“Sag wagtym gelmeýärdiň. Öldüm, ýasyma geldiňmi?”

Uzak wagtdan soň, adam durmuşynda özüne düşünip biljek birini isleýär. Üns berseňiz, özüni söýäýjek biri däl-de, düşünäýjek biri diýýändirin.
Maňa görä düşünmek, söýmekden has köp zat. Düşünmeýän adamyňy söýüp bilmersiň. Şol sanda saňa düşünmeýän adamam söýüp bilmersiň. Aňynda düşünmek duýgusy bolmaýan adamdan söýgä garaşyp bolmaz. Mysal üçin, men ömrümde kakam bilen hiç dertleşmedim. Bu boşlugyň beren söýgüsizligi meni nädogry karar bermäge mejbur etdi. Nädogry adamlar bilen tanyşdyrdy. Iň köp gaçybatalga porty gözletdi. Men düşünmekden has köp söýgi hakda alada edýärdim, ýöne häzir beýle däl. Birnäçe wagtdan soň logikaňyz duýgularyňyza girýärmi ýa-da durmuş hakykatlary öňe çykýarmy bilemok. Emma, ynsan birnäçe wagt ýalňyz-ýeke galandan soňra özüne düşünjek we düşüniljek birini isleýär durmuşynda. Ýanynda bolanyny duýjagy, ýanyndadygyny duýdurjagy, bile gülüp, bile aglap biljegi bir ynsany isleýär.
Her gezek okanymda maňa uludan dem aldyrýan bir söz bar: "Adam düşünen we düşünýän adamda gülleýär".
Düşünmek we düşünilmek isleýän wagtym kimdir biri bilen tanyşdym. Bu adam alty-ýedi aý mundan ozal gatnaşyklaryny bes edipdi, iň gowy duýgularyny başga birine sarp edipdi we indi birneme boş durmuşda ýaşaýardy. Düşünmekden, düşünilmekden, söýmekden we söýülmekden uzakda duran we durmuşyny diňe akymyna görä ýaşaýan adamdy. Bir şäherde bolsak-da, biri-birimizi görüp bilemzokdyk. Sebäbi, ol wagtynyň ýoklugyny aýdýardy. Ulaldyp aýtmaýaryn, duşuşyklarymyzyň sany bir eliň barmaklarynyň sanyndanam geçmedi. Biraz wagt näbellilik etdik.
Öňkiler ýaly özümi söýdürjek bolmadym. Çünki, indi men özümi kimdir birine söýdürmek üçin göreşýän kitabymy ýapypdym. Aslynda-da özümi zor bilen söýdürmäge synanyşmadym. Ýöne ilki başlarda isleýän ýaly hereket edip, soňra yza ädim ätmegine düşünip bilemokdym. Soňabaka menem oňa tarap ädim ätmedim. Durmuşda çydap bilmeýän we meni ýadatýan zat näbellilikdi. Bu näbellilikde galmak islemeýändigim üçin ýüzbe-ýüz gürleşeli diýdim. Hamala günler maňa 24 sagat, oňa 15 sagat ýaly, maňa ýene boş däldigini we wagtynyň ýokdugyny aýtdy. Edil şol pursat Bob Marley maňa seslendi: “ Seniň üçin göreşmeýän adam diňe seniň gitmegiňe garaşýar”
Menem gitdim. Ne men Leýladym, ne-de ol Mejnun. Şeýlelik bilen bu hekaýa başalamanka gutardy. Bir gün bir dostum bilen giden kafemde maňa wagtynyň ýokdugyny, boş däldigini aýdýan ynsany gördüm. Hemem ýanynda biri bardy.
Dostumam aňyp: “Isleseň başga ýere geçeli” diýdi . Men: “Ýok problema ýok, şu ýerde oturaly” diýdim. Ol meni görmedi, ýöne men ony gowy görüp bilýärdim.
Garşysyndaka adama ýakyn oturýardy we bagtly görünýärdi. Soňra men dostuma garap: “Wagtym ýok diýip zat ýok, göwnüm ýok diýip bar. Göwnüm bolsa-da gaýratym ýok diýen zat bar” diýdim.
Wagt tapmazlyk bahanasy bilen gizlenýänleriň durmuşynda daşarky gapynyň gulpyny oýnamaň. Söýmek, gadyr bermek boş wagt doldurmak däl-de, wagt döretmekdir. Käbir adamlar muňa düşünip bilmediler. Kim islese, şeýle bir wagt döredýär welin, bu durmuşda seniň üçin kaktus bolan beýlekiler üçin dynç alyş seýilgähi bolýar. Özümize teselli bermegiň zerurlygy ýok. Her kimiň wagty bar. Diňe onuň gyzyklanýan zady biz däl. Bizem özümize islenmeýän ýerimizde galmajak derejede buýsanýarys.
Aýrylanymyzdan bir aý soňra Covid-19 bilen keselledim. Muny eşdip maňa şeýle sms ýazypdyr: “Keselläpsiň, şu wagt eşitdim. Enşalla gowudyr ýagdaýyň. Gerek zadyň bar bolsa, haçan isleseň aýlap bilersiň. Sen güýçli adam, muny hem ýeňersiň”
Bu hata jogap hökmünde näme ýazyp bolardy siziň pikiriňizçe?
Elbetde, hiç zat. Jogabam bermedim.
Kine saklaýaňmy diýseňiz, ýok saklamok. Meň janym sag wagty gelmeýän adam, men hassa wagtym gelermi? Gadrymyzyň bilinmegi üçin hökman ölmelimikäk ýa-da kesellemelimikäk?!
Haýran galaýmaly…
Soňra bilinen gadyr, soňra gelen akyl, ulumsylykdan ýaňa jogap berilmeýän jaňlar, mazaryma ýazdyrmagy pikir edýän, Livaneliň şu sözlerini ýatladýar. “Sag wagtym gelmeýärdiň. Öldüm, ýasyma geldiňmi?”

