Özüňi tanaryn diýseňiz #15
BEÝNIMIZIŇ HAÝSY ÝARYM ŞARY HAS IŞJEŇ
Ynsan bedeniniň gurluşy örän täsin. Biziň damarlar bilen biri-birine birgeňsi seplenen beden agzalarymyzyň her biriniň öz wezipesi hem şol täsinlikleriň biri. Meselem: gözlerimiz bize ýagty dünýäni ähli gözelligi bilen görkezse, gulaklarymyz arkaly dürli owazlardyr sesleri eşidip, bir-birek, daş-töwerek arkaly gerek bolan gatnaşyklary yöredýäris. Beýleki beden agzalarymyz hem hut şeýle, ýüregimiz öz duýuş aýratynlygy bilen bize ajaýyp duýgylaryň ýakymyny eçilse, aýakdyr ellerimiz islän ýerimize gidip, göwün söýen işimizi ýerine ýetirmegimize ýardam edýär.
Ynsan beýnisi iki sany ýarym şardan ybarat bolup, ol tutuş göwräni dolandyrýar. Beýnide bir sekundyň dowamynda sanýetmez hereketler bolup geçýär. Biz beýnimiziň iki ýarym şarynyň deň güýçde işlemeýändigini hem bilýäris. Ýöne hut öz beýnimiziň haýsy ýarym şarynyň beýlekisine görä has işjeňdiginden habaryňyz barmy?! Eger ýok bolsa, aşakdaky sowalnama bilen doly tanyşanymyzdan soňra, muny kesgitläp bileris. Onda näme, beýnimiz bilen has ýakyndan «tanyşmaga» girişeliňmi?!
Orta mekdepde, esasan, haýsy dersleri halaýardyňyz?
a) gumanitar dersleri
b) takyk dereleri
2. Sportuň haýsy görnüşleri bilen gyzyklanýarsyňyz?
a) ýekelikdäki görnüşleri
b) toparlaýyn görnüşleri
Gören düýşüňizi oýananyňyzdan, soňra ýatlap bilýärsiňizmi?
a) köplenç
b) käte ýa-da asla
Gürleşýärkäňiz...
ýüz we el hereketlerinden kän peýdalanýarsyňyz
ýüzüňizi üýtgetmän, el hereketlerinden peýdalanman gürleşýärsiňiz
Aýalaryňyzy biri-biriniň üstüne goýanyňyzda, sag eliňiziň başam barmagy...
a) ýokarda
b) aşakda
Sagada seretmän, wagty takyk anyklamaga çalşyň!
a) takyk wagtdan 10 minutdan köp tapawut bar
b) takyk wagtdan 10 minutdan az tapawut bar
Köplenç
a) adamlaryň ýüz keşbini ýatda saklaýaryn
b) adamlaryň adyny ýatda saklaýaryn
8. Bir galamy ak diwaryň öňünde dik tutup, ilki iki gözüňizem açyp, soňra çep gözüňizi, ondan soňra-da sag gözüňizi ýumup serediň. Her gezek hem bellik ediň...
a) galamyň duran ýeri çep gözüňizi ýumanyňyzda üýtgedi
b) galamyň ýeri sag gözüňizi ýumanyňyzda üýtgedi
Netije:
«a» jogaplar «b» jogaplardan kän bolsa, beýniňiziň sag ýarym şapy has işjeňdir;
«b» jogaplar «a» jogaplardan kän bolsa, beýniňiziň çep ýarym şary has işjeňdir.
Barlagnamamyz tamamlandy. Aýdalyň, netijä görä, siziň beýniňiziň sag ýarym şary has işjeň. Eger şeýle bolsa...
Ilki bilen, beýniniň sag ýarym şarynyň çagalarda has işjeň bolýandygyny bellemeli. Sag ýarym şary işjeň bolan uly adamlaryň döredijilik ukyby ösen bolýar, olar saz diňlemegi halaýarlar. Yslary, reňkleri duýup bilijiligi hem güýçli bolýar. Ownukçyl däldirlerler. Olary öz islegleriňe tabyn etmek ýeňil däl, üstesine-de olaryň hyýal güýji, has ýokarydyr. Olar her işde oýlanyşykly bolsalarda, adamlar bilen ýakyndan gatnaşyk saklamakda welin, juda bir işjeň däldirler.
Beýnisiniň çep ýarym şary işjeň adamlar pikirlenip hereket etmegi gowy görýärler. Olar çylşyrymly, kyn meseleleri-de çözmäge ukyplydyrlar. Ownukçyldyrlar, her bir işi, her bir hereketi seljerýärler. Täze maglumatlary (mysal üçin, dil özleşdirmäge ukyply, esasan-da, hasap bilen baglanyşykly, işleri halaýarlar. Olar ýakynlarynyň isleglerinden ýüz öwürmezlige çalyşýarlar, köpçülige basym öwrenişýärler.
Taýýarlan
Ogulgerek BAÝRAMOWA,
S.A.Nyýazow adýndaky TOHU-nyň talyby.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.