Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindrom /+18/

Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindrom köplenç psihiki taýdan bozulmalary bolan aýallarda, şonuň ýaly-da psihiki taýdan sag aýallarda hem bolup bilýär. Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindrom ortaça alanyňda aýallaryň 80 göteriminde duş gelýär we şolaryň diňe 5-10 göteriminde ol agyr geçýär. Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindrom psihiki we somatiki bozulmalar bilen, esasan hem alyş-çalyş, endokrin we wegeto- damar funksiýalarynyň bozulmagy bilen ýüze çykýar.
Bu sindrom aýbaşynyň gelmezinden 2-12 gün öň ýüze çykyp, aýbaşynyň gelmegi bilen aýrylýar. Has aýdyň bolan psihiki bozulmalar aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýar. Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň sebäbi ahyryna çenli doly öwrenilmedik, emma munda prostoglandinleriň has artyk çykýandygy we aýbaşy aýlawynyň lýutein fazasyndan aldosteronyň derejesiniň ýokary galýandygy, şeýle- de B6 witaminiň derejesiniň birbada peselýändigi bellidir. Käbir lukmanlar otnositel giperestrogeniýany aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň esasy bolup biläýjek sebäp diýip hasaplaýarlar.
Bu sindromyň ýüze çykmagyna itergi berýän sebäpler nesilden-nesle geçijilik, emosional nerw dartgynlygy, zorlanmak, alkogolly içgileri aşa köp içmek, psihiki kesellerdir.
Sindromy güýçlendiriji (öjükdiriji) sebäpler ýatgynyň aýrylmagy, ýatgy turbalarynyň çigilmegi, kontraseptiwleriň içilmeginiň bes edilmegi.
Sindromyň ýüze çykmagyna ýardam beriji sebäpler aşa köp kofe içmek, çilim çekmek, emosional dartgynlylyk, köp oturyp, az hereketde bolmak.
2000-2005-nji ýyllarda aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromy bolan (aram we agyr derejeleri) 28-45 ýaş aralygyndaky aýallaryň 27-sinde sorag-barlag işleri geçirilipdir. Olaryň 12-si durmuşa çykan we 15-si durmuşa çykmadyk. Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň agyrlyk derejesi boýunça aram agyrlyk deresinde – 9 aýal, agyr derejesinde – 18 aýal. Barlagdan geçirilen aýallaryň ählisinde göwnüçökgünlik, gaharjaňlyk, çalt ýadamaklyk, kellagyry, uky bozulmasy, meteorizm, süýt mäzleriniň gatamagy, içgi dartgynlygy duýmaklyk, özüni gazaply alyp barmak, işe ýarawlylyk ukybynyň hem-de seksual gatnaşyklaryna höwesiniň peselmegi, işdäsiniň açylmagy we agramynyň artmagy, iç gatamaklyk, aýaklaryň çişmesi ýaly alamatlar bellenilipdir.
Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň aram agyrlykdaky derejesi bolan aýallarda, bu ýüze çykmalar has aýdyň bolup, olar aýallaryň umumy işe ýarawlylyk ukyplaryna täsir etmeýärler. Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň agyr derejesi bolan aýallarda bu bozulmalar güýçli bolup, olar hatda aýallaryň işe ýarawlylyk ukybynyň peselmegine getirýär.
Aýbaşynyň öň ýanyndaky sindromyň ýeňil geçmegi üçin, şol döwürde şekeri, duzy, spritli içgileri, kofe, ajy çaý içmezlik, şokolady, suwuklyklary, eti, ýaglary çäklendirmek maslahat berilýär.



Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

''MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY'' kitaby
2011.
1 лайков 213 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.