#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
13 лайков 524 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
10 июн 2022, 20:01
Maňa gerek tema))
Ötegçi
10 июн 2022, 20:12
Bir yelkenim olsaydi,
Acilsaydim ufuklara swist
Telwas
Автор 10 июн 2022, 20:19
Ötegçi
Bir yelkenim olsaydi,
Acilsaydim ufuklara swist


Bir yelkenlim olsaydı, açılsaydım denizlere
Rüzgarların önü sıra, ufukların ötesine
Bir yelkenlim olsaydı, dolaşsaydım dünyayı
Gitseydim uzak limanlara, karışsaydım dalgalara
Bir yelkenlim olsaydı, karışsaydım dalgalara
Çağırsaydı sirenler beni, o bilinmez kayalıklara
Ama yok yok yok, bu denizler yok
Hayalinde yolculuklar, mümkün değil bu kaçışlar
Şehirler bırakmaz, bırakmaz seni
İşitilmez yakarışlar...
Telwas
Автор 10 июн 2022, 20:20
Michael,
Sebäbi, sen gowy adam.
Michael
10 июн 2022, 20:20
#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
Nirvana,
"Pozguç ulanman surat çekmek sungatyna durmuş diýilýär" diýip okapdym bir wagt sosialda....
Ötegçi
10 июн 2022, 20:28
Rigel, Salam. Aralardaky ýaly fizika garylan oýlanmalañdan goýaýda
Mekan
10 июн 2022, 20:36
- Dani,
Name un
ajy
10 июн 2022, 20:52
Meñem ýagdaýym şol şuwagtlar. imo wagt tapýan adam, meñ smslerime wagt tapanok.

#Salam gowmyñ
Telwas
Автор 10 июн 2022, 20:54
garaburc,
Salam. Alhamdulillah gowy, özüň gowumy?

