GIJEKI OÝLAR…
Aý salypdyr gara bulda tagmasyn.
Bu gijäňem içi gysar,
bilýärin.
Ümsümligim garna aldy gaňňasyn,
Ruhum bolsa eýerledi dünýämi.
Penjireden tümlük girýär otagma,
(Men tümlikden öler ýaly gorkýaryn.)
Belki, şu gün, gijäň soňy gutarmaz,
Ynamam ýok wada berip uklara.
Gazetler,
kitaplar,
şekersiz kofe...
Hem-de ynsanlykdan bir ädim daşlyk.
...Sabryma seretmän öwrülýär oda,
Özgäň ynamyna aldanan yşkym.
Kanagatym dört diwara düýnedi,
Göýä gije oýanan deý çepinden.
...Telewizor... Zadornowyň «kinesi»
Gülki tapýar bir «nadanyň» gepinden.
(Ekeranda – tomaşasy milletiň,
Säwlik görmek gowşaklygyň sepinden.)
Ýüzüňde däl, ýüregiňde bolmasa,
Sowuk gülki ýylatmaýar demiňi.
...Eňki giden ýaltalygmy örüzip,
Kofe içýän,
gan basyşym galmasa,
Ruhum häzir terk ederde tenimi,
Kimligimi aýan eder özüme.
Ýene gijäň içi gysýar...
Nämüçin,
Bolsadylam çyrmaşyk deý çyrmaşyp,
Arzuwlarmyň agramyna öwrüle,
Ýitirmegi endik etdi durmuşym.
Men özümiň ejizligmi ýigrenýän,
(Ruhum kimligine düşünýän çemli.)
Ýogsa, kän dyrjaşdym sygynman dünýä,
Takdyra ten beren sabryma çenli,
ynanardan ýönekeýdi düşünjäm,
Pikrimi çigrege büräpdir sowuk.
Adam ynanmasa ýalandyr öýdýär,
Men özümi tapdym ynanjak bolup!
...Ýary gije, tümlük girýär otagma
Kofeň soňy...
Jan elenýär içimde...
...Men – bir güni doly ýaşap gutarman,
Ony ýene öz deňimden geçirdim.
2018 ý.
Allanur ÇARYÝEW.
Bu gijäňem içi gysar,
bilýärin.
Ümsümligim garna aldy gaňňasyn,
Ruhum bolsa eýerledi dünýämi.
Penjireden tümlük girýär otagma,
(Men tümlikden öler ýaly gorkýaryn.)
Belki, şu gün, gijäň soňy gutarmaz,
Ynamam ýok wada berip uklara.
Gazetler,
kitaplar,
şekersiz kofe...
Hem-de ynsanlykdan bir ädim daşlyk.
...Sabryma seretmän öwrülýär oda,
Özgäň ynamyna aldanan yşkym.
Kanagatym dört diwara düýnedi,
Göýä gije oýanan deý çepinden.
...Telewizor... Zadornowyň «kinesi»
Gülki tapýar bir «nadanyň» gepinden.
(Ekeranda – tomaşasy milletiň,
Säwlik görmek gowşaklygyň sepinden.)
Ýüzüňde däl, ýüregiňde bolmasa,
Sowuk gülki ýylatmaýar demiňi.
...Eňki giden ýaltalygmy örüzip,
Kofe içýän,
gan basyşym galmasa,
Ruhum häzir terk ederde tenimi,
Kimligimi aýan eder özüme.
Ýene gijäň içi gysýar...
Nämüçin,
Bolsadylam çyrmaşyk deý çyrmaşyp,
Arzuwlarmyň agramyna öwrüle,
Ýitirmegi endik etdi durmuşym.
Men özümiň ejizligmi ýigrenýän,
(Ruhum kimligine düşünýän çemli.)
Ýogsa, kän dyrjaşdym sygynman dünýä,
Takdyra ten beren sabryma çenli,
ynanardan ýönekeýdi düşünjäm,
Pikrimi çigrege büräpdir sowuk.
Adam ynanmasa ýalandyr öýdýär,
Men özümi tapdym ynanjak bolup!
...Ýary gije, tümlük girýär otagma
Kofeň soňy...
Jan elenýär içimde...
...Men – bir güni doly ýaşap gutarman,
Ony ýene öz deňimden geçirdim.
2018 ý.
Allanur ÇARYÝEW.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.