Adam ata hem How ene (rowaýat)

Ýaradan ýagty dünýäni asmandan hem ýerden, akdan-garadan, gijeden hem gündizden, Aý bilen Günden, otdan, suwdan, howadan, daglardan hem deňizlerden, yssydan hem sowukdan bina edipdir. Toprakdan ynsany ýaradypdyr. Ynsan göwresine jan salanynda, jan iki ýana urunypmyş: "Allatagala, çykar meni adamyň göwresinden bu ýeri garañky" diýip. Ýaradan adama goşa göz berensoň, onuň jany aram tapanmyş. Görsün diýip göz, eşitsin diýip gulak, gürlesin diýip zyban, hoşroý gülleriň ysyndan binesip bolmasyn diýip burun, agyz, el, aýak, ýaşasyn diýip ömür, beýleki janly mahluklardan saýlansyn diýip, aň bilen ykbal berlenmişin ynsana. Allatagala ilki erkek adamy, soňra aýaly ýaradypdyr. Erkegiň ady Adam ata, aýalyň ady How ene eken. Hudaý olaryň ikisinem gaty gowy görýän eken. Şonuň üçin olara jennetde ýaşamaga ygtyýar berenmiş. "Allatagala adamy bizden gowy görýär" diýip iň güýçli perişdeleriň biri Hak Hudaýa hyzmat etmekden ýüz dönderýär. Soňra ol Allatagalanyň näletine sezewar bolup, şeýtana öwrülenmiş. Ine, ýaňky şeýtanam adamy azdyryp, behiştden kowdurmak üçin, derwezebanlara al salyp, Adam ata bilen How enäniň ýanyna barýar. Adam ata şeýtanyň alyna gitmändir. Emma How ene welin, şeýtanyň gepine gidip, jennetdäki bugdaýlardan iýýär, Adam ata-da iýdirýär. Jennetde bolsa, hiç bir miwäni, asla hiç zat iýmeselerem ajyganokmyşlar. Ine, şu düzgüni bozandyklary üçinem Allatagala Adam ata bilen How enäni behiştden çykaryp, ýere taşlaýar. Ýañkylaryň ikisem ençeme wagtlap aglap ýatanmyş diýýä ýerde. Onsoň ýaradan perişdeleriň üsti bilen bulara ekin ekmäni, gün-güzeranlaryny aýlamany öwredýär. Aýalda erkege bolan, erkek adamda aýala bolan mähiri, söýgini oýarýar. Ýer ýüzünde ilkinji maşgalanyň ojagy döräp, olardan nesil önüp ugraýar. Adam ata bilen How enäniň her gezek ekiz çagalary bolýar eken. Allanyň emri bilen olaryň biri ogul, biri gyz, biri ogul, biri gyzmyş. Ýere-Göge erki ýetýän Gudraty Güýçliniň köňüllerine guýmagy bilen, Adam atadyr How ene nesil-neberelerini dowam etdirmegiň, ynsanyýet kowmuny köpeltmegiň halal ýoluny saýlap alanmyşlar. Olar bir ekiz taýy beýleki bir ekiz taý bilen çatyp, toý tutup, täze bir ojagy döreder ekenler. Emma Adam atanyň ogullarynyň biri beýle nika kes-kelläm garşy çykypdyr. Ol özünden öňki ekizleriň birine öýlenmekden boýun towlanmyş. "Men öz ekiz taýyma öýlenjek, ol owadan, beýleki owadan däl" diýip. Bir garynda ýatan ekizleriň maşgala bolup bilmejegem belli. Onuň bu ters pikiri Allatagalanyňam, ene-atasynyňam emrine laýyk gelenok. Belki-de, ene-atany ynjytmak, Hakyň emrini ret etmek şondan başlanandyr. Ters dawa tutup, ilden çykan şol oglan biedepligiň hem bikemallygyň, bihaýalygyň dünýädäki ilkinji nusgasy bolandyr, belki? Kim bilýär?! Ýöne bir zat welin belli. Şondan soň Adam atadyr How eneden dörän nesiller ösüp, örňäp, ýer ýüzüne ýaýran. Ýerler, ýurtlar, halklar dörän. Diller, dinler, döwletler dörän. Ýagşylar hem ýamanlar, akyllylar hem lar, ýüwrükler hem çamanlar, bagtlylar hem betbagtlar, alymlar, balykçylar, bakgallar, ululy-kiçili, dürli-dürli ykballar dörän. Örän gadym zamandan başlanan ýer ýüzündäki şol ilkinji durmuşdan, şol ilkinji adamlardan şu günümiz dörän.

"Owadan" žurnaly. 1993. ý.
2 лайков 4 335 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
24 май 2022, 15:30
Ine, şu düzgüni bozandyklary üçinem Allatagala Adam ata bilen How enäni behiştden çykaryp, ýere taşlaýar.

