GOŞGY/Hekaýa

Goşgy- Mümkin, Melike, Khanture, Senagül, Baýker, Walerýanka, Hemedany, Mähek, Dark_Wolf, Talyp_gyzy, biohimik, Nemoo, Pynhan, Ependi.
0 лайков 441 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
20 май 2022, 20:55
Salam!Näme hakda ýazmaly?
#B.S
20 май 2022, 20:56
Haysy temada yazmaly? Ozem men goshgy yazyp gormedim. Mumkin agzanyñ habary barmy bulardan?
Telwas
Автор 20 май 2022, 20:57
Salam häzir aýtjak temasyny. 4 minutjyk sabyr et. Bu toparyň lideri sen. :)
Hiayress
20 май 2022, 20:58
Mümkin,
Aksara duýdursana jora. Ýogsa biziň grupba oňurgasyz ýaly bolýa. :))
Mümkin
20 май 2022, 21:01
Hiayress,
Öñem-ã Aksaryñ sizdedigine görip bolup ýörün.Ýogsa-da Nirvana,Aksary näme üçin olarda?
Borda habar edeýin.Gruppasyny özi saýlasyn :)
Telwas
Автор 20 май 2022, 21:04
Temaňyz: JOMARTLYK.
#B.S
20 май 2022, 21:05
Mümkin,
Jomartlyk etde özüň oňaraýsana! ;)))
#B.S
20 май 2022, 21:08
O jomart Hatamtaý.
Maňa sowgat berdi birje taý.
Taý ulalyp At boldy.
Jomartlygam ýat boldy ;))))
Suleyman
20 май 2022, 21:10
Men hem şu toparda ýazylypdyryn. Goşgy bilenä aslada aram ýok.
Ýöne @Mümkin agza bizlik ekeni. Şol alyp çykarda...
Mümkin
20 май 2022, 21:10
Baýlyk we jomartlyk

Bilýäñizmi näme,men şeýle bir baý!
Genji-kän ýygnadym depseñ yranmaz,
Geliñ,görüñ,kiselerim hyñ berýär
Şübhelerden uzak,synmaz ynamdan.

Kitaplaryñ gatlarynda ýelk ýasap,
Dür deý söz üýşürdim.
Gyýylman asla
yssy söze aja şam bolsun bary.
Işdämenlik bilen kisäme saldym
Minnetdarlyklary,sagbolsunlary.

Duşdan geçenlere berýärin salam,
Çöpläýärin arman ýylgyryşlaryn.
(Entek,duruñ,köpelibiýr assadan
Gülki toplamaga ýañy başladym).

Ýüregime ýakynlarym,dertdeşler,
Hossarlar,dost-ýarlar
Ählijesinden
Söýgi ýygnaýaryn çuwal-çuwaldan.
Kindiwanja dünýäm,sap kalbym içre
Olaryñ barlygna neneñ guwanman?!

Umydymdan şaýol gurdum.
içinde
Keýpim göterilýär azaşdygymça
Baýlygym bar,özgeleriñ tersine,
Artyp gidip barýan paýlaşdygyñça.

Oñat eken her paýlaşan närsäñde
Öñküdenem beter kisäñ galñasa.
Owal-ahyr ýygnanlarym apalap,
Saklap ýörün göwün atly gaznada.

Mahym Nurgeldiýewa.
Mümkin
20 май 2022, 21:11
Aksary 10 da geljek diýdi
#B.S
20 май 2022, 21:12
Mümkin,
Bravo! bahaber
Suleyman
20 май 2022, 21:13
Tüweleme! Biziňk-ä ine eýýäm taýýar.
Telwas
Автор 20 май 2022, 21:15
Mahym öňki bolsa bolanokkkkkk!!!!
:))
Täzeden ýaz.
Mümkin
20 май 2022, 21:17
Nirvana,
Onuñ ýaly zat diýmediñ. :) Kabul etmeli bolýañ.
Goşgy öñ hiç ýerde goýulmadyk.Hatda iki setirini ýañy ýazdym.
Telwas
Автор 20 май 2022, 21:20
Mümkin,
Sen düzgünlerini okamansyňa. Men irdenden bäri aýdyp aýdyp agzym gurap gitdi. :))
Telwas
Автор 20 май 2022, 21:20
Goşmaça wagt berdim täzeden ýazyň, başga goşgy.
Mümkin
20 май 2022, 21:29
Adamlar,men sizi söýýän şeýle bir
Size borçly men göwnümiñ hoşlugyn.
Ýüregimde gaýnap joşýar yşk-apat
Göýä diýrsiñ Amyderýañ joşguny.

