Adamyň gülüşine seredip onuň häsiýetini bilmek mümkin.



Gülýän wagty ýokarky dodagy aşaky dodagyna degip dursa, bu adam durmuşda hemmäniň dykkat merkezinde bolmagy isleýändir.

Gülýän wagty agzyny eli bilen ýapyp durýan bolsalar, onda öz güýjüne ynanmaýan, çetde durmagy dogry hasaplaýan adamlardyr.

Kellesini arka taşlap gülýänler ynanjaň, sada, köplenç kalbyna gulak asyp iş edýän adamlardyr.

Güleninde bir eli bilen kellesini tutýanlar, hyýalbent adamlaryň hataryna girýärler. Olaryň arzuw edýän zatlary köplenç şol arzuwlygyna galýandyr. Sebäbi olar dünýäde duşmaýan, diňe hyýallarda gabat gelýän zatlary arzuw edýärler.

Güleninde burnuny üýtgedýän (ýokara edýän ýalyrak) ol ýa bu zada garaýyşyny tiz-tiz üýtgedýän, diňe öz diýenini edýän kejir adamlardyr. Olar köplenç töweregindäkiler bilen keýpine görä gürleşýärler.

Agzyny açyp, hah-hah edip gatydan gülýänler, özüne ynamy belent, söbetdeşlikde özünden başganyň diňlenilmesini islemeýän adamlar toparyna degişlidir.

Güleninde kellesini çala aşak garadyp ýuwaş gülüp goýýanlar açyk göwünli, her dürli ýagdaýa tiz öwrenişýän adamlardyr.

Her gezek dürli gülýän adamlar, ilki bilen öz pikirini üstün goýup iş tutýan adamlardyr.
5 лайков 209 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yurek lukmany
08 янв 2022, 20:43
kellani arka tashlap gulyanda edil ozi
Enesh
08 янв 2022, 20:45
like
Enesh
08 янв 2022, 20:45
Цитата: Yurek lukmany
kellani arka tashlap gulyanda edil ozi

hehe mnm şeýle
üçümiz gaty meňzeş
#B.S
08 янв 2022, 20:46
Güleninde burnuny üýtgedýän (ýokara edýän ýalyrak) ol ýa bu zada garaýyşyny tiz-tiz üýtgedýän, diňe öz diýenini edýän kejir adamlardyr. Olar köplenç töweregindäkiler bilen keýpine görä gürleşýärler.

Güleninde kellesini çala aşak garadyp ýuwaş gülüp goýýanlar açyk göwünli, her dürli ýagdaýa tiz öwrenişýän adamlardyr.

Baaaahhhhh
Yurek lukmany
08 янв 2022, 20:47
Edil ozi wwara ruh ekizlera yaniEnesh,
Enesh
08 янв 2022, 20:48
Yurek lukmany,
şu saýta iýiki gelmişiz
Leyli Amanowa
08 янв 2022, 20:49
Agzyny açyp, hah-hah edip gatydan gülýänler, özüne ynamy belent, söbetdeşlikde özünden başganyň diňlenilmesini islemeýän adamlar toparyna degişlidir.
ine ine)
Merdan
08 янв 2022, 20:51
Güleninde kellesini çala aşak garadyp ýuwaş gülüp goýýanlar açyk göwünli, her dürli ýagdaýa tiz
öwrenişýän adamlardyr.


Şu maňa degişli eken, serýozny aýdýan
Yurek lukmany
08 янв 2022, 20:53
hakyky yaman tiz owrenishdinow hahahaMerdanGeldiyevv,
Yurek lukmany
08 янв 2022, 20:53
MerdanGeldiyevv,
seryozny dal wara sho bolshuny gordima bro hihi
Gözel
08 янв 2022, 20:59
Gülýän wagty ýokarky dodagy aşaky dodagyna degip dursa, bu adam durmuşda hemmäniň dykkat merkezinde bolmagy isleýändir.

Su mAna değişli ekeni
Dünýä
08 янв 2022, 21:33
...
Merdan
08 янв 2022, 21:37
Yurek lukmany,
Menem şol diýýändä
Aýnur
08 янв 2022, 23:21
Цитата: Nairobi
Agzyny açyp, hah-hah edip gatydan gülýänler, özüne ynamy belent, söbetdeşlikde özünden başganyň diňlenilmesini islemeýän adamlar toparyna degişlidir.
ine ine)

Menem şol
Aýnur
08 янв 2022, 23:22
Käwagt elimi agzymada tutup gulyan))
Gokhan Durdyyew
10 янв 2022, 09:49
2_njisi men mana dogry geldi