Özüňi tanaryn diýseňiz #19

ALMANYŇ HAÝSY GÖRNÜŞI SIZI HAS JANLANDYRÝAR.

1. Birinji almany saýlan - Siz dogruçyl. Siz hiçhaçan bir zady aýdyp başga bir zady pikir etmeýärsiňiz. Siziň içki keşbiňiz daşky keşbiňize laýyk. Siz öz bolşuňyz ýaly bolmakdan çekinmeýärsiňiz. Siz köp adamlara garanyňda paýhasly we has gowy gönükdirilen we durmuşyň üstünliklerini we kynçylyklaryny alada etmegi başarýarsyňyz. Siz bagtly we çenden aşa howsala düşmeýärsiňiz. Size hat-da öz dişleriňize ýapyşan ýönekeýje berk alma hem lezzet berýär, has-hem agaçdan şol bada ýolan almaňyz.
2. Ikinji almany saýlan - Siz oýunçyl. Siz açyk hem-de gujurly. Eger-de durmuşyň dürliligi duz bolsa onda siziň durmuşňyz has duzlydyr. Siz wakalary ýöne bir söýmän, eýsem ol siz üçin zerur zat bolup durýar. Hereket etmezlik-bu siz üçin juda ýürekgysma! Siz boýun egmezek we aşa döwrebap. Täze hem-de üýtgeşik zatlar sizde gyzyklanma döretýär. Bala ýatyrylan tagamly alma hem size lezzet berýär.
3. Üçünji almany saýlan - Siz haýran galdyryjy. Siz özüňizi dünýäde iň gyzykly ynsan diýip hasaplamaýarsyňyz, başgalar bolsa size iň gyzykly täsin ynsan diýip hasaplaýarlar. Siziň höwesjeňligiňiz göz öňüne getirmeleriňiz we duýgylaryňyz sizi gurşap alýan adamlary ruhlandyrýar. Olar siziň geljekde etmekçi bolýan zatlaryňyzy, pikiriňizi hat-da satyn almakçy bolýan zatlaryňyzy bilmek üçin garaşmaga sabyrsyzlanýarlar. Siz kimdir-birini haýran galdyrmaga synanşmasaňyz-da, özüňize haýran galdyryjy hasaplanýarsyňyz. Siziň uly abraýyňyz bar şeýle-hem siziň berýän her-bir maslahatlaryňyz diňlenilýär. Size elin täsin görnüşli we tagamly almaly pirog hem lezzet berýär.
4. Dördünji almany saýlan - Siz ynamdar. Siz durmuşyň üstünliklerine we kynçylyklaryna edil hakyky dzen-buddist ýaly garaýarsyňyz. Siz özüňiziň pikirleriňizde, hereketleriňizde we duýgularyňyzda üýtgemeýärsiňiz. Köp gürläniňizden köp diňläniňizi has gowy diýip hasaplaýarsyňyz we bu deň-agramlygy ýitirmezlige çalyşýarsyňyz. Siz şeýle-bir ynamdar mäkäm hasplanýarsyňyz hat-da siz bilen otda-da, suwda-da gorkunç däl. Size elin bir stakan alma çakyry hem lezzet berýär.
5. Bäşinji almany saýlan - Siz şadyýan. Siz öz durmuşyny doly ýaşaýan ynsan. Size başdan geçirme hadysalaryny gözlemek zerur däl, çünki siziň her-bir günüňiz şatlykly geçýär. Siz her-bir günüň täsin tagamynyň, görnüşiniň, sesiniň we ysynyň gadryny bilýärsiňiz. Siz durmuşdan adaty bolaýmaly zat hökmünde lezzet alýarsyňyz. Siz başdan dünýäniň her-bir pursadyny şadyýanlyga besleýärsiňiz. Size ýaňja saçda bişirilen almaly byzmyk hem lezzet berýär.
6. Altynjy almany saýlan - Siz akylly. Siz ýiti zehinli düşgür ynsan. Siz bir ýüz ugra düşünýärsiňiz we çalt çemeleşýärsiňiz. Hat-da siz kän-bir gürrüňçil bolmasaňyz hem, gerek ýerinde şähdiaçyk we gürrüňçil bolýarsyňyz. Adamlar sizi şagalaňçyl diýip hasaplaýarlar we siz olaryň ünsüni sowmagy başarýarsyňyz. Şonuň bilen birlikde hem siz gülkünç we akylly. Size ter, elin syrly, tagamly fermer almasy hem lezzet berýär.
6 лайков 141 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýläle
07 май 2022, 07:22
+++++
????_????
07 май 2022, 15:14
almalaňa görnenok ?
Alita
07 май 2022, 17:13
A gy, suratyn ustune basp saklap duryan i "suraty gormek" funksiasyna basian shonda suraty dolylygyna gorkezyar.