Gelejekde,ýagşy adamlar jennete düşse,olaryň biri düzgüni bozsa,oňa nähili çäre görüler?!
Dowsypat
24 май 2022, 15:35
"Allatagala adamy bizden gowy görýär" diýip iň güýçli perişdeleriň biri Hak Hudaýa hyzmat etmekden ýüz dönderýär.

Hakyň emrini ret etmek şondan başlanandyr.

Şondan öň Hakyň emrini şeýtan bozmandyrmy?!
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 15:51
Dowsypat.,
Gelejekde,ýagşy adamlar jennete düşse,olaryň biri düzgüni bozsa,oňa nähili çäre görüler?!

Hudaý bilýä. Men-ä bilmedim.
Hiayress
24 май 2022, 15:56
"Toprakdan ynsany ýaradypdyr. "

Ynsan diňe bir toprakdan dälde, toprakdan, otdan, suwdan, şemaldan ýaradylan.
Dowsypat
24 май 2022, 15:57
Pylany Pylanyýew behiştde ýaşamagyň adaty düzgünlerini bozanlygy üçin,on bäş ýyl dowzahda ýatmak jezasyna çekilmeli!
Hiayress
24 май 2022, 15:59
"Erkegiň ady Adam ata, aýalyň ady How ene eken."

Adam - ýewreýçe toprak diýmegi aňlatýar.
How - ýewreýçe ýaşaýyş.
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 16:00
Dowsypat.,
Şondan öň Hakyň emrini şeýtan bozmandyrmy?!

Rowaýatda aýdylyşy ýaly Allatagala hyzmat etmekden boýun towlany üçin perişde näletlenip şeýtana öwrülipdir. Belki, ondan öň şeýtan bolan däldir.
Hiayress
24 май 2022, 16:03
"derwezebanlara al salyp"

Jennetde derweze bar bolsa, haýatam bardyr. Haýat bar bolsa bir zatdan bir zady goraýandyrlar. Nämeden nämäni goraýarlar we haýat galdyryp goramanda gudraty güýçli goraýan zadyny goralýandan gorap bilmedimikä?! Birhili okap otursyň welin arap ýarym adasynda ýada Müsüriň bir ýerlerinde jülgede çar-baglyga bürenen köşgi Jennet diýip taryp edip duran ýalylar. Jennet diýmegiň özem arapçadan "çar-baglyk" diýmegi aňlatýan bolmaly.
Hiayress
24 май 2022, 16:09
"Jennetde bolsa, hiç bir miwäni, asla hiç zat iýmeselerem ajyganokmyşlar."

Aslynda başgaçady. Jennetdäki ähli bagy-bagjanyň önümlerinden iýseler bolýada ýaşaýyş daragty ýada nebis daragty bolan alma agajynyň miwesinden iýmeli däl edilen bolmalydy. Olam owarra; eger hiç zat iýmeseňem ajygmaýan bolsaň, diýmek olaryň hiç wagt hiç zat iýmediklerini aňladýarda. Şeýle sorag kellä gelýär: Onda iýmegi nirden öwrendiler?!
Hiayress
24 май 2022, 16:12
"Bir garynda ýatan ekizleriň maşgala bolup bilmejegem belli."

Bir bedenden ýaradylan iki adamyň bir maşgala bolmasy bolýarda, bir garynda ýatanlaryňky bolanokmy?! Birem nireden belli?!
Hiayress
24 май 2022, 16:14
Adam ata bilen How ene diýlenini etmäne Jennetden kowulyp bir günä iş işleseler. Etmesiz zady edibem (köpelip) ýere gelibem ikinji günäni edipdirler.
Hiayress
24 май 2022, 16:20
Ýene bir sorag: Näme üçin geçen asyryň 90-njy ýyllarynda dini temadaky tymsallar, goşgular, wagyzlar köp edilen?! Kimdir biriniň pygamber ýada ýagşyzada (eren) bolmana höwesek bolany üçinmi ýada aç halky Jennediň bol-elinligi bilen doýurmana synanyşanlary üçin?!
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 16:21
Hiayress,
Bir bedenden ýaradylan iki adamyň bir maşgala bolmasy bolýarda, bir garynda ýatanlaryňky bolanokmy?!
Birem nirden belli?!

