Baslamak hemise kyn

Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle
bir kän, emma olaryň aglaba bölegi
ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň
arhiwine siňip galýar. Heý-de siz “Arzuwlaryň
senenamasy” ýa-da “Arzuwlaryň taryhy”,
“Arzuwlaryň ömri” atly eseri okap
gördüňizmi? Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş
ýüzünde amal edilmedik, hasyl edilmedik
zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär.
Maksadyň beýikligine, arzuwyň süýjüligine,
berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol işleriň,
eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji
arzuwlaryň joşguny bütin süňňümizi gurşap,
oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak
menzilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän
mahalymyz, keýpimiziň çag çagynda hemme
zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary
külterlemek hem arka agram salmaýan kysmy.
Ýöne az salymdan yhlasymyza sowuklyk
aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr
buzlarynyň arasynda gysylyp galan gämi deýin
öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne höwes
tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr
soňunda gönendirjek şol arzuwlarymyza
başlamakdan, girişmekden çekinýäris.
Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda
onuň iň kyn nokady — başyna barmak,
başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň
üçinem häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri
bu hakda söz açanda, başlamak müşgilliginiň
syry hakda dil ýaryp: “Her gezek şeýle ýagdaý
bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň
gyrasyndan girenimde ýa-da täze bir kitap
ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp
edýärin. Başlamak howsalasyny, başlamagyma
böwet bolýan galagoply duýgyny basyp
ýatyrmak üçin şeýle bir ýazýaryn, şeýle bir
ýazýaryn, başagaý bolup, ýazyp oturşymy
daşymdan görseňiz-ä “eýýäm bir kitaby
ýarpylandyr” öýdersiňiz. Diňe şondan soň
geçen menzillerime ser salýarynda, özümi
adaty, endigan ýagdaýa getirip, öňki
ýazan-dolduran zatlarymy düzedişdirip,
goşup-aýryşdyryp başlaýaryn. Çünki mende
“ilkinji ädimiň” howatyrlanmasy, “başlamak”
gorkusy aýrylypdy” diýýär.
Bu biziň köpimize mahsus ýagdaý. Hatda
özümem birnäçe etsem-petsemleri diňe şol
duýgynyň täsiri astynda ýa soňa süýşüripdim,
ýa-da “başlaýyn, başlaýyn” — diýip, heniz
başlamankam taşlapdym. Köpleriň özleri we
öz arzuwlary-geljekleri babatda şu hörpden
gopýandygyna, şol ýagdaýdan ejir
çekýändigine gözüň ýetýär. Aslynda bu giňden
ýaýran ýagdaýlaryň biri. Başlamak gorkusynyň
astynda neneňsi syryň ýatandygy hakda dürli
pikirleri, ölçerip-seljermeleri gözden
geçirenimizde, jogaby göwni kanagatlandyrjak
şeýle bir netijä gelip bolýar: biz hemişe ahyrky
netijäni görmäge howlugýarys. Täze işe
girişýäris, emma köp wagt geçmänkä başga bir
işiň täsirine düşüp, bu işimizden sowaşyp
başlaýarys. Munuň hem iki sany esasy sebäbi
bar. Birinjisi, täze peýda bolan käbir zatlar
öňküden has özüne çekiji, has gowy, has
bähbitli ýaly duýulýar. Emma şu wagtky
işimiziň üstünden böküp, ol işe girişsek,
ýene-de şol öňki duýgular bilen gurşalýarys.
Ikinjisi, biziň ýöränje ýolumyz heniz
“garaşylýan” ahyrky netijäni aýdyň görkezip
bilenok. Sebäbi biz gyssanýarys, şu gün düýbi
tutulan jaýyň üçegini ertir göresimiz gelýär.