Näme etmelidigini bilýäň dälmi?
ajy
10 июн 2022, 20:58
Nirvana,
Haçandan bäri şu ýagdaý. şol edilmeli zady edesim gelenok?
Harmony
10 июн 2022, 21:08
Gyz çaga kakasyna meňzeşi gözlärmiş ýa tersine, oglanam ejesine ýa tersine... (Ilkinji gözüniň gören nusgalyklary sebäbi) Ýa-da bularyňam tersi...
Türkmençilikde-de köp aýdylýan sözler bar "Çaga görenini (duýanyny) eder, gaýtalar"... Kiçilikde başdan geçirilen duýgular, islendik zatlar, adamlar... ulalanda hem şoňa meňzeşräk, şo boýunça özi bilmezden hereket edýä adam. Sebäp oňa tanyş gelýä şo zatlar, öwrenşen zatlary bolansoň, şony saýlaýa adam özi bilmezden. Gowy zat bolsun, erbet zat bolsun. Eger gowy zat bolsa ne ýagşy. Erbet zat bolsa, oňa sataşan gowy zatlar hem oňa birhiliräk görünýä, sebäbi nätanyş zat. "Aňastynyň oýunlary" diýýän men-ä muňa. Giň tema.
Gyzykly mowzuklary gozgaýaň. Gowy tarapy duýgy sözler bilen adamlara düşnükli bolaýjak dilde beýan edýäň. Men düşündirip bilmezdim meselem. Diňe ylmy dilde ýazardym, makow ýaly. Durmuşdan mysal getirip bilseň, gowy düşünýä adamlar.
ajy
10 июн 2022, 21:13
Rigel,
liçkaña ýazdym. oba gyzykly geçýã ýöne. hiçzady bilmän hezil edip resko uka batýañ agşam
ajy
10 июн 2022, 21:23
Rigel,
Obada bolsañ iiiñ gowy ýeri wara süýdi sagylan vagty içip bolÿa. birem el sary ýag arbuz erik almalary bagdan alyp iyyañ. towuk jüýjeler...
ajy
10 июн 2022, 21:31
Rigel,
men-ä süýtden doýmaryn wara.çig süýdi gowy görýän bişirilendenem beter
ajy
10 июн 2022, 21:31
Talyplañ arasynda şo bir gaýtalanýan degişmeler diýýä, onsoñ hersi öz degişmesine nomer goýypdyrlar,9-diýende gülip başlaýalar diýýä,16-diýende hasam beter gülýäler diýýä,19-diýýä welin ýykylşyp ýatyrlar diýýä,aralarynda äm-säm biri ba diýýä,nomer ýokoryk galsa gülýändirler öýdip 36-diýdi welin, gapdalyndaky gyz doñdurup göýberdi diýýä,olor ýaly hapa pirkol aýtmaly däl diýip. ))
Harmony
10 июн 2022, 21:37
garaburc
Talyplañ arasynda şo bir gaýtalanýan degişmeler diýýä, onsoñ hersi öz degişmesine nomer goýypdyrlar,9-diýende gülip başlaýalar diýýä,16-diýende hasam beter gülýäler diýýä,19-diýýä welin ýykylşyp ýatyrlar diýýä,aralarynda äm-säm biri ba diýýä,nomer ýokoryk galsa gülýändirler öýdip 36-diýdi welin, gapdalyndaky gyz doñdurup göýberdi diýýä,olor ýaly hapa pirkol aýtmaly däl diýip. ))

Öň-ä dälilerdi ol. Eýýäm talyplara geçäýdimi))
5nji barmagyny galdyrsa bir däli, beýlekisem "çüş, köpçülikde onnaly zat aýtmaly däl" diýen bolýa diýýä.
ajy
10 июн 2022, 21:39
Granger,
menem birýerde okadymlagyz )
Ötegçi
10 июн 2022, 21:40
Rigel, howwa sessiz gowy görüp okaýan.
Goýsan-a jigim. Duýgusyzlygyñ namesi lezzetli. Agşam ikiden dañdana çenli gezdim-oturdym. Duýgusyz-duýgusyz... duýgularym gutaryp gidipdir.
Harmony
10 июн 2022, 21:40
Kstati, düýnki myslenni eksprimentiňem "Philosophers" kinony ýatlatdy.
Telwas
Автор 10 июн 2022, 22:38
Granger
Kstati, düýnki myslenni eksprimentiňem "Philosophers" kinony ýatlatdy.


Şol kinoň başyny görüp başlapdym öň. Soňunam görjek. Ýatladanyň gowy boldy. Düýnki dürli nukdaýnazardan pikirlenişimiz ýaly pikirlenmek şol kinoda bardy.
Seň ugruň näme?
Harmony
10 июн 2022, 22:52
Nirvana
Granger
Kstati, düýnki myslenni eksprimentiňem "Philosophers" kinony ýatlatdy.


Şol kinoň başyny görüp başlapdym öň. Soňunam görjek. Ýatladanyň gowy boldy. Düýnki dürli nukdaýnazardan pikirlenişimiz ýaly pikirlenmek şol kinoda bardy.
Seň ugruň näme?

I plýus haýsy käriň zerurlygy ýa-da zerur dälligi. Köp jedel çykýa şu meselede hem. Эксперимент 2: Волна ýa-da 3-ий Рейх şu kino-da siziň ugruňyz bilen baglanyşyklyrakdy.

