Özüňi tanaryn diýseňiz #20
ÄDIMLERE GÖRÄ HÄSIÝETLER
Hereketleriň ritmina, tizligine, aýratynlyklaryna görä adamlaryň şahsy häsiýetleriniň durnuklylygy barada netije çykaryp bolýar.
Çalasyn hereketler + giň ädimler. Şeýle adamalara maksadaokgunlylyk we başarjaňlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Adatça şeýle adamlar ýagdaýlara tiz uýgunlaşýarlar. Olar optimist, ekstrawert adamlar bolup köpçüligiň arasynda bolmagy halaýarlar.
Çalasyn, gysga ädimler. Bu adamlar örän seresaply we öz duýgularyny saklap bilýän adamlardyr. Şeýle-de bu adamlar her bir hereketlerini etmezinden öň pikirlenmäni başarýan intelektuallyk häsiýetleri mahsusdyr.
Haýal we giň ädimler. Adatça şeýle hereketler hemişe üns merkezinde bolmagy halaýan demonstratiw adamlara mahsusdyr.
Haýal we gysga ädimler. Şeýle adamlar öz içki dünýäsini özleriniň esasy gyzyklanmalary hasaplaýarlar. Bu adamlar öz içki hyýallaryna we göz öňüne getirmelerine çümýän döredijilik adamlary hasaplanylýarlar.
Saldamly ädim saldamly hereket, eller jügide. Şeýle ýörişler üstünlige we ýolbaşçylyga ymtylýan lider şahsyýetli adamlarda bolýar. Emma bu adamlara beýlekiler bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklamaklykda kynçylyk çekýärler.
Haýal ädimlerwe eller jübide. Erksiz, ýalta, pessimist adamlardyr.
Ellerini has hereketlendirip ýörelýän ädimler. Işjeň, ýeňil hereketli, şadyýan adamlardyr. Olar diňlemegi we gollamagy başarýan gowy dostlar hasaplanylýar.
Tans hereketlerine çalym edýän ýeňil ädimler. Emossional we açyk adamlar. Olar özleri aňlamazdan emossiýalaryny ýüze çykarýarlar.
Dabanyň uçlarynda ýöremek. Bu adamlar ähli zatda diňe «ýokaryk» ymtylýarlar. Olar hemişe ähli zatda we ähli ýerde birinji bolmaga ymtylýarlar, we bu olara başardýar. Emma şeýle adamlar köplenç şahsy durmuşlarynda ýeke bolýarlar.
«Sesli» adimler. Şeýle adamlar töwerekdäkileriň ünsini özüne çekmäge ymtylýar we bu ädimleriň kömegi bilen oňa başardýar. Adatça şeýle ädimler edepsiz, özüne aşa göwni ýetýän, özüni öwmegi halaýan adamlara mahsusdyr.
Kwadrat formaly ýüzler
Kwadrat formaly ýüzler mert, gönümel, açyk we güýçli ruhly adamlardyr. Olaryň häsiýetiniň esasy aýratynlyklary hemişe birinji bolmaga ymtylmak, çözgütlilik, edepli we talap edijilik bolup durýar.
Şeýle ýüzli adamlar işinde üstünlik gazanmak we karýere basgançagynda ýokaryk galmak üçin köp zada taýýardyr. Bu adamlarda beýleki adamlara bolan gatnaşyklarynda adalatlylyk duýgusy uly sorag astynda, bu bolsa onuň sowuk ganlylygy bilen bilelikde ýalançylygy emele getirmäge goşant goşýar. Şeýle adamlar öz töweregindäkilerine ýalan sözlemäge diňe onuň haý-haýlyk ýörelgesi päsgel berip biler.
Tegelek formaly ýüzler
Tegelek ýüzler bize ýumşaklyk, geçirimlilik we işjeňligi barada aýdýar. Ýöne şeýle adamlary aldamak aňsat däl. Olar ýalany çalt ýüze çykarýarlar. Sebäbi olarda tebigy taýdan gowy psiholog häsiýetleri bar.
Olar bilen dil tapmak ýeňil we olar özlerine gowy erk edip bilýän adamlardyr. Şeýle adamlar rahat, deňagramly bolup, olar gowy gürrüňdeş hasaplanylýar. Zähmetsöýer we inisiatiwaly adamlar bolsa-da karýera ösüşini özleriniň durmuşynda esasy orunda goýmaýarlar. Şeýle şahsyýet gatnaşykda dogruçyl we açykgöwünli.
Trapesiw formaly ýüzler
Trapesiw formaly ýüzler maňlaýy giň we äňleri gysylan görnüşde bolup, duýgurlyk, sentimentallyk häsiýetlidir.
Şeýle formaly ýüzli adamlar örän öýkelek we çalt göwnüne alýarlar. Maşgala durmuşynda baş bolmaga ymtylýarlar. Çözgüt çykarmakda berklik we özdiýenlilik barada aýdylanda bu adamlarda ýokdyr. Işde liderçilige ymtylmak bolsa nirädir bir ýerlere ýitýär. Olar jogapkärçilikli we tertiplidirler.Şeýle formaly ýüzli zenanlar öýde-de, işde-de ýumşakdyr. Ol hemmäni mähir we alada bilen gurşamaga ymtylýarlar. Olar “ Adamlara ýagşylyk et we saňa-da sylag paýyň gaýdyp geler” diýen ýörelge bilen ýaşaýarlar. Olar gowy hojalykçy, aladaçyl ýoldaşlar we ejelerdir.
Üçburç formaly ýüzler
Üçburç formadaky ýüzli adamlar beýik we giň maňlaýy, gözleri çuň ýerleşen, kiçiräk burunly, kiçijik äňleri bolýar. Üçburç formaly ýüzler talantly we gyzma adamlar bolýar. Olar sungat äleminde gaty ukyply bolýarlar. Bu adamlaryň aşa emosionallygy hiç wagt olara gowulyk getirmändi. Emma döredijilik äleminiň adamlary ekspresiýasyz we sentemental bolup bilmeýärler. Mundan başga-da şeýle ýüzli adamlar köplenç egoist we özlerini gowy görýärler, bu bolsa olara gowy ýoldaş bolmaklaryna päsgel berýär. Adatça olarda gürrüňdeşlikde kynçylyklar ýüze çykýar, olar gabanjaň we igenjeň, beren sözlerinde durup bilmeýärler, we ýalançylygy ýykgyndyrlar.
Göniburç formaly ýüzler
Göniburç formaly ýüzli adamlar (maňlaýynyň giňligi bilen äňi bilen deň bolýar) talantyň we işjeňligiň alamatydyr. Şeýle adamlar rahat, mylaýym ýöne işlerinde hasaply käwagtlar gerekli netijesini gazanmak üçin ýagdaýy bezemegi günä hasaplamaýarlar. Olara inisiatiwalylyk, energiýalylyk, şadyýanlyk we seresaplylyk mahsusdyr. Olar gowy ýolbaşçylar we guramaçylardyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.