Ilkinji ädimler bolsa ahyrky üstünlige çenli
ýeterlik ýol däl.
Täze paltanyň daragta ilkinji urgusy kesgir
bolman biler, kitabyň birinji setiri juda täsirli
ýada şowly çykman biler. Hususy
meýilnamadaky ilkinji aýlar beýik maksatlaryň
ugrunda görnetin öňe ilerleýändigiňi
görkezmän biler, emma bar hupbat şu zatlary
akyla düşündirip, ynandyryp bilmekde. Bir
demde, bir sözde bina etmek ygtyýary diňe
Haka degişli. Biz bolsa munuň üçin ähli
ädimleri birme-bir ýöräp geçmeli bolýarys.
Gözüň tebigaty — diňe iri zatlary görýär. Iri
zatlara ýetýänçäk arada duran ownuk-uşak
hysyrdylary, hal-ýagdaýlary bolsa görmek
islämzok. Bularyň ählisine sabyr edere
takatymyz ýok, aslynda welin uly sabyr beýik
we belent ruhy hasyl edýär. Şonuň üçin hem
işiň başyndaky bu päsgelçilik, garşylyk
durmuşda duçar bolýan iň uly
päsgelçiliklerimiziň biridir. Muňa “başlamak
garşylygy” ýa-da “başlamak päsgelçiligi”
diýilýär. Şol päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin
endigan bir ýola düşýänçäň, endigiňe
öwrülýänçä, ähli güýjüňi sarp edip işlemegiň
gerek.
Belki bilýänsiň, belki-de bihabarsyň — raketa
ilki bat alanda özüniň has köp ýangyjyny,
energiýasyny ýakýar. Ol asmana
göterilmezinden öň ilki bilen bar güýjüni bat
almaga berýär.
Ir säher awtoulag bilen ýola düşmekçi bolsaň,
onuň motory ýuwaş-ýuwaşdan gyzýança, oňagaraşmaly bolýarsyň. Ol diňe gyzandan soň
sürmäge ýaraýar.Her zadyň ilkinji ädimi,
ýönekeýi, kiçisi göze ilmeýär, emma şol
ädimleriň her biri ýokary derejede ähmiýetli.
Göräýmäge ilkinji ädimler işiň soňundan has
kyn we zerur.
Öňüňde maksadyň anyk bolsa, ýöremeli ýoluň,
barmaly ýeriň, ýetmeli menziliň kesgitli bolsa,
hem-de şol ýolda uly gaýrata bürenmek
isleýän bolsaň, ilkinji ädimleriňe uly üns ber
we uly güýç sarp et. Ilkinji ädimlere sarp
edilen yhlas bize goşa-goşa gaýrat eçilýär.
Gursagymyza ynam guýýar. Kalbymyza umyt
çaýýar. Bizi ahyrky maksadyň
gyzyklandyrýandygyna garamazdan, ilkinji
ädimlere kembaha garamaly däldiris. Her
indiki ädimi aňymyzda berkän pikirler,
toplanan tejribeler bilen ýene-de berkidip,
ösdürip, öňe ynamly ätlemek gerek. Şeýle bir
hikmetli söz bar: Niýet nirä öwrülse, aýaklar
hem şol tarapa ädilýär. Yza öwrülme,
saga-sola dönme, maksadyňa tarap diňe öňe
ýöre.
#atamyn durmus hakda aytmadyk zatlary
1 лайков 222 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 12:40
Başyny okadym. Yzyny okamaga yuregim howlugyp gitdi. Yalňyş duşunme mowzuk uzyn diyjek bolmadym. Aslynda, näçe uzyn bolsa-da okayan gyzykly bolsa.
Geleli bu yazga meň un şu adam bir pikirinde durup bilmeyän durnuksyz adam yaly görundi. Bir arzuw etdiňmi amala aşyança hereket et. Täze bir zat görseň ony zyňyp oňa ylgap yörmän. Näme un başlan işiňden sowaşmalymyş?! Yeterlik höwes we yhlas eden däldir başlan işinden sowaşyan bolsa. Maksada okgunly adamyň yazjak zady däl bu
Biohimik
Автор 24 янв 2022, 12:47
Цитата: Nairobi
Başyny okadym. Yzyny okamaga yuregim howlugyp gitdi. Yalňyş duşunme mowzuk uzyn diyjek bolmadym. Aslynda, näçe uzyn bolsa-da okayan gyzykly bolsa.
Geleli bu yazga meň un şu adam bir pikirinde durup bilmeyän durnuksyz adam yaly görundi. Bir arzuw etdiňmi amala aşyança hereket et. Täze bir zat görseň ony zyňyp oňa ylgap yörmän. Näme un başlan işiňden sowaşmalymyş?! Yeterlik höwes we yhlas eden däldir başlan işinden sowaşyan bolsa. Maksada okgunly adamyň yazjak zady däl bu