Başga wariant barmy biziň şooool wagtky ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döräp köpelmekleri üçin?!
Onsoňam Allatagalanyň özem razy eken. Göz öňüne getiriň, onda nädip olar nesillerini köpeltmeli?! Allatagala diňe ikije adam ýaratdy ahyry.
Hiayress
Aslynda, siz menden ulurak dälmi?! Bu soraglary men size bermel-ä!
Soho
24 май 2022, 16:27
Jynlar yerde pitne doredendigi, perishdelerin pitnani yatyrmana yere inenlerinde, bir jyn chagasyny arsha alyp gidyandikleri we sho jyn chaganyn adynyn bolsa Iblis-digini okapdym...
Hiayress
24 май 2022, 16:47
senyorita.,
Iki adam ýaratman, ýüz iki sanysyny ýaradaýmaly ekenda. Şert kanun goýjakmy hemmä deň bolar ýaly başdan goýmaly. Ýedi ölçäp bir kesmeli. Soň işiň gidişinde üýtgeden bolmak gerekdäl.
Şu soraglary siziň bermeýäniňiz üçin men berýändä. :))
Ahmet
24 май 2022, 16:58
Hiayress,
Hiayress on № 15Şu gün, 16:47
senyorita.,
Iki adam ýaratman, ýüz iki sanysyny ýaradaýmaly ekenda. Şert kanun goýjakmy hemmä deň bolar ýaly başdan goýmaly. Ýedi ölçäp bir kesmeli. Soň işiň gidişinde üýtgeden bolmak gerekdäl.
Şu soraglary siziň bermeýäniňiz üçin men berýändä. :))

Daş edýäň-aý agam, meň gyzyklanýan soraglarym, gözleýän jogaplarym, sizde jemlenen eken...
Ahmet
24 май 2022, 17:18
*sizde jemlenen ýaly
Dowsypat
24 май 2022, 17:28
Daş edýäň-aý agam,

Ahmedik,senem daş etdiň!
Ahmet
24 май 2022, 19:14
Dowsypat.,
Dowsypat. on № 18Şu gün, 17:28
Daş edýäň-aý agam,

Ahmedik,senem daş etdiň
Haçan? Nirede? Nädip?
Ahmet
24 май 2022, 19:19
Talyplarda şeýle blog açylanda bir ene-ataň çagalary nädip jyns gatnaşygy geçirýändigi barada soragy beremde maňa «Faraonyň agtygy» diýdiler, “Ateist” diýdiler, ýene-gör diýdiler, garaz, şol gatnaşygyň dogrudygyny aýtdylar.
Ahmet
24 май 2022, 19:22
Ýaşaýyş adam atadan we how eneden gaýdýar diýip aýdýarlar, ýöne ýaňky soraga jogap tapanoklar.
Ahmet
24 май 2022, 19:26
Hudaý gudraty güýçli, bir erkek we bir aýal ýaratman Hiayress agzaň aýdyşy ýaly 100 erkek we 100 aýal ýaradyp bilmedimi? Bir ene-ataň çagalary jübütleşmez ýaly gowy bolardy.
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 19:31
Ahmedik_97,
Salam! Adam ata bilen How ene şeýtanyň ýoluna gitmäninde Hudaý belki, belki ýene adam dörederdi.
Garaz bu tema boýunça her kimiň öz düşünjesi, düşündirişi, düşünişi bar.
Ahmet
24 май 2022, 19:40
senyorita.,
Goýsaňyzlaň, /dörederdi/-denem bir söz bolarmaý. Ähli zady (Geçmişi, şol sanda geljegem) bilýän allatagala şeýtanyň şeýle hokga çykarjagyny bilenokdymy?!
Ahmet
24 май 2022, 19:42
Ýa adamyň şeýtanyň oýnuna aldanjagyny bilenokdymy?! Ýa onuň aldanjagyny onuň maňlaýyna (ýazgydyna) hudaýyň özi ýazaýdymyka?!
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 19:46
Ahmedik_97,
Meň bu temada bilimim ýeterlik däl. Şoň üçin anyk bir zat diýip biljek däl entek.
Näme bolanda-da o dünýä baryp gelen ýok. Soraglaryňyza ymam, hajylardan anyk jogap alaýmasaňyz!
Ahmet
24 май 2022, 20:16
senyorita.,
Sen menden ulumy ýa kiçimi?! Erkekmi ýa garşydaşy? Bu ugurdan bilimiň ýeterlik däl bolsa bilimiň ýetýäniräk zady paýlaşsaň gowy boljak. Ýöne bulam gowy zat, paýlaşyber, gowy edýäň, aýtjak bolýan zadym, özüňe geljek soraglary jogaplamakda kynçylyk çekmersiň ýaly kiçijik maslahat beräýin diýdim.
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 20:21
Ahmedik_97,
Men 2001-nji ýyl.Eý-waý, sizem Bendtneriň ýolundan tutduryp başladyňyz.Men gyz.
Dogry aýdýaňyz bular ýaly soraglar boljagyny bilmändim-dä. Men ýöne rowaýat hökmünde paýlaşypdym temany.
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 20:24
senyorita.,
Siz gowusy meň beýleki mowzugyma baraýyň! :))
Ahmet
24 май 2022, 21:07
senyorita.,
Bendtner?!... Oň ýoly nähili?!