Ugrumyz birräk bolaýmasa ikimiziň, ýalňyşmasam. Şol jemgyýetçilik ylymlarynyň biri biziňkem. :)
(Ýaşyňyz menden eslije kiçi eken ýöne)
Harmony
10 июн 2022, 22:53
Görüp bolaňsoňyz aýdyň. Isleseňiz pikir alşalyň.
Telwas
Автор 10 июн 2022, 23:02
Granger,
Menem şol ýaşyňyz bilen gyzyklanjakdym. Sebäbi, öň bir blogda men kiçijek gyz diýipsiňiz. Bu wagtam maňa eslije kiçi diýdiňiz. Ýaşyňyz näçe diýsem aýdarmykaňyz? :)
Onda sizdenem öwrenip bolaýjak zatlar kändir. Ýitmäň, ulgamda galyň.
Ol temadan pikir alyşaýarys. Isleseňiz, siz üçin blog açaýyn, şol ýerde pikirleriňizi beýan ediň. Özümä şu gün pikire ýaramok. Tomusyň birinji aýam grip bolar eken. Ertirem baýramçylygymyz… şu men bir zada höwes etsem kesel meni tapýar-da. :(
Harmony
10 июн 2022, 23:17
Nirvana
Granger,
Menem şol ýaşyňyz bilen gyzyklanjakdym. Sebäbi, öň bir blogda men kiçijek gyz diýipsiňiz. Bu wagtam maňa eslije kiçi diýdiňiz. Ýaşyňyz näçe diýsem aýdarmykaňyz? :)
Onda sizdenem öwrenip bolaýjak zatlar kändir. Ýitmäň, ulgamda galyň.
Ol temadan pikir alyşaýarys. Isleseňiz, siz üçin blog açaýyn, şol ýerde pikirleriňizi beýan ediň. Özümä şu gün pikire ýaramok. Tomusyň birinji aýam grip bolar eken. Ertirem baýramçylygymyz… şu men bir zada höwes etsem kesel meni tapýar-da. :(

Şahsyňyza ýazyp bilsem, ýazaryn. Ony diýmegim göçme manydady. Garşymdaky meni peseldip, beýgeljek bolýan bolsa (başga çykalgasy ýokdur), degme beýgelsin - diýäýýän käte we kiçeläýýän :)
Beýdenim bilen syçana öwrülemok)
Gaýta bir bendäň göwni bitýä.

Aýtmaňsana, mende-de düýnem, şu günem saglyk ýabygorly. Onda-da kelle şakyr-şukur bolsa-da gatnaşaýynla diýip, gyzyklyjada... kemem däl soň bolsa maňada. Blog açaýyň, hawa. Myhman bolýan köplenç. Seslenseňiz ýetik(,) gelerin :)
Telwas
Автор 10 июн 2022, 23:23
Granger,
Şahsa synanşyp göräý.
Emgek bolup geçsin. Howadan bolaýmasa. Men 15-ne boşaşýan. Öňümde agramlyja sapakdan egzamenim bar. Şony ýapsam bir pikir bar bolsa pikirlenjek siz bilen. Häzir-ä äm-säm bolup gezip ýörün.
Harmony
10 июн 2022, 23:34
Nirvana
Granger,
Şahsa synanşyp göräý.
Emgek bolup geçsin. Howadan bolaýmasa. Men 15-ne boşaşýan. Öňümde agramlyja sapakdan egzamenim bar. Şony ýapsam bir pikir bar bolsa pikirlenjek siz bilen. Häzir-ä äm-säm bolup gezip ýörün.

Synanyşdym özä 2 gezek. Sagboluň, sizem sagaman gutulyň. Egzamende üstünlik. Nesip bolsa, garaşýan.
Hiayress
10 июн 2022, 23:36
"Ne men Leýladym, ne-de ol Mejnun"

Koraý Awçi ýadyma düşdi. Ertir 2-3 aýdymyny diňlemesem bolmaz.))
Hiayress
10 июн 2022, 23:43
"Ýanynda bolanyny duýjagy, ýanyndadygyny duýdurjagy, bile gülüp, bile aglap biljegi bir ynsany isleýär."

Gowuja oýlanma eken, ýöne şu aglanda aglamasy, gülende gülmesi, düşünmek we düşünilmege dahyly ýokmuka diýýärin. Bolup bilse aýna dahyly bardyr. Düşünmek we düşünilmek bu aglanda goýdurmak üçin göwünlik bermek we güllende gülkisine guwanmak bolmaly. Garşysyna bir enaýy ýylgyrmak bolmaly.
Ötegçi
10 июн 2022, 23:54
Hiayress, agzap ýatlatdyñ. Sesi gulagma gelip gitdi...

Beni bul karakollarda, adim yazar zabitlarda yanimda sen olmayinca