Munyn yeterlikdal bahana ucin gowyrak guyclurak yalnys tap bu gury yrsarama meñzedi
Biohimik
Автор 24 янв 2022, 12:48
Nairobi,
Ol agyp donup durma baslamak ucin uly guyc gerek diyya we sen doly oka ilki son pikir yaz
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 12:59
Hatda
özümem birnäçe etsem-petsemleri diňe şol
duýgynyň täsiri astynda ýa soňa süýşüripdim,
ýa-da “başlaýyn, başlaýyn” — diýip, heniz
başlamankam taşlapdym

muň özi aydyan akyllaryny edenok ekenä. Akyl satmaly bolsa heme akylly özune gezek gelende bolsa...
Doly okanda-da duzuwli aydan zady yok
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 13:00
Kellesi kyrk durli öwusyänler un maslahat beripdir. Şolara gerek bolup biler bu yazgylar.
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 13:01
Sebäbi özi şeyle eken. Beylekilere-de şeyle bolmaň diyyä. Wyždansyzlaryň depderinde wyždan hakda yazylyar diyen yaly edipdir awtor. Bolsa-da gowrak eken özuniň şeyledigini yazypdyr
Belki
24 янв 2022, 13:34
Awtory Kerim Aş-Şazili.
Biohimik,okadyñyzmy şu eseri tutuşlygyna.Okan bolsañyz Berekella.Añ düşünjesini kämilleşdirmek isleýänler şu eseri okasyn.Bu eser kitap görnüşinde "Halallyk kyssalary"ady bilen çykaryldy.Kitaphanalarda bardyr.
Goýana ullakan Like.
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 14:20
Belki,
"Halallyk kyssalaryny" menem okan yalydym. Daşynda dagyň gunuň suraty bar kitapmydy? Ya yalňyşyanmy?
Biohimik
Автор 24 янв 2022, 15:07
Цитата: Belki
Awtory Kerim Aş-Şazili.
Biohimik,okadyñyzmy şu eseri tutuşlygyna.Okan bolsañyz Berekella.Añ düşünjesini kämilleşdirmek isleýänler şu eseri okasyn.Bu eser kitap görnüşinde "Halallyk kyssalary"ady bilen çykaryldy.Kitaphanalarda bardyr.
Goýana ullakan Like.

Doly dal 50nacenji listinde 142list umumy gaty gow
Biohimik
Автор 24 янв 2022, 15:07
Цитата: Nairobi
Belki,
"Halallyk kyssalaryny" menem okan yalydym. Daşynda dagyň gunuň suraty bar kitapmydy? Ya yalňyşyanmy?

Sena duybunden yalnysdyn awtor bir yazyjynynyn aydanyny aytya yene birgezrk oka gaytadan
Leyli Amanowa
24 янв 2022, 15:24
biohimik.,
dusunmän geçdimay ?
Belki
24 янв 2022, 18:13
Nairobi,kitabyñ daşyndaky surat ýadyma dûşenok.Ýöne içinde Rahmet Gylyjowyñ arap dilinden türkmençä terjime edilen eserleri bardyr."Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"hem şolaryñ biri.Bu eser ilkinji gezek men okuwçykam "Esger"gazetinde çap edilipdi.
Biohimik
Автор 24 янв 2022, 19:20
Цитата: Belki
Nairobi,kitabyñ daşyndaky surat ýadyma dûşenok.Ýöne içinde Rahmet Gylyjowyñ arap dilinden türkmençä terjime edilen eserleri bardyr."Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"hem şolaryñ biri.Bu eser ilkinji gezek men okuwçykam "Esger"gazetinde çap edilipdi.

Howa esger gazetinde dolulygyna cap edildi e-wariantdada aydylyar