hem islendik halkyň durmuşynda bolup geçdi we bolup geçmegini dowam etdirýär. Sözler üýtgeýärler, urga sezewar bolýarlar we orunlaryny başga bir söze berip, ýitip gidýärler. “Tur” sözi bilenem, hut şeýle hadysa bolup geçipdir.
Ýöne, ine, biziň obýektimiz bolup duran “tur” sözi bilen kybapdaş, üstesine-de şol bir “öküz” manysyny berýär “sur” sözi welin, häzirkizaman eýran dilinde bar.
A. Meredow bilen S. Ahallynyň sözlüginde “sur” sözüne birnäçe düşündiriş berlipdir. Şonuň dördünjsine: sur (sawr) – öküz, buka, öküz ýyldyzy, eýranlylaryň şemsi aýlarynyň ikinjisine deň gelýän aýyň ady (1) diýlip, düşündirilýär.
Bu ýerde manydaşlygyndan başga-da, “sur” sözüniň başda “tur” görnüşinde bolandygyny eşidiliş owazy arkalam aňlamak kyn däl.
Biziň pikirimize goltgy berip biläýjek ýene bir gyzykly zat, o-da öz agzalan sözlüginde W. Dal “turyň”, ýagny, ýitip giden hasap edilýän şol ýabany öküziň diňe Belowež sümme tokaýlyklarynda, özem edil gadymkysy ýaly ýabany görnüşde gabat gelýändigini habar berýär. (5) Şol ýabany öküze bolsa “zubr” diýilýär.
Indi bolsa “zubr” bilen “sur” hem-de “tur” sözüniň sazlaşygyna üns beriň” zubr – zur – tur.
S. Atanyýazowyň sözlüginde-de, A. Meredow bilen S. Ahallynyň sözlüginde-de turlaryň ata watany bolan Turanyň Orta Aziýany we Gazagystany öz içine alyp, tä Týan-şan daglaryna çenli uzap gidýändigi aýdylýar. (1) Käbir çeşmeler bolsa turlaryň – öküzleriň – oguzlaryň Sibir ýerlerine – Hytaý, Mohgol serhetlerine çenli aralaşandyklaryny habar berýär. Ine, hut şol ýerde hem hytaýlylar tarapyndan atlarynyň yzyna köplügi aňladýan”k” diýen täze bir etniki ada eýe bolýarlar.
Birnäçe taryhy mütdetlerden soň indi “türk” adyny alan gadymky “turlar” (“oguz” atlarynyňam ugrubir dowam edýändigini bellemek gerek), taryhy çeşmelere görä, IX–X asyrlarda, biziň pikirimizçe ondanam has öňräk, ata-watanlaryna, ýagny Merkezi Aziýa, Türkmenistanyň häzirki çäklerine gaýdyp gelýärler we ondanam tolkun görnüşinde Ýewropa, hususan-da, Wizantiýa serhetlerie aralaşýarlar. Ine hut şol ýerde hem olaryň atlarynyň yzyna Ýewropalylar tarapyndan “ingl şman”, “frençmän” diýen ýaly, adamyň haýsy halka, hünäre degişliligini, ýa-da hüý-häsiýetini aňladýan “män” (man-men) goşulmasy goşulypdyr.
Şeýlelikde, olar “türkmenler” (tür:k:men) diýlip atlandyrylyp başlapdyrlar. Ortaky çekimlisi her halkyň öz transkripsiýasyna, dürs aýdyş we ýazyş düzgünlerine görä üýtgäp duran “man” “män”, “men” goşulmasy ýeke bir agzalan halklarda däl, eýsem dünýäniň beýleki halklarynda hem gabat gelýär. Mysal üçin, Germanlarda adamyň hut özüne: Der Man diýilýä. Indeýleriň Komançi taýpasynyň adynyň gurluşy şeýle: Ko:man:çi. Bu bolsa – hakyky adamlar diýmekdir. Ýa-da, Günorta Amerikada ýaşaýan Buşmen atly halkyýetiň adyny alyp göreliň. Buş:men. Manysy: tokaý adamsy. Indi adamyň haýsy hünäre degişlidigini görkezýän “men” sözüne garap geçeliň: sportsmen – sports:men (sport bilen meşgullanýan adam), hüý-häsiýete degişli: supermen – super:men (ýönekeý däl, beýlekilerden üýtgeşik adam).
Şeýle mysallary biz öz türkmen dilimiziň içindenem tapyp bileris. Ýagny, edermen – eder:men (edenli adam), gahryman – gahry:man, gaharman (işde, söweşde, beýlekilerden tapawutlanýan adam, gaharjaň adam). Padyman – pady:man (sygyr bakýan adam).
Şeýle mysallary näçe diýseň tapmak mümkin. Ýöne, geliň ýene-de “tur” sözüne dolanyp geleliň.
“Tur” sözüniň ewolýusion ösüş taryhy “türkmen” sözüniň ýüze çykmagy bilen halkyň ady hökmünde tamamlanan hem bolsa, Turandan soňky dörän “Türküstan”, “Türkmenistan” ýaly ýer-ýurt atlarynda öz ömrüni dowam etdiripdir we henizem dowam etdirýär: Tür:k:istan; Tür:k:men:ist:an. Bu ýerde “tür” (tur) – düýp söz , “k” – köplük goşulmasy; “men” – degişliligi aňladýar, “ist” – durmak, bir zadyň duran, üýşen ýeri, “an” – mesgeni, ýurdy aňladýar. Ýagny: türkileriň, türkmenleriň üýşen, toplanan ýeri, ýurdy, mesgeni, watany.
Edebiýatlar:
1. A. Meredow, S. Ahally, “Türkmen klassyky edebiýatyň sözlügi:. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1988 ý.
2. Awesta (избранные гимны из Видевдата), перевод с авестийского И. Стеблин – Каменского, Москва, изд-во «Дружба народов», 1993 г.
3. S. Atanyýazow “Şejere” Aşgabat, “Turan – 1”, 1994 ý.
4. Большой русского – туркменский словарь Москва, изд-во «Русский язык», 1987 г. II т.
5. В. Даль. «Толковый словарь русского языка».
“Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy” atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. Aşgabat – 2010 ý.
23-24 fewral. Çapa taýýarlan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.