Size 21 sorag

Siziň durmuşyňyz hakda 21 sorag

Aşakda berilýän soraglara dogry jogap beriň, şonda siz özüňiziň kimdigiňizi tanarsyňyz.

"Adamy berýän jogaby boýunça däl,

berýän soragy boýunça tana"

-Wolter – filosof

Aşakdyky soraglary hemişe özüňize berip ýöremegi endik ediniň, durmuşyňyzyň üýtgeýändigine syn ediň.

Amatlylyk üçin bu soraglary telefonuň ýa-da kompýuteriň ýadynda saklap goýuň.

1-nji sfera: Durmuş garmoniýasy

Aşakdaky beriljek soraglara diňe bir jogap beriň. Ol jogaplar: “hawa” ýa-da “ýok”

Men bagtlymy?
Men edilen kömek üçin minnetdarlyk bildirýänmi?
Maňa öz işimi halaýanmy?
Men özümi gowy duýýanmy?
Özümi terbiýelemek üçin wagt sarp edýänmi?
Bagt – minnetdarlyksyz, öz işiňi söýmezlik, özüňi gowy duýmazlyk, özüňi terbiýelemezlik bilen bolup bilmeýär. Eger siz şu soraglaryň haýsy bolsada birine “ýok” jogap beren bolsaňyz, onda beýleki soraglaryň üstünde hem işläň.

2-nji sfera: Iş, zähmet

Adam 24 sagadyň 16 sagadyny fiziki aktiwlilik bilen geçirýär. Şol 16 sagadyň 70%-ini zähmete, öz işine bagyşlaýar.

6. Men täze zat öwrenýänmi?

7. Meniň çekýän zähmetim üstünlige ýetýärmi?

8. Men işim, men üçin nähili orunda durýar? Oňa bolan hormatym nähili?

9. Men öz ygtyýarlygymy nädip giňeldip bilýän?

10. Öz edýän işimiň, ondan hem gowusyny edip bilýänmi?

3-nji sfera: Biznes

Eger siz uly ýa-da kiçili biznesiň eýesi bolsaňyz onda şu soraglara jogap berip görüň.

11. Menin biznesimiň esasy problemasy nämede?

12. Esasy problemany nädip çözmeli?

13. Öndürýän önümlerimiň hilini ýokarlandyryp, öňki bahasynda satarynmy?

14. Potensialy ýokary hyzmatdaşlygy nädip gazanmaly?



15. Çykdajymy azaldyp, köp girdeji gazanyp bilerinmi?

4-nji sfera: Durmuşymyň hasyllylygy

16. Häzirki wagtda men üçin näme birinji orunda durýar?

17. Öz arzuwyma gysga wagtda ýetmek üçin näme etmeli?

18. Haýsy hereketlerimi häzir ýatyrmaly? Nämeleriň üstünde işmegimi bes etmeli?

19. Haýsy işlere men gizlin aralaşýan?

20. Şu güne çenli men özüme haýsy soragy bermedim?

Ýokarda berlen soraglara dogry jogap bermegiňizi başaryň. Çünki bu soraglary siz öz-özüňize berýäňiz, ýagny özüňizi aldamaň.
3 лайков 210 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
10 июн 2022, 08:09
1-nji sfera: Durmuş garmoniýasy:
1. Häzirlikçe hawa
2. Hawa
3. Mende iş ýok
4. Hawa
5. Ýok

2-nji sfera: Iş, zähmet:
6. Ýok
7. Ýok
8. Mende iş ýok
9. Bilemok
10. Mümkin hawa

Aşakdaky soraglaň imenno maňa degişli däl sebäbi meň işim ýok, 09 gyz ahyry!
Öwreniji
10 июн 2022, 08:23
Menä ýaltanýan jogap bermäge
- Dani
10 июн 2022, 10:28
şu bogyň rusçasyny okapdym
Ötegçi
10 июн 2022, 11:00
Peýdaly. ??
Nazar
10 июн 2022, 12:58
1. Howa
2. Howa
3. Howa
4. Howa
5. Howa
6. Howa
7. Howa
8. 1-nji orunda. Uly hormatym bar.
9. Owrenmek bilen
10. Howa
11. Maya ýok
12. Shonyñ uchin çozup bilemok
13. Kliyent çekyançam
14. Ýok
15. Kellami ishletsem
16. Enem Atam
17. Hiç zat
18. Zyýanly endigimi
19. Durmuşyñ kanunlaryna boýun bolan işlerine
20. Hiç kimem ejesiniñ içinde öwrenenok. Sen öwrenip bilmezmiň ?
Ahally
Автор 10 июн 2022, 14:37
AySa,
Minnetdar, bize goşulanyň üçin! Işiň ileri.
Ahally
Автор 10 июн 2022, 14:37
Hemedany,
Minnetdar, bize goşulanyň üçin! Işiň ileri.
Ahally
Автор 10 июн 2022, 14:37
FanB,
Minnetdar, bize goşulanyň üçin! Işiň ileri.