Aň we Akyl – bir zatmy?
Biz, köplenç, aň hem akyl sözlerini bir bitewi manyny aňladýan düşünjeler diýip kabul edýäris. Elbetde, bu beýle bir ylalaşyp bolmaz ýaly ýagdaý hem däl. Ýöne her niçigem bolsa diýjek jümlesini oýlanyşykly sözlejek adam üçin munda many aýrybaşgalygy-da ýok däl.
Türkmen diliniñ sözlüginde "aň" sözüne «pikir, oý, düşünje» diýlen teswir berlipdir. «Akyl» sözüne bolsa «adamyň pikirlenmek ukyby» diýlen kesgitleme ýerleşdirilipdir. Diýmek, olaryň hersiniň sözlükde aýrybaşga ýerleşdirilmegi we düşündirilmegi ýokardaky pikirimizi delile getirmäge azda-kände yardam berýär.
Geleliň asyl temamyza, onda aň näme? Akyl näme? 1912-nji ýylda lukmançylyk ylmy boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Aleksis Karrel ylmy işleriniň birinde adam aňynyň älem giňişligine syýahat etmäge, munuň üçin onuň göwreden çykyp gitmäge we geljegi hem geçmişi görmäge ukyplydygyny ýazypdyr. Munuň delili hökmünde, geliň, meşhur öňdengörüji alym – muneçjim Mikaýel Nostradamusyň çaklamalaryny mysal alyp göreliň. XVI asyrda ýaşap geçen fransuz astrology 1557-nji yyldan tä 3797-nji ýyla çenli dünýäde bolup geçjek global wakalaryñ sanawyny düzüpdir. Şolaryň eýýäm 35-e golaýy durmuşda tassyk bolupdyr. Ýene bir subutnama: XX asyrda yaşap geçen Wanga atly öňdengörüji bolgar zenany hakynda eşitmedik, megerem, az bolsa gerek?! Onuň üýtgeşik welilik ukybyny bütin dünýä ykrar edipdi. Wanga ýüz ýyl, hatda müň ýyl öň bolan wakalaram aýtmagy başaran beýik welidir. Ol bir ynsanyňam, tutuş milletiňem, şäherlerdir döwletleriň, bütin planetanyňam ykbalyny welilik bilen aýdypdyr. Galyberse-de öz goşgularynyň üsti bilen geljek hakda aýdyp geçen ussat şahyrymyz Magtymguly atamyz hem weli adam hasaplanýar.
Diýmek, adamyň aňy geçmişe-de, geljege-de syýahat edip, ser salyp bilýän eken. Meşhur hindi akyldary Oşo hem şeýle belläpdir: «Aňly bolmak gowy, ýöne akylly bolmak hem zerur. Akyl juda bagtly bolmak isleýär, ýöne muňa öňi bilen aňyň kämilligi gerek.»
Indi akyl barada. Sözleýiş dilimizde we düşünjämizde akylyň örän giň hem dürli many giňişlikleri bar. Ol käte aňdan hem öňe geçiberýär. Bu biziň aňa az üns berip, ähli zady akyl arkaly çözýändiris öýdýän düşünjämizden ýüze çykýar. Ýogsa akyly dogurýan (döretýän) hem aňdyr. Köplenç biz ähli babatda dolandyrýan kelle beýnimiziň, ýagny, aňymyzyň ukybyny beýlede goýup, Özümizde bolup geçýän ähli ahwalaty döredýän we ondan netije çykarýan ýüregimizdir diýip ýüzleý oýlanýarys. Aslynda, beýle pikirlenmek dürs däldir. Sebäbi ýürek bedenimizi herekete getiriji iňňän uly güýje eýe bolan bir gurluşdyr. "Ýüregim syzýa" ýa-da "Ýüregim duýýar" diýen ýaly jümleleri häli-şindi dile getirip durýarys, ýöne beýle ukybyň bardygyna welin, ylym hem delil tapyp bilenok. Akylyň başda, kelle beýnimizdedigi hemmä mälim ahyryn. Galyberse-de, göwün, kalp, köňül diýlen düşünjelerem bar-a.
Umuman, ynsany psihiki taýdan dolandyrýan, onuň ähli etsem-goýsamlaryny uly kerwen ýaly düzüp, kalbyňa salyp berýän we oña elmydama gözegçilik edip durýan aňdyr. Diriligimiziň çeşmesi bolan ýürek bolsa, ýerine ýetiriji hyzmatçydyr.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.