Adam ata hem How ene (rowaýat)

Ýaradan ýagty dünýäni asmandan hem ýerden, akdan-garadan, gijeden hem gündizden, Aý bilen Günden, otdan, suwdan, howadan, daglardan hem deňizlerden, yssydan hem sowukdan bina edipdir. Toprakdan ynsany ýaradypdyr. Ynsan göwresine jan salanynda, jan iki ýana urunypmyş: "Allatagala, çykar meni adamyň göwresinden bu ýeri garañky" diýip. Ýaradan adama goşa göz berensoň, onuň jany aram tapanmyş. Görsün diýip göz, eşitsin diýip gulak, gürlesin diýip zyban, hoşroý gülleriň ysyndan binesip bolmasyn diýip burun, agyz, el, aýak, ýaşasyn diýip ömür, beýleki janly mahluklardan saýlansyn diýip, aň bilen ykbal berlenmişin ynsana. Allatagala ilki erkek adamy, soňra aýaly ýaradypdyr. Erkegiň ady Adam ata, aýalyň ady How ene eken. Hudaý olaryň ikisinem gaty gowy görýän eken. Şonuň üçin olara jennetde ýaşamaga ygtyýar berenmiş. "Allatagala adamy bizden gowy görýär" diýip iň güýçli perişdeleriň biri Hak Hudaýa hyzmat etmekden ýüz dönderýär. Soňra ol Allatagalanyň näletine sezewar bolup, şeýtana öwrülenmiş. Ine, ýaňky şeýtanam adamy azdyryp, behiştden kowdurmak üçin, derwezebanlara al salyp, Adam ata bilen How enäniň ýanyna barýar. Adam ata şeýtanyň alyna gitmändir. Emma How ene welin, şeýtanyň gepine gidip, jennetdäki bugdaýlardan iýýär, Adam ata-da iýdirýär. Jennetde bolsa, hiç bir miwäni, asla hiç zat iýmeselerem ajyganokmyşlar. Ine, şu düzgüni bozandyklary üçinem Allatagala Adam ata bilen How enäni behiştden çykaryp, ýere taşlaýar. Ýañkylaryň ikisem ençeme wagtlap aglap ýatanmyş diýýä ýerde. Onsoň ýaradan perişdeleriň üsti bilen bulara ekin ekmäni, gün-güzeranlaryny aýlamany öwredýär. Aýalda erkege bolan, erkek adamda aýala bolan mähiri, söýgini oýarýar. Ýer ýüzünde ilkinji maşgalanyň ojagy döräp, olardan nesil önüp ugraýar. Adam ata bilen How enäniň her gezek ekiz çagalary bolýar eken. Allanyň emri bilen olaryň biri ogul, biri gyz, biri ogul, biri gyzmyş. Ýere-Göge erki ýetýän Gudraty Güýçliniň köňüllerine guýmagy bilen, Adam atadyr How ene nesil-neberelerini dowam etdirmegiň, ynsanyýet kowmuny köpeltmegiň halal ýoluny saýlap alanmyşlar. Olar bir ekiz taýy beýleki bir ekiz taý bilen çatyp, toý tutup, täze bir ojagy döreder ekenler. Emma Adam atanyň ogullarynyň biri beýle nika kes-kelläm garşy çykypdyr. Ol özünden öňki ekizleriň birine öýlenmekden boýun towlanmyş. "Men öz ekiz taýyma öýlenjek, ol owadan, beýleki owadan däl" diýip. Bir garynda ýatan ekizleriň maşgala bolup bilmejegem belli. Onuň bu ters pikiri Allatagalanyňam, ene-atasynyňam emrine laýyk gelenok. Belki-de, ene-atany ynjytmak, Hakyň emrini ret etmek şondan başlanandyr. Ters dawa tutup, ilden çykan şol oglan biedepligiň hem bikemallygyň, bihaýalygyň dünýädäki ilkinji nusgasy bolandyr, belki? Kim bilýär?! Ýöne bir zat welin belli. Şondan soň Adam atadyr How eneden dörän nesiller ösüp, örňäp, ýer ýüzüne ýaýran. Ýerler, ýurtlar, halklar dörän. Diller, dinler, döwletler dörän. Ýagşylar hem ýamanlar, akyllylar hem lar, ýüwrükler hem çamanlar, bagtlylar hem betbagtlar, alymlar, balykçylar, bakgallar, ululy-kiçili, dürli-dürli ykballar dörän. Örän gadym zamandan başlanan ýer ýüzündäki şol ilkinji durmuşdan, şol ilkinji adamlardan şu günümiz dörän.

"Owadan" žurnaly. 1993. ý.
2 лайков 4 335 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
24 май 2022, 21:10
senyorita.,
Ýok. Şuňa meňzeş bloglara gelýän. Beýlekileň meň üçin o diýen gyzykly däl. Dogryny dogry aýtsaň gowuda))
Senyorita.
Автор 24 май 2022, 21:24
Ahmedik_97,
Bendtner agza meni oglandyr öýdüp ýör. :)
Ol blogda sorag beripdim agzalara şoňa goşulsaňyz diýip aýdaýypdym. Ok.