Käbir närseleri eçilsem diýýän,
Arman çöwrüp görsem boş dur kisämem.
Emma şertim bolsun köpüñ öñünde
Çuwal-çuwal söýgi berjek küýsäne.

Kakjak durjak kalbyñyzyñ gapysyn,
Açyñ ahyr zalym bolmañ beýle bir.
Söz berýärin käbir husytlar ýaly
Eçilemsoñ,üzmegñizi dilemen!

Siz alyñ söýgini,soñ paýlañ özgä
Öz-özünden düzelibiýr galan zat.
Şeýdip kuwwat alyp apaty-yşkdan
Barha-barha merdem bolsun adamzat!
Waleryanka
20 май 2022, 21:29
Jomartlyk edeliň birek- birege
Kim bilip dur, bir minutdan giç bolar
5 manat geçireliň birek- birege
"Ynamdar töleg" işlemese bary puç bolar

Sweji goşgy.
- Dani
20 май 2022, 21:30
Habarçylar ýeriň çar tarapyndan uçýarlar,
Heartüregiň şatlygy hakda gürleşmek üçin,
Şeýdip gülüp, arzuw edip bileris
Bagtyň içinde ere. Tükeniksiz

yeňiş pursaty parahatçylygyň ornuny tutýar -
Edil uzyn we edil gysga
Çuňňur we giň. Lyer ýüzünde şeýle
We aňyrsynda. Siziň tapmanyňyz näme? -

Jogap ber, ylahy syry aç,
Aý, köptaraply we mundan beýläk jaň etmek -
Öňe, düýşüňe, ýeňişleriň beýikligine,
Dünýä, ýalan sözlerden mahrum! ..

Eý, sahy dünýä! ýanýan ojak
Öý, uzyn ýol,
Ýüregiň çagyryşy we jennetdäki iň beýik alamat,
Hemme zady görýän hoşniýetlilik ... - Gödek

Gözleriňiz tebigatyň çuňlugyna
Elmydama seredýärler, hemme zady görýärler we hemme zady bilýärler ...
Sende, dünýäm, söýgi elmydama diridir.
Hemmelere, hemme zada - ölçegsiz we soňsuz ...
Pegas
20 май 2022, 21:32
Waleryanka
Jomartlyk edeliň birek- birege
Kim bilip dur, bir minutdan giç bolar
5 manat geçireliň birek- birege
"Ynamdar töleg" işlemese bary puç bolar

Sweji goşgy.

:D
Maksat
20 май 2022, 21:33
Salam menem şu toparda ekenim goşgy ýazyp bilemokda ýöne. Berekella beräýmesem.
Waleryanka
20 май 2022, 21:34
Meni innikide hekaýa bölüme geçir, Nirwana . Goşgy ýazyp bilemok.Mun-a eýdip beýdip emelledim.Indiki gezekde munam edip bilmezmikäm öýdýän.
#B.S
20 май 2022, 21:34
- Dani,
Birinjidena sen bizin topardan dal ozem beyle jomartlyk etjek bolsan google translate hokman dal Eartheriňmiş ;)))
Maksat
20 май 2022, 21:35
Ana @Pegas gelipdir biziň toparymyza?
- Dani
20 май 2022, 21:39
Khanture
- Dani,
Birinjidena sen bizin topardan dal ozem beyle jomartlyk etjek bolsan google translate hokman dal Eartheriňmiş ;)))

hehehe ..............
- Dani
20 май 2022, 21:40
Khanture
- Dani,
Birinjidena sen bizin topardan dal ozem beyle jomartlyk etjek bolsan google translate hokman dal Eartheriňmiş ;)))

üýtgetdim
#B.S
20 май 2022, 21:41
- Dani,
Heartüregiňem üýtget ;)
Mümkin
20 май 2022, 21:41
Haçan wagt dolýa Nirvana?
ajy
20 май 2022, 21:43
wagt doldy beyleki mowuga geçmeli