Ýürek hirurgynyň jogaby

- Günlerde bir gün, dünyä belli ýürek hirurgy Michael De Bakey'niň ulagy döwülýär we ony ulag bejerýän ussanyň ýanyna äkidýär. Ulag bejerýän ussa bolsa ulagyň kapotyny açýar-da lukmana ýüzlenýär:
- Lukman aga! Sizden bir zat soramakçy. Ine, siziň edýän işiňiz bilen meniňki birmeňzeşiräk bolup durýar.
Mysal üçin aýdaly, häzir men kapoty açaryn we bir seredenimde kemçiligiň nirededigine düşünerin, gerekli ýerlerini arassalaşdyraryn, gerek bolsa simleri hem-de hereketlendirijiniň ýagyny çalyşaryn. Onda-da düzelmese, hereketlendirijini çykaryp ýerine täzesini goýmaly bolaryn!
- Aýtsaňyzlaň, edýän işimiz birmeňzeşem bolsa, ol nädip siz-ä millionlap dollar gazanýarsyňyz, a meniň jübime bolsa bary-ýogy 5 manat düşýär?
- Muny eşiden lukman De Bakey egilipdir-de, ýaňkynyň gulagyna pyşyrdapdyr:
- Sen şu edýänleriňi hereketlendiriji işläp durka-da etjek bolup gör hany!"
5 лайков 149 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
31 май 2022, 16:42
- Sen şu edýänleriňi hereketlendiriji işläp durka-da etjek bolup gör hany!"

Düşünmedim-dä ?
Maksat
31 май 2022, 16:47
Berekella, jaýdar jogap beripdir.
Maksat
31 май 2022, 16:49
Mona Songz
- Sen şu edýänleriňi hereketlendiriji işläp durka-da etjek bolup gör hany!"

Düşünmedim-dä ?

Ulag işläp durka bejerip bir zadyny çalşyp bilersiňmi diýdigi.
Aýnur
31 май 2022, 17:15
Bayker
Mona Songz
- Sen şu edýänleriňi hereketlendiriji işläp durka-da etjek bolup gör hany!"

Düşünmedim-dä ?

Ulag işläp durka bejerip bir zadyny çalşyp bilersiňmi diýdigi.

Düşündim, düşündim)
Hiayress
31 май 2022, 18:52
Jaýdar jogap däl eken.
Kerbaba
31 май 2022, 21:21
Hiayress,
Сен наме жогап берердин?
Perman Izakow
31 май 2022, 21:39
Dogry
Hiayress
31 май 2022, 22:07
kwadrat kelle,
Jogap bermeli bolsa dymyp ýylgyrardym. Ýöne eýle-beýle ýerlerini ýada nämede näsazlyk barlygyny bilmek üçin ussada maşyny işledýär. Agyr hassa bolup operasiýa etmeli bolsa lukmanam adama narkoz berip ukladýar. Oňa uly many siňdiren bolmaklyk nädogry. Prosta lukmanan ussa (bejerýär), maşyn oňarýanam ussa (o da bejerýär). Diňe bejerýän zadynda tapawut bar. Ýagny bir bejerilýän zadyň gadyry, bahasy gymmat beýlekä garanda we jogapkärçiligi ýokary, belki şol ugurdan haryt köpdürde bejerýän ussasy azdyr buda bahany galdyrýandyr. Eger şol maşyn ussa bolman, almaz ussasy bolan bolsa onda lukmandanam köp gazanardy. .
Kerbaba
01 июн 2022, 03:47
Hiayress,
молодец... сенинкам догры...??