GARA

Gara-pessimist.

Gara şlýapa: Bu şlýapany geýenimizde, pikirimiziň gowşak taraplaryna ünsi jemleýäris we ýalňyş ýa-da erbet netije berjekdigini beýan edýäris.
“Tehnologiýa zyýanlydyr. Tehnologiýa ösdügiçe adamlara bolan zerurlyk azalar, işsizlik köpeler…we ş.m”

1 лайков 306 просмотров
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
09 июн 2022, 22:49
Dogry Tehnologiýa zyýanly. Çyndanam işsizlik köpeler meselem Türkiýede çykan (Ýa-da her ýurtda bolmagy mümkin) robot süpürgesi bar. Dörtburçlap oňat edip öýüň hapalaryny arassalaýar. Öňki döwürlerde adamlar iş edip sübseläp öýlerini hapalanmasyn diýip arassalaýardylar, tämiz saklaýardylar. Käbir adam bolsa öýüni arassalamana ýaltanyp robot süpürgesini çykdaýjy çykaryp satyn alýar. "Nämede bolsa indi işi men etmerin. Alanyma degýär, zeruram däl indi iş etmek robotyň özi eder" diýip oýlanýarmykalar diýýän. Meselem, telewizor. Telewizor hem adamlar üçin juda zyýanlydyr. Sebäbi gözüňe şöhle düşýär. Şöhle düşçigiçe adamlaryň gözleri pes görüp başlaýar. Soňra bolsa oçki dakynýarlar, zrenýalary peselýär. Telewizory, kompýuteri, telefony (umuman şöhle tehnologiýalary) azyndan 1-2 sagat ulanmagyňyzy maslahat berýän :))
Ötegçi
09 июн 2022, 22:51
"Men ýaly akylly robotyñ sesi bilen, akmak adymyñ sesi bir bolmalyşynmy?!"-diýýärdi, akylly robotlaryñ biri...
Ýene birleri bolsa:
- Biz robatlar ähli işleri edip adamlaryñ rahatlygyny üpjin edýäris. Ýöne mejlisde özümize laýyk ýerimiz ýok! Eger hakymyzy bermeseñiz iş taşlaýyş ederis!" Diýýärdiler.
Otegci
Esma
09 июн 2022, 22:51
AySa,
Galyň hakynda ýazma-la...
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:52
AySa,
Temamyz “GALYŇ TÖLEMEK”

Gara reňki saýlaýan bolsaňyz, galyň tölemegiň zyýanly, minus taraplaryny sanap geçmeli. Näme üçin tölenmegine garşydygyňy açyklamaly.
Ayjahan
09 июн 2022, 22:53
Esma,
Hmm menä pikir jemlemeli diýse öz pikirimi ýazypdyryn))
Ayjahan
09 июн 2022, 22:53
Nirvana,
Bolýa :)
Esma
09 июн 2022, 22:59
AySa,
Galyňyň gerek däldigini. Oglan tarapa zyýan ýetirýändigini. Şonsuzam gyzyň utulýan tarapynyň ýokdugyny aýdyber ýene kän-ä... :)
Ayjahan
09 июн 2022, 23:01
Käbir adamlar öýlerine robot süpürge alýar (Türkiýede). Pikirimçe "Halys ýadadym. Günde öýüň arassalygyny men geçýän. Nämede bolsa bir robot alaýyn meň etmeli işimi ol eder belkem goltgy berer, azajyk hem bolsa dynç alaryn, alanyňa degýär" diýip. Men munuň tölenmegine garşy sebäbi adamlarda ýaltalyk ýüze çykarýar. <<Işlemedik-Dişlemez>> diýip ýörite nakyl hem bar ahyry! Ýaltalyk bolsa meniň üçin erbet zat.
Ayjahan
09 июн 2022, 23:04
Esma,
:))) hawa
Ayjahan
09 июн 2022, 23:06
Esma, men ýene köpräk ýazmalymy?)) başga kelläme pikirem gelenokda hany ýene pikirlenip göreýin
Ayjahan
09 июн 2022, 23:14
Pikirim: Oglan tarap gyz taraba galyň bermeli bolsa men garşy. Sebäbi birden oglan gyzy alyp gaçsa (ikisiniňem ejesiniň habary ýok bolsa) şondada bilmän oglan tarap gyz taraba galyň berse??? Käbiriňiz "ýok bu dogry galyň bermegi sebäbi gudasynyň gyzyny alyp gaçdy" diýersiňiz. Ýöne gyzyň özi oglana alyp gaçmagyna rugsat beren bolsa???
Ayjahan
09 июн 2022, 23:14
AySa
Pikirim: Oglan tarap gyz taraba galyň bermeli bolsa men garşy. Sebäbi birden oglan gyzy alyp gaçsa (ikisiniňem ejesiniň habary ýok bolsa) şondada bilmän oglan tarap gyz taraba galyň berse??? Käbiriňiz "ýok bu dogry galyň bermegi sebäbi gudasynyň gyzyny alyp gaçdy" diýersiňiz. Ýöne gyzyň özi oglana alyp gaçmagyna rugsat beren bolsa???

Şunym birhili garyşyk boldy şondaa beýnimi zorladym pikir etmäne. Dogrydyra bir tarapdan ýazan zadym?
Ayjahan
09 июн 2022, 23:20
Nirwana ana menä ýazdym 2 sanysyny dogrymyka barlap beräý))
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:24
Aýşa gabat gelýär. Eýýäm garşydygyňy aýdanyňdan gabat geldi.
Ayjahan
09 июн 2022, 23:27
Nirvana,
Nämeee??? Men birinji gezek sizden şunuň ýaly sözler eşitýän!! Gabat gelýänine begendim. Gabat gelýär diýdiňiz welin örän ýöne örrän buýsandym!!! Haýsysy gabat gelýäkä indi
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:29
AySa,
Ýene ýazyber minus taraplaryny Esmaňky ýaly.
Ötegçi
09 июн 2022, 23:42
Mellegñi sat. 2 kom kwartira al. Galyñ geçir. Galanja aazajygada toý etjek bol. Karz al. Gelensoñam ejeñ dagy kuhnýany ýatymak üçin ulanyp başlaýa wln.... ýalañaç galýañ. Gyz gelýar dp bilersiñiz. Ýone gyz eşik-iýmit getirmeýar. Aýlygam ujypsyz. Erkek hokmunde aýlygyna da goz dikmek kyn. Işlemese ondanam kyn. Bokurdakdanam bir zatlar ogurmeli diyseñ, algydarlaram bir zat edip başyñdan sowmaly. Ýada ýene bir gyzylyny satmaly gelniñiñ. Oda ýuwaş bolsa. Ýuwaş bolmasa Poşolak aytmyslaýyn mereziñ okuny satarsyñ. Onsañ dawa. Stres. Irginlik....

Buda minus taraly. Bar bolsa hälem aydyşym ýaly galyña narza bolmaz iki tarapam
Ayjahan
09 июн 2022, 23:44
Diýeli iki sany aýal guda boljak boldy. Indi bolsa oglan tarap gyz taraba galyň tölemeli bolsa men garşy. Sebäbi oglan esli wagtyny gidirip gyzyň yzynda ylganam bir harsydünýä bolup çyksa nätjek??? Ýa-da eýýäm guda boldy diýeli ýa-da boljak bolýa. Indi gezek ýene oglan tarap gyz taraba galyň tölemeli bolsa men ýene garşy çünki oglanyň durmuşy meseleleri, durmuşy ýagdaýlary bolmagy mümkin. Ýene-de aýdaly guda boljak bolýalar. Indi oglan galyň tölemeli gyz taraba onsoň oglan tarabam kiçiräk düwünçege ejesi bilen galyňy salyp goýdy. Birden olaryň öýlerine ogry girägede ogurlaýsa?? munda nätjek?? men bulaň hemmesinede garşy
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:49
Ötegçi
Mellegñi sat. 2 kom kwartira al. Galyñ geçir. Galanja aazajygada toý etjek bol. Karz al. Gelensoñam ejeñ dagy kuhnýany ýatymak üçin ulanyp başlaýa wln.... ýalañaç galýañ. Gyz gelýar dp bilersiñiz. Ýone gyz eşik-iýmit getirmeýar. Aýlygam ujypsyz. Erkek hokmunde aýlygyna da goz dikmek kyn. Işlemese ondanam kyn. Bokurdakdanam bir zatlar ogurmeli diyseñ, algydarlaram bir zat edip başyñdan sowmaly. Ýada ýene bir gyzylyny satmaly gelniñiñ. Oda ýuwaş bolsa. Ýuwaş bolmasa Poşolak aytmyslaýyn mereziñ okuny satarsyñ. Onsañ dawa. Stres. Irginlik....

Buda minus taraly. Bar bolsa hälem aydyşym ýaly galyña narza bolmaz iki tarapam


Gaharlanan wagtyň gaharlydan gülkünçje sözler ulanýaň.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:50
AySa,

Bolaýjak ýagdaýlar. Gowy mysallar ulanýaň. Berekella!
Ayjahan
09 июн 2022, 23:55
Nirvana,
Sagbol! Dogrymy aýdaýyn şu mowzuklary açanyňdan bäri beýnimi zorlap pikirlendim. Hoşuma gitdi)) pikirlenmek gowy duýgy eken)) ozalam pikirlenýädim ýöne maňa gowy geldi şu mowzugy açanyňdan soň
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:56
AySa,
Begendim hoşuňa gidenine :)
Ýene açarys onda.
Ayjahan
10 июн 2022, 00:00
Nirvana,
Bolýa :)
Telwas
Автор 10 июн 2022, 00:35
Elif,
Berekella! Minnetdar pikiriňi beýan edeniňe.
Pegas
10 июн 2022, 00:52
Elif
Halaşsyn halaşmasyn galyň talap edýän gyzlaryň ýazýan gyzyllaryn'a hayran galýan.,, Mata marlyk az bolsa'da gyzyl bir bolawersin,, diyyan ene ata'da hayran galýan. Onsoň gezip ýör gyzlary, ayagynda kyrk manatlyk şypbyk, egninde geliship duran eşiklerem ýok. Sebäbi ne tikin öwrendiler ne çatyn. Bir ýere arzan bahadan tikdirip göýberýärler. Ne öymesi bar düzüwli, ne gynajy. Köwüşlerem elem tas ýöne boynunda sallanyp duran gyzyllaryndan başga zatlary ýok. Menden näme ýazmaly diyip sorasalar esasy gyzylyň ýerine barjak otagym bezelse,,, Istikbalyn,, mebeli we turkmen haly ýazylan, otagymda kitap okamak üçin çyralar bolsa, besdir)) ownuk gyzyllara beriljek pula toýlaryny sowsa... Mata marlygyndan artdyryp bilse neznije gyzyllaram gyzyn özi almaly. Geyjek matalarynam özi ýygnamaly. Puly nireden alsyn diyyänizmi. Tikin tiksin, dowlet ishinde ishlesin, özi ýygnasyn. Dunýäň zadyny birine salyp haçan getirerler diyip oturmaly däl. O zatlaryň ýerine bagtyňy dogry sýlaýaňmy, shol barada oylanmaly. Näme üçin gyz tarapa gyzyny toylap tomaşalap çykarmak üçin pul bermeli. A olara öz perzendini abyray bilen ugradyp göybermek borçlary dälmi. Oglan tarap seniň ýalňyz seniň öz oyuňden çykyp gidip barjak öýüň. Öz maňlaýyňy özüň gyrçamaly däl. Özüme mynasyp däller her zat getiräysinler, gözüme görünmez. Mynasyplary aýamaly, ýüregine agram salmaly däl?

??
Ötegçi
10 июн 2022, 01:08
Elif Özüme mynasyp däller her zat getiräysinler, gözüme görünmez. Mynasyplary aýamaly, ýüregine agram salmaly dälߘϼ/span> oñarypsyñ mun-a. ?????
Ötegçi
10 июн 2022, 01:10
Gaharlanan wagtyň gaharlydan gülkünçje sözler ulanýaň.

Jogap    

Nirvana, mysal uçin nirisi:) bilesim gelip gitdi
Harmony
10 июн 2022, 01:25
Galyň pula popugaý ýaly bezenip, prokadyna bukja alyp, "ine, serediň, men bet toý edýän, bukjalam bet..." diýip, inetde paýlaşyp ýa gelene görkezip, 2 gün geçensoňam, pul ýok, çörek ýok, gelen aýlygy bergä berip, gysylyp, karz-kowal edip hälkiň üstüne... soň yz ýanam çaga gelse, neresse özi isläp, dünýä gelen ýaly. Eje-kakaň entek özi hälki ýaşlyk bergisinde doňup galdy. Çagaň geljegi barada gürrüňem ýok...

(Bukja barada aýtsam weli, oň manysy aslynda öz eden işleriňi görkezmek hemem seň şol galyňa mynasyp gyzdygyňy. Diňe oglan işlemeli däl, gyz öz üstüne-astyna geýjegini özi oňarmaly. Soň güjeňlemeli şo zatlary. O zatlary edensoň güjeňlemezdi